2016-njy ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Aşgabada iş sapary bilen gelen Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi j-p Marek Salkanyň (oturýan ýeri Baku şäheri) ýolbaşçylygyndaky wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda konsullygyň meseleleriçygrynda özaragatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meselelerine seredildi. Şunlukda iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda konsullyk meseleleri boýunça maslahatlaşmalary geçirmegiň meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk esasyny giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy.
Ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy geljekde diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça netijeli hyzmatdaşlygyna laýyk gelýän gepleşiklerini dowam etmegiň wajyp ähmiýetine ünsi çekip, taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlylygy bellediler. Soňra bolsa Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-polýak hökümetara toparynyň mejlisini geçirmek bilen bagly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder