15 Kasım 2016 Salı

Trampyň Gelmegi Bilen Günorta Gaz Geçelgesiniň Durmuşa Geçirilişi Çaltlanar

Donald Trampyň hökümete gelmegi bilen ABŞ-nyň Ýewropa basyşy gowşar, hökümetiň ünsi, Trampyň özüniň öň belläp geçirişi ýaly, içki meselelere gönükdiriler, diýip penşenbede Ukrainanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň dünýä ykdysadyýeti we halkara gatnaşyklary merkeziniň energetika maksatnamalarynyň direktory Walentin Zemlýanskiýniň aýdanlaryny Trend habar berýär.
Önüň sözlerine görä, ABŞ-daky şular ýaly üýtgeşme «Günorta gaz geçelgesini» durmuşa geçirmäge oňyn täsir eder.
«Günorta gaz geçelgesi» diňe bir Günbatar Ýewropa ýurtlaryna gaz ibermek üçin täze mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, Merkezi we Gündogar Ýewropanyň ençeme ýurtlaryna bu gazy ahyrky sarp edijilerine ýetirmekde üstaşyr geçirijiler bolup çykyş etmäge hem uly mümkinçilikler döredýär.
«Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň tizlenjekdigine ynanýaryn» diýip ukrain bilermeni belleýär.
«Günorta gaz geçelgesi» ÝB üçin möhüm taslamalaryň biri bolup, ol Hazar sebitinden Gruziýanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa 10 milliard kub metrden gowrak azerbaýjan gazyny ibermekligi göz öňünde tutýar. Ilki başda «Şah Deňiz» azerbaýjan gazkondensatly känini özleşdirmegiň ikinji tapgyrynyň çäklerinde çykarylýan gaz «Günorta gaz geçelgesi» taslamasy üçin esasy çeşme hökmünde seredilýär. Soňky tapgyrlarda taslama beýleki çeşmeleriň hem goşulyp biljekdigini Trend belleýär.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder