Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Pranab Mukerjä we Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Uttar-Pradeş ştatynda bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren otly heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda, gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder