Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş döwlet gullugynda habar berlişine görä, 9 ýaşly oglan- gyzlara arasy 6 aýdan iki gezek mugt sanjym geçiriler. Waksina 0,5 ml möçberde kebzä sanjylýar.
Adamyň papilloma wirusyna garşy waksinalar Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynda täzeden barlagdan geçirilen beýleki waksinalar we meýilnamalaşdyrylan immunizasiýa üçin sanjym enjamlary bilen bilelikde ÝUNISEF-iň haryt iberiliş bölüminden alynýar. Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş döwlet gullugynyň metbugat üçin beýannamasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň strategik resminamalaryna esaslanylyp, ýokary derejede tassyklanan „2003-2020-nji ýyllara döwür üçin immunoprofilaktikanyň“ Milli maksatnamasy, Türkmenistanda 2014-2020-nji ýyllara ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreş boýunça Aşgabat Jarnamasyny ornaşdyrmak babatda Milli strategiýasy we meýilnamasy işlenilp taýýarlanyldy hem-de ol amala aşyrylýar. Şu resminamalaryň esasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýş we derman senagaty ministrliginiň „Keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň täze kalendaryny girizmek hakynda“ Buýrugy taýýarlanyldy we tassyklanyldy hem-de adamyň papilloma wirusyna garşy waksinalar girizildi.
Mälim bolşy ýaly, adamyň papillomas wirusy dünýäde iň köp ýaýran keseleriň biridir. Häzirki wagta çenli molekulýar kesel anyklaýyş usuly netijesinde onuň ýüzden gowrak görnüşi ýüze çykaryldy. Olaryň hersiniň öz belgisi bardyr. Wirusyň her ştammy adamyň beden agzalarynyň hersine özüçe täsir edýär. Adam papillomasy wirusynyň käbir onkogen görnüşleri bedeniň derisiniň epiteliýa öýjüklerini zaýalap, täze döreme çişlere, şol sanda howply täze döremelere getirýär.
Adamyň papilloma wirusynyň onkogen görnüşiniň döredýän ýatgynyň boýunjygynyň aýratyn howply onkologiýasy keseli zenanlaryň arasynda dünýäde iň köp ýaýran keselleriň biridir. BSGG-nyň maglumatlaryna laýyklykda, dünýäde her ýyl ýatgy boýunjygynyň onklogiýasynyň 530 000-e golaýy hasaba alynýar we 270 000-den gowragy şol dertden aradan çykýar. Dünýä ýurtlarynyň ählisinde papilloma wirys infeksiýasy ýüze çykarylýar.
Ylmy tilsimatlaryň kämilleşmegi we molekulýar kesel anyklaýyş usulynyň kemala gelmegi netijesinde soňky döwürde geçirilen ylmy barlaglar papilloma wirusly ýokanç keselleriň aýry-aýry özboluşly görnüşleriniň hem agyz-damak agzasynyň we jynsy agzalaryň, şeýle hem nemli bardalaryň we şol sanda siňňili hem goşanyňda, jynsy agzalaryň aýratyn howply täze döremeleriiň käbir görnüşleriniň döremegine sebäp bolýanlygy ýüze çykaryldy.
Dünýäde adamyň papilloma wirusyny netijeli bejerýän ýeke derman bolmasa-da, häzirki döwürde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynda täzeden barlanan täsirli täze waksina işlenilip taýýarlanyldy we ulanylýar. BSGG-nyň soňky barlaglarynyň netijeleri ýatgynyň boýunjygynyň patologiýasynyň ýaşlarda-da köp duşýan kesele öwrülendigini ýüze çykardy. 20 ýyl mundan ozal bu kesele duçar bolanlaryň aglaba bölegi pensiýadaky aýallar bolan bolsa, häzirki wagtda olaryň arasynda ýaş gelinler we gyzlar hem gabat gelýär. Şonuň üçinem, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda keseliň öňüni alyş çäresi hökmünde adamyň papilloma wirusyna garşy waksina ýetginjeklik döwri urulsa has-da netijelidir. 2014-nji ýylyň awgust aýyna çenli dünýä ýurtlarynyň 58-si adam papillomasy wirusyna garşy waksinasiýasyny gyzjagazlar, käbir ýurtlarda bolsa oglanjyklar üçin hem öz immunizasiýa milli maksatnamalaryna goşdylar. Adamyň papilloma wirusyna garşy waksinasyny ulanýan ýurtlaryň köpüsi BSGG-nyň sebitleriniň—Amerika yklymlarynyň, Ýewropa we Ýuwaş umman ýurtlarynyň Günbatar bölegindäki ýurtlardyr.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahat berýän adamyň papilloma wirusyna garşy waksinasy rekombinant tehnologiýasy esasynda taýýarlanylýar we ol adam üçin zyýansyzdyr. Onda diri biologik maddalar, bütewi wirusly DNK ýokdur, diýmek ol ýokanç däldir; onda hiç hili antibiotikler we konserwantlar ýokdur. Ony beýleki meýilleşdirilen waksinalar bilen birlikde-de ulansa bolar. Ony ulanmakdan saglyga zeper ýeten ýagdaýlary hasaba alynmady. Immunizasiýadan soňky döwürde teniň gyzarmagy, süňňi gowşaklyk ýada teniň birneme gyzdyrmagy ýaly ýol berilýän az-kem näsazlyklar ýüze çykyp biler.
Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş döwlet gullugynyň beýannamasynda şeýle hem, bu waksinanyň eýýäm dörän täze döremesini bejermek üçin däl-de, eýsem keseliň öňüni alyş serişdesi hökmünde ulanmaga niýetlenenligi nygtalýar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder