Häzirki wagtda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Galkynyş» ägirt uly gaz käninde, şeýle hem golaýda ýerleşen Günorta Garagum, Gazanly, Jürji, Gündogar Ýolöten we Günbatar Ýandakly geljegi uly känlerde innowasion tehnologiýalary peýdalanmak arkaly gözleg işlerini dowam edýär.
Innowasion tehnologiýalara esaslanýan bu gözleg işleriniň netijeleri bu känleriň we geljegi uly meýdançalaryň bitewi nebitgaz üýşmesini emele getirýändigi hakynda çaklamaga esas berýär.
Daşary ýurt kompaniýalary hem innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly tebigy we ugurdaş gazy çykarmak we öwrenmek boýunça uly işleri alyp barýar. Şolaryň biri hem «Gaffney Cline & Associates» iňlis kompaniýasy innowasion tehnologiýalara esaslanýan audit barlaglarynyň netijesinde «Galkynyş» gaz käni ägirt uly gaz gorlaryny tassyklady. Bu bolsa öz gezeginde Türkmenistany dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna goşdy.
Häzirki wagtda ýurdumyzda senagat taýdan innowasion usullara esaslanylyp özleşdirilýän 60-a golaý gaz gazkondensatly ýataklardan çykarylýan umumy gazyň 87 göterime golaýy «Türkmengaz» döwlet konserniniň paýyna düşýär.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder