2016-njy ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Günorta Afrika Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Günorta Afrika Respublikasynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Nomaindiýa Mfeketo baştutanlyk etdi.
Global gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşandan soňra, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini kanagatlanma bilen bellediler we yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeleriň türkmen-günorta afrikan gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ilerledilmegine itergi berýän möhüm gurallaryň biri bolup durýandygyny nygtadylar. Şol bir wagtda netijeli syýasy gepleşikler iktaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy bolup hyzmat edýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda-ykdysady we medeni-gumanitar çygyrlaryndaky gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine seretdiler. Taraplaryň abraýly halkara guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlygy ösdürmekde gyzyklanmalary bellenildi. Söwda-ykdysady özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine meýillerini beýan edip, taraplar şertnama-hukuk esasynyň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol sanda, wekiliýetleriň agzalary söwda, nebit we gaz, dokma senagaty ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmegiň mesellerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder