18 Kasım 2016 Cuma

Dekabr Aýynda Türkmenhowaýllary Aşgabat-Tähran, Aşgabat-Kazan we Aşgabat-Milan Aralygyna Uçar Gatnawyny Açmagy Göz Öňünde Tutýar

Garaşsyz Türkmanistanyň Raýat awiasiýasy infrastrukturasyny we halkara gatnawlarynyň çägini giňeldýär. „Türkmenistan“ awiakärhanasynda bar bolan ýokary derejeli uçarlar we kärine ussat tehniki işgärleriň zähmeti ýolagçydyr ýok gatnatmagyň möçberini hem-de hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Bu ýokary derejede ýakyn ýyllarda-da dowam eder. Munuň özi diňe bir uçarlaryň täze görnüşleriniň ulanylmagy bilen däl-de, eýsem „ýerde“ bolan özgertmeler bilen-de baglanşyklydyr, olar uçar syýahatçylaryna hyzmaty has gowulandyrmaga we ýük daşalşynyň möçberini artdyrmaga ýardam eder.Ýolagçylara hyzmatlaryň ähli görnüşini teklip edýän döwrebap aeroportlaryň we uçarlaryň ähli görnüşlerine niýetlenen uçuş-gonuş zolaklarynyň gurulmagy—Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň howa ulaglarynyň kuwwatly infrastrukturasyny döretmek, ony iň döwrebap enjamlardyr tehnikalar bilen üpjün etmek boýunça umumy strategiýasynyň bir bölegidir.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda sagatda1600, ýylda 14 million ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen Merkezi Aziada iň uly aerodrom toplumy guruldy we şu ýyl ulanylmaga berildi. Türknbaşy şäherinde döwrebap Halkara aeroporty we Mary şäherinde uçuş-gonuş zolagy hereket edýär. Türkmenabat şäherinde gurulýan täze aeroport toplumy indiki ýylyň awgustynda işe giriziler. Daşoguz şäheriniň aerodromunda „Boing-777-200LR“ uçarlaryny kabul etmäge niýetlenen uçuş-gonuş zolagy we beýleki infrastruktura binalary ulanylmaga berildi.
Ýurdumyzyň aeroprtlary döwrebap ýerüsti tehnikalary bilen üpjün edilýär. Bularyň hemmesi ýolagçylara hyzmat etmegiň derejesini ep-esli ýokarlandyrmaga we ony halkara derejesina çykarmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda
«Türkmenhowaýllary» Döwlet milli gullugynyň halkara gatnawlarynda amatly „Boing-737-700“, „Боинг-737-800“, „Боинг-757“ uçarlary ulanylýar.Telekeçilik gatnawlarynda „Çellenjer“ (СL-605) uçary gatnaýar. Türkmen howa ýollarynda „Boing-777-200LR“ ulanylýar, ýurdumyzyň awiatorlary yklymara ähmiýetli halkara ýolagçy gatnatmagyň geljegkki ösüşinde oňa bil baglaýarlar. Ýolagçylarymyz eýýäm Türkiýä, Germaniýa, Angliýa, Russiýa, Tailanda we Hytaýa köp orunly uçarlarda gatnaýarlar.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen satyn alnan uçarlar ulanylýar, amatly täze NG tapgyrdaky howa gämileri ulanylyş möhleti öten uçarlara derek ulanylýar. Bu görnüşli howa gämileriniň sany barha artýar, 2020-nji ýyla çenli milli awiasiýa parky tutuşlugyna täze uçarlar bilen üpjün ediler.
Iň täze awiasiýa tehnikasynyň ulanylmagy netijesinde Türkmenistanyň awiatorlarynda yzygiderli halkara gatnawlarynyň gerimini giňeltmäge we ozalkylarynyň sanyny artdyrmaga mümkinçilik döredi. Häzirki wagtda «Türkmenhowaýllary» belgili uçarlary Moskwanyň we Londonuň, Frankfurtuň we Birmingemiň, Bangkokuň we Deliniň, Abu-Dabiniň we Amritsaryň, Pekiniň we Stambulyň aeroportlarynda gabat gelýär. Türkmen awiatorlary Aziýadan Ýewropa hakyky „howa ýoluny“ açdylar we bu ugurlarda gatnaw sanyny netijeli artdyrýarlar. „Türkmenhowaýollary“ Döwlet milli gullugynyň wekilhanasy GDA-nyň ýene iki şäherinde- Belarusyň paýtagty Minskide we Gazagystanyň Almaty şäherinde açyldy.
«Türkmenhowaýllary» belgili NG tapgyrdaky uçarlar Watanymyzyň paýtagtyndan Pariže (Fransiýa), Ankara (Türkiýe) ýol açdylar. Aşgabadyň we Türkmenbaşy şäheriniň aeroportlaryndan Stambula (Türkiýe) gatnawlaryň sany artdy. Şu ýylyň dekabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty bilen-de yzygiderli howa gatnawyny açmak göz öňünde tutulýar. 15-nji dekabrdan başlap, (T5-877) Aşgabat-Tähran ugry boýunça „Боинг-737-800“ uçarynda hepdäniň çarşenbe we şenbe günleri gatnawlar başlanar. 15-nji dekabrdan bolsa T5-733 ugry boýunça hepdäniň çarşenbe we ýekşenbe günleri Aşgabatdan Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherine yzygiderli gatnawlar açylar. Awiatorlarymyz ilkinji gezek Ýewropanyň iň owadan şäherleriniň biri –Milana (Italiýa) uçuş ugruny ýola goýdylar.
23-nji dekabrdan başlap, „Боинг-737-800“ T5-453 Aşgabat-Milan ugry boýunça hepdäniň sişenbe we şenbe günleri paýtagtymyzdan yzygiderli gatnawlar başlanar. Geljekde ady agzalan şäherlerde „Türkmenhowaýollarynyň“ wekilhanalary we petek satylýan nokatlar açylar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda awiatorlarymyz halkara we ýerli howa gatnawlarynda onlarça million ýolagçy gatnatdylar, ýarym million tonna golaý ýük we poçta ýüklerini daşadylar. Häzirki wagtda Aziýanyň we Ýewropanyň iri şäherleriniň 11-sinde awiakompaniýanyň wekilhanalary bar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder