14 Ekim 2016 Cuma

“Syýahat” Žurnaly Syýahata Çagyrýar

Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň “Syýahat” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamyna wekilçilik edýän neşir diňe okyjylarynyň köplügi bilen däl-de, eýsem geografik “hereketliligi” bilen hem tapawutlanýar.

Žurnaly ýurdumyza gelip gidýän hem-de bu ýere ýene-de gelmek isleýän syýahatçylar uly höwes bilen okaýarlar. Çünki bir saparyň dowamynda Türkmenistanyň ähli ajaýyp ýerleri we gözellikleri bilen tanyşmak mümkin däl. Daşary ýurtly syýahat agentleri—milli syýahatlar ulgamynyň döwlet kärhanalarynyň we hususy kompaniýalarynyň köp sanly hyzmatdaşlary žurnala uly isleg bildirýärler. Mundan başga-da, žurnaly neşir, syýahatçylyk we beýleki halkara sergilerinde görmek bolýar. Ol sergilere gelýänleriň arasynda köpçülige mälim bolmadyk binagärlik, arheologik we tebigy ýadygärlikleriň, türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň, onuň özboluşly medeni mirasynyň maglumat-öwreniş syny hökmünde tiz ýaýraýar.

Türkmen dilindäki makalalary rus we iňlis dillerinde hem tanyşdyrýan žurnal dünýä boýunça jahankeşdelikde täze täsirleri gözleýän daşary ýurtly syýahatçylar üçin elýeterli bolup durýar.

Žurnalyň şu sanynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Hazaryň kenarynda dynç alýanlar üçin ýokary hilli hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrýan  ýahta düzüminiň ösüşi dogrusynda gürrüň berilýär. Şu ýylyň awgustynda bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Tolkun” kottejler toplumly nobatdaky ýaht-klubyň açylyş dabarasy boldy.

Täze ýaht-klubyň ýanynda okuw merkezi hereket edýär, bu ýerde tälimçileriň ýolbaşçylygynda serfingiň, daýwingiň tärlerini, suw skuterlerini, gidrosikllerini, ýelkenli gaýyklary we katerleri dolandyrmagyň usullaryny özleşdirmek bolýar. Ýahta merkeziniň gezelenç gämi duralgalary üçin porty onuň esasyny düzýär. Bularyň hemmesi ýurdumyzda sportuň suwdaky ýelkenli we beýleki özüne çekiji, tizlikli, ekstremal görnüşlerini işjeň ösdürmäge mümkinçilik berer. 

Awazada ulanmaga berlen ikinji ýaht-klub öz derejesi boýunça Hazaryň türkmen kenarynda gurlan ilkinji, daşary ýurtlardaky merkezlerden birjik-de pes durmaýar. Geljekde onuň binýadynda windserfingçileriň ýa-da ýelkenli gaýyklaryň iri ýaryşlary geçirilip bilner. Emma bu ýerde esasy zat işjeň dynç almagyň ajaýyp görnüşi hökmünde höwesjeňleriň deňizde ýüzmegi, ýahting bolup durýar.

Deňizli gürrüňi “Guş jenneti ýa-da fotoawçynyň arzuwy” atly makala dowam edýär. Onda Hazar deňziniň günorta-gündogar kenarynda  ýerleşen Hazar döwlet goraghanasynyň alyp barýan işleri dogrusynda  gürrüň berilýär. Bu goraghanada guşlaryň köp sanlysy, şol sanda gyşlaýan görnüşleriniň ýüzlerçesi ýaşaýar.

Bu hakykatdan-da fotoawçylyk üçin hem-de guşlary öwrenmek bilen bagly saparlary geçirmek üçin ajaýyp ýer bolup durýar. Fotoawçylyk alamatlary bolan ekosyýahatçylygy ösdürmek dürli ekoulgamlaryna, deňiz, dag, çöl we beýleki ulgamlara eýe bolan Türkmenistan üçin geljegi uly ugur hasaplanýar. Şol ýerlerde ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gadymy we  seýrek duş gelýän wekillerini tebigy şertlerde synlamak bolýar. 

Žurnal her sanynda öz okyjylaryna  uly bolmadyk etnografik tanyşlygy hödürleýär. Onuň nobatdaky sanynda türkmen halkynyň toý dessurlary, baýramçylyk däpleriniň we dabaralarynyň aýratynlyklary barada gürrüň berilýär. Olar nika gyýdyrmak, gelniň lybaslary we beýleki dessurlardan ybarat bolup, biziň günlerimize çenli saklanyp galmak bilen çäklenmän, eýsem bu gün döwrebap adatlar bilen birleşip, täze görnüşde dikeldilýär. 

Žurnalyň aýratyn makalasy ene topragymyzyň hasyllylygynyň, tebigatyň we adamyň ajaýyp sazlaşygynyň nyşany-türkmen gawunyna bagyşlanypdyr. Türkmenistana gelýän syýahatçylar we myhmanlar  gawun kakyny ýa-da gawundan ýasalan süýjüleri alyp gitmäge çalyşýarlar. Şeýle süýjüleriň sowgatlyk gaby saglyk üçin ajaýyp hem-de peýdaly sowgatdyr. 

“Ayan Travel” kompaniýasy ynha eýýäm ençeme ýyl bäri biziň ýurdumyz, onuň baý medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmak, arassa ganly ahalteke bedewlerinde gezelenç etmek, şirin-şeker gawunlaryny dadyp görmek ýa-da ajaýyp türkmen halylaryny we bezeg şaý-seplerini edinmek isleýän  dünýäniň dürli künjeklerinden bolan jahankeşdeleri mähirli garşylaýar we  dürli ýerlere aýlaýar. Žurnalyň nobatdaky sanynda bu kompaniýa ýurdumyzyň çäginde  daşary ýurtly myhmanlara doly hyzmat etmek bilen, giriş syýahatçylygy, taryhy-tanyşlyk, bejeriş-sagaldyş, ekzotiki syýahatçylygy ugur edinmegi bilen tanyşdyrýar. 

Adamlaryň köp sanlysy ekogezelençlere—gözel we gaýtalanmajak künjeklere aýlanyp görmegi halaýar. Atly we pyýada gezelençler hem uly islegden peýdalanýar. Şonuň bilen birlikde “Ayan Travel” kompaniýasy arheologiýa, ornitologiýa, geologiýa we beýleki ugurlarda talyplar, ylmy toparlar we hünärmenler üçin öwreniş saparlaryny meýilleşdirmäge we amala aşyrmaga ýardam edýär.

“Syýahat” žurnaly öz sahypalarynda pudagyň ussatlaryna söz bermek bilen, syýahatçylyk bazarynda milli syýahatçylyk önümlerini we hyzmatlaryny ilerletmäge ýardam edýär hem-de häzirki zaman meýilleri öwrenýär.

Şolaryň biri SPA-syýahatçylyk bolup durýar. SPA-bejeriş syýahatçylygynyň ösüşi häzir nobatdaky ýokary artyşy başdan geçirýär. Elbetde syýahatçylygyň bu görnüşiniň meşhurlygy hem artýar. Žurnal öz okyjylaryna Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda ýerleşen “Ýyly suw” şypahanasyna baryp görmegi teklip edýär. 

Türkmenistanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda döredilýän şypahana—kurort bejerişiň düýbünden täze ulgamy ýurdumyzyň we daşary döwletleriň iň gowy tejribelerini öz içine alýar. Ýurdumyzyň şypahanalary bu gün dünýä derejesine çykyp, lukmançylyk hyzmatlarynyň esasyny düzýän melhemlik serişdeleriniň eksportuny artdyrýar. Olaryň köpüsi hünärmenleriň pikirine görä, örän täsindir. 

Žurnalyň nobatdaky sanyny syýahatçylyk hakynda daşary ýurt täzelikleri hem-de okyjylary her gezek dünýäniň täsin ýerleri bilen tanyşdyrýan “Jahan täsinlikleri” atly rubrika jemleýär.

Dürli öwüşginli suratlar bilen bezelen “Syýahat” žurnalyny gyzykly taryhlary özünde saklaýan özboluşly ýol görkeziji diýip hasaplamak bolar. Habarlaryň ylmy-köpçülikleýin görnüşde beýan edilmegi ony ýakymly söhbetdeşe öwürýär, žurnalyň bezelişi, kompozision tärleri hem-de erkin sahypalanmasy bolsa ony özüne çekýän ýokary hilli neşire öwürýär.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder