7 Kasım 2016 Pazartesi

Milli Ykdysadyýetimizi Ösdürmegiň Netijeleri Jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi hem-de ozal kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi we ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisde berilen hasabatlarda bellenilişi ýaly, ähli pudaklarda oňyn netijeler gazanylýar. Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda – 1,3 göterim, gurluşykda – 4,5 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda – 10,3 göterim, söwdada – 14,7 göterim, oba hojalygynda – 11,3 göterim we hyzmatlar ulgamynda – 9,7 göterim ýokarlandy. Jemi öndürilen önüm 3,4 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä 9,4 göterim ýokarlandy.
Ykdysadyýetimizi senagat taýdan ösdürmek maksady bilen kabul edilen welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda binalaryň we desgalaryň 208-siniň gurluşygy tamamlandy. Şeýlelikde, gurluşygy tamamlanyp, döwrebap önümçilikleriň işe girizilmegi bilen içerki bazarda haryt bolçulygy üpjün edildi hem-de 18 müň 294 birlik täze iş orunlary döredildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew şu ýylyň on aýynda gözegçilik edýän toplumlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nebit we gaz kondensatyny, tebigy hem-de ugurdaş gazy almak babatda,   uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemekde gazanylan görkezijiler, awtomobil benzininiň, dizel ýangyjynyň, polipropileniň, çalgy ýaglarynyň, beýleki nebit önümleriniň we suwuklandyrylan gazyň önümçiliginiň, “mawy ýangyjyň” daşary ýurtlara eksport edilişiniň hem-de guýularyň burawlanyşynyň görkezijileri barada habar berildi. Nebitgaz toplumynyň kärhanalary tarapyndan maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnamanyň 132,5 göterim berjaý edilendigi bellenildi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýewiň ýangyç-energetika toplumynda geçirilen seljerme işleriniň netijeleri hem-de Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça işlerde ýol berlen käbir kemçilikleriň ýüze çykarylandygy baradaky hasabaty diňlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýüze çykarylan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek barada degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer Ý.Kakaýewiň hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň ägirt uly kuwwatyny netijeli durmuşa geçirmegiň wezipelerine çekdi. Şol wezipeleriň çözülmegi sebitleri toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçilikleriň möçberlerini artdyrmaga we degişlilikde, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy T.Begjanowa hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory B. Alymowa berk käýinç yglan etdi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, ýolbaşçylara ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölegindäki işleriň ýagdaýyny düýpli seljermegi hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň maksatnamasyny” iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksadynda zerur çäreleri görmegi talap etdi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder