Şu ýylyň oktýabry aýratyn ýatda galyjy boldy. Bu aýda häzirki zaman Türkmenistanyň iň täze taryhynda şanly waka — Garaşsyzlygyň 25 ýyllyk baýramy bellendi. Esasy döwlet baýramyna taýýarlyk görmek syýasy, işewür we jemgyýetçilik işjeňliginde, ruhubelentlik bilen geçdi. Ol hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy bilen ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň — aýry-aýry ýurtlaryň wekiliýetleriniň hem-de abraýly halkara guramalarynyň gatnaşmagynda geçiren onlarça möhüm duşuşyklarynda, syýasy gepleşiklerinde, halkara maslahatlarynda we medeni çärelerinde aýdyň göründi.
2-nji oktýabrda Mejlisiň deputatlaryndan, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden, Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryndan, şeýle hem ýurdumyzda hasaba alnan diplomatik wekiliýetleriň wekillerinden ybarat wekiliýet Garagum çölüniň jümmüşinde döredilýän «Altyn asyr» Türkmen kölüne baryp gördi. Bu geçirilen çäräniň esasy maksady döredilýän bu ajaýyp suw desgasynyň suw baýlyklary boýunça ählumumy meseleleri çözmekde ägirt uly ekologiýa ähmiýetini giňden wagyz etmekden ybarat bolup durýar. Gerimi boýunça deňsiz-taýsyz bu taslamanyň amala aşyrylmagy milli Liderimiziň üns merkezinde bolup, ol ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak üçin diňe bir Türkmenistanda däl-de, eýsem, tutuş Orta Aziýada ägirt uly ähmiýete eýedir.
3-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş sekretarynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ynsanperwer meseleleriň hyzmatdaşlygy boýunça orunbasary Raşid Halikow bilen duşuşyk boldy. Merkezi Aziýa sebitinde we onuň çäklerinden daşarda ýerleşýän döwletlere uly ynsanperwer goldawyny berýän Türkmenistanyň başlangyçlary, BMG bilen özara hyzmatdaşlygynyň ösüşi bellenildi hem-de tejribe alyşmak we ynsanperwer kömegini bermegiň dürli usullaryny öwrenmek arkaly bilelikde tagalla etmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
4-nji oktýabrda DIM-de Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Primož Şeligo bilen bolan duşuşykda türkmen-slowen hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini we iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda pikir alyşmalary geçirmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň barşynda telekeçilik düzümleriniň gatnaşygyny giňeltmäge, şeýle hem iki döwletiň arasynda göni howa aragatnaşygyny açmaga özara gyzyklanma bildirilýändigi bellendi.
4-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda geçen «Hukuk döwletiň berkarar bolmagy: milli tejribe we dünýä ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Ýaşulular maslahatynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşine bagyşlandy. Wekilçilikli foruma Owganystandan, Eýrandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan we beýleki döwletlerden alymlar we parlamentleriň agzalary çagyryldy.
Çykyşlarda bellenişi ýaly, kabul edilen wajyp syýasy-hukuk resminamasy köpmilletli halkyň umumy erk-islegini beýan edip, iň ýokary hukuk güýjüne eýe bolmak bilen, wajyp ýörelgeleri we durmuş-ykdysady, syýasy-jemgyýetçilik düzümleri hem-de jemgyýetiň ruhy-ahlak durmuşyny pugtalandyrýar.
Ýurdumyzyň esasy halkara guramalary we sebit düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň üsti ýylsaýyn täze taslamalar we başlangyçlar bilen doldurylýar. Türkmenistanyň Hökümetiniň döwlet dolandyrylyşynyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça tagallalaryna ýardam etmäge gönükdirilen taslamanyň çäklerinde ÝHHG-niň Merkezi Aşgabatda oktýabr aýynyň birinji ongünlüginde parahorluga we pul serişdeleriniň bikanun resmileşdirilmegine garşy göreşmekde tejribe alyşmak üçin türkmen wekiliýetiniň Rumyniýa okuw-tanyşdyryş saparyny gurady.
Ýurdumyzyň maliýe we hukuk goraýyş edaralarynyň wekilleri öz kärdeşleri bilen parahorluga we jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy hereketlere degişli halkara ylalaşyklaryna goşulyşmak, şeýle hem pul serişdelerini bikanun resmileşdirmäge we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreş çärelerine baha bermek boýunça Ýewropa Geňeşiniň bilermenler Komitetine agza bolmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň günleri güýz paslynyň ortaky aýynyň täsirli wakasy boldy. Bu çäräniň çäklerinde türkmen paýtagtynda sungat ussatlarynyň konserti, tatar halk senetçiliginiň sergisi we döredijilik duşuşyklary boldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan bu medeni çärä Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow gatnaşdy.
Şol günler Aşgabatda ýakyn we uzakmöhletleýin geljek üçin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny anyklamaga gönükdirilen türkmen-tatar işewürler maslahaty geçirildi. Maslahatda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda 2017—2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda ähtnama gol çekildi. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agza kärhanalar tarapyndan öndürilýän önümleriň ýöriteleşdirilen sergisi boldy, şeýle hem döwlet we telekeçilik düzümleriniň ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi Türkmenistanyň öz daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança boldy. 11—12-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde ýerleşdirilen köptaraply sergi durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň möçberi taýdan deňsiz-taýsyz işlerini şöhlelendirdi.
11-nji oktýabrda Türkmenistanyň ykdysadyýet toplumynyň maslahatlar zalynda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) Türkmenistanyň sebitlerine uýgunlaşmagy boýunça hereketleriň meýilnamasynyň 3-nji tapgyryny durmuşa geçirmäge bagyşlanan “tegelek stoluň” başynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde geçiren bu çäresine DÖM-niň monitoring ulgamynyň halkara bilermeni Gereltuýýa Altanhuang gatnaşdy. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Jasinta Barrinsiň belleýşi ýaly, Türkmenistan degişli çäreleri durmuşa geçirmek bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna uýgunlaşmak babatda dünýäde öňdebaryjylaryň hatarynda durýar. Mysal üçin, häzir dowam edýän ikinji tapgyrda DÖM-niň görkezijileriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2017—2021-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky maksatnamasyna, şeýle hem aýry-aýry pudaklaýyn meýilnamalara we strategiýalara ornaşdyrylyşy amala aşyrylýar.Soňky ýyllarda Türkmenistan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Halkara täzeleniş we ösüş banky, Ýewropa täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýlekiler ýaly iri maliýe we ykdysady düzümler bilen hyzmatdaşlygyny ep-esli giňeltdi. Yslam ösüş banky TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin ABŞ-nyň 700 million dollary möçberinde karz berýär. Bu barada ylalaşyga Waşington şäherinde Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň güýzki mejlisinde gol çekilipdi. Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky degişli ylalaşygy baglaşdy. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky strategik taýdan möhüm maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin orta we uzakmöhletleýin daşary ýurt serişdelerini çekýär.
Türkmenistanyň Hökümetiniň (Maliýe ministrligi) hem-de Bütindünýä bankyň toparynyň arasynda maliýe ulgamynda we makroykdysadyýetde tölegli geňeş hyzmatlaryny bermek hakynda Şertnama gol çekilmegi öňdebaryjy halkara düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýene bir ädim boldy. Bu resminama ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşiň esasy maksatlary bilen baglanyşykly gaýragoýulmasyz meseleleri çözmäge ýardam etmelidir. Gol çekmek dabarasy Bütindünýä bankyň toparynyň Dolandyryjylar Geňeşiniň we Halkara pul gaznasynyň her ýylda bolýan mejlisiniň çäklerinde geçdi.
Bütindünýä bank toparynyň Merkezi Aziýa boýunça Halkara maliýe korporasiýasynyň sebitleýin menejeri Moazzam Mekan Halkara maliýe korporasiýasy ýerli banklaryň üsti bilen, şeýle hem göni maýa goýum serişdeleri bilen ýurdumyzyň orta we iri telekeçileri üçin geňeş hyzmatlaryny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini gözleýär diýip belleýär. 13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Nýu-Ýorkdaky Hemişelik wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistan bilen Dominikanyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak barada Bilelikdäki Beýanata gol çekmek dabarasy boldy. Taraplar syýasy, ykdysady we medeni- ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurtda hem uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Oktýabr aýynyň ikinji ongünlüginde Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde «Aň-bilim — parahatçylyga we döredijilige barýan ýol» atly şygar astynda Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň daşary işler ministrleriniň 43-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlise guramanyň agzalary bolan 50-den gowrak ýurtlarynyň wekilleri, şeýle hem synçy ýurtlaryň we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Şol günler Türkmenistanyň beýleki bir wekiliýeti Hytaýyň iri işewürlik merkezleriniň biri bolan Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň IV forumyna gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda sebitde oňyn özgertmeleri pugtalandyrmakda uly ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyna öz strategik hyzmatdaşy hökmünde garaýandygy nygtaldy. Bu hyzmatdaşlyk Hytaý bilen deň hukukly we özara bähbitli ýörelgelere laýyklykda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda döwletara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge esaslanýar.
20-nji oktýabrda «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçen Hökümetara ýolçular geňeşiniň hem-de Ulag we ýol hojalygy işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň halkara birleşiginiň bilelikdäki XXXVIII mejlisi Türkmenistanyň dünýä giňişliginde abraýynyň artýandygynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we üstaşyr kuwwatdan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen ulag syýasatynyň wajypdygynyň ykrarnamasynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. GDA ýurtlarynyň ministrlikleriniň we ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleriniň, geňeşiň assosirlenen agzalarynyň, şeýle hem bu ulgamyň bilermenleriniň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçen bu mejlisiň gün tertibine sebit boýunça ykdysady özara gatnaşyklary hem-de GDA ýurtlarynyň ýakynlaşmagy hem-de sebitiň durnukly ösmegi üçin ýollary has amatly peýdalanmaga degişli meseleler girizildi.
Mejlise gatnaşyjylar noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň wajypdygyny nygtadylar. Bu maslahat şu möhüm ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge saldamly goşant bolmalydyr. GDA ýurtlarynyň we Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň ýol pudagyny ösdürmegiň, hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlary, bu ugurda bar bolan ägirt uly kuwwatdan peýdalanmak boýunça görülmeli çäreler forumyň netijeleri boýunça kabul edilen Teswirnamada öz beýanyny tapdy.
21-nji oktýabrda Halkara gatnaşyklary institutynda «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek monitoringine ýaşlaryň gatnaşmagy» diýen mowzuk boýunça geçirilen çekişmeler BMG-niň Halkara gününe bagyşlandy. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde BMG agza ýurtlar tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerini, çözmeli meselelerini hem-de görkezijilerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenişi ýaly, şeýle çäreler ählumumy gün tertibindäki ileri tutulýan ugurlar bilen ýaşlaryň habardarlygynyň derejesini ýokarlandyrmakda hem-de möhüm syýasy çözgütleri kabul etmäge olaryň gatnaşmagynda örän uly ähmiýete eýedir.
Adalat ministrliginde geçirilen ylmy maslahat Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlandy. Wekilçilikli maslahata Mejlisiň deputatlary, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Ýokary kazyýetiň wekilleri, ýurdumyzda hasaba alnan birnäçe halkara guramalarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XIX maslahaty boldy. Oňa Türkmenistanyň ähli künjeklerinden, şeýle hem Owganystanyň, Belarusuň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, BAE-niň, Pakistanyň, Russiýanyň, Saud Arabystanynyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Ukrainanyň we Şwesiýanyň türkmen kowçumlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça daşary ýurtly ildeşlerimiziň birnäçesini sylaglamak dabarasy boldy. Olar türkmen halkynyň beýleki halklar bilen dostlukly hem-de doganlyk medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan uly goşantlary, işjeň we önjeýli jemgyýetçilik işini alyp barandyklary üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglandylar. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň aýratyn tapawutlanan daşary ýurtly işjeň agzalary Hormat hatlary bilen sylaglandy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşmak üçin Pakistan Yslam Respublikasynyň parlamentiniň başlygynyň orunbasary Murtaza Jawed Abbasiniň ýolbaşçylygynda wekilçilikli topar Aşgabada geldi. 27-nji oktýabrda myhman Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi, duşuşygyň barşynda üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip, pikir alyşmalar boldy, bu gatnaşyklaryň esasyny iki dostlukly halkyň taryhy-medeni däpleriniň hem-de ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy emele getirýär.
31-nji oktýabrda Mejlisde Zenanlaryň ählihytaý federasiýasynyň başlygynyň orunbasary hanym Suý Ýuý tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Aşgabada gelen wekilçilikli topar bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda gender deňligini üpjün etmegiň, eneligi we çagalygy goramagyň, maşgala hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny bermegiň, raýatlaryň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmagyň, halkara hukugynyň degişli kadalarynyň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagy ulgamynda dünýä tejribesini öwrenmegiň Mejlisiň alyp barýan işiniň esasy ugurlary bolup durýandygy bellenildi. HHR-iň wekiliýeti şeýle hem Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşinde kabul edildi, bu ýerde zenanlaryň iki ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady hem-de medeni durmuşyna işjeň gatnaşmak, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny ösdürmek, ynsanperwer ulgamynda halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Oktýabr aýynyň aýagynda DIM-de Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sun Weýdun bilen duşuşyk geçirildi, duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Oktýabr aýynyň aýagynda ýene bir möhüm waka bolup geçdi — 2013-nji ýylyň iýun aýynda gurluşygyna badalga berlen Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysy — Atamyrat — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) böleginiň gurluşyk işleri tamamlandy. Türkmen gurluşykçylary Akina (OYR) menzilinde türkmen-owgan demir ýolunyň ahyrky nokadynda iň soňky seplemi goýdular. Halkara demir ýolunyň bu böleginiň umumy uzynlygy 88 kilometre deňdir, onuň 85 kilometri biziň ýurdumyzyň çäginden, ýene üç kilometri bolsa Ymamnazar bilen Akinanyň arasyndaky serhet zolagyndan geçýär. Dabarada çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Owganystanda täze demir ýoluň ulanmaga berilmeginden uly durmuş-ykdysady ösüşlere garaşylýar. Bu demir ýol halkara ulag gatnawlarynda möhüm bölek bolup, sebitiň ýurtlarynyň arasynda söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirer hem-de owgan ykdysadyýetiniň dikeldilmegine, durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegine, ilatyň iş bilen üpjünçiligine kuwwatly ýardam berer.
“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy, onda biziň ýurdumyzyň şu ýylyň üçünji çärýegindäki daşary syýasat durmuşynyň möhüm wakalary beýan edilýär. Žurnalda ýerleşdirilen synda, däp bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan parahatçylygyň, ählumumy gülläp ösüşiň hem-de abadançylygyň bähbidine alnyp barylýan oňyn halkara gatnaşyklaryň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryna hem-de ýokary derejedäki gepleşiklerine, şeýle hem maslahatlara, DIM-ara syýasy geňeşmelere, hökümetara toparlarynyň mejlislerine, dürli ýurtlaryň wekiliýetleri hem-de iri halkara guramalarynyň wekilleri bilen şu ýylyň iýul — sentýabr aýlarynda geçirilen duşuşyklara we gepleşiklere aýratyn orun berilýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň döwürleýin neşiriniň sahypalarynda, şeýle hem möhüm we gyzyklanma bildirilýän meselelere seljerme berilýär, olar ýurdumyzyň, daşary ýurtlaryň giň okyjylar köpçüligi üçin gyzykly bolar.
Geljek ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Indoneziýanyň Bali adasynda geçirilen Aziýa — Ýuwaş ummany Teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) 53-nji Baş Assambleýasynda garalan esasy meseleleriň biri boldy. “Geljek üçin media” şygary astynda geçirilen hem-de ABU-nyň agzasy bolup durýan teleradiogepleşikler kompaniýalarynyň 200-den gowragynyň wekillerini ýygnan bu foruma hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy, onuň düzümine Aziada — 2017-ä taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri girdiler. Biziň ýurdumyzyň wekiliýeti wideorolikleri görkezmek hem-de Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşy barada çykyş etmek bilen, Aziada —2017-niň tanyşdyryş çäresini geçirdiler we berlen ähli sowallara jikme-jik jogap berdiler. Aziýanyň we Ýewropanyň media kompaniýalarynyň wekilleri žurnalistleriň, telehabarçylaryň işlemegi üçin döredilen şertler, Aziadanyň maglumat üpjünçiligi boýunça häzirki zaman önümçilik — tehniki binýadynyň kemala getirilişi, bu ulgama iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy barada habar berildi.
Mundan başga-da, Aziýa — Ýuwaş ummany Teleradiogepleşikler birleşiginiň 53-nji Baş Assambleýasy özüniň Habarlar neşirinde Aziada — 2017 baradaky giňişleýin makalany ýerleşdirdi. Onda türkmen paýtagtynda geçiriljek Oýunlara bu bäsleşikleriň taryhynda türgenleriň iň köp sanlysynyň gatnaşjakdygy — medallar ugrunda sportuň 21 görnüşi boýunça iň güýçlüleri ýüze çykarmak üçin 62 ýurduň wekilleriniň 5 müňden gowragynyň ýygnanjakdygy habar berilýär.
Sport baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, oktýabr aýynda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda VIII Uniwersiadanyň açylyş dabarasynyň bolandygyny bellemek gerek, bu ýyl bäsleşiklere ýurdumyzyň 20 ýokary okuw mekdebinden talyplaryň alty ýarym müňe golaýy gatnaşdy.
Las-Wegas şäherinde (ABŞ) Söweşjeňleriň Atletika birleşiginiň (AAU) kadasy boýunça ştangany ýatyp götermek boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleri altyn medallaryň ikisine mynasyp boldular. Bu bäsleşiklere ýigrimä golaý ýurtdan 500-e golaý türgen gatnaşdy.
Uden şäherinde (Niderlandlar) Ýewropanyň Söweş sungatlary merkezinde hanmudo boýunça halkara maslahatyna gatnaşyp, Türkmenistanyň “Hanmudo” Söweşjeň sungatlar federasiýasynyň başlygy, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakow II dana hem-de “Ussat — utgaşdyryjy” diýen ada mynasyp boldy. Şeýle hem Söweş sungatlarynyň bütindünýä assosiasiýasynyň ýörite çözgüdi bilen hanmudo boýunça türkmen mekdebi resmi taýdan ykrar edildi. Biziň ildeşimiziň hüjüm etmek hem-de öz-özüňi goramak tehniki usullaryny çuňlaşdyryp öwrenmek boýunça hanmudony esaslandyryjy, Grand master (X dan) Kimm He Ýung tarapyndan geçirilýän türgenleşige GDA-dan çagyrylan ýeke-täk hünärmen bolup durýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr.
Türkmen türgenleri Naberežnyýe Çelny şäherinde (Russiýa Federasiýasy) geçirilen nusgawy guşakly göreş boýunça XIV dünýä çempionatynda hem-de göreş boýunça III dünýä çempionatynda 36 medala eýe boldular. Tatarystan Respublikasyna dünýäniň 40-a golaý ýurdundan türgenleriň 250-si ýygnandy, türkmen pälwanlary ýer eýeleriniň esasy bäsdeşleri boldular.
Türkmen ýetginjek agyr atletikaçysy Malaýziýada geçirilen ýaryşlarda dünýäde ikinji orny eýelemegi başardy. Penang şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda dünýä birinjiligine 76 ýurtdan 350-den gowrak türgen gatnaşdy. Sportuň bu görnüşi Aziada — 2017-niň maksatnamasyna girýär, şonuň üçin hem türkmenistanlylaryň şowly çykyşlary paýtagtymyzda indiki ýyl geçiriljek toplumlaýyn ýaryşlara taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyrydyr.
Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde geçirilen taekwandonyň WTF görnüşi boýunça iri halkara ýaryşynda türkmen türgenleri bäş medala eýe boldular, bu bäsleşiklere 12 ýurtdan — Hytaýdan, Hindistandan, Nepaldan, Malaýziýadan, Şri-Lankadan, Wýetnamdan, Omandan, Taýpeýden we beýleki döwletlerden türgenleriň 300-e golaýy gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy topary jemi bäş — dört kümüş hem-de bir bürünç medala mynasyp bolup, ýokary netije görkezdi.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem-de iri halkara guramalary bilen bilelikde geçen aýda geçirilen dürli görnüşli çäreler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belentliklerine tarap ynamly barýan ýurdumyzyň aýdyň öwüşginli wakalara beslenen durmuşyny beýan edýär.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder