Prezident Aşraf Gani Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa biziň halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin Owganystanyň iň ýokary sylaglarynyň birine—“GazyMohammadAkbarHan” Döwlet medalyny gowşurdy.
Bu sylag Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň ilkinji nobatdakysynyň ahyrky nokady—Owganystandaky Akina bekediniň açylyş dabarasynyň barşynda gowşuryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Akina bekedine türkmen-owgan serhedinden otluda geldiler, ol ýerde geçirilen dabaranyň barşynda döwlet baştutanlary polat ýoluň “altyn sepini” berkidip, täze polat ýoly işe girizdiler.
Türkmenistanyň Atamyrat şäherinden Owganystanyň Akina şäherine çenli demir ýol bölegi hem-de degişli düzümler ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edaralary tarapyndan çekildi. Uzynlygy 88 kilometre deň bolan polat ýoluň ugrunda degişlilikde 256 we 363 metr uzynlykdaky iki sany iri köpri bina edildi. Gülüstan we Ymamnazar demir ýol menzilleri, täze stansiýalar hem-de zerur bolan tehniki we durmuş maksatly beýleki desgalaryň birnäçesi guruldy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder