2 Kasım 2016 Çarşamba

Türkmen Hokkeý Hünärmenleri Halkara Şahadatnamalarynyň Eýeleri

Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde şaýbaly hokkeý boýunça dürli ýaryşlary guramagyň we geçirmegiň meseleleri hem-de eminleriň işleri boýunça halkara okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahata sportuň bu görnüşi boýunça türkmen hünärmenleriniň ikisi —Allaberdi Mämmetgulyýew bilen Mämmet Mämmedow gatnaşdylar. Olar synagdan üstünlikli geçip, Halkara hokkeý federasiýasynyň II derejeli şahadatnamasyna mynasyp boldular.

Okuw maslahaty Aziýanyň we Okeaniýanyň 27 ýurdundan —Hytaýdan, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Tailanddan, Singapurdan, Täze Zelandiýadan, Mongoliýadan, Indoneziýadan we beýlekilerden 100-e golaý tälimçileri, eminleri we sport guramaçylaryny özünde jemledi. Okuw sapaklaryny geçirmek üçin Beýik Britaniýanyň hokkeý federasiýasynyň wekili Joý Jonson okuw maslahatyna çagyrylypdyr. Maslahata baranlar nazarýet we amaly okuw derslerini geçdiler. Türkmen hünärmenleri öňlerinde goýlan synag ýumuşlarynyň we meseleleriniň üstünlik bilen hötdesinden geldiler.

A.Mämmetgulyýew Sportuň gyşky görnüşleriniň milli merkeziniň halkara bölümine ýolbaşçylyk edýär, M. Mämmedow bolsa «Oguzhan» hokkeý klubunyň ýolbaşçysy hem-de Türkmenistanyň erkekler ýygyndysynyň tälimçiler düzüminiň wekili bolup durýar. Şahadatnamalar ýurdumyzda tälimçileriň we eminleriň okuw maslahatlaryny geçirmäge, şeýle hem milli derejeli islendik ýaryşlara hyzmat we gözegçilik etmäge hukuk berýär.

Şeýle ýaryşlaryň biri 2016-2017-nji ýyllardaky möwsüm, Türkmenistanyň hokkeý boýunça dördünji çempionaty 22-nji noýabrda başlanýar. Bu ýaryşda baýrak üçin sekiz topar göreşer. 

Sportuň bu görnüşi boýunça türgenlerimiz üçin halkara derejeli esasy ýaryş fewral aýynda bolup geçer. Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçiriljek VIII gyşky Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek ýurdumyzyň hokkeý topary gatnaşar. Milli ýygyndymyz paýtagtymyzyň iň güýçli dört toparynyň, «Galkan», «Şir», «Oguzhan» we «Nesil» toparlarynyň oýunçylaryndan düzüldi hem-de häzirki wagtda ýewropa usulyýeti boýunça güýçli türgenleşik işlerini alyp barýar.

Türkmen hokkeýçileri Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda, iň gowy buzly meýdançalaryň biri bolan, Minskiniň (Belarus) «Çižowka arenasynda» okuw-türgenleşik işlerine gatnaşar. 2014-nji ýylda bu ýerde hokkeý boýunça erkekleriň arasynda dünýä çempionatynyň duşuşyklary, şu ýylyň baharynda bolsa ýetginjekleriň arasynda dünýä birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň ýygyndy topary Halkara hokkeý federasiýasynyň başda durmagynda 2017-nji ýylyň aprelinde Kuweýtde geçiriljek «Çagyryş Kubogy» ugrundaky ýaryşda çykyş eder. Ýaryşyň toparlaýyn tapgyrynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň garşydaşlary Hytaýyň, Filippinleriň, Omanyň, Kataryň, Kuweýdiň, Hindistanyň ýygyndy toparlarynyň boljakdygy mälimdir.

Sportuň gyşky görnüşleriniň milli merkeziniň başlygy Agajan Hudaýberdiýewiň aýtmagyna görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyza tejribeli tälimçini işe çagyrmak boýunça Kanadanyň we Şwesiýanyň hokkeý guramalary bilen gepleşikler geçirilýär. Mundan başga-da, geljek ýyl geçirilmegi göz öňünde tutulýan iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparyny (20 ýaşa çenli) düzmek boýunça hem işler alnyp barylýar.

Ýaşajyk türgenleri hokkeýe çekmäge aýratyn üns berilýär. Dekabr aýynyň ortalaryna Aşgabatda 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda ýurdumyzyň birinjiligi geçiriler. Ýene tiz wagtdan bolsa “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanmaga isleg bildirýänleri sportuň bu görnüşi boýunça ilkinji türgenleşik toparyna kabul ederler. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda häzirki zaman buzly sport desgasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu ýeri köpsanly syýahatçylaryň hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini özüne hemra edinen ýerli ilatyň iň söýgüli ýerleriniň birine öwrüler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder