4 Kasım 2016 Cuma

Türkmenistanyň Prezidenti Aziada-2017-ä Taýýarlyk Görmegiň Barşy Bilen Tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagt boýunça iş saparynyň çäklerinde Olimpiýa şäherjiginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Bu ýerde ýene-de bir ýyldanam az wagtdan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Aziada-2017-ni guramak meseleleri hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Milli Liderimiz öňümizdäki iri ýaryşlara taýýarlyk görmek meselelerine möhüm ähmiýet berýär. Çünki, şeýle derejedäki ýaryşlar Türkmenistanda ilkinji gezek geçiriler we olara Aziýa ýurtlaryndan başga-da, Okeaniýa (Awstraliýa, Täze Zellandiýa, Polineziýanyň hem-de Mikroneziýanyň köp sanly ada döwletleri) gatnaşar. Mälim bolşy ýaly, toplumlaýyn halkara ýaryşlaryny geçirmek hukugyna diňe milli sport binýady ýokary derejede ösen ýurtlar eýe bolýarlar. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň döwrebap sport-sagaldyş desgalarynyň gurluşugyna ägirt uly maýa goýum serişdelerini gönükdirýändigini nygtamalydyrys. Şunda sport ulgamynyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Şol ulgama bolsa diňe bir ýokary netijeler sportuny ösdürmegiň binýady hökmünde däl, eýsem bedenterbiýeköpçülikleýin hereketi, beden taýdan sagdyn nesli terbiýelemek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek üçin şertleri döretmek hökmünde hem garalýar. Diňe soňky ýyllaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça türkmen paýtagtynda stadionlaryň birnäçesi, Buzly köşk, Suw sport toplumy, Gyşky oýunlar sport toplumy we beýleki köpsanly sport desgalary guruldy hem-de ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň ähli etraplarynda, şäherlerinde we welaýatlarynda häzirki günüň talaplaryna doly laýyk gelýän sport desgalarynyň onlarçasy hereket edýär. Mundan başga-da, milli we halkara derejeli dürli sport çäreleri  ýaryşlar, çempionatlar we beýlekiler yzygiderli geçirilýär. Paýtagtymyzda Olimpiýa şäherjiginiň gurulmagy ýurdumyzyň täze belentliklere tarap ymtylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Geljek ýyl, 2017-nji ýylda bu şäherjikde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylar medallar ugrunda göreşer. Şoňa görä-de, Aşgabada Aziýa oýunlarynyň paýtagtynyň derejesiniň berilmegi ýokary derejede ösen sport düzümli ýurt hökmünde Türkmenistanyň abraýynyň ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr. “Aziada-2017” taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da artdyrar. Çünki, şeýle derejedäki wakalar köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär, dostlukly hem-de işewür gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, sebitde we dünýäde özara ynanyşmak hem-de düşünişmek ýagdaýynyň ýola goýulmagyna ýardam edýär hem-de milli ykdysadyýetiň, medeniýetiň we syýahatçylyk ulgamynyň ösüşini höweslendirýär. Şu babatda ýurdumyzyň beýleki döwletlere görelde bolýandygyny nygtamak wajypdyr. Sagdyn durmuş ýörelgesini, belenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de wagyz etmek boýunça üstünlikli ädilýän ädimler munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu babatdaky syýasatyň netijeleri bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketiniň okgunly ösüşe eýe bolýandygyny, ýurdumyzda döwletimiziň we jemgyýetimiziň, milli Liderimiziň hem-de halkymyzyň tagallalarynyň sazlaşykly ýerine düşýändigini aýdyňlyk bilen görkezýär. Halkymyz saglygyň gadyryny bilip, bu babatda öňe sürülýän asylly işleri doly goldaýar. ...Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjigine gelip, stadionyň ikinji gatynda ýerleşýän zala bardy. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Aziadanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysy, Aşgabat şäheriniň häkimi hem-de “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy garşyladylar. Bu sport toplumynyň düzümine dürli maksatly desgalaryň 30-dan gowragynyň girýändigini bellemelidiris. Olar ähli görkezijiler babatda ýokary halkara standartlaryna doly laýyk gelýär. Häzirki wagtda bu täsin sport desgalary eýýäm Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşanlaryna öwrüldi we 2017-nji ýylyň güýzünde türkmenistanlylar hem-de ýurdumyzyň köpsanly myhmanlary üçin gapylaryny giňden açar. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary ýokary derejede geçirmek üçin ähli şertler döredildi, tomaşaçylar üçin amatly bolar ýaly durmuş-medeni maksatly we beýleki ugurdaş desgalar guruldy. Milli Liderimiziň garamagyna myhmanlaryň dynç almagy üçin niýetlenen zalyň taslamlary, maketler, ägirt uly sport toplumynyň düzümine girýän hem-de 45 müň tomaşaça niýetlenen Olimpiýa stadionynyň teklip edilýän atlarynyň görnüşleri hödürlenildi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de sportuň öňümizdäki Oýunlaryň maksatnamasyna girizilen dürli görnüşleri boýunça synag ýaryşlarynyň geçirilişi barada degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi. Ýaryşlara gatnaşyjylar yklymlaýyn ýaryşlara taýýarlygyň derejesine hem-de bu ýerde türgenler üçin döredilen şertlere ýokary baha berýärler. Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, Olimpiýa şäherjiginiň ulanmaga berlen meýdançalarynda, stadionlarynda halkara derejesinde synag ýaryşlarynyň geçirilmegi türkmen türgenleriniň Aziada taýýarlyk çärelerinde möhüm tapgyry emele getirmelidir diýip nygtady. Munuň özi 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek yklym ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň ýokary netijeleri gazanmagynyň möhüm şertidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Öz nobatynda, “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanja Olimpiýa şäherjigini gurmagyň soňky tapgyrynda ýerine ýetirlýän işler, toplumyň düzümleriniň enjamlaşdyrylyşy we onda ulanylýan serişdeler hem-de bu ýerde görkezilýän taslamalaryň ugurlary, olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada hasabat berdi. Milli Liderimiz hödürlenen teklipler bilen içgin tanşyp, sport desgasynyň içki bezegine aýratyn üns berdi hem-de ähli meseleleri göz öňünde tutmagyň, münberleriň reňkine çenli ähli zatlaryň üstünde oýlanyşykly işlemegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz bu ýerde medeni-köpçülikleýin we sport çärelerini geçirmek maksady bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagyň we şeýlelikde, stadionyň ulanyş ýagdaýyny synap görmegiň wajypdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu desganyň özboluşlylygy, köp öwüşginliligi bilen tapawutlanmalydygyny hem-de olarda täzeçil usullaryň işjeň ulanylmalydygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz bu ýerde diňe bir sport bäsleşiklerini guramaçylykly geçirmek üçin däl, eýsem tomaşaçylar we Aziada-2017-niň myhmanlary üçin hem ähli zerur şertleriň döredilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Mundan başga-da, milli Liderimiz Olimpiýa şäherjiginiň ähli desgalarynda ornaşdyrylýan enjamlaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini, stadionlarda degişli maglumat ulgamlarynyň enjamlaşdyrylmalydygyny, aýratyn-da, bu ýerde yşyklandyryş, ses eşitdiriş ulgamlarynyň döwrebap derejede bolmalydygyny belläp, bu ugurda zerur tagallalary görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna ýüzlenip, bu desganyň ulanyş häsiýetleri hem-de wezipeleri bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz türkiýeli işewüriň hasabatyny diňläp, birnäçe tabşyryklary berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz bu taslama amala aşyrylanda, öňdebaryjy inžener-tehniki pikiriň we innowasion tehnologiýalaryň hem-de oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmäniň esasy ugurlar bolmalydygyny belledi. Bu desga iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmelidir we ähli görkezijiler babatda iň ýokary halkara standartlaryna laýyk gelmelidir. Hormatly Prezidentimiz timarlaýyş serişdeleriniň nusgalaryny gözden geçirip, desganyň bezeginiň köpöwüşginli milli äheňde ýerine ýetirilmelidigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Milli Liderimiz gurluşykda ulanylýan serişdeleriň hil babatdaky görkezijilere doly laýyk gelmegine aýratyn üns berilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamalara käbir üýtgetmeleri girizip, degişli ýolbaşçylara işleri guramaga, utgaşdyrmaga, ýokary hilli alnyp barylmagyna, tehnikalar, materiallar we enjamlar bilen bökdençsiz üpjün edilmegine degişli meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy taşyrdy. “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy milli Liderimize bildiren ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň ähli maslahatlarynyň we teklipleriniň hökmany suratda göz öňünde tutuljakdygyna ynandyrdy. Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk hem özüniň hyzmatdaşlyk borçnamalaryna örän jogapkärli çemeleşjekdigini nygtady. Soňra döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylaryň V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryna görülýän taýýarlygyň çäklerinde işlenip taýýarlanylan medeni maksatnama baradaky hasabatyny diňledi. Hormatly Prezidentimiz täze stadionyň ady barada durup geçip, onuň “Aşgabat Olimpiýa stadiony” diýip atlandyrylsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Milli Liderimiz Aziada-2017-niň açylyş we ýapylyş dabaralaryna taýýarlyk görmek meselelerine ýygnananlaryň ünsüni çekip, dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu dabaraly çärelerde halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän asylly däpleriniň, taryhda yz goýan belli şahslaryň bitiren işleriniň öz beýanyny tapmalydyr. Oýunlara gatnaşyjylara hem-de myhmanlara Türkmenistanyň taryhyny hem-de ýurdumyzyň häzirki gazanýanlaryny görkezmek zurardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Bir söz bilen aýdylanda, bu care aýdyň waka hökmünde her bir türgeniň ýadynda galmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli çäreler görmegiň hem-de Aziada-ä taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleriň ählisini bperk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi. Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen hoşlaşdy hem-de olara öňde duran jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikler arzuw edip, bu ýerden ugrady.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder