11 Kasım 2016 Cuma

Türkmenistan Girdejisiniň Derejesi Ortaçadan Ýokary Bolan Döwletleriň Hataryna Goşuldy

Türkmenistanyň ykdysadyýeti dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän durnuksyzlyga garamazdan ençeme ýylyň dowamynda düýpli ösüş depginlerini görkezdi. Bu bolsa ýurduň girdejisiniň derejesi ortaçadan ýokary döwletleriň hataryna girmegine ýardam etdi. Bu barada Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça wise-prezidenti Siril Mýuller Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýazan hatynda habar berýär.
«Bütindünýä banky toparynyň siziň ýurduňyzyň ýokary girdejili, häzirki zaman we diwersifisirlenen ykdysadyýetli döwletleriň hataryna goşulmak meýlini doly goldaýandygyny mälim etmäge döredilen mümkinçilikden peýdalanmaga rugsat ediň» — diýlip habarda aýdylýar.
BB-niň wekiliniň pikirine görä, Türkmenistanyň alyp barýan hemişelik bitaraplyk syýasaty durmuş-ykdysady ösüş hem-de raýatlaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin gymmatly hem esasy ýörelge bolup durýar.
Türkmenistan Bütindünýä banky toparyna 1992-nji ýylyň sentýabrynda goşuldy. 2016-njy ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Bütindünýä bankynyň Toparynyň arasynda maliýe we makroykdysady ulgamlarda tölegli geňeş hyzmatlaryny bermek hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi. Bu resminamada geçirilmegi meýilleşdirilen çäreler işewürlik ugrunyň özgerdilmegine we bank pudagynda köpçülikleýin dolandyryş usulyna goldaw bermäge gönükdirilendir. Şeýle hem Ylalaşygyň çäklerinde Türkmenistanyň hususy maliýe edaralaryna we kompaniýalaryna maýa goýum serişdelerini bermek hem-de maslahat bermek hyzmatlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Bütindünýä bankynyň Global Economic Prospects-yň iýundaky synyna laýyklykda, 2016-2018-nji ýyllarda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini bäş göterim möçberinde çaklanylýar.
Türkmenistan Merkezi Aziýa we Hazar sebitiniň energetika bazarynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Her ýyl ýurtda 70-80 milliard kub metr töweregi gaz çykarylýar. «Mawy ýangyjyň» esasy bölegi Eýrana we Hytaýa iberilýär.
Häzriki wagtda ýurtda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar, şol sanda dokma, nebit-gazhimiýa senagaty, nebit önümleriniň we gurluşyk materiallarynyň önümçiligi ösdürilýär.



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder