Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işleri hem-de Palestina Döwletiniň Prezidentiniň 13-15-nji noýabrda ýurdumyza boljak resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli we dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bolup durýandygy nygtaldy. Şunda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Palestina bilen gatnaşyklara aýratyn üns berilýär.
Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji aprelinde ýola goýuldy. Häzirki günde halkara resminamalarynyň 7-si türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy – hukuk binýadyny düzýär. 2012-nji ýylyň maýynda we 2015-nji ýylyň dekabrynda Palestinanyň daşary işler ministriniň Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň barşynda döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzyň DIM-niň wekiliýeti Palestinanyň Ramalla şäherinde iş saparynda bolup, ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Şol gepleşikleriň netijeleri boýunça 2016-2017-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.
Türkmenistanda Palestina Döwletiniň ilçihanasyny açmak boýunça alnyp barylýan işler hem döwletara gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň subutnamasydyr. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky meselä degip geçip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürlenen Palestina bilen baglanyşykly ynsanperwer meseleler boýunça kararnamalara ýurdumyzyň goldaw berýändigini belledi.
Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek türkmen-palestina gepleşikleriniň gün tertibinde häzirki ýagdaýlar we geljekki mümkinçilikler babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Şolaryň netijeleri boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary babatda gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder