14 Ekim 2016 Cuma

Täze Bereketli Zaman Şäherçesiniň Açylyş Dabarasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan täze Bereketli zaman şäherçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

Täze şäherçe «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde guruldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, ulag düzüminiň, saglygy goraýyş ulgamynyň, bilimiň, medeniýetiň, telekeçiligiň, oba hojalygynyň ösdürilmegi, sebitleriň senagat taýdan ösüşiniň möhüm ugry bolan täze senagat kärhanalaryny döretmek boýunça maýa goýum taslamalaryň durmuşa geçirilmegi we täzeçil kuwwatlyklaryň artdyrylmagy bu maksatnamanyň möhüm ugry bolup durýar. 



Şeýle hem toplumlaýyn häsiýet hem-de bitewülik maksatnamanyň esasy aýratynlygydyr. Onda öňe sürülýän düzgünler we wezipeler biri-biri bilen berk baglanyşykly. Şunuň bilen baglylykda, olar ähmiýeti taýdan tapawutlanman, eýsem, sebitler üçin şähergurluşyk ýörelgesiniň esasyny emele getirýär. Çünki ýaşaýyş jaýyny gurmak, oňa suw ulgamyny, gaz we elektrik geçirijileri eltmek derwaýys mesele bolup durýar. Adamlar amatly ýaşaýyş bilen bir hatarda daşky gurşawyň gözelligine aýratyn ähmiýet berýärler. Şunlukda, häzirki döwürde şäher bilen obanyň arasyndaky tapawut azalýar. Saglygyňy goramak, bilim almak, ýaşaýyş jaýyny edinmek her bir raýat üçin elýeterli boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, raýatlaryň islegleriniň kanagatlandyrylmagy ugrunda durmuş goldawy zerur bolup durýar. 

Ýurdumyzda obalaryň we şäherleriň peýda bolmagy diňe bir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylýandygyny däl, eýsem, täze iş orunlarynyň döreýändigini, sebitleri ösdürmegiň ykdysady we maýa goýum gurallarynyň kämilleşdirilýändigini alamatlandyrýar. Bu wezipe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişelik üns merkezinde saklanýar. 

...Ir bilen döwlet Baştutanymyz dikuçarda paýtagtymyzdan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna tarap ugrady. 

Biraz wagtdan milli Liderimiziň dikuçary täze Bereketli zaman şäherçesiniň ýakynyndaky meýdança gondy. 400 hojalyga niýetlenen täze ýaşaýyş toplumy Köpetdagyň eteginde, Aşgabat — Mary ulag ýolunyň ýakynynda ýerleşýär. 

Şanly waka mynasybetli bu ýere ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, täze jaýa göçüp gelenler we baýramçylyk dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen myhmanlar ýygnandylar. 

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz täze şäherçä gidýän ýoluň ugrunda gurlan ajaýyp desga tarap ugrady. Medeniýet we sungat ussatlarynyň, Ahal welaýatynyň döredijilik toparynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly, tansly çykyşlary bu ýerde guralan dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. 

Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze şäherçäniň toý bagyny kesdi. Milli ýörelgeler nazara alnyp, adamlaryň amatly ýaşaýşy üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän Bereketli zaman şäherçesi açyldy. 



Döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen bilelikde awtobusda täze şäherçä tarap ugrady. Ýoluň ýakasyna çykan oba adamlary, ýaşlar hormatly Prezidentimizi mübärekläp, amala aşyrýan beýik işleri üçin milli Liderimize alkyş sözlerini aýtdylar. Bu ýerde ak öýler oturdylyp, olaryň ýanynda toý gazanlary atarylypdyr. Ondan aňyrrakda türkmen itleri bilen goralýan içi goýunly ýataklar bar. Arwana düýeler halkymyzyň çarwadarlyk däplerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Ähli ýerde aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlanýar, milli däp-dessurlar, folklor çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Täze şäherçäniň ýakasyndaky pagta meýdanlarynda ýygym depgini birjik-de gowşamaýan depginde alnyp barylýar... 

Şu günler bu ýerde pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. “Ak altynyň” esasy hasylynyň maşynlar bilen ýygnalýandygyna garamazdan, tohumlyk pagtanyň ösdürilip ýetişdirilýän ýerlerinde el ýygymy ýola goýlupdyr. Şeýle usulda ýygnalan hasyl iň gymmatly, arassa hem-de ýokary hilli hasyl hasaplanylýar. 

Ýurdumyzyň gülläp ösmegine, azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşýan oba zähmetkeşleriniň, daýhanlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, obalaryň ýaşlar we tutuş ilatymyz üçin özüneçekiji bolmagy, telekeçilik işiniň ýola goýulmagy ugrunda ähli zerur şertler üpjün edilýär. Şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan obasenagat toplumyndaky özgertmeler we oba ýerleriniň durmuş derejesini ýokarlandyrýan toplumlaýyn maksatnama täze maşgalalaryň döremegine we olaryň berkemegine, köp çagaly maşgalalara goldaw berilmegine, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagyna gönükdirilendir. 

Üç ýylyň dowamynda Ak bugdaý etrabynyň bu künjeginde giň köçeleri we ýanýodalary, ýaşaýyş-durmuş we inženerçilik ulgamlary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumy döredi. Bu ýerde bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 140-sy üç otagly, 130-sy dört otagly we ýene şonçasy bäş otagly jaýlardyr. Ähli desgalarda aňrybaş amatlyklar we oňyn şertler döredilipdir. 

Döwlet Baştutanymyz awtobusdan şäherçäniň edara binasyny, onuň garşysynda ýerleşen Medeniýet öýüni synlady. Şäherçäniň medeniýet ojagy “Galaly göz” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edildi. Onda 200 orunlyk tomaşaçy zal bolup, ýerli ilatyň dürli dabaralary, baýramçylyklary, döredijilik sapaklaryny geçirmekleri, kitap okamaklary, metbugat serişdeleri bilen tanyşmaklary, çeperçilik ukyplaryny ösdürmekleri üçin ähli zerur şertler bar. 

Oba ýerlerinde milli medeniýet, halkymyzyň däp-dessurlary, halk döredijiligi, maşgala gymmatlyklary nesilden-nesle geçirilip, üýtgewsiz görnüşde saklanypdyr. Bereketli zaman şäherçesinde Medeniýet öýüniň açylmagy bilen milli mirasy öwrenmek we wagyz etmek, halk döredijiligini ösdürmek hem-de täze zehinleri ýüze çykarmak üçin oňyn şertler emele geldi. 



Saglyk öýi täze şäherçäniň ähmiýetli binalarynyň birine öwrüldi. Köpugurly saglyk öýünde näsaglara anyklaýyş we maslahat beriş bilen bir hatarda döwrebap lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşi hödürlenýär. Onda dürli ugurlar boýunça bejeriş-öňüni alyş otaglary hereket edýär. Bu ýerde lukmançylyk tehnikasyny öndürýän dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary, döwrebap ülňülere laýyk gelýän serişdeler ornaşdyrylypdyr. 

Hyzmatlar öýi hem şäherçäniň ilatyna dürli hyzmatlary hödürleýär. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde ýola goýulýan hyzmatlar ýokary hünär derejesine laýyk gelip, onda beýleki hyzmatlar bilen bir hatarda hojalykda ulanylýan dürli tehnikalary abatlamak işi ýola goýlupdyr. Hyzmatlar öýünde egin-eşikleri tikmek we abatlamak, aýakgap bejermek üçin niýetlenen ussahanalar bar. Geljekde hyzmatlar öýüniň binýadynda ýokary synp okuwçylaryny tikinçilik we nagyş çekmek işi boýunça okatmak, milli sowgatlyk önümleri öndürmek göz öňünde tutulýar. 

Bereketli zaman şäherçesiniň ýakynynda awtobus saklandy. Şol pursatda elleri gülli şadyýan çagalar döwlet Baştutanymyzyň ýanyna ylgaşyp geldiler. Olar hormatly Prezidentimizi uly ruhubelentlik bilen garşylap, bagtyýar zamana bagyşlanan goşgulary okap berdiler. Milli Liderimiz çagalar bilen gysgaça söhbetdeş boldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýaşaýyş toplumy bilen tanşyp başlaýar. Bu toplum ýurdumyzyň sebitleriniň düýpli özgerdilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Çeper höwesjeňleriň we sungat ussatlarynyň, folklor we çagalar toparlarynyň şowhunly çykyşlary milli Liderimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda ösüşleriň we beýik ýeňişleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan mähriban Watanymyza bolan söýginiň senasy bolup ýaňlandy. 

Döwlet Baştutanymyz folklor çykyşlary ýaýbaňlandyrylan ýaşaýyş jaýlaryna tarap ugrady. Täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalar milli Liderimizi mähirli garşylaýarlar. Şonda bagtyýar maşgalalaryň biri döwlet Baştutanymyzy hormatly myhman hökmünde täze jaýa girmegi haýyş edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze jaýyň howlusyna girdi. Bu ýerde ulag garažy, telär we çörek bişirmäge niýetlenen tamdyr bar. Onuň mellek ýerinde bag ekmäge ýa-da gök ekin ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik döredilipdir. 

Howlynyň töründe oturan eneler milli Liderimizi mähirli garşyladylar. Olar döwlet Baştutanymyz bilen bolan söhbetdeşlikde täze şäherçäniň ilaty üçin ajaýyp sowgat bolan täze ýaşaýyş jaýlary üçin hoşallyk bildirdiler. 

Şeýle hem bu ýerde baýramçylyk tagamlary taýýarlanylýar. Ýene bir zenan howluda gurlan tamdyrda çörek ýapýar. Döwlet Baştutanymyza tamdyrdan ýaňy çykan çörek hödür edildi. Hormatly Prezidentimiz çörekden dadyp, tamdyrdan çykan çöregiň tagamynyň juda aýratyndygyny belledi. 



Howludaky hojalyk desgalarynyň hatarynda öýüň ýylylygyny we gyzgyn suw akymyny üpjün edýän özbaşdak ýyladyjy desga bar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jaýa girip, onuň abadanlaşdyrylyşy we bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz öý eýelerini täze jaý toýy bilen gutlap, olaryň hal-ahwallary bilen gyzyklandy. 

Öý eýesi Resul Pazylow ekerançylyk däbini dowam edýän ýaş kärendeçidir. Täze öýüň eýeleri halkymyz hakynda yzygiderli alada edýändigi, ýerli ilata döwrebap şertleriň üpjün edilmegi ugrunda zerur mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdiler. 

Resul Ak bugdaý etrabynyň Täze durmuş obasynda doguldy, obadaky orta mekdebi tamamlandan soň, “Ahalnebitgazgözleg” müdirliginde işledi. Bir ýyl mundan ozal ol etrabyň “Gäwers” daýhan birleşiginde kärendeçi bolup işe başlaýar. 

Ol ýetginjek döwründen kakasyna we atasyna kömek edip işläp başlaýar. Onuň atasy we babasy oba hojalyk önümçiligi boýunça işläpdirler. Olaryň biri ekerançy, beýlekisi bolsa mirap bolupdyr. Şeýlelikde, zähmet çekmek Resul we onuň dogany Röwşen üçin asylly endige öwrüldi. Olaryň gyz jigisi Mähri bolsa şepagat uýasy bolup işleýär. 

Agzybir türkmen maşgalasynyň agzalary milli Liderimize ykbalyny ýagtyldan häzirki taryhy eýýama bolan buýsançlaryny, öz bagtyýarlyklaryny, döwrüň ajaýyplygyny gürrüň berdiler. Çagalar bolsa mähriban Watanymyza we maşgalanyň şatlygyny goşalandyran döwlet Baştutanymyza bagyşlanan goşgularyny okadylar. 

Döwlet Baştutanymyz öý eýeleri bilen giň aşhanada çaý başynda durmuş ulgamy barada söhbet etdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçiniň iş şertleri, olaryň ulanýan tehnikalary bilen gyzyklandy. Şeýle hem ätiýaçlyk şaýlar we zerur serişdeler bilen üpjünçiligi barada sorady. Gürrüňdeşlikde kärendeçiler özleriniň öndürýän önümleri we ýyllyk gazançlary barada höwes bilen gürrüň berdiler. 

Eger yhlasly işleseň, girdejiň hem şoňa göräräk bolýar diýip, maşgalabaşy aýtdy. Şeýle hem ol iş öndürijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, hususy traktor edinendigini habar berdi. Ulag edinmegiň uly baýlyk hasaplanan döwürleriniň bolandygyny belläp, milli Liderimiz häzirki döwürde oba ýerlerinde diňe ýeňil awtomobiliň däl, eýsem, hususy traktoryň hem bardygyny aýtdy. 

Ýurdumyzda daýhanlaryň amatly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçilik meseleleri oňyn çözülýär. Ozalky döwürde jaý nobatynda onýyllyklaryň dowamynda durulýan bolsa, häzirki döwletimiz ýeňillik karz serişdeleriniň hasabyna, jaýyň umumy bahasyny 30 ýylyň dowamynda üzmek şerti bilen, raýatlara ýaşaýyş jaýlaryny berýär. 

Obalaryň we şäherçeleriň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Ýaşulular ozalky oba dükanlary, olaryň boş tekjeleri barada gürrüň berdiler. Iň zerur harytlar üçin hem şähere gitmeli bolýardy. Indi bolsa obalarda islän zadyňy satyn alyp bolýan kaşaň söwda merkezleri gurulýar. Durmuş hyzmaty ulgamy şäher derejesine çykdy — diýip, oba ýaşulular nygtadylar. 



Döwletimiziň oba zähmetkeşleri we obasenagat toplumyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hakynda hemmetaraplaýyn alada etjekdigini aýdyp, milli Liderimiz oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny, daýhanlaryň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba zähmetkeşleriniň durmuşy üçin ähli zerur şertleri döretmek, olary döwrebap tehnikalar, dökünler, suw bilen üpjün etmek, şeýle hem Türkmenistanda ýaramly önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmak işlerine yzygiderli üns beriljekdigini aýtdy. 

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk hakyndaky gürrüňi gozgap, maşgalabaşy täze şäherçäniň açylmagynyň Ahal welaýatynyň zähmetkeşleri üçin milli Liderimiziň ajaýyp toý sowgadydygyny aýratyn nygtady. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze jaý bilen tanşyp, onuň otaglarynyň ýerleşdirilişine ýokary baha berdi. Jaýda giň myhman otagy, umumy otag, aýratyn geýim asylýany we suwa düşülýäni bolan ýatylýan otaglar, aşhana, şeýle hem hojalyk desgalary bar. Jaýyň bezeginde häzirki zaman döwrebap serişdeleri ulanylypdyr. 

Döwlet Baştutanymyz täze jaý bilen tanyşlygyň barşynda otaglaryň birinde dürli oýunlara güýmenýän çagalar bilen söhbetdeş boldy we olaryň okuwlary, islegleri bilen gyzyklandy. Körpeler hormatly Prezidentimize goşgy okap berdiler. Zenanlaryň biri oba adamlary üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, ýaş nesilleriň döwrebap terbiýesi ugrunda edýän aladasy hem-de şol aladanyň netijesi bolan döwrebap jaý üçin döwlet Baştutanymyza maşgala agzalarynyň adyndan hoşallyk bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz täze jaýa göçüp gelenler bilen hoşlaşyp, sebitleriň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagy we durmuş-ykdysady düzüminiň ösdürilmegi ugrunda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçiriljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bagtyýar maşgala agzalaryna abadançylyk, uly üstünlik arzuw edip, şanly waka mynasybetli gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň abadançylygy ugrundaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, adamlaryň amatly ýaşaýşy üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtdy. Munuň özi halkymyz üçin amatly ýaşaýyş şertleriniň döredilmeginde, ilatly ýerleriň toplumlaýyn we sazlaşykly ösüşine gönükdirilen täze şähergurluşyk tejribesinde has-da äşgär duýulýar. 



Hut şonuň üçin-de ýurdumyzda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy yzygiderli ýokarlanýar. Bu ulgamda ägirt uly meýilnamalar durmuşa geçirilýär. 2015—2020-nji ýyllary öz içine alýan sebitleri özgertmek boýunça maksatnamanyň rejelenen görnüşi desgalaryň 500-den gowragynyň, şol sanda 3 million inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň we müňlerçe kilometr düzümleýin ulgamlaryň gurluşygyny göz öňünde tutýar. Şu bäş ýylyň dowamynda ABŞ-nyň 7,5 milliard dollaryndan gowrak serişdäni özleşdirmek meýilleşdirildi. 

Täze şähergurluşyk maksatnamasyny döretmek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň her bir raýatyny gurşap alan döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça toplumlaýyn maksatlary ýerine ýetirmegi onuň esasy wezipesi hökmünde kesgitledi. 

Bereketli zaman şäherçesiniň gurluşygynda döwlet gurluşyk-gurnama düzümleriniň zähmet we önümçilik-tehniki serişdeleri netijeli ulanyldy. Şeýle hem bu giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň telekeçileri önjeýli goşant goşdular. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu ýerde bina eden desgalarynyň hatarynda bazary bolan söwda merkezi bar. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baryp gördi. 

Döwlet Baştutanymyz söwda merkeziniň ýanynda hormatly ýaşulular we ak gyňaçly eneler bilen olaryň işleri barada söhbetdeş boldy. Hormatly ýaşulular halkymyzyň abadançylygy we bagtyýarlygy hakynda edýän yzygiderli aladasy, sebitleri ösdürmek, olaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça edýän yzygiderli aladasy üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdiler. Ýurdumyzda döwrebap obalaryň we şäherçeleriň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Soňra milli Liderimiz täze bazaryň enjamlaşdyrylyşy we bu ýerde guralan söwda, ýokary hilli harytlaryň görnüşleri bilen tanyşdy. 

Bu ýerde söwda dükanlary hem öz harytlaryny we hyzmatlaryny hödürleýärler. Olarda öý we hojalyk üçin zerur bolan harytlar, täze et önümleri, konserwirlenen önümler, gök we miwe önümleri, dürli içgiler, çaýlar, unaş önümleri, süýt we konditer önümleri bar. Bu ýerde satuwa çykarylan harytlaryň köpüsiniň ýerli önümlerdigini aýratyn bellemeli. Bu önümler daşary ýurtlardan getirilýän azyk harytlary bilen mynasyp bäsdeşlik edip bilýärler. Şeýle hem dürli reňkdäki we birnäçe goşundylary bolan gaplanan gant ýaly önümler hem bar. 

Bu ýerde uly suwly howdan bolup, onda dürli görnüşli diri balyklar ýüzýärler. Täze balyklar, konserwirlenen balyk önümleri we “Elin balyk” hojalyk jemgyýetiniň taýýarlan taýýar önümleri ilat köpçüligine ýetirilýär. 

Ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň öndürýän azyk harytlarynyň görnüşleri barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew gürrüň berdi. 

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda içerki bazarda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň görnüşleri bilen gyzyklandy. Olar häzirki döwürde ýurdumyzda eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamanyň netijesinde daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysynyň aýdyşy ýaly, türkmen telekeçileri maýoneziň mukdaryny içerki bazary doly üpjün etmäge we daşary ýurtlara ugratmaga ýeterlik möçberde öndürip başladylar. Şeýle hem milli Liderimize miwe suwlary, ekologiýa taýdan arassa we ýerli kompaniýalaryň öndürýän gaýtadan işlenen önümleri görkezildi. Olara daşary ýurtlardan islegler gelip başlady. 



Hormatly Prezidentimiz owadan gaplanan konditer önümlerine üns berdi. Olar ýokary hilli we tebigy önümlerden taýýarlanypdyr. Döwlet Baştutanymyz konditer önümleriniň hiline ýokary baha berip, olaryň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli daşary ýurtlardan getirilýän sowgatlyk toplumlaryň ornuny tutup biljekdigini, olaryň dürli görnüşlerinden baýramçylyk sowgatlyklaryny taýýarlap boljakdygyny we şunlukda, konditer önümleriniň tagamlarynyň körpeler üçin ýaramly boljakdygyny belledi. 

Şeýle hem milli Liderimiz azyk we senagat önümleriniň önümçiliginde, bu ulgamlarda ýokary medeniýeti kemala getirmekde, olara täze tehnologiýalary we öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrmakda daşary ýurtlaryň ösen tejribesini işjeň öwrenmek boýunça A.Dadaýewe birnäçe tabşyryklary berdi. Netijeli usullary gözlemek we ornaşdyrmak, öňdebaryjy önüm öndürijiler bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak önümçilik ulgamyny öwrenmek maksady bilen, daşary ýurtlara iş saparlaryny guramak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu önümleriň ýokary hilli önümçiliginde öňdebaryjy orunlary eýeleýän ýurtlaryň birnäçesini görkezdi. 

Söwda dükanlarynyň işi bilen tanyşlygyň barşynda satyjylar döwlet Baştutanymyz tarapyndan sebitleri ösdürmek barada edýän tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar, ýerlerdäki durmuş şertleri şäherdäki ýaşaýyş şertleriniň derejesine golaýlaşýar. 

Ahal welaýatynyň we tutuş ýurdumyzyň telekeçileriniň adyndan hormatly Prezidentimize kiçi we orta telekeçiligiň, hususy hojalyk başlangyçlarynyň ösdürilmegi ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy. 

Döwlet Baştutanymyz şäherçe bilen tanyşlygyny dowam edip, täze çagalar bagyna bardy. Bu ýerde ýaş dutarçylar topary milli Liderimizi ajaýyp sazlar bilen garşyladylar. 

Milli Liderimiz onlarça dutaryň sazlaşygyndan çykýan owazy diňläp, halkymyzyň söýgüli saz guralynyň asyrlaryň dowamynda türkmenleriň şatlygyny, gaýgysyny paýlaşandygyny belledi. Bu dutarda ynsan kalbyna ýakymly täsir edýän üýtgeşik gudrat bar. Şeýle pikir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda has-da äşgär duýulýar. 



Bu pikir beýik türkmen sazandasy Şükür bagşynyň keşbinde beýan edilýär. Onda döwürleriň, nesilleriň taryhyň we häzirki zaman türkmen medeniýetiniň aýrylmaz baglanyşygy duýulýar. Ýaş nesiller ajaýyp däpleri üstünlikli dowam edip, geljekde milli sungatymyzyň ösüşine mynasyp goşandyny goşarlar. Çünki ýaşlaryň zehinini açyp görkezmekleri ugrunda döwletimiz ähli şertleri döredýär. 

Milli Liderimiz şäherçäniň täze mekdebiniň deňinden geçip barýarka, ýene bir saz ýaňlandy. Ony mekdebiň öňündäki meýdança ýygnanan skripkaçylardan, akkordeonçylardan, üflenip çalynýan saz gurallaryna, depreklere we beýleki gurallara erk edýän ussatlardan ybarat topar ýerine ýetirýär. 

Çagalar bagynyň öňündäki meýdançada çagalar gadymy milli aşyk oýnuny oýnadylar. Soňra hormatly Prezidentimizi mekdebe çenli çagalar edarasynda terbiýelenýänler ajaýyp çykyşlary we joşgunly aýdymlar bilen garşyladylar. 

160 orunlyk täze çagalar bagyny “Medine gurluşyk” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Onuň taslamasy taýýarlanylanda bu ýerde körpeler üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi, wagtlarynyň şadyýan hem-de peýdaly geçirilmegini üpjün edýän mümkinçilikleriň bolmagy ugrunda aýratyn tagalla edildi. Bu ýerde kompýuter we lingafon otaglary, döredijilik studiýasy, tomusky telär, oýun meýdançalary, ýumşak mebelleri bilen üpjün edilen giň we ýagty ýatakhanalar, sport we saz otaglary, naharhana hem-de lukmançylyk otagy bar. 

Bu ýerde körpeler baýramçylyga mahsus dabarany ýaýbaňlandyrdylar. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we köp sanly myhmanlary mähriban Arkadagymyza we Watanymyza söýginiň senasy bolan çykyşlar bilen garşyladylar. Olaryň şatlygy we belent ruhy has-da göwün göteriji boldy. Körpeler çagalaryň sazlaşykly ösüşi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtly çagalygynyň üpjün edilmegi ugrunda atalyk aladasyny edýän milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. 

Döwlet Baştutanymyz çagalar bagynyň gurluş aýratynlyklaryny synlap, körpeler bilen söhbetdeş boldy. Olarda täze şäherçäniň galdyran täsirleri, höwesleri we arzuwlary bilen gyzyklandy. Bu ýerde çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri, bilim öwrenmekleri hem-de okuwa ilkinji bilimleri, şol sanda kompýuter ulgamynda hem-de zerur endikleri alyp, taýýarlykly barmaklary üçin ähli şertler döredilipdir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ugrundan, şol sanda dil bilimleri boýunça öňdebaryjy programma üpjünçiligi goýlan täze enjamlaşdyrylan kompýuter synp otagyna barýar. 

Kompýuteriň göni we yzlygyna sanamagy öwrenmäge nähili kömek edip bilýändigi barada körpejeleriň özleri gürrüň berýärler. Olar häzirki wagtda dürli sanly gurluşlary peýdalanmagy öwrenýärler. 

Çagalar kompýuterlerdäki elipbiýi, ýazuwy hem-de sözleriň aýdylyşyny öwrenmäge kömek berýän öwrediji oýun goşundylarynyň işleýşini görkezdiler. Halk ertekilerindäki söýgüli gahrymanlaryň — meselem, Böwenjigiň keşbindäki kompýuter kömekçileri bu okuwy çagalar üçin has hem gyzykly edýär. 



Öwrenmek üçin amatly şekiller we sesler bu okuwlara çagalary iňňän gyzykdyrýar hem-de olarda ýazuw kadalaryny öwrenmäge, dogry ýazmaga we söz baýlygyny artdyrmaga höwes döredýär. 

Çagalar agzybirlik bilen özleriniň okamagy, ösmegi hem-de wagtlaryny şadyýan geçirmegi üçin ähli şertleri döreden milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyryp, çagalar bagynyň işgärlerine uly üstünlikler, çagalara bolsa ähli arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw etdi. 

Şäherçede 640 orunlyk hem-de iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan umumy bilim berýän orta mekdep hem bina edilipdir. Mekdebiň jaýy “Aktab” hususy kärhanasy tarapyndan gurlupdyr. Bu ýerde interaktiw multimediýa tagtaly synp otaglary, şeýle hem lingafon kompýuter otaglary, oglanlaryň we gyzlaryň zähmet sapaklaryny geçmegi üçin ýöriteleşdirilen synp otaglary bar. Okuwçylar hem-de mugallymlar okyjylar zaly bolan kitaphananyň, mejlisler zalynyň, naharhananyň, lukmançylyk otagynyň, sport zalyň hem-de açyk sport meýdançalarynyň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. 

Bereketli zaman şäherçesiniň beýleki desgalarynyň arasynda geňeşligiň jaýy (potratçy — “Emir ogly” hususy kärhanasy), ýangyn howpsuzlygy bölümi (“Medine gurluşyk” hususy kärhanasy) bar. Şäherçäniň içerki we daşarky suw geçiriji we lagym, elektrik üpjünçiligi ulgamyny “Gerçek ýaşlar” hojalyk jemgyýeti, awtoulag ýollaryny bolsa “Hyzmat merkezi” hojalyk jemgyýeti çekdiler. 

Ahal welaýatynyň häkimliginiň garamagynda durýan 12 desgadan başga-da, şäherçede ministrliklere we pudak edaralaryna degişli bolan ýene-de 10 bina guruldy. Olaryň arasynda çörek önümlerini öndüriji kärhana, azyk harytlary dükany, 500 belgili aragatnaşyk bölümi, alkogolsyz içgileri öndüriji kärhana, 500 orunlyk “Toý mekany” desgasy, hyzmatlar öýi bar. Şäherçede “Galaly” hojalyk jemgyýeti tarapyndan haýyr-sahawat serişdeleriniň hasabyna gurlan metjit hem bar. 

Ähli önümçilik binalary dünýäniň meşhur öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan durmuş medeni toplumyň hem-de ýaşaýyş jaý infrastrukturasynyň hereket etmegi, esasan-da, Ak bugdaý etrabynyň daýhan birleşikleriniň ýaş maşgalalaryndan bolan ýaşaýjylaryň belli bir derejede iş bilen üpjünçiligine kömek etdi. Mundan başga-da, geljekde şäherçäniň töwereginde oba hojalyk önümçiligi ösdüriler, gaýtadan işleýän kiçi kärhanalar açylar. Bu bolsa ýüzlerçe iş orunlarynyň döremegine getirer. 

Bir söz bilen aýdanyňda, Bereketli zaman atly häzirki zaman şäherçesinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly hem-de öňdengörüji syýasaty, onuň oba ilatynyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak barada edýän ýadawsyz aladalarynyň netijesinde häzirki we geljekki nesilleriň bagtly hem-de abadan ýaşamaklary üçin mäkäm binýat döredildi. 

Ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça täze başlangyçlary durmuşa geçirmek, kiçi telekeçiligi ösdürmek, häzirki zaman, adaty bolmadyk taslamalary amala aşyrmak häzirki wagtda köp babatda ýerli häkimiýetleriň oňat işlemekleri, oba adamlarynyň öz başlangyçlary hem-de olaryň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde hereket etmeklerine bagly bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz hem innowasiýanyň diňe bir tehnologiýalar hem-de usullar bolman, täzeçil we döredijilikli pikir etmek usulydygyny bellemek bilen, halkymyzy hut şuňa çagyrýar. 

Ekologiýa abadançylygy hem-de azyk bolçulygy ýaşaýşyň hilini, öndürijilikli işlemek üçin hem-de dynç almak üçin oňat şertleri kesgitleýär. Şu maksatlardan ugur alnyp ýurdumyzda obalary we şäherleri, olaryň töweregindäki meýdanlary bagy-bossanlyga öwürmek üçin uly işler ýaýbaňlandyrylýar, serişdeleri we energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, gaýtadan işleýän täze önümçilikler we söwda merkezleri açylýar, medeni-dynç alyş hem-de sport merkezleriniň işleri, döredijilik we täzeçillik höweslendirilýär. 

Bu döwrebap şäherçede bolmagyny tamamlap, milli Liderimiz seýilgäh zolagy üçin bölünen meýdana bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde agaç nahalyny — türkmen arçasyny oturdyp, geljekde ajaýyp seýilgähiň emele gelmegine badalga berdi. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşan adamlaryň hemmesi hem agaç nahallaryny oturtmaga goşuldylar. 

Geçen hepdede milli Liderimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzda geçirilen ählihalk ýowarynda her şäheriň, ilatly nokadyň töwereginde el bilen döredilen tokaý zolaklarynyň çäklerini giňeltjek ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek möwsümi başlady. Köpetdagyň eteginde ýene bir seýilgähiň düýbüniň tutulmagy bu wajyp hem-de möhüm işiň dowam etdirilmegi, jemgyýetde ýokary ekologiýa medeniýetini emele getirmek bolup durýar. 

Şäherçäniň täze ýaşaýjylaryna saglyk, bagt we maşgala abadançylygyny ýene bir gezek arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeler bilen hoşlaşdy hem-de bu ýerden awtoulagda dikuçar meýdançasyna tarap ugrady. 

Dikuçarda uçup barşyna döwlet Baştutanymyz Aşgabada tarap ýola düşmezden öň, täze şäherçäniň ýokarsynda birnäçe gezek aýlanyp, onuň töweregindäki çäklere syn etdi. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sebitlerde toplumlaýyn innowasiýa syýasatyny hem-de ony durmuşa geçirmegiň anyk gurallaryny emele getirmek welaýatlaryň hem-de tutuş ýurduň ykdysady ösüşini çaltlandyrmak, Türkmenistany häzirki zaman döwrebap ýaşaýyş üçin amatly ýurda öwürmäge gönükdirilen umumydöwlet dolandyryş strategiýasyny kämilleşdirmek üçin şert döreder. Raýatlaryň abadançylygy bu strategiýanyň esasy bölegidir. 

Türkmen obasyny özgertmek üçin döwlet tarapyndan goýberilýän ägirt uly serişdeler eýýämden garaşylýan miwesini berýär. Ýöne ol has hem ähmiýetli bolmalydyr. Munuň üçin ähli mümkinçilikler we serişdeler bar diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. 

Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna mundan beýläk hem ösüşiň has batyrgaý meýilnamalary bilen barýan Türkmenistanyň kuwwatyny hem-de halkara täsirini artdyrmaga, durmuş we senagat taýdan ösüşine täze gurlan obadyr şäherler, etraplar güýçli itergi berdi. Mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi üçin bizde ägirt uly adam maýasy, takyk ahlak we syýasy ýörelgeler, ygtybarly ykdysady binýat, täzeçilliklere höwes bar. 

Olary durmuşa geçirmek üçin hemmämiz bileleşip, häzirden işjeň hereket etmeli. Çünki sebitleriň ösüş maksatnamasyna girizilen giň göwrümli wezipeler, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň olar bilen baglanyşykly tabşyryklary bu işe örän ýokary depgin bermegi talap edýär.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder