13 Kasım 2016 Pazar

Halkara Medeni Gatnaşyklar Milli Sungaty Baýlaşdyrýar

Koreýanyň Milli muzeýiniň Ýong teatrynda ýurdumyzyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda iri döredijilik çäresi Türki medeniýetiniň festiwalynyň çäklerinde guralan Türkmenistanyň güni mynasybetli çäreler boldy.
Bir hepdäniň dowamynda geçen festiwal döredijiligiň hem-de ylham joşgunynyň ajaýyp baýramçylygyna öwrülip, özara medeni alyşmalaryň, ruhy gymmatlyklary we edebi mirasy wagyz etmegiň, döwletara gatnaşyklarynyň umumy düzüminde ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetini güýçlendirmegiň, dünýäniň dürli ýurtlarynyň däbe öwrülen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň örän möhümdigini ýene bir gezek tassyklady.
Seulyň, Kwanjunyň we Kimheniň esasy sahna meýdançalarynda festiwala gatnaşýan ýurtlaryň tans, aýdym-saz we kino sungaty giňden görkezildi.
Türkmenistanlylary koreý topragynda myhmansöýerlik bilen mähirli garşyladylar. Medeni forum şatlykly we ruhubelent ýagdaýda geçip, ildeşlerimize öz ukyplaryny doly açyp görkezmäge mümkinçilik berdi. Türkmenistanly artistler tomaşaçylara türkmen sungatynyň ähli gözelligini görkezip, olarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdylar.
Düýn türkmen döredijilik wekiliýeti üçin Kýonbokkun köşgüne hem-de Namsan minarasyna baryp görmegi öz içine alýan medeni çäre guraldy.
«Bäş sany uly köşkleriň» arasynda iň ulusy hasaplanýan bu binagärlik ýadygärliginiň ady koreý dilinden terjime edeniňde nurana bagtyýarlyk köşgi diýen many berýär. Bu köşkler toparyna Seulyň bäş sany köşkler toplumy girýär. Olar mundan 500 ýyl ozal gurlupdyr. Olaryň hemmesi 1392-nji ýyldan 1897-nji ýyla çenli Koreýany dolandyran Çoson patyşalarynyň neberelerinden bolan hökümdarlar tarapyndan gurlupdyr. Neberäniň hökümdarlyk eden döwründe bu köşk patyşanyň esasy köşgi hasap edilipdir.
Namsan minarasy ýa-da N minarasy —şäheriň merkezinde şeýle atlandyrylýan dagda gurlan telewideniýe diňi hem-de syn ediş minarasy bolup, onuň belentligi 236 metre barabardyr. Bu bina Seul şäherinde iň belent binadyr. 1971-nji ýylda gurlan telediň Koreýada ilkinji radiotolkun minarasy bolup, paýtagtda telewideniýe arkaly alyp görkezilişi we radio arkaly eşitdirilişi üpjün edýär.
Mundan başga hem şäheriň eteginde giňligi bir kilometre ýetýän Hangan derýasy boýunça gämili gezelenç guraldy.
Türkmenistanyň gününiň çäklerinde Seulyň köpsanly ýaşaýjylary hem-de myhmanlary Koreýanyň Milli muzeýiniň Ýong teatrynda guralan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hem-de Lebap welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň gymmatlyklaryna uly gyzyklanma bildirdiler. Bu ýerde dürli muzeý gymmatlyklary, şol sanda milli bezeg şaýlary, haly önümleri we milli geýimleriň nusgalary görkezildi.
Agşam teatryň sahnasynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň jemleýji konserti boldy. Festiwalyň dowamynda bolan döredijilik çärelerinde Koreýanyň halky häzirki zaman türkmen medeniýeti, halk aýdymlary we tanslary bilen tanşyp, özleri üçin türkmen halk döredijiliginiň ägirt uly dünýäsini açdylar hem-de ýakyn we mähriban dostlar üçin elmydama açyk türkmen kalbynyň mährini duýdular.
Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň medeniýet departamentiniň müdiri hanym Son Syngheniň we Koreýa Respublikasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen dostluk assosiasiýasynyň başlygy hanym Li Ok Rýonyň gutlaglarynda häzirki zaman dünýäsinde halkara festiwallarynyň we beýleki forumlaryň, döredijilik duşuşyklarynyň medeniýeti ösdürmegiň möhüm şertidigi bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwer alyşmalary mundan beýläk hem işjeňleşdirmegiň, bu ulgamda hereket edýän taslamalaryň amala aşyrylmagyna we täze taslamalary döretmäge ýardam etmegiň zerurdygy nygtaldy.
Türkmen sahna ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp halk sazlary we aýdymlary ýaňlandy. Tomaşaçylar joşgunly milli tanslary el çarpyşmalary bilen garşyladylar. Artistlerimiziň we döredijilik toparlarynyň her bir çykyşynyň içinden mähriban halkymyzyň köpasyrlyk ruhy gymmatlyklaryna, gadymy gözbaşlaryna we däplerine bolan çuňňur söýgi, hormat-sarpa eriş-argaç bolup geçýär.
Konserdiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde türkmen halkynyň batly gadamlar bilen ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan milli Liderimize–hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan çuňňur söýgüsini beýan edýän «Öňe barýarys Arkadag bilen!» atly aýdym ýaňlandy.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary Türki medeniýetiniň halkara festiwalynyň ýokary derejede guralandygy we myhmansöýerligi üçin çäräniň guramaçylaryna, ähli tomaşaçylara tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze duşuşyklary arzuw etdiler.
Koreýaly tomaşaçylar dowamly el çarpyşmalar bilen türkmen artistleriniň ussatlyklaryna we ukyp-zehinine mynasyp baha berdiler.
Uly üstünlik bilen geçen bu iri döredijilik çäresi oňa gatnaşan ýurtlaryň medeni mirasyny özara baýlaşdyryp, bilelikdäki şeýle medeni taslamalary geçirmegi höweslendirmäge hyzmat eder.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder