Hormatly jenap Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary!
Hormatly döwlet, hökümet Baştutanlary we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary!
Hanymlar we jenaplar!
Ilki bilen, gadyrly myhmanlarymyza «Hoş geldiňiz!» diýip ýüzlenýärin! Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň işine gatnaşmak baradaky çakylygymyzy kabul edendikleri üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Pan Gi Muna, bu Guramanyň Sekretariatynyň işgärlerine şu Maslahata taýýarlyk görmegiň ähli tapgyrlarynda alyp baran uly we netijeli işleri üçin, aýratyn minnetdarlygymy bildirýärin!
Şu gün bu Maslahata döwlet we Hökümet Baştutanlary, iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, bütin dünýäden görnükli diplomatlar, syýasy we jemgyýetçilik işgärleri gatnaşýarlar.
Bu Maslahata şeýle köp sanly we ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagyna biz doly esas bilen Türkmenistana goýlan hormatyň nyşany hökmünde garaýarys. Parahatçylygyň, ösüşiň we öňe gitmegiň hatyrasyna durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen garaýyşlarymyzyň we maksatlarymyzyň umumydygynyň görkezijisi hökmünde baha berýäris.
Biz siziň ähliňizi Aşgabatda görýändigimize örän şat. Ýurdumyzyň halkynyň adyndan size Türkmenistanda «Hoş gördük!» diýip ýüzlenýärin!
Şu Maslahatyň geçirilmegi, oňa ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagy bu ugurda aýratyn ähmiýetli we möhüm ýörelgeleriň bardygyny aýdyň görkezýär. Bu ýörelgeler şulardyr:
Birinjiden, dünýäde ulag ulgamynda ählumumy wezipeleri çözmek üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna barha giňden düşünilýär;
Ikinjiden, dünýä bileleşigi şeýle hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýdyň görkezýär;
Üçünjiden, ol Birleşen Milletler Guramasynyň bu ugurda amala aşyrýan işlerini goldaýar;
Dördünjiden, halkara ählumumy arkalaşykly işlerde täze ugur ulag diplomatiýasy barha köp ykrar edilýär.
Bu diplomatiýanyň bolsa, ulag ulgamy boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklaryň örän möhüm görnüşi bolup durýandygy Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde tassyklanýar.
Şu gün Aşgabatda häzirki döwürde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň nähili uly ähmiýete eýe bolýandygyna oňat düşünýän pikirdeşler ýygnandy diýsem, ulaldyp aýtdygym bolmasa gerek.
Biz Maslahatyň dowamynda hyzmatdaşlyk etmegiň hakyky maksatlaryna we talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman usullarynyň işlenip taýýarlanjakdygyna, geljek üçin meýilnamalaryň bellenjekdigine, täze mümkinçilikleriň kesgitlenjekdigine ynanýarys.
Dünýäniň häzirki ösüşinde ulag ulgamyna bagyşlanan giň we anyk ugurlar boýunça gepleşikler döwletleriň özara has-da oňat düşünişmegine, garaýyşlaryň ýakynlaşmagyna ýardam berer diýip pikir edýäris. Bu ulgamda özara hyzmatdaşlyk etmegiň öňdebaryjy usullaryny we nusgalaryny işläp taýýarlamaga şert döreder diýip hasaplaýarys.
Hormatly hanymlar we jenaplar!
Hyzmatdaşlyk, ynanyşmak, birek- birege hormat goýmak ýörelgeleri Türkmenistanyň alyp barýan halkara işiniň esasyny düzýär. Biziň ýurdumyz islendik netijeli garaýyşlar we teklipler üçin açykdyr. Beýleki döwletler we halkara guramalary bilen gyzyklanma bildirilýän anyk ugurlar boýunça gepleşikleri geçirmäge hemişe taýýardyr.
Hormatly jenap Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary!
Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary!
Hanymlar we jenaplar!
Şu Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň geçirilmegi, gürrüňsiz, möhüm ähmiýetli waka bolup durýar. Ol bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň örän möhümdigine düşünmegi, onuň barşynda döwletler, sebitler we tutuş kontinentler üçin açylýan ägirt uly mümkinçiliklere göz ýetirmegi şöhlelendirýär. Häzirki döwürde ulag ulgamy uzak möhlet üçin dünýä ösüşiniň esasy we kesgitleýji ugurlarynyň hataryna ynamly girýär, ählumumy ykdysadyýetiň möhüm şertine öwrülýär. Munuň özi bolsa geoykdysadyýeti täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar we oňa kuwwatly itergi berýär.
Döwrebap, utgaşykly, deňagramly we ýokary tehnologiýaly ulag düzüminiň döredilmeginiň biziň döwrümiziň obýektiw zerurlygydygyna, durnukly ösüşiň ileri tutulýan maksatnalarynyň biridigine ynanýaryn. Onuň durmuşa geçirilmegi tutuş halkara bileleşiginiň strategiki bähbitlerine laýyk gelýär, dünýä hojalyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, dünýä, sebit we milli möçberlerde ykdysady hem-de durmuş görkezijileriniň ösmegine ýardam bermäge ukyplydyr. Şu maksat bilen, biziň ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna degişli kararnamalaryň iki taslamasyny hödürledi, olar biragyzdan kabul edildi. Dünýäniň onlarça döwletiniň olaryň awtordaşy bolup çykyş edendigi bellärliklidir. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, men şol döwletleriň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Bu döwletleriň köpüsiniň wekilleri şu maslahata gatnaşýar.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
BMG-niň giňden goldamagynda Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan yzygiderli hem-de işjeň syýasaty özüniň netijelerini berýär. Bu gün dünýä ulagynyň ösüşi meseleleri boýunça gepleşikleriň diňe bir başlanmak bilen çäklenmän, eýsem, iň ýokary derejede barha oýlanyşykly hem-de maksada okgunly häsiýete eýe bolýandygyny ynamly aýtmak bolar. Bu gepleşiklere täze gatnaşyjylar – döwletler, kompaniýalar, halkara institutlary we guramalary goşulýar.
Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde degişli ulag-üstaşyr we logistiki ulgamyň döredilmeginiň bu prosesiň möhüm bölekleriniň biri bolup durýandygy äşgärdir. Gürrüň Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta – Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň hem-de Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň deňiz terminallaryna çykmak arkaly kontinental Ýewraziýanyň giňişligini öz içine alýan ulag gatnawlarynyň köp şahaly, toplumlaýyn, utgaşykly düzümini gurmak barada barýar. Türkmenistan milli derejede eýýäm ulag düzümini döretmegiň, ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň giň möçberli maksatnamasyny durmuşa geçirmäge girişdi.
Ýurdumyzda awtomobil ýollarynyň, ýol aýrytlarynyň, köprüleriň gurluşygy çalt depginlerde alnyp barylýar. Ýaňy-ýakynda Aşgabadyň Halkara howa menzili açyldy, onuň ulanylmagy ýurduň üstaşyr kuwwatyny ep-esli ýokarlandyrmaga ýardam eder. Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Bu deňiz porty Aziýanyň we Ýewropanyň sepgidinde kuwwatly logistiki merkeze öwrüler. Ol deňiz, awtomobil, demir ýol we howa ulagyny ulanmak arkaly ýük daşalyşyny utgaşdyrmaga ýardam eder. Geljek ýylyň başynda biz Amyderýanyň üstünden geçýän sebitdäki iri awtomobil we demir ýol köprülerini ulanmaga bereris. Bu köprüler Özbegistanyň we Türkmenistanyň ulag ýollaryny birleşdirer, iki ugurda hem ulag akymlarynyň hereketini ep-esli çaltlandyrar.
Türkmenistanyň ulag strategiýasy uzakmöhletleýin häsiýete eýedir. Ol geografiki taýdan ýerleşişiň artykmaçlyklaryndan, biziň ýurdumyzyň çäginde ysnyşykly halkara ykdysady goşulyşmagy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek işine hyzmat edýän sebit we kontinent ähmiýetli iri ulag merkezlerini döretmek üçin logistiki mümkinçiliklerden hem-de düzümden has doly peýdalanmaga esaslanýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebitde iri halkara taslamalarynyň birnäçesini amala aşyrýar. Golaýda ulanmaga berlen Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly ýylda 10-12 million tonna ýüküň daşalmagyny üpjün etmäge ukyplydyr.
Geljekde ol okgunly ösýän bazarlara çykmak arkaly gündogar we günorta ugurlarda ulag düzümine goşulmaga mümkinçilik döredýär. Munuň özi giň möçberli we geljegi uly geoykdysady düzümleri döretmäge ýardam edýär. Birigün biz Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň birinji tapgyryny açarys. Ol Aziýa halkara ulag geçelgesiniň bir bölegine öwrüler. Bu geçelge taslama gatnaşýan ýurtlaryň, şeýle hem Gyrgyzystanyň çägi boýunça geçip, Hytaýyň köp şahaly demir ýol ulgamyna we onuň üsti bilen Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň bazarlaryna çykar.
Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň taslamasy Ýakyn Gündogara göni çykmak üçin anyk mümkinçilikleri açýar. Bu baradaky Ylalaşyga Aşgabatda gol çekildi.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Biz ählumumy ulag gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmagymyzyň depginini birjik-de gowşatmazlygy göz öňünde tutýarys. Galyberse-de, biziň ýurdumyz bu gatnaşyklary ösdürmäge hem-de giňeltmäge, ony anyk taslamalar we meýilnamalar bilen baýlaşdyrmaga taýýardyr. Türkmenistan olary döretmek bilen, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýany häzirki döwrüň ählumumy ösüş prosesleriniň möhüm bölegi hökmünde hasaplaýandygyndan ugur alýar.
Bu babatda biz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Birleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly sebit guramalary bilen özara gatnaşyklaryň anyk mümkinçilikleriniň bardygyny görýäris. Biziň strategiki bähbitlerimiziň gabat gelýändigine, düşnükli ýörelgeleriň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda kontinentde ulag akymlarynyň modelleriniň sazlaşyk derejesine çykmaga ukyplydygymyza ynanýaryn.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Biz ulag meselesi boýunça ählumumy gepleşikleri geçirmek başlangyjy bilen BMG-niň derejesine çykyp, häzirki wagtda onuň Durnukly Ösüş Maksatlaryny ýerine ýetirmek bilen gönüden-göni baglydygyndan ugur aldyk. XXI asyrda Milletler Bileleşiginiň esasy wezipelerini çözmäge, bütin dünýäde millionlarça adama hyzmat etmäge, dünýäniň serişdelerini aýawly saklamaga we artdyrmaga gönükdirilen döwrebap ulag arhitekturasyny döretmek– häzirki döwürde adamzat işiniň bu ulgamdaky halkara strategiýasynyň wezipesi, ine, şundan ybaratdyr.
Durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara ulagyň ösdürilmegi döwletleriň we sebitleriň ulag-üstaşyr akymyna goşulyşmagy arkaly olaryň ykdysadyýetleriniň ösüşini höweslendirmäge, olaryň arasyndaky ösüşiň derejesindäki we olarda ýaşaýan halklaryň ýaşaýyş-durmuşynyň hilindäki aratapawudy aradan aýyrmaga ýardam etmelidir. Häzirki zaman ulag we üstaşyr düzüminiň döredilmegi, oňa barha täze çäkleriň çekilmegi häzirki döwürde diňe bir ýük daşalyşynyň möçberleriniň artdyrylmagyny, ýola sarp edilýän wagtyň gysgaldylmagyny, goşmaça maýa serişdeleriniň goýulmagyny we beýleki äşgär artykmaçlyklary däl, eýsem, täze iş orunlarynyň döredilmegini, durmuş maksatly desgalaryň gurulmagyny hem aňladýar. Hut adamlar, olaryň jana-jan zerurlyklary hemişe ösüşiň we öňe gidişligiň ölçegi bolmalydyr. Munuň özi doly derejede ulag ulgamyna hem degişlidir. Döwrebap tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmak arkaly ulag akymlarynyň we düzüminiň ekologiýa taýdan howpsuzlygyny üpjün etmek bu babatda ileri tutulýan ugur bolmalydyr.
Biziň umumy wezipämiz obýektiw ykdysady bähbitlerini, halkara hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny ekologiýa deňagramlylygyny saklamak zerurlygy bilen utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Ynsanperwer ölçegi hem ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki zaman dünýäsinde täze, gysga ulag ýollaryny gurmak arkaly adamlaryň aragatnaşyk mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, olaryň täze ýurtlara baryp görmek isleglerini kanagatlandyrmak, beýleki halklaryň wekilleri bilen duşuşmagy üçin goşmaça mümkinçilikler açylýar. Munuň özi bolsa, öz nobatynda, täze syýahatçylyk ugurlarynyň açylmagyna, adamlaryň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna itergi berýär. Bu bolsa dünýäniň halklarynyň ýakynlaşmagyna hem-de olaryň özara düşünişmegine ýardam edýär.
Hormatly wekiliýetleriň agzalary!
Hanymlar we jenaplar!
Men biziň Maslahatymyzyň umumy mejlisiniň işine işjeň gatnaşýandygyňyz, çuň manyly çykyşlar, Türkmenistanyň adyna mähirli sözler, biziň halkara giňişligindäki başlangyçlarymyza berlen ýokary bahalar üçin öňünden minnetdarlyk bildirýärin. Bularyň ählisi dünýä derejesinde durnukly ulag meseleleri boýunça giň we işjeň gatnaşyklary ýola goýmagyň, bu ugurda döwletler hem-de halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň bähbidine seçilip alnan ýoluň dogrudygyna ynamyňy has-da artdyrýar.
Meniň pikirimçe, ulag ulgamy häzirki wagtda ösüşiň esasy ugry bolup durýar. Ony kämilleşdirmezden, döwrebaplaşdyrmazdan, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmazdan dünýä ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini, onuň täze ýörelgeler esasynda ösdürilmegini, adamlaryň abadançylygynyň we ýaşaýyş-durmuşynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyny, şu ýüzýyllykda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilmegini göz öňüne getirmek kyndyr.
Munuň özi bolsa, öz nobatynda, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, köptaraply peýdalylyk, bähbitleri nazara almak esasynda ählumumy ulag ulgamyny ösdürmegiň strategiýasyna ylalaşykly we jogapkärli çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň wajypdygyny aňladýar. Şu günki mejlisiň barşynda gyzykly teklipler, peýdaly pikirler we bahalar aýdylar, olaryň biziň geljekki bilelikdäki işimizde göz öňünde tutuljakdygyna we ulanyljakdygyna ynanýaryn. Türkmenistan giň söhbetdeşlik, daşary ýurt tejribesine döredijilikli garamak üçin açykdyr, dürli pikirleri uly höwes bilen kabul edýär.
Biziň maslahatymyz uly tejribe, amaly ähmiýete hem eýedir. Onuň barşynda dürli döwletleriň we kompaniýalaryň ulag kuwwatlyklarynyň tanyşdyrylyşy geçiriler, täze taslamalar hödürlener, syýasy-hukuk häsiýetli resminamalaryň birnäçesine gol çekiler. Şu babatda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk örän döredijilikli işdir. Onuň barşynda täze mümkinçilikler açylýar, dürli ýurtlaryň wekilleriniň arasynda özara gepleşikleriň tejribesi toplanylýar.
Maslahatyň häzirki zaman syýasatşynaslygyny, geoykdysadyýet nazaryýetini we halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge saldamly goşant boljakdygyna ynanýaryn. Bularyň ählisi özara düşünişmek ýagdaýynyň has-da berkidilmegine ýardam eder, diýmek, parahatçylygy, döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara ynanyşmagy we düşünişmegi pugtalandyrmak işine hyzmat eder.
Häzirki sebit we ählumumy ösüş babatda durnukly ulag ulgamynyň ornuny giňden we içgin ara alyp maslahatlaşmagyň umumy obýektiw gyzyklanmalara has gowy düşünmäge, garaýyşlaryň ýakynlaşmagyna, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze usullaryny we nusgalaryny işläp taýýarlamaga ýardam etjekdigine ynanýaryn.
Hormatly dostlar!
Maslahata gatnaşýandygyňyz üçin ýene-de bir gezek uly sag bolsun aýdýaryn. Men siziň ýokary hünär ussatlygyňyza hem-de taýýarlygyňyza ýokary baha berýärin. Biz giň gatnaşyklary hem-de bilelikdäki işi dowam etdirmäge, mundan beýläk-de bilelikde işlemäge taýýardyrys.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder