Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mişel Aunyň Liwan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli oňa mähirli gutlagyny iberdi.
Türkmenistanyň Baştutany öz hatynda jenap Mişel Auna tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat hem-de Liwan Respublikasynyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna iň ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder