16 Kasım 2016 Çarşamba

Türkmen Önüm Öndürijileri Şanly Belgiler Ulgamyny Ornaşdyrmak Bilen, Onuň Ykdysady Taýdan Netijeliligini Duýýarlar

2015-nji ýylyň maý aýynda Çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasy söwdanyň we hyzmatlaryň hiliniň we bäsleşige ukyplylygynyň bazar sazlaşdyrmasynyň möhüm guraly bolup durýan Halkara “GSI” (Global Standart) guramasyna agzalyga girdi. Türkmenistana degişli dereje berildi.
Türkmenistanyň halkara GSI ulgamyna goşulmagy biziň ýurdumyzy halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ygtybarly we jogapkärli gatnaşyjy hökmünde ykrar edilýändigini beýan edýär. Önümçiligiň ösýän möçberini we ýokary hilli türkmen önümlerine bolan islegi göz öňünde tutup, önümlere çyzykly şertli belgileriň ornaşdyrylmagy bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, eksporta iberilmegini diwersifikasiýaşdyrmaga, olaryň nomenklaturasyny giňeltmäge täze mümkinçilikler açylýar.
Bu günki gün çyzykly şertli belgiler ulgamy ykdysadyýetiň, ylmyň we tehnikanyň köp ulgamlaryna ornaşdyrylýar, ýöne söwda iň bir işjeň ýagdaýda bolmagynda galýar. Çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramanyň işi diňe bir türkmen önüm öndürijilerini dünýä bazarlaryna çykmagyna şertleri döretmän, eýsem innowasion işläp taýýarlamalary we maglumatlary toplamagy hem kämilleşdirýär.
Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda öndürilýän harytlyk önümleriniň 40 müňden gowragynyň adyna eýýäm degişli nyşan berildi. Şertli sanly belgiler söwdanyň we daşary söwda dolanşygynyň häzirki zaman kadalaryna laýyk gelýär. Şonuň üçin hem harytlara sanly belginiň goýulmagy ýurtda öndürilýän harytlaryň dünýä bazarlaryna çykarmagyň täsirli kepili bolup durýar. Türkmenistanyň söwdasynda sanly belgileriň we awtomatik indentifikasiýa ulgamynyň ulanylmagynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi biziň ýurdumyzyň global dünýä hojalyklary aragatnaşyklaryna barha işjeň goşulyşýandygynyň möhüm görkezijisi bolup durýar.
Türkmenistanyň barha ýokarlanýan daşary söwda işi bu işe gatnaşýan biziň ählimiziň öňümizde, şol sanda bu günki gün düzüminde 850 agzasy bolan Çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasynyň hem öňünde duran täze wezipeleri çözmek meselesi durýar. Olaryň hatarynda – Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligini, Azyk senagat assosiasiýasyny, Dokma senagaty ministrligini, şeýle hem köp sanly ministrlikleri we edaralary, döwlet we hususy eýeçilikdäki guramalary we kärhanalary görkezmek bolar.
Çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasynyň agzalarynyň köpüsini kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri düzýär. Ýurduň telekeçiligini ösdürmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hökmünde kesgitläp, Türkmenistanyň Prezidenti bu ulgamy goldamak we kämilleşdirmek baradaky maksatnamany yzygiderli amala aşyrýar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi “Bäsdeş” Söwda öýüni dörediji bolup durýar. Onuň işiniň esasy ugurlarynyň biri hem içerki we daşarky bazarlarda söwdany guramak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen göni aragatnaşygy ýola goýmak bolup durýar. TSTB Pekindäki wekilliginiň we hytaýyň Sinin şäherindäki Türkmenistanyň Söwda merkeziniň, Gyrgyzstandaky Söwda öýüniň, Gruziýadaky dükanyň işleri milli ykdysadyýetiň hususy böleginiň eksport mümkinçiligini amala aşyrmaga gönükdirilendir.
Köp sanly kärhanalar sanly belgileriň ornaşdyrylmagyndan bu günki gün eýýäm onuň ykdysady bähbitlerini duýup başladylar. Harytlary bellige almak önümleri gerek derejesine ýetirmäge, onuň imijini emele getirmäge, olary ýerleşdirmegi kämilleşdirmäge kömek edýär. Şertli sanly belgiler tehnologiýasyny ulanýan önüm öndürijiler içerki we daşarky bazarlarda harytlaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrýarlar.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder