Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 18-nji noýabrda bolan mejlisinde goňşy ýurtlar, şol sanda Hazar sebiti boýunça goňşy döwletler bilen netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, berk şertnama-hukuk binýadynyň döredilmegine döwletimiziň işjeň gatnaşýandygy nygtaldy. Ýurdumyzyň netijeli başlangyçlary hem şuňa gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz Hazar sebitinde giň netijeli hyzmatdaşlyga Bitarap Türkmenistanyň ygrarlydygyny tassyklap, Hazaryň meseleleri, şol sanda dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly esasy üpjün etmäge gönükdirilen şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga degişli meseleler boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp düzmek maksady bilen, tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyny belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň köpasyrlyk taryhy-medeni aragatnaşyklary bilen baglanyşykly bolan Hazarýaka döwletleriniň hem-de halklarynyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk işleri mundan beýläk-de alyp barjakdygyny aýtdy. Hazar giňişligi–munuň özi ägirt uly ykdysady, energetika we ulag kuwwatyna eýe bolan möhüm strategiki sebitdir. Onuň peýdalanylmagy umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň takyk hukuk kadalaryna, özara hormat goýmaga hem-de Hazarýaka döwletleriniň bähbitlerini nazara almaga esaslanan halkara hyzmatdaşlygynyň aýratyn ähmiýetini belledi.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň 2010-njy ýylyň noýabrynda Bakuda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň III sammitinde beýan eden teklipleriniň esasynda Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda hem-de Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyklar taýýarlanyldy hem-de olara gol çekildi. Döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde Hazar deňziniň gidrometeorologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk hem taýýarlanyldy we kabul edildi.
Türkmenistan Hazar meselesi boýunça gepleşiklere işjeň gatnaşmak bilen, milli derejede Hazaryň ekologiýasyny goramak boýunça uly işleri alyp barýar. Muňa, ilkinji nobatda, Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparynyň netijeli işi şaýatlyk edýär. Bu topar deňziň türkmen böleginde degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işini utgaşdyrmak hem-de hereket etmegiň milli Hazar meýilnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen döredildi. Daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almaga, Hazaryň biologiki köpdürlüligini aýawly saklamaga, biologiki serişdelerini rejeli ulanmaga we köpeltmäge gönükdirilen anyk çäreler kesgitlenildi.
Daşky gurşawy goramagyň öň hatarlarynda bolan Türkmenistan goňşulary hem-de deňiz boýunça hyzmatdaşlary we iri halkara guramalary hem-de ýöriteleşdirilen düzümler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda bar bolan we ýüze çykyp biläýjek ekologiýa meselelerini çözmäge täze çemeleşmeleri teklip edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça kabul edilen, ýokarda agzalyp geçilen Ylalaşyklar, şol sanda Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak hakyndaky Ylalaşyk hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu resminama seýrek duş gelýän balyklaryň, ilkinji nobatda, bekre balyklarynyň tohumyny goramak boýunça toplumlaýyn çäreleri bilelikde amala aşyrmak üçin hukuk esasyny döretdi.
Mälim bolşy ýaly, bekre Ýer ýüzünde balyklaryň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Örän gymmatlygy hem-de seýrek duş gelýändigi üçin Gyzyl kitaba girizilen bu balygy Hazar deňzinde köpeltmek esasy maksatlaryň biridir. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, uzak möhletli geljegi hem-de deňziň haýwanat dünýäsiniň aýawly saklanmagyny nazara almak bilen, balykçylygy we balyk senagatyny ösdürmek meselelerine jogapkärli hem-de ylmy taýdan çemeleşilmegi Hazaryň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak işinde uly ähmiýete eýedir.
Şu meselede Türkmenbaşy etrabynyň merkezinde gurlan hem-de 2015-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan döwrebap balykçylyk toplumy aýratyn orun eýelemelidir. Bu ýerde bar bolan ýörite inkubatorlar bekre balyklaryny emeli usulda ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi bolsa gojaman Hazaryň täsin biologiki serişdelerini aýawly saklamaga ýardam eder.
Halkara bilermenleriniň baha bermegine görä, hut Hazar deňziniň türkmen bölegi häzirki wagtda ekologiýa babatda has amatlydyr. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzda ykdysadyýetiň senagat pudaklaryny ekologiýa meselesini, umumy ykrar edilen kadalary we ölçegleri nazara almak bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şoňa görä-de, durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň ählisiniň ekologiýa meselesi bilen berk baglanyşdyrylmagy tötänden däldir. Bu mesele döwlet derejesinde türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşynyň möhüm ugry hökmünde ykrar edildi.
Şeýlelikde, deňhukukly we uzakmöhletli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan, Hazarda oňyn ýörelgeleri ösdürmäge, ekologiýa abadançylygyny, biologik köpdürlüligi aýawly saklamaga hem-de gojaman Hazaryň baý tebigy serişdelerini rejeli ulanmaga, parahatçylyk we ylalaşyk deňzi hökmündäki derejesini pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar.
2014-nji ýylyň sentýabrynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Astrahan şäherinde geçirilen IV sammitinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňzinde şertnama-hukuk, söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işi güýçlendirmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi.
Birinji ugur barada aýdylanda, Hazar deňziniň hukuk derejesi barada Konwensiýanyň taslamasynyň üstünde alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek hem-de Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli duşuşyklary geçirmek teklibi öňe sürüldi. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga on sany teswirnamany işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi.
Şunuň bilen baglylykda, 2016-njy ýylyň 13-nji iýulynda Astana şäherinde Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine bu Konwensiýanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak meselesi girizildi. Mundan başga-da, şu ýylyň 23-24-nji oktýabrynda bu möhüm resminamanyň düzgünlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Ýörite iş toparynyň mejlisi geçirildi. Nobatdaky duşuşygy Aşgabatda dekabryň ikinji ýarymynda guramak göz öňünde tutulýar.
Howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, 7-8-nji noýabrda Aşgabat şäherinde Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikler geçirildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikinji we üçünji ugurlar boýunça başlangyçlaryny durmuşa geçirmek babatda häzirki wagtda Hazar deňzinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy işläp taýýarlamak boýunça dekabr aýynda bilermenleriň duşuşygyny geçirmek üçin guramaçylyk işleri alnyp barylýar. 15-16-njy noýabrda bolsa türkmen paýtagtynda Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikler geçirildi.
Yklym ähmiýetli iri aragatnaşyk merkezi hökmünde Hazar deňziniň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak strategiki ugur bolup durýar. Bu ugur Hazarýaka döwletleriniň arasynda, şeýle hem olaryň dünýä bazarlaryna çykmagy babatda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Hazarýaka döwletleriniň ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi hakyndaky Ylalaşygyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagy hem şuňa gönükdirilendir. Onda Hazar sebitiniň ulag-logistika merkezini döretmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman şertlerinde ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu ulgam dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň netijeliligine we deňagramlylygyna täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şundan ugur almak bilen, ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol hem-de howa ýollaryna çykmak arkaly “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek baradaky giň möçberli düzümleýin taslamalary yzygiderli durmuşa geçirýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji we 66-njy hem-de 70-nji mejlislerinde, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň, ŞHG-niň sammitlerinde we beýleki ýokary derejeli forumlarda öňe sürlen halkara başlangyçlar häzirki döwrüň täze ýagdaýlaryny hem-de talaplaryny nazara almak bilen, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendir. Hususan-da, gürrüň, BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada barýar. Şol maksatnamada Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň arasynda, tutuş Ýewraziýa yklymynyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini öwrenmek göz öňünde tutulýar.
Şu babatda Türkmenistanyň başyny başlan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly kararnama aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Oňa laýyklykda, şu ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabatda geçirilen, halkara hyzmatdaşlygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ornuna bagyşlanan halkara maslahatlary hem bu meseläniň wajypdygyna şaýatlyk edýär. 2014-nji ýylyň sentýabr aýynyň başynda geçirilen wekilçilikli maslahat türkmen paýtagtynda esasy halkara guramalarynyň we düzümleriň, şol sanda BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň (ÝYK), BMG-niň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO), Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Ýewropa – Kawkaz- Aziýa ulag geçelgesi boýunça hökümetara toparynyň (TRASEKA) ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini, şeýle-de dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan wekilleri jemledi.
Türkmenistanyň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi onuň sebit we yklymara ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr merkez hökmündäki derejesiniň has-da berkidilmegini şertlendirýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bu ulgamdaky ägirt uly kuwwatyndan has doly peýdalanmaga çalşyp, ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, täze ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny döretmäge hem-de öňden bar bolanlaryny giňeltmäge gönükdirilen milli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýandygyny belledi. Bu çäreleriň ählisi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara düzümine işjeň goşulyşmagyna, Türkmenistanda multimodal gatnawlaryň utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistiki merkezleriň döredilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir.
Şeýlelikde, häzirki zaman ulag ulgamynyň döredilmegi gadymy döwürlerde çekilen we häzirki wagtda gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň maksatlaryna doly kybap gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz menziliniň ýokary depginler bilen gurulýandygyny bellemek gerek.
Bu örän iri maýa goýum taslamasynda awtomobil – ýolagçy terminalyny we konteýner terminalyny gurmak göz öňünde tutulýar. Topluma umumy ýük ýüklenilýän terminal, ürgün ýükler terminaly, polipropilen terminaly, gämigurluşyk hem-de gämi abatlaýyş zawody girer. Kärhananyň taslama kuwwaty her ýylda döwrebap tehnologiýa enjamlaryny we awtomatlaşdyrylan ulgamlary peýdalanmak arkaly halkara hil ölçeglerine kybap gelýän 4-6 gämini gurmaga niýetlenendir. Mundan başga-da, bu ýokary tehnologiýaly kärhana dürli görnüşli gämileri doly abatlamak işini amala aşyrar (kuwwaty ýylda 20-30 gämi).
2014-nji ýylyň dekabrynda Halkara deňiz menzilinde nobatdaky düzümleýin desganyň – ýolagçy deňiz menziliniň açylyş dabarasy boldy. Özboluşly keşbi bolan bu binanyň eýeleýän meýdany 800 inedördül metrden gowrakdyr. Bu ýerde petek satylýan bölümleri bolan garaşylýan zal, sorag-jogap bölümi, alyş-çalyş bölümi, goş saklanylýan jaý, çaýhana, sowgatlyk dükanlar ýolagçylaryň hyzmatynda. Mundan başga-da, çagaly ýolagçylar üçin ýöriteleşdirilen ýer, lukmançylyk otagy we beýlekiler göz öňünde tutuldy. Menziliň edara ediş we tehniki binalary zerur bolan enjamlar bilen üpjün edildi. Ýolagçylaryň gämä münmegi üçin uzynlygy 51 metr bolan asma köpri guruldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki zaman deňiz söwda flotunyň döredilmegi ulag babatdaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Halkara deňiz geçelgesiniň üstaşyr merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýän Türkmenbaşynyň deňiz menziliniň üsti bilen ýurdumyza senagat we oba hojalyk enjamlary, tehniki serişdeler, demir hem-de agaç önümleri, mineral dökünler getirilýär. Daşary ýurtlara bolsa polipropilen, koks we beýleki nebit önümleri, himiýa senagatynyň önümleri ugradylýar. Soňky ýyllarda bu menziliň üstünden geçýän üstaşyr ýük akymlary has-da artdy.
Port hojalygyna täze gämiler gelip gowuşýar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň buýurmasy bilen daşary ýurtlaryň gämi gurluşyk zawodlarynda taýýarlanan “Alaja”, “Kenar” nebit daşaýjy tankerler, “Älem”, “Jahan”, “Seýil” we “Gudrat” ýaly tirkeg gämileri bar. “Ýelken” ýaht-kluby açylanda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda gurlan iri ýük gämisi bolan “Çarlak” ilkinji ýüzüşini amala aşyrdy.
2014-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň buýurmasy boýunça Horwatiýanyň Pulo şäherindäki “ULJANIK” gämi kärhanasynda gurlan ýolagçy, ýük ulaglaryny we beýleki ulag serişdelerini daşamaga niýetlenen “RO-PAХ” derejeli “Berkarar” gämisi gelip gowuşdy.
2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenbaşynyň deňiz menziline şunuň ýaly “RO-PAХ” derejeli ikinji “Bagtyýar” gämisi geldi. Ol hem Horwatiýanyň gämi gurluşyk kärhanasynda taýýarlanyldy. Ol soňky bäş ýylyň dowamynda ýurdumyza gelip gowşan döwrebap gämileriň 16-njysydyr.
Häzirki döwürde “Berkarar” we “Bagtyýar” gämileri Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menzilinden Hazarýaka döwletlerine yzygiderli ýolagçylary gatnatmak hem-de ýük daşamak işlerini amala aşyrýar. Bu ugurlaryň herekete girizilmegi Ýewropa ýurtlaryndan Merkezi Aziýa, Orta we Uzak Gündogara ýük gatnatmaga harçlanýan wagty ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berdi, şeýle hem ýük daşalyşynyň artmagyna ýardam etdi.
17-18-nji noýabrda türkmen paýtagtynda bäş goňşy ýurduň–
Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň bilermenleriniň Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyna garamagy Hazarýaka döwletleriniň ählisiniň deňiz gatnawlarynyň artýan kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga özara gyzyklanmasyny tassyklady. Bu Teswirnama möhüm wezipeleri çözmek—deňiz gämileriniň heläkçiliginiň öňüni almak, gämileriň ekipažlarynyň agzalarynyň we ýolagçylarynyň ömrüni hem-de saglygyny goramak, ulag serişdeleriniň we olarda daşalýan ýükleriň abatlygyny üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.
Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň bilermenleriniň Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyna garamagy Hazarýaka döwletleriniň ählisiniň deňiz gatnawlarynyň artýan kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga özara gyzyklanmasyny tassyklady. Bu Teswirnama möhüm wezipeleri çözmek—deňiz gämileriniň heläkçiliginiň öňüni almak, gämileriň ekipažlarynyň agzalarynyň we ýolagçylarynyň ömrüni hem-de saglygyny goramak, ulag serişdeleriniň we olarda daşalýan ýükleriň abatlygyny üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.
Resminama düzümlere, enjamlara we deňiz gämileriniň enjamlaşdyrylyşyna bildirilýän talaplaryň, kadalaryň hem-de standartlaryň ýerine ýetirilişine, ulanylyşyna, ekipažyň hünär derejesine, deňizde gözleg we halas ediş işlerini guramaga, deňiz portlarynda gözegçiligi ýola goýmaga, heläkçilikleri derňemäge, deňizde ýüzmek üçin howply bolan daşky şertleriň, şol sanda deňiz gurşawynyň hapalanmagynyň, emeli deňiz desgalarynyň – ýerasty kabelleriň, turbageçirijileriň, buraw desgalarynyň, beýleki gämileriň ýaramaz täsiriniň öňüni almaga degişli meseleleriň ençemesini öz içine alýar.
Bu ýagdaýlaryň ählisi Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hem-de Hazar sebitiniň ägirt uly tebigy—serişdeler, energetika, senagat, ulag-üstaşyr kuwwatyndan hemmetaraplaýyn peýdalanmagyň yzygiderli tarapdary bolup çykyş edýändigine şaýatlyk edýär. Hazar sebiti Ýewraziýanyň okgunly ösýän geosyýasy we ykdysady merkezleriniň biri hökmünde ykrar edildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder