Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Sri Mohd Najib Tun Abdul Razakyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz resmi sapar bilen Malaýziýa geldi, bu sapara iki ýurt ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri hökmünde hem, iri halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk hökmünde hem aýratyn ähmiýet berýärler. Mälim bolşy ýaly, Aziýa – Ýuwaş ummany sebitiniň, şol sanda Günorta-Gündogar Aziýa döwletleri bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Sebitiň ýurtlarynyň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna girýän Malaýziýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir, bu dostlukly ýurt bilen hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk hem-de uzakmöhletleýin esasda guralýar.
Şu gün ir bilen döwlet Baştutanymyz “Şangri-La” kaşaň myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhanasyndan Kuala-Lumpurdan 20 kilometr uzaklykda ýerleşýän Malaýziýanyň häzirkizaman dolandyryş merkezi bolan Putradjaýýa şäherine ugrady.
Bu şäher 1995-nji ýylda esaslandyryldy we 1999-njy ýylyň ahyryndan bäri bu ýerde Premýer-ministriň we Hökümetiň iş kabulhanasy ýerleşýär.
Perdana Putra birnäçe binadan ybarat bolan binagärlik toplumy bolup, onda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň we onuň diwanynyň iş otaglary ýerleşýär. Bu täsin toplumyň binalarynda malaý, yslam we ýewropa binagärliginiň alamatlaryny görmek bolýar. Bu ýerlere mahsus bolan ýaşyl gümmezli hem-de açyk – goňrumtyl diwarly bu bina Putradjaýýanyň nyşanyna öwrüldi.
Bu ýerde, Perdana meýdançasynda Malaýziýanyň Hökümet binasynyň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Malaýziýanyň Premýer-ministri Najib Razak mähirli garşylaýar.
Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Premýer-ministri dostlarça salamlaşyp, haly ýodajygy bilen resmi garşylamak dabarasynyň geçirilýän ýerine barýarlar.
Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar.
Hormat garawulynyň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa dabaraly hasabat berýär. Milli Liderimiz hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýär.
Soňra iki ýurduň baştutanlary Türkmenistanyň we Malaýziýanyň hökümet wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar. Türkmen Lideri şeýle hem Malaýziýada işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary bilen tanyşdyrylýar.
Däp bolan surata düşmek dabarasyndan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Najib Razak Malaýziýanyň Hökümetiniň binasyna girýärler we bäşinji gata çykýarlar. Bu ýerde türkmen Lideri Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrýar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi. Taraplar özara düşünişmek hem-de işewür ýagdaýda türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de häzirki döwrüň talaplary nukdaýnazaryndan onuň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Premýer-ministri dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin hem strategiki häsiýete eýe bolan ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine aýratyn üns berdiler.
Türkmen Lideri we Malaýziýanyň hökümetiniň baştutany netijeli syýasy gepleşikleri mundan beýläk-de giňeltmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek baradaky pikirlerini beýan edip, döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan hem-de Türkmenistanyň we Malaýziýanyň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklary höweslendirmegiň möhümdigini nygtadylar.
Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Malaýziýanyň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Premýer-ministr Najib Razak türkmen Liderini we hormatly Prezidentimiziň baştutanlyk edýän hökümet wekiliýetini Malaýziýada ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça pikir alyşmak üçin dörän nobatdaky mümkinçilige kanagatlanma bildirdi. Malaýziýanyň hökümet baştutanynyň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gezekki saparyna aýratyn ähmiýet berilýär we bu sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze tapgyry hökmünde kabul edýärler.
Bellenilişi ýaly, soňky ýyllaryň içinde ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygy ençeme esse artdy, emma bu hem aňryçäk däldir, döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Nebitgaz pudagy, şol sanda nebiti gaýtadan işleýän senagaty ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugry bolup durýar, emma hyzmatdaşlygyň başga-da geljegi uly ugurlarynyň birnäçesi bar. Jenap Najib Razak Malaýziýa tarapynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek hem-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigini belledi. Türkmenistanyň bizi ýurduňyzyň mundan beýläk-de ösmegi üçin ähli tagallalary etmäge taýýar ygtybarly hyzmatdaş hökmünde kabul etmegini isleýäris diýip, Malaýziýanyň hökümetiniň baştutany aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Premýer-ministre mähirli garşylandygy we bilelikde netijeli işlemäge döredilen şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, şu saparyň hem-de geçiriljek gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bagly meseleleriň uly toplumyny, dünýä we sebit syýasatynyň möhüm meselelerini, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da işjeň häsiýete eýe bolandygyna şaýatlyk edýän, ozal gazanylan ylalaşyklara degişli meseleleri gurşap alýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, şu duşuşyga Türkmenistanyň we Malaýziýanyň dostlukly, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de yzygiderli berkitmek maksady bilen, gatnaşyklary dowam etdirmekde ýene-de bir möhüm ädim hökmünde garalýar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen geçirilen söhbetdeşlikde bilelikdäki işiň ähli ugurlary boýunça türkmen-malaýziýa gatnaşyklaryny ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanmaga, hyzmatdaşlygyň ösüş depginini saklamagyň we hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň, ony täze görnüşler we ugurlar bilen baýlaşdyrmaga iki tarapyň hem taýýardygy tassyklandy.
Şeýle garaýyşlar iki döwletiň uzakmöhletleýin strategik bähbitlerine, soňky ýyllardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mazmunyna laýyk gelýär. Taraplar özara hyzmatdaşlygyň halkara we sebit derejelerinde syýasy we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge oňaýly täsir etmäge ukyplydygyny bellediler.
Daşary syýasat babatda hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy meseleleriniň biri bolup, şunda Türkmenistan we Malaýziýa bu ugurda däp bolan özara düşünişmek ýörelgesine eýerýärler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine baha bermekde hem, halkara durmuşynyň möhüm meseleleri boýunça özara hyzmatdaşlyk etmekde hem garaýyşlaryň birmeňzeşligi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Döwletleriň ikisi hem häzirki zaman halkara syýasatynyň esasy meseleleriniň birnäçesi boýunça umumy ýörelgelere we çemeleşmelere eýerýärler. Bu ilkinji nobatda, dünýäde, Merkezi Aziýa we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde durnukly ösüş we howpsuzlyk ulgamyny berkitmekdir.
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň hem iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, şeýle hem Goşulyşmazlyk Hereketiniň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy bellenildi.
Iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň netijeliligini Malaýziýanyň Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden rezolýusiýalarynyň – ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky, energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hakyndaky, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny we ulag pudagynda hemmetaraplaýyn özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek hakyndaky rezolýusiýalarynyň awtordaşy bolup çykyş etmegi hem tassyklaýar.
Şonuň ýaly-da, Malaýziýa 2013–2015-nji ýyllar aralygyndaky döwür üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna we 2013–2017-nji ýyllar aralygyndaky döwür üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlawlarda Türkmenistany goldady.
Türkmenistan hem, öz nobatynda, Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm edaralaryna saýlawlarda Malaýziýany goldady.
Häzirki döwürde Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti bilen gatnaşyklary ösdürmäge ileri tutulýan ugur hökmünde aýratyn üns berýär. Bu sebit bilen gatnaşyklara öz alyp barýan daşary syýasat we daşary ykdysady işiniň strategik ugry hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasynyň (ACEAN) alyp barýan işine gyzyklanma bilen garaýar.
Türkmenistan bu abraýly halkara guramasy bilen has-da ysnyşykly we anyk ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlyk etmegiň dürli görnüşlerine seretmäge taýýardyr hem-de bu maksatlary amala aşyrmakda Malaýziýany esasy hyzmatdaşlarynyň biri hasaplaýar.
Aziýada ynanyşmak ýagdaýyny berkitmek, sebitde ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň esasynda we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek üçin berk syýasy we hukuk şertlerini döretmek türkmen-malaýziýa syýasy gatnaşyklarynyň ýene-de bir möhüm meselesi bolup durýar. Türkmenistan halkara bileleşiginiň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde durnuklylygy we parahatçylygy gazanmaga hem-de berkitmäge, dawalara eltýän ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak boýunça çäreleri goldamaga gönükdirilen işini goldaýar diýip, milli Liderimiz Türkmenistanyň we Malaýziýanyň durnukly ösüşiň maksatlaryna, ählumumy wehimlere – terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmäge ýardam bermek ýaly halkara durmuşynyň möhüm meseleleri boýunça hem garaýyşlarynyň umumydygyny tassyklady.
Halkara guramalarynda bu ugurda bilelikdäki netijeli işi dowam etdirmek maksatlaryny tassyklamak bilen, taraplar hökümet derejesinde, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynda yzygiderli gatnaşyklar tejribesini işjeňleşdirmegiň şeýle özara hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolup durýandygy barada bir pikire geldiler.
Malaýziýa söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda Türkmenistanyň möhüm we öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biridir. Malaýziýanyň örän iri «Petronas Çarigali» kompaniýasy bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlyk bu ugurda iki tarapyň bar bolan mümkinçiliklerini netijeli ulanmagyň mysaly bolup hyzmat edip biler. Bu kompaniýa Türkmenistanyň deňiz ýataklarynda ilkinjileriň biri bolup işe başlady.
Şonuň bilen birlikde, ýangyç-energetika pudagyndan başga-da, hyzmatdaşlyk üçin köp sanly beýleki ugurlar bolup, olarda taraplaryň tagallalarynyň birleşdirilmegi anyk netije getirip biler. Şunda özara hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, şol sanda hususy işewürligiň ösmegi üçin goşmaça goldawlary bermegiň, önümçilik pudagynda telekeçiligiň gerimini giňeltmegiň hasabyna ösdürmek üçin uly mümkinçilikler açylýar.
Gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýokary tehnologiýalar aýratyn görkezilip, Malaýziýanyň bu ugurda köp ýyllyk üstünlikli tejribesiniň bardygy bellenildi. Bu ozaly bilen, energetika, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, gaýtadan işleýän senagat, himiýa senagaty pudaklaryna maýa goýumlaryny goýmak bolup durýar.
Türkmenistanyň dokma senagatynyň eýe bolan mümkinçilikleri bellenildi. Ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän önümleri – çig maldan taýýar ýokary hilli önümleri öndürýän häzirki zaman kärhanalary hereket edýär. Olaryň öndürýän önümleri dünýä bazarlaryna üstünlikli eksport edilýär we Malaýziýa hem iberilip bilner.
Taraplar özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak we ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin bilelikde anyk çäreleri görmegiň zerurdygyny bellediler. Şunda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlary, şeýle hem Işewürler geňeşleri iki ýurduň özara hyzmatdaşlygynda möhüm orny eýelemelidir. Olaryň döredilmegi Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşmaça itergi berip biler. Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmaga işewürler maslahatlarynyň, sergileriň, bilermenleriň duşuşyklarynyň yzygiderli esasda geçirilmegi hem ýardam edip biler.
Geçen ýylyň noýabr aýynda Kuala-Lumpur şäherinde üstünlikli geçirilen türkmen-malaýziýa işewürler maslahaty bu ugurda oňyn mysal hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylda Aşgabatda türkmen-malaýziýa işewürler maslahatynyň ikinji tapgyryny geçirmek teklibi beýan edildi.
Bank ulgamy we şähergurluşygy, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemekde we azyk senagaty döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Biziň ýurdumyz Malaýziýanyň häzirki zaman syýahatçylyk üpjünçilik ulgamlaryny we hyzmatlar ulgamyny döretmekde toplan ägirt uly tejribesini öwrenmäge we ulanmaga uly gyzyklanma bildirýär. Türkmenistanda syýahatçylyk işewürligini ösdürmäge, hususan-da, Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda desgalaryň gurluşygyna Malaýziýanyň kompaniýalarynyň gatnaşmagynyň oňat mümkinçilikleri bardyr. Iki ýurduň syýahatçylyk edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etmek maksadalaýyk hasaplanýar.
Ulag-üstaşyr geçiriş ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada aýratyn durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugruň ýurdumyzyň daşary ykdysady syýasatynyň strategik ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi. Şuny nazara almak bilen, Türkmenistan Malaýziýany Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde möhüm hyzmatdaşy hasaplaýar.
Häzirki döwürde Türkmenistan goňşy ýurtlarynyň birnäçesi bilen hyzmatdaşlykda Gündogar–Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlar boýunça ulag – üstaşyr geçiriş we logistik üpjünçilik ulgamlarynyň utgaşdyrylan görnüşiniň köp şahaly ulgamyny döredýär. Geljekde bu ulgam Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri öz içine alar. Bu bolsa, Merkezi Aziýanyň çäkleriniň üsti bilen Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinden Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna barýan iň amatly guryýer ýoluny açýar.
Bu ugurda Türkmenistan we Malaýziýa üçin hyzmatdaşlyk etmäge ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygy barada birmeňzeş pikire gelen taraplar ýöriteleşdirilen halkara edaralarynda, hususan-da, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady komissiýada (ESKATO) ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ulag-üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek boýunça teklipleri bilelikde işläp taýýarlamak meselesini öwrenmegi teklip etdiler.
Umuman, Türkmenistan ulag, kommunikasiýa ulgamlarynda, Hazar deňziniň kenarýaka üpjünçilik ulgamlarynyň durkuny täzelemekde iri milli taslamalara Malaýziýanyň kompaniýalarynyň gatnaşmagyny goldar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Malaýziýanyň wekillerini şu ýylyň 26–27-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmaga çagyrdy.
Medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlyk gepleşikleriň aýratyn meselesine öwrüldi. Bellenilişi ýaly, ylym, bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda bilelikdäki işleri işjeňleşdirmäge, biziň halklarymyzyň özara ýakynlaşmagyna we baýlaşmagyna, olaryň arasynda dostlugyň berkemegine ýardam edýän möhüm şert hökmünde garalýar. Türkmenistanyň we Malaýziýanyň halklarynyň gadymdan gelýän däp -dessurlary we örän baý taryhy mirasy bar. Şoňa görä-de, Malaýziýada Türkmenistanyň Medeniýet günlerini we Türkmenistanda Malaýziýanyň Medeniýet günlerini geçirmek, sungat eserlerini görkezmek, sergileri, festiwallary geçirmek, iki ýurduň döredijilik işgärleriniň wekilleriniň saparlaryny guramak boýunça we bu ugurdaky beýleki ikitaraplaýyn çäreler döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam eder.
Medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň çäklerinde geçen ýylyň dekabr aýynda Malaýziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi, 2017-nji ýylda bolsa Malaýziýanyň Medeniýet günlerini biziň ýurdumyzda geçirmek teklip edildi.
Gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Ýygnananlaryň el çarpyşmalarynyň astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Malaýziýanyň Premýer-ministri Najib Razak Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi sapary mynasybetli Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Bilelikdäki Beýannamasyna gollaryny goýýarlar, bu sapar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we täze mümkinçilikleri açmaga ýardam berer.
Şeýle hem Ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnama hem-de Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekilýär.
Soňra iki ýurduň ýolbaşçylary metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, Malaýziýanyň Premýer-ministri geçirilen gepleşikleriň ýokary netijeli bolandygyny nygtady. Şol gepleşiklerde iki ýurduň dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygy tassyklanyldy, ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga degişli, şeýle hem halkara gün tertibiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Malaýziýanyň hökümet baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Malaýziýa däp bolan özara hereketleri has-da ýokary derejä çykarmaga, ýangyç-energetika, maýa goýum we beýleki ulgamlarda netijeli aragatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny görkezdiler. Şunda “Petronas” kompaniýasynyň, şol sanda gaz pudagynda ýokary tehnologiýaly taslamalary ýerine ýetirmegiň hasabyna işlerini giňeltmegi üçin mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Ýokary hünär derejeli işgärleri, şol sanda tehniki hünärli hünärmenleri taýýarlamaklyk hem bilelikde işlemegiň möhüm ugurlarynyň hatarynda agzaldy.
“Türkmen ýaşlarynyň Malaýziýada bilim almagy üçin biz hemme mümkinçilikleri dörederis” diýip, jenap Najib Razak aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatdaky tekliplerini goldaýandygyny aýdyp, Malaýziýanyň Premýer-ministri önümçilik desgalaryny gurmak, nebithimiýa senagatyny ösdürmek hem-de taýýar önümleri çykarmak taslamalaryna gatnaşmaga Malaýziýanyň kompaniýalarynyň taýýardygyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, TOPH gurluşygynyň we beýleki gaz geçirijileriň taslamalaryny durmuşa geçirmäge malaýziýaly işewür toparlarynyň gatnaşmagynyň mümkinçilikleri hem öwreniler.
Şeýle hem Malaýziýanyň hökümet baştutany medeniýet we sport ulgamynda netijeli gatnaşyklary has-da berkitmegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, malaýziýaly türgenleriň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşjakdygy bellenildi.
Soňra Najib Razakyň habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda ACEAN-nyň çäklerinde hem-de Günorta-Gündogar we Merkezi Aziýa sebitleriniň arasynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen degişli ylalaşyklar gazanyldy.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň möhümdigini belläp, Malaýziýanyň Premýer-ministri iki ýurduň arasyndaky işewür hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri barada aýdyp, olaryň däp boýunça biziň gatnaşyklarymyza mahsus bolan özara ynanyşmak, aç-açanlyk we özara düşünişmek ýagdaýynda bolandygyny nygtady.
Türkmen Lideriniň aýdyşy ýaly, gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň özara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýändigi bellendi. Özara hyzmatdaşlygyň biziň halklarymyzyň uzak geljegi nazara alnyp, mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine gönükdirilendigi nygtaldy.
Şonuň bilen birlikde, häzirki döwürde türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň özara deňligiň, birek-birege hormat goýmagyň, aç-açanlygyň we ynanyşmagyň berk binýadynda alnyp barylýandygy aýratyn bellendi. Biz dürli derejelerde hökümet wekiliýetleriniň yzygiderli saparlarynyň we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alyşmagyň tejribesini goldadyk diýip, Türkmenistanyň Baştutany belledi.
Geçirilen gepleşikler halkara syýasatynyň esasy meseleleri boýunça özara düşünişmegiň bardygyny, ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň meňzeşdigini görkezdi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Biziň ýurtlarymyzyň Merkezi Aziýada we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmäge, düşünişmek we özara ynanyşmak ýagdaýyny emele getirmäge özara çalyşýandyklary tassyklandy.
Şunuň bilen baglylykda, Aziýada ynanyşmak boýunça çäreleri berkitmäge aýratyn üns berildi. Şeýle hem, halkara- hukuk kadalarynyň we Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen degişli rezolýusiýalaryň esasynda dawaly ýagdaýlara ýol bermezlik meselesine uly üns berildi. Sebitde döwletleriň arasynda gatnaşyklaryň yzygiderli ösmegi üçin pugta syýasy we hukuk şertlerini döretmäge aýratyn uly ähmiýet berildi.
Türkmenistan we Malaýziýa halkara gatnaşyklarynyň ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almaga, ösýän ýurtlaryň ählumumy syýasatda ornuny berkitmäge esaslanan adalatly we sazlaşykly ulgamyny emele getirmegiň berk tarapdarlary bolup durýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şu gün geçirilen duşuşyklar we gepleşikler iki tarapyň hem bu maksatlara eýerýändigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, biziň gatnaşyklarymyzyň deňhukukly we özara bähbitli häsiýetine ýokary baha berildi. Iki ýurduň gatnaşyklary Türkmenistanyň we Malaýziýanyň iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde dünýä giňişliginde özara hyzmatdaşlygynda degişli derejede öz beýanyny tapýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Malaýziýanyň häzirki zaman ösüşiniň durnukly energetika we ulag pudaklary ýaly esasy ugurlarynda biziň halkara başlangyçlarymyzy yzygiderli goldaýandygyny belleýär. Bu bolsa, şol ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri babatda garaýyşlarymyzyň meňzeşdigini görkezýär.
Şeýle hem, biz halkara howpsuzlygyna täze howplara we wehimlere garşy göreşmek, şol sanda terrorçylyga, ekstremizme, transmilli jenaýatçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek babatda tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmek barada ylalaşdyk diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
Gepleşikler söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ähli görnüşlerini ösdürmäge, Türkmenistanyň çäginde täze giň möçberli önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmekde bilelikde iş alyp barmak üçin şertleri döretmäge ýardam bermäge we hemmetaraplaýyn goldaw bermäge iki tarapyň hem taýýardygyny görkezdi diýip, türkmen Lideri nygtady. Bu ugurda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň, şeýle hem Işewürler geňeşleriniň döredilmegi bilelikdäki tagallalaryň möhüm bölegi bolup durýar.
Biz energetika, kommunikasiýa, bank ulgamlarynda, şähergurluşygynda we şäher hojalygyny dolandyrmakda, nebiti we gazy gaýtadan işlemekde, himiýa senagatynda, ýokary tehnologiýalar, syýahatçylyk babatda we birnäçe beýleki ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde bilelikde iş alyp barmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny görýäris diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, gepleşikleriň dowamynda taraplaryň
özara hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň bardygyny tassykladyk we maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmakda bar bolan mümkinçilikleri belledik diýip aýtdy. Malaýziýanyň «Petronas Çarigali» döwlet nebitgaz kompaniýasynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan üstünlikli işi özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar.
özara hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň bardygyny tassykladyk we maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmakda bar bolan mümkinçilikleri belledik diýip aýtdy. Malaýziýanyň «Petronas Çarigali» döwlet nebitgaz kompaniýasynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan üstünlikli işi özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar.
Biz Malaýziýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda işjeňlik görkezmegini hemmetaraplaýyn goldaýarys. Ýurdumyzda olaryň alyp barýan işlerine mundan beýläk-de zerur ýardamy bereris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýokary tehnologiýalara esaslanan ugurlara aýratyn üns berler. Türkmenistan Malaýziýanyň täze tehnologiýalary döretmek we ulanmak boýunça tejribesine gyzyklanma bildirýär. Ulag pudagynda hem bilelikde iş alyp barmak üçin uly mümkinçilikler açylýar.
Bu ugurda biz Malaýziýa Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýarys. Biz bu meselede köp derejede häzirki döwürde hut şu ugruň biziň alyp barýan ähli daşary ykdysady syýasatymyzyň strategik ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nazara alýarys. Geljekde bu ulgam Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri öz içine alar. Bu bolsa, Merkezi Aziýanyň çäkleriniň üsti bilen Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinden Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna barýan iň amatly guryýer ýoluny açýar.
Bu taslamalara Malaýziýanyň kompaniýalarynyň gatnaşmagyny, şol sanda Türkmenistanyň çägini we üpjünçilik ulgamlaryny «Gündogar–Günbatar» we «Günorta–Demirgazyk» strategik ulag gatnaw ugurlarynyň möhüm bölegi hökmünde ulanmak mümkinçiligi bilen baglylykda gatnaşmagyny goldarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 26–27-nji noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň geçiriljekdigini belläp, Malaýziýanyň wekillerini bu möhüm maslahata gatnaşmaga çagyrdy.
Şeýle hem, biz iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň ysnyşykly özara hyzmatdaşlyk etmeginiň, olaryň bilelikdäki maýa goýum işine gatnaşmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdyk. Türkmenistanda munuň üçin iň ýokary amatly şertler döredilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, geçirilen gepleşiklerde medeni -ynsanperwer ulgama möhüm orun berildi. Taraplar medeniýet ulgamynda gatnaşyklary berkitmäge, şol sanda iki ýurduň halklaryny Türkmenistanyň we Malaýziýanyň bu ugurda gazananlary bilen tanyşdyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri guramak arkaly berkitmäge gyzyklanma bildirdiler. Bilim we ylym ulgamlarynda, hususan-da, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Ylymlar akademiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Hormatly Prezidentimiz aýdanlaryny jemläp, geçirilen gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berdi hem-de saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen möhüm resminamalaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna itergi berjekdigine, şeýle hem, söwda-ykdysady, medeni, ylmy, ynsanperwer ugurlarda we beýleki ulgamlarda özara hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge kuwwatly ýardam berjekdigine berk ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda Malaýziýanyň Premýer-ministrine hem-de hökümet wekiliýetiniň ähli agzalaryna bilelikde işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Malaýziýanyň dostlukly halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.
Metbugat maslahaty tamamlanandan soň, belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Malaýziýanyň Premýer-ministriniň kabulhanasynda resmi nahar berildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz “Şangri-La” myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhanasyna ugrady.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary Kuala-Lumpurda ikitaraplaýyn işçi duşuşyklarynyň, geňeşmeleriň birnäçesini geçirdiler, olaryň barşynda türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň anyk ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.
Şu gün olaryň jemleri boýunça Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Malaýziýanyň Dolandyryş we ylym uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyga, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty bilen Malaýziýanyň KDU uniwersitetiniň kollejiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty (TDU we AI) bilen Kuala-Lumpur uniwersitetiniň (UniKL) arasynda Özara düşünişmek hakynda, Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” Kompaniýasy we “PETRONAS” Kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi.
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bütin dünýä meşhur “Petronas” kompaniýasynyň prezidenti Datuk Wan Zulkifli Wan Ariffini kabul etdi. Duşuşyk türkmen Lideriniň kabulhanasy ýerleşen “Şangri-La” myhmanhanasynda geçirildi.
“Petronasyň” ýolbaşçysy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Malaýziýa üstünlikli resmi sapary bilen gutlady hem-de şu gün ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze möhüm sahypany ýazandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Malaýziýanyň işewür toparlary innowasion ösüşe hem-de häzirki zaman dünýä hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna yzygiderli goşulyşmaga tarap ugur alan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge barha artýan gyzyklanma bildirýärler. Şunda “Petronas” kompaniýasynyň ýangyç-energetika toplumynda bilelikde işlemegiň köpýyllyk tejribesine eýe bolan ýurdumyz bilen ýola goýlan netijeli özara gatnaşyklary giňeltmäge ymtylmasy tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Bitarap Türkmenistanyň, ilkinji nobatda, özüniň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlary, şol sanda Malaýziýa bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ägirt uly ykdysady we serişde kuwwatyna eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Malaýziýanyň iri nebitgaz kompaniýasynyň mynasyp goşandyny belledi. “Petronasyň” Hazaryň türkmen ýalpaklygynda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmäge girişen ilkinji daşary ýurt kompaniýasy bolup durýandygy bellärliklidir.
Duşuşygyň dowamynda uzakmöhletleýinlik we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan mundan beýläk-de özara hereket etmegiň mümkinçilikleri we meýilleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Malaýziýanyň kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanda ýerine ýetirilýän işleriň barşy barada habar berip, jenap Datuk Wan Zulkifli Wan Ariffin “Petronasyň” hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanýan ýangyç-energetika toplumyndaky uly möçberli taslamalara mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Bellenilişi ýaly, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmaga, gazyp alýan we gaýtadan işleýän düzümleri toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga tarap ugur alan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, türkmen bazarynyň geljeginiň örän uludygy, döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy bilelikde netijeli işleri alyp barmak üçin oňaýly şertleri üpjün edýär.
Hünär bilimini bermek ulgamynda, ýagny, nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hem Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde agzaldy. Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyllaryň dowamynda türkmen talyplary “Petronas” Tehnologik uniwersitetine okuwa iberilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2011-nji ýylda Malaýziýada döwlet sapary bilen bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu abraýly ýokary okuw mekdebiniň Hormatly doktory diýen adyň gowşurylandygyny bellemek gerek.
Işlerine berlen ýokary baha hem-de özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna bildirilen ynam üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Petronasyň” ýolbaşçysy malaýziýaly hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de örän çynlakaý we jogapkärli çemeleşjekdiklerini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “Petronas” kompaniýasynyň baştutany Datuk Wan Zulkifli Wan Ariffin netijeli türkmen-malaýziýa gatnaşyklaryny berkitmäge we ösdürmäge gönüden-göni ýardam edýän özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Malaýziýanyň Parlamentiniň aşaky palatasynyň başlygy Pandikar Amin Haji Mulia bilen duşuşdy.
Dostlukly ýurduň parlamentiniň baştutany döwlet Baştutanymyz bilen mähirli görşüp, türkmen Lideri bilen duşuşýandygyna tüýs ýürekden şatdygyny nygtady. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşinde ajaýyp üstünlikleri hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň giňden ykrar etmegini gazandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki sapary döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm wakadyr diýip, jenap Pandikar Amin Haji Mulia belledi hem-de ýokary derejedäki şu günki gepleşikleriň deňlik we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga we giňeltmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň kanunçykaryjy häkimiýetiniň iki palataly iň ýokary edarasy bolup durýan parlamentiniň gurluşy hem-de işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, ýokary palata bolan Döwlet geňeşi 68 agzadan ybarat bolup, olaryň 26 senatory ştatlaryň (her ştatdan iki sanysy) kanunçykaryjy assambleýalarynyň göni saýlawlary arkaly saýlanýar we 42-si Premýer-ministriň teklibi bilen ýokary hökümdar tarapyndan bellenýär. Ygtyýarlyklaryň möhleti 3 ýyl. Aşaky palata bolan Halk geňeşinde 192 deputat bolup, olar göni ses bermek arkaly 5 ýyl möhlete saýlanýarlar diýip, Pandikar Amin Haji Mulia aýtdy hem-de deputatlaryň esasy ygtyýarlyklaryny we kanun çykaryjylyk işini häsiýetlendirdi.
Parlamentiň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, iki ýurduň parlamentarileriniň arasynda netijeli aragatnaşyklaryň berkidilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze many bilen baýlaşmagyna ýardam eder. Şu babatda kanunçykaryjylyk ulgamynda türkmen-malaýziýa özara gatnaşyklaryny giňeltmäge bolan islegler beýan edildi.
Türkmen Lideri saparynyň çäklerinde netijeli gepleşikleriň geçirilendigini kanagatlanma bilen belledi. Şol gepleşikleriň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, ozal ýola goýlan gatnaşyklary berkitmäge, hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk we uzakmöhletleýinlik esasynda ýola goýulýan Malaýziýa bilen netijeli aragatnaşyklary has-da giňeltmäge Türkmenistanyň ygrarlydygyny tassyklady.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyz dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine işjeň ýakynlaşmak bilen, demokratik institutlaryň ösdürilmegine, raýat jemgyýetiniň berkarar bolmagyna, hakyky halk häkimiýetliligiň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna we şunuň bilen baglylykda milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine, onuň umumy kabul edilen halkara kadalaryna laýyk getirilmegine örän uly üns berýär. Döwletleriň we halklaryň arasynda ýakynlaşmakda hem-de özara düşünişmekde ähmiýetli orun tutýan parlamentara derejesindäki gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň arasynda has-da ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we dostlukly ýurduň Parlamentiniň baştutany türkmen-malaýziýa özara gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge bar bolan uly mümkinçilikleri nygtap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Iki ýurduň parlamentarileriniň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da netijeli boljakdygyna ynam bildirip, Pandikar Amin Haji Mulia Malaýziýanyň milli parlamentiniň dostluk we özara düşünişmek däplerine esaslanan hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Baştutany Malaýziýanyň parlamentiniň aşaky palatasynyň başlygyny şu aýda Aşgabatda geçiriljek ulag ulgamynyň durnukly ösüşi boýunça BMG-niň Ählumumy maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.
Çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Pandikar Amin Haji Mulia Malaýziýanyň Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasat ýörelgesini hem-de onuň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny doly goldaýandygyny nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen Lideri we dostlukly döwletiň Parlamentiniň ýolbaşçysy türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň dostlukly halklaryna iň oňat arzuwlaryny aýtdylar.
Aşgam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kuala-Lumpur şäheriniň Halkara howa menziline geldi.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary mähirli garşyladylar. Geljekki hünärmenler bilen söhbetdeşlikde milli Liderimiz ýaşlara türkmenistanlynyň belent adyny buýsanç bilen göterip, gowy okamagy, ukyp-başarnyklaryny ösdürmegi, asylly durmuş maksatlaryny tutanýerli gazanmagy arzuw etdi. Her bir mynasyp raýat we watançy üçin şol maksatlaryň esasysy dünýä giňişliginde Watanyň şan-şöhratyny, kuwwatyny we abraýyny artdyrmak, onuň ykdysady ugurlaryny, öz halkynyň abadançylygyny we rowaçlygyny berkitmek bolup durýar.
Soňra türkmen Liderini resmi taýdan ugratmak dabarasy boldy, kabul eden tarap hormatly Prezidentimizi belent hormat-sarpa bilen ugratdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýokary wezipeli wekilleri bilen mähirli hoşlaşyp, özüne garaşyp duran uçara mündi we Aşgabada ugrady.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder