24 Temmuz 2015 Cuma

Bilelikdäki Türkmen-Tatar Iş Toparynyň Mejlisi

Paýtagtymyzda Söwda-ykdysady, ylmy tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine uzakmöhletleýin esasda guralýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, düýn Aşgabatda ikitaraplaýyn iş duşuşyklarynyň geçirilendigini, olaryň barşynda anyk pudaklarda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny bellemelidiris.

Nygtalyşy ýaly, Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän Türkmenistanyň we Tatarystanyň arasyndaky gatnaşyklar toplanan uly tejribä, şeýle hem taryhyň dowamynda emele gelen  aragatnaşyklara, türkmen we tatar halklarynyň medeni hem-de ruhy umumylygyna esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Soňky ýyllarda däp bolan dostlukly türkmen-tatar hyzmatdaşlygyna kuwwatly itergi berildi hem-de ol täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň Baştutanlarynyň yzygiderli duşuşyklary, şeýle hem dürli derejedäki duşuşyklar  bu hyzmatdaşlygyň has-da ilerledilmegine ýardam edýär. 

Şunda özara gatnaşyklaryň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýär. Mälim bolşy ýaly,  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna bolan saparynyň çäklerinde gol çekilen degişli hökümetara Ylalaşygy köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin esas boldy. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üsti türkmen-tatar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen beýleki möhüm resminamalaryň birnäçesi bilen ýetirildi. Olaryň hatarynda  Türkmenistanyň we Tatarystanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk hem-de Balkanabat we  Almetýewsk şäherleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk bar. Bu resminamalara Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň geçen ýylyň aprel aýynda ýurdumyza bolan resmi saparynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekildi. 

Mejlisiň barşynda  söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegi, däp bolan işewür gatnaşyklary  ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýerde Türkmenistanyň we Tatarystanyň esasy kompaniýalarynyň – “KamAZ” maşyngurluşyk kärhanasynyň, “Tatneft”  we “Kazanskiý wertolýotnyý zawod”  açyk paýdarlar   jemgyýetleriniň we beýleki kärhanalarynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy mysal görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýyldan bäri Aşgabatda “KamAZ-yň”  söwda we okuw-hyzmat ediş merkezi hereket edýär. Bütin dünýäde meşhur bu zawodyň awtoulag tehnikasy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda netijeli işleýär. Bu tehnikalar ýurdumyzda özlerini iň gowy tarapdan görkezdi. Hyzmatdaşlygyň ýene-de bir geljegi uly ugry uçar gurluşygy bilen baglanyşyklydyr. 

Bellenilişi ýaly,  ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, senagat ulgamyny diwersifikasiýaşdyrmaga, degişli düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de ylym bilen baglanyşykly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn ykdysady özgertmeleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar. Bu babatda ähli ulgamlarda, şol sanda maşyngurluşyk, nebit çykarmak, nebiti gaýtadan işlemek we nebitgazhimiýa ulgamlarynda türkmen-tatar hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Gurluşyk we gurluşyk serişdeleri  senagaty, energetika, ulag, dokma pudagy, azyk senagaty, oba hojalygy,  işewürlik we telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Tatarystanyň bazarlarynda türkmen hem-de tatar önüm öndürijileriniň önümlerini mundan beýläk-de ilerletmek we olaryň görnüşlerini giňeltmek meselesi barada durlup geçildi. 

Şeýle hem Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda  eýeleýän ornuny giňeltmäge hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çalyşýandygy tassyklanyldy. 

Mejlise gatnaşyjylar gumanitar ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de höweslendirmegiň ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýalarynyň arasynda  ýokary hünär bilimi we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ugry boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygyny bellediler. Saglygy goraýyş, lukmançylyk ylmy we tejribesi ulgamynda özara gatnaşyklaryň hem-de tejribe alyşmagyň geljegi uludygy nygtaldy. 

Şunuň bilen birlikde, medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigi, iki doganlyk halkyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmekde oňyn netijeleriň gazanylýandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda hem-de Tatarystan Respublikasynda guralýan halkara festiwallaryna  we beýleki döredijilik forumyna gatnaşmagyň hasabyna däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň we giňeltmegiň wajypdygy bellenildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günlerini we Tatarystanda Türkmenistanyň  Medeniýet günlerini guramagyň mümkinçiliklerine garaldy. Şeýle medeni çäreleriň 2012-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde we 2014-nji ýylyň noýabr aýynda Kazan şäherinde geçirilendigini ýatlatmalydyrys. Bu giň möçberli çäreler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna aýdyň sahypalary ýazdy.   

Medeniýet ulgamynda Türkmenistan we Tatarystan halkara guramalarynyň çäklerinde, şol sanda TÜRKSOÝ-yň çäklerinde hem işjeň gatnaşyk edýärler.   Şunuň bilen baglylykda, TÜRKSOÝ-yň çözgüdi bilen şu ýyl Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň çuňňur manysynyň bardygyny bellemelidiris. 2014-nji ýylda bu hormatly wezipäni Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäheri ýerine ýetiripdi. 

Mejlisiň gün tertibine şeýle hem sport ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri girizildi. Türkmenistanda we Tatarystanda bu ulgamy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. 2017-nji ýylda Aşgabatda halkara möçberindäki möhüm sport wakasynyň – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V  Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan iri sport forumlaryny guramakda we geçirmekde uly tejribe toplan Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär. Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylda Tatarystanyň paýtagtynda Bütindünýä tomusky uniwersiada, geçen ýyl gylyçlaşmak boýunça dünýä çempionaty geçirildi, şu ýyl bolsa Kazan şäheri sportuň suw görnüşleri boýunça dünýä çempionatyny kabul edýär. 

Türkmen-tatar iş toparynyň agzalary syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň we Tatarystanyň degişli düzümleriniň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny nygtadylar. 

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmaga we degişli meseleleriň ählisi boýunça sazlaşykly çözgütleri tapmaga mümkinçilik berýän yzygiderli duşuşyklaryň we gepleşikleriň ähmiýetini nygtap, taraplaryň ähli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar. 

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň adyna myhmansöýerlik hem-de bilelikde üstünlikli işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin hoşallyk sözleri aýdyldy. 

Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi. Onda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek we ägirt uly kuwwata eýe bolan doly möçberli gatnaşyklaryň geljegi babatda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi. 


Ynsanperwer Ulgamda Hyzmatdaşlyk

Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda zenanlar hem-de ýetginjek gyzlar babatda döwlet we jemgyýetçilik düzümleriniň ynsanperwer işleri meselesine bagyşlanan maslahat geçirildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy /ÝUNFPA/ tarapyndan guraldy.

Bütindünýä ilat gününe gabatlanan çärä Mejlisiň, ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

ÝUNFPA-nyň Merkezi Aziýa boýunça Sebit edarasynyň ýolbaşçysy Nikolaý Botewiň duşuşykda belleýşi ýaly, mili Liderimiz  Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan adam hukuklary babatda öz üstüne alan borçnamalaryna takyk eýermek bilen, durmuşyň ähli ugurlarynda erkekler we zenanlar üçin birmeňzeş mümkinçilikler ýörelgesini amala aşyrmak boýunça yzygiderli we netijeli çäreleri görýär, hut şu ýörelge jemgyýeti demokratiýalaşdyrmagyň we ony üstünlikli ösdürmegiň esasy ölçegleriniň hatarynda durýar.

Maslahatyň çäklerinde “2015-nji ýylyň Bütindünýä ilat güni: esasy habarlar” atly hasabatyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ol BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan taýýarlanyp, hasabatda ara alnyp maslahatlaşylýan mesele boýunça dünýäniň häzirki meýilleri bilen tanyşdyryldy. 

Duşuşyga gatnaşyjylar sebitde gender syýasatyny amala aşyrmakda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde bilelikdäki işleriň,  zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçiikleriniň artmagy, olaryň bähbitleriniň hemmetaraplaýyn üpjün edilmegi bilen baglylykda milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmegiň möhümdigini bellediler. 


Ýaşlar Milli Ösüşiň Medeni Kuwwatyny Artdyrýar

Hünärmenleri taýýarlmagyň täze ugurlary: 1. “Opera sungaty”

Ýurdumyzyň millli opera sungaty 2015-2016-njy okuw ýylynda ösüşinde täze ösüşe eýe boldy. Türkmen milli konserwatoriýasynda “Opera sungaty” ugry boýunça hünärmenler taýýarlanylyp başlanar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetimiziň ruhy ösüşi, milli medeniýetimizi kämilleşdirmek babatda yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny alamatlandyrdy.

Mälim bolşy ýaly, türkmen opera sungatynyň täzeden galkynmagy döwlet Baştutanymyzyň giň möçberli özgertmeler syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. Munuň öz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň häsiýetli aýratynlygydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallasy netijesinde, milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan türkmen operasy täzeden dikeldildi. Täze opera oýunlarynyň görkezilişine hormatly tomaşaçy hökmünde gatnaşýan milli Lilderimiziň sungatyň bu görnüşiniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändiginiň aýdyň naşyanydyr.

2008-nji ýylyň 27-nji iýunynda döwlet Baştutanynyň başlangyjy hem-de goldawy netijsinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda täzeden dikeldilen “Şasenem we Garyp” operasy ilkinji gezek ýaňlandy. Şol ýyl ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni milli baýramçylyk hökmünde tassyklandy hem-de medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramçylygynda täze opera görkezmek asylly däbe öwrüldi. 

Şondan bir ýyl geçenden soň  “Leýli we Mejnun”, 2010-njy ýylda “Zöhre we Tahyr”, “2011-nji ýylda bolsa “Görogly” operalary täzeden dikeldildi. Soňra Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatrynda “Arşin mal alan” sazly komediýasy peýda boldy. Şunda “Magtymguly” we “Görogly” operalary goýuldy. Ýeri gelende aýtsak,  ady rowaýata öwrülen Görogly hakydaky opera eseri şu teatrda iki gezek goýuldy.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen opera eserleri ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Türkmenbaşy şäheriniň Ruhyýet köşgünde “Görogly” operasynyň, Daşoguzda bolsa “Ýusup we Züleýha” operasynyň ilkinji görkezilişi boldy. Şu ýyl Türkmenabat şäheriniň Ruhyýet köşgünde zehinli kompozitorlar Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowyň bilelikde döreden we Guseýin Muhtarowyň librettosyny ýazan, 1957-nji ýylda goýlan  “Aýna” operasy täzeden dikeldildi. Belli sahna eseriniň saz we sýužet esasyny alan awtorlar bu esere häzirki döwürň tomaşaçysyna ýakyn äheňi we öwüşgini beripdirler.

Opera sungaty çuňňur kökleri bolan aýdyň tomaşa ýörelgelerini özünde jemleýär. Sahna eseriniň bu görnüşinde nusgawy opera we halk sazlary  utgaşyp, häzirkizaman milli opera eserlerini emele getirýär.  

Soňky ýyllarda dürli mowzuklar boýunça döredilen opera eserleri mazmun taýdan bütewidir. Häzirki zamanda goýulýan opera eserleriniň saz we şahyrana mazmuny döwürleriň we nesilleriň ruhy baglanyşygynyň bozulmasyzlygyny ykrar edýär. Şeýle ýörelge opera aýdymlaryny ýerine ýetirijilerini sewip almak babatda berk saklanýar. Täze opera eserleri sahnada saz sungatynyň dürli wekillerini özüne jemleýär. Olarda Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň we D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň wekilleri çykyş edýärler. Mundan başga-da, Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplaryna “Magtymguly”, “Görogly” we beýleki eserlerde çylşyrymly bolan baş keşpleri ýerine ýetirmek ynanyldy. Munuň özi türkmen medeniýetinde tejribäniň, ussatlygyň we ýaş zehinleriň  baglanyşygyny, milli sungatyň iň gowy däpleriniň nesilden-nesle geçýändigini alamatlandyrýar.  

Türkmen oprerasynyň täzeden dikeldilmeginiň saz we sahna sungatynyň ösüşi üçin kuwwatly itergi bolandygyny bellemeli. Onda ýurdumyzyň medeniýetini mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary äşgär duýulaýr. Saz eserlerinde diňe bir gadymy milli däpleri däl, eýsem dünýä tejribeleri, sungatynyň dürli görnüşiniň, şol sanda opera sungatynyň häzirkizaman ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Şunlukda, milli opera sungatynyň täzezen dikeldilmegi medeniýet işgärleri üçin  täze mümkinçilikleri açýan, olaryň ýerine ýetirijilik ussatlygynyň we sahna medeniýetiniň kämilleşdirilmegini üpjün edýän ýurdumyzyň opera mekdebiniň döredilmegi bilen berk baglanyşyklydyr.

Häzirkizaman opera mekdebi milli däpler we häzirkizaman ýörelgeleri nazara almak arkaly döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen operasynyň dünýäniň saz tejribesini özünde jemläp, özboluşly halk sazlarynyň, mukamlarynyň we dessanlarynyň esasynda, türkmen nusgawy şygryýetiniň we bagşylar sungatynyň binýadynda döredilendigini bellemeli. Olarda folklor we halk dessurlary, halk döredijiliginiň ajaýyp däpleri äşgär duýulýar.

“Zöhre we Tahyr”, ”Bagşynyň ykbaly”, “Ýusup we Ahmet” yaly ilkinji  türkmen operalarynyň halk dessanlarynyň we rowaýatlarynyň esasynda döredilendigini bellemeli. Milli opera teatrlarynyň döredilmegine görnükli türkmen kompozitorlary, şol sanda türkmen kompozitorlyk mekdebini esaslandyranlaryň biri Daňatar Öwezow gatnaşdy. Türkmen opera teatrynda operalar türkmen dilinde goýlupdyr. Olaryň hatarynda dünýä nusgawy operalaryndan P.Çaýkowskiniň, N. Rimskiý-Korsakowyň, A.Borodiniň, J.Werdiniň we J.Puççininiň “Ýewgeniň Onegin”, “Kinýaz Igor”, “Trawiata”, “Aýida”, “Çio-çio-san”, “Faust”, “Karmen”, “Sewil dellegi”  we beýlekiler bar. Ýöne teatr hemişe milli eserlere aýratyn ähmiýet berdi. Asylly däbe görä, opera sungatynyň her ýylky möwsümi milli opera sungatynyň göwheri bolan “Şasenem we Garyp” operasy bilen açylýar. 

Häzirki döwürde Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň birnäçe opera eserleriniň baş geňeşçisi bolýandygyny bellemeli. Türkmen opera sungatynda diňe bir türkmen kompozitorlarynyň döreden eserlerinde däl, eýsem dünýä nusgawy operalarynda birnäçe ajaýyp keşpleri janlandyran bu artistiň ady rowaýata öwrüldi.

Häzirk wagtda opera sungatynyň ösüşini bu ulgamda ýetilen sepgitleri nazara almak arkaly kesgitlemeli. Häzirki döwürde Türkmenistanyň medeniýeti dünýä çykýar. Şeýle hem ol dünýä medeniýetiniň gazananlaryny özleşdirýär we köpsanly ýörelgeleri, sungatyň birnäçe görnüşlerini we ugurlaryny özünde jemleýär. Kamera  we simfoniki orkestrleriň konsert maksatnamalarynda dünýä nusgawy eserleri we dürli ýurtlaryň häzirikizaman kompozitorlarynyň döreden eserleri öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, geçen hepdede ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň artisleriniň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky Mejlsiler merkeziniň ajaýyp konsert zalynda baýramçylyk çykyşlarynyň bolandygyny bellemeli. Bu merkezde  konsertleri, opera we sahna eserlerini guramak üçin ähli zerur mümkinçilikler üpjün edilipdir. 

Şol gün paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde Nil Şikoff (ABŞ), Lýuçia Alberti (Italiýa), Wesselina Kasarowa (Şweýsariýa)  ýaly dünýä belli oprera artistlei çykyş etdiler. Şeýle hem Azerbaýjanyň M.Ahundow adyndaky Döwlet opera we balet akademiýa teatrynyň aýdymçysy Afag Abbasowa, G.Tukaý danydaky Tatar döwlet filarmoniýasynyň aýdymçysy (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) Irigina Waliýewa, Türkiýe Respublikasynyň Stambul döwlet opera we döwlet teatrynyň aýdymçysy Sawigne Burçin özleriniň wokal ussatlyklary bilen hezil berdiler. Awstriýadan gelen tansçylar Paula Rostas we Gleb Şilow Wena operasynyň tans toparynyň çykyşyny ýerine ýetirdiler.

Merkeziň ajaýyp sahnasynda Joakinno Rossiniň “Sewil serteraşy”, Jakomo Puççininiň “Toska” (Gussa), Juzeppe Werdiniň “Dom Karlos”, “Attilla”, “Sisiliýa agşamy” , “Trawiata”, Petro Maskaniniň “Oba mertebesi”, Žorž Bizeniň “Karmen”, Kamil Sen-Sansyň “Samson we Dalila”, Žak Offenbahyň “Gofmanyň ertekileri” atly meşhur operalaryndan, hem-de daşary ýurtly myhmanlarynyň ýerine ýetirmeginde Imre Kalmanyň “Silwa” we Frans Legaryň “Şadyýan dul aýal” atly belli operalaryndan parçalar we ariýalar ýaňlandy. Şeýle hem belli awstriýaly sazanda professor Wolfgan  Harreriň we onuň türkmen kärdeşleriniň ýolbaşçylygynda “Galkynyş” 
türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň sazlary diňlenildi. Şol konsertde milli opera sungaty hem görkezildi. Ýaş türkmen wokalçy aýdymçynyň ýerine ýetirmeginde “Aýna” operasyndan ariýalar ýaňlandy.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň teatr ulgamy, şol sanda opera sungaty täze atlar, döredijilik gözlegleri, tomaşaçylar bilen gatnaşygynyň täze ugurlary bilen baýlaşdyrylýar. Aşgabat halkara festiwallarynyň, şol sanda aýdym-saz, folklor we teatr eserleriniň geçirilýän halkara merkezine öwrüldi. Dünýäniň dürli döwletleri bilen döredijilik gatnaşyklarynyň  gerimi giňeldi. Munuň özi milli medeniýetiň has-da baýlaşmagyny şertlendirýär.

Türkmen milli konserwatoriýasynda “Opera sungaty” ugrunyň emele gelmegi bilen ýaş zehinleriň mümkinçiliklerini açmaklary, döredijilik babatda ösüşi üçin giň mümkinçilikleri emele getirdi. Şunuň bilen baglylykda, ýaş alymlaryň we talyplaryň arasynda ýurdumyzda her ýylda geçirilýän ylmy işleriň bäsleşiginiň jemleri boýunça bu ýokary okuw mekdebiniň wekiliniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli opera sungaty mekdebiniň dikeldilmegine bagyşlanan işiniň baýrakly orna düşendigi begençli wakadyr. 

Şu günler geljekki opera ýyldyzlary üçin jogapkärçilikli döwür başlandy. Häzir täze ugur boýunça bilim aljak dalaşgärleriň içinden has zehinlilerini seçip almaga ýardam berýän döredijilik bäsleşigine, giriş synaglaryna taýýarlyk işleri gyzgalaňly barýar. Türkmenistanda opera artistlerini hünär taýdan taýýarlamagyň milli opera sungatynyň ösmegini, onuň ýokary dünýä derejesine çykmagynyn üpjün etjekdigi gürrüňsizdir.


Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň “Galkynyş” Žurnalynyň Nobatdaky Sanynyň Tanyşdyryş Çäresi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Awstriýa- Türkmen jemgyýetiniň “Galkynyş” žurnalynyň nobatdaky sanynyň tanyşdyryş çäresi boldy. Žurnal Türkmenistanyň we Awstriýanyň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we medeniýet, sungat ulgamlarynda hem-de maglumatlary alyşmakda önjeýli we işewür aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna uly goşant goşýar.

Mälim bolşy ýaly, Awstriýa- Türkmen jemgyýeti 2008-nji ýýylyň güýzünde döredilipdi. Bu döwür içinde jemgyýetde bilelikdäki möhüm taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirildi. Olara mysal edip, “Galkynyş” žurnalynyň neşir edilmegini, “Galkynyş” Türkmen-Awstriýa simfoniki orkestriniň döredilmegini, dürli duşuşyklaryň, tanyşdyryş çäreleriniň, sergileriň yzygiderli geçirilmegini aýtmak bolar. Medeniýet ulgamynda aýratyn ähmiýetli waka hökmünde türkmen sungat ussatarynyň Ýewropanyň medeni paýtagty hasaplanýan Wenada çykyşlarynyň guralmagyny, şeýle hem Aşgabatda Wena balynyň geçirilmegini bellemek bolar.

Şu gün  tanyşdyrylan Awstriýa- Türkmen jemgyýetiniň “Galkynyş” žurnalynyň nobatdaky sanynda okyjylara ýurdumyz, taryhymyz, medeni däp-dessurlarymyz we türkmen halkynyň adatlary, ösüş ýolundan ynamly barýan häzirki zaman Türkmenistanyň gazanan ägirt uly üstünlikleri barada okyjylara gürrüň berýän köpsanly makalalar we fotosuratlar ýerleşdirilipdir. 

Tanyşdyryş çäresinde Awstriýa- Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger Awstriýanyň jemgyýetçiligi tarapyndan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana  örän uly üns berilýänligini belledi. Munuň özi milli Liderimiz  Gurbanguly Berdimuhamedowyň “”Açyk gapylar” syýasatynyň we giň halkara hyzmatdaşlygynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 


Türkmenistan Saglygy Goraýyş Ulgamynda Halkara Hyzmatdaşlygynyň Täze Ugurlarynyň Başyny Başlaýar

Golaýda Aşgabatda geçirilen iri saglygy goraýyş forumlary giň jemgyýetçilik seslenmesini döredip, şol günlerde dünýä metbugatynda peýda bolan köpsanly makalalarda öz beýanyny tapdy. Golaýdaky we alysdaky ýurtlaryň köpsanly metbugat we elektron neşirlerindäki makalalarda bellenilişi ýaly, türkmen paýtagtynda halkara guramalarynyň gatnaşmagynda geçirilen, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) bilen bilelikde guralan “Gazanan üstünliklerimizi berkitmek sagdyn geljegimiziň esasydyr” atly halkara saglygy goraýyş maslahatyna, şeýle hem geçirilen ilatyň sagdyn iýmitlenmeginiň ýokary derejeli milli strategiki maslahata wekilçilik eden daşary ýurt wekiliýetleriniň şeýle ýokary derejesi we köp sanlylygy türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlarynyň başyny başlamaga meýillidigine şaýatlyk edýär.

Seljerijiler we syýasatşynaslar halkara saglygy goraýyş forumynyň Aşgabada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň  we BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýolbaşçylaryny hem-de bilermenlerini, Ýewropanyň we dünýäniň beýleki sebitleriniň 30-dan gowrak ýurdundan wekilleri, meşhur daşary ýurtly alymlary we hünärmenleri jemländigine ünsi çekdiler.  Forumlara gatnaşan wekilleriň käbiri Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny dünýä dünýäde wagyz etmäge goşan goşandy we saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmekdäki hyzmatlary hem-de Türkmenistanyň we beýleki döwlet hem-de halkara guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmek babatdaky tagallalary üçin belent döwlet sylaglaryna mynasyp boldy. Şol günlerde geçirilen ilatyň sagdyn iýmitlenmeginiň ileri tutulýan wezipeleri boýunça  ýokary derejeli milli strategiki maslahaty hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, ÝNISEF-iň birnäçe ýurtlaryndaky edaralarynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň we iýmitlenmek meseleleri boýunça beýleki pudagara komitetleriniň düzümine girýän guramalaryň, şeýle hem Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Iýmit akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň halkara bilermenleri gatnaşdylar. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş maslahatynyň açylyş dabarasynda eden çykyşy dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hususan-da, esasy halkara täzelikler agentlikleriniň aýratyn gyzyklanmasyny döretdi. 

Meşhur internet-neşirler, köpsanly gazetler we žurnallar Türkmenistan bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhyndaky bu täze möhüm waka aýry-aýry makalalary bagyşladylar. Şol makalalar bilen bilelikde köpsanly suratlar hem çap edildi. 

“Türkmen paýtagtynda şeýle dünýä derejesindäki möhüm ähmiýetli çäräniň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn döredijilikli syýasatynyň giňden ykrar edilýändiginiň, türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygynda milletiň beden we ruhy saglygyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň  aýdyň subutnamasydyr” diýlip, dünýä metbugatynda bellenilýär.

Şu forumyň Aşgabatda çagyrylmagy Müňýyllygyň ösüş maksatlaryny hem-de “Saglyk-2020” strategiýasyny nazara alyp, saglygy goraýşyň döwrebap milli syýasatyny işläp taýýarlamak bilen, Türkmenistanyň diňe bir giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen we ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem,  olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça netijeli ädimleri ädýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Täzelikler neşirleriniň synçylary Türkmenistanyň abraýly halkara we sebit guramalary bilen özara gatnaşyklarynyň netijeliligini belläp, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Margaret Çanyň we BSGG-niň Ýewropa sebitit boýunça edarasynyň direktory Žužanna Ýakabyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasyny döretmek we daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini nazara almak bilen ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça  Türkmenistanda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýedigi barada aýdan sözlerini mysal getirdiler. 

Hususan-da, TURKMENISTAN. RU elektron gazetiniň habar berşi ýaly, BSGG-niň ýolbaşçysy Margaret Çan öz çykyşynda Türkmenistanyň çilimkeşlige garşy göreşmekde uly ösüş gazanandygyny belledi. Onuň aýtmagyny görä, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň golaýdaky syny ýurtda ilatyň bary-ýogy 8 göterimi çilim çekýär, munuň özi bütin dünýäde iň pes görkezijidir. 

Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Türkmenistan halkara durmuşyna işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde dünýä derejesinde sagdynlygy we abadançylygy üpjün etmäge öz mynasyp goşandyny goşýar. Biziň ýurdumyz bu ugurda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. Dürli derejelerde, hususan-da, halkara guramalarynyň çäklerinde häzirki we geljekki nesiller üçin uly ähmiýeti bolan meseleleri yzygiderli öňe sürýär we bu meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar” diýen sözlerini mysal getirdiler.

Ýeri gelende aýtsak, türkmen Lideriniň çykyşyndan jümleler döwrebap internet-tehnologiýalar arkaly örän çaltlyk bilen bütin dünýä ýaýrap, esasy habarlar agentlikleriniň täzelikler ulgamlarynda orun aldy. 

“Adamyň saglygy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi häzirki döwürde Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir”, “ Raýatlarymyzyň saglygy barada alada etmek döwletiň borjudyr. Her bir döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösmeginiň girewidir”, “Biziň alyp barýan içeri syýasatymyz, ilkinji nobatda, ilatyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, ösüşiň belent sepgitlerine ýetmäge, raýatlarymyzyň saglygyny goramaga bolan konstitusion hukuklaryny berjaý etmäge gönükdirilendir”, “Biziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyz berkarar Watanymyzy gülläp ösýän, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagy üpjün edýän döwlete öwürmäge niýetlenendir”,«Saglyk» döwlet maksatnamasynyň esasy maksady ilatyň saglygyny goramakdan, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakdan we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmekden, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakdan ybaratdyr”—türkmen döwletiniň Baştutanynyň şu we beýleki köpsanly aýdan pähimleri uly bolmadyk habarlaryň, şeýle hem  düýpli teswirlemeleriň esasyny düzdi. 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine (TDH) salgylanyp bellenilişi ýaly, soňky 20 ýylyň dowamynda “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň hem-de saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmegiň çäklerinde ägirt uly işler amala aşyryldy. Şol işleriň netijesinde ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygy artdy. Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralarynda ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary ilat üçin elýeterli boldy. Öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegi netijesinde keselleriň sany azaldy. Ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmek we derman serişdeleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça giň möçberli çäreler geçirildi, hünärmenleri taýýarlamaga we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, lukmançylyk ylmyny ösdürmäge aýratyn üns berildi. 

Kämilleşdirilen kanunçylyk binýady saglygy goraýyş ulgamynda giň möçberli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagyň ygtybarly esasy boldy. Soňky ýyllarda bu binýadyň üstüni “Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda”, “Adatdan daşary ýagdaýlary öňünden duýdurmak we aradan aýyrmak hakynda”, “Azyk önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek hakynda”, “Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki ulanmagyň netijelerinden goramak hakynda”, “Farmasewtika işi we derman serişdeleri bilen üpjün etmek hakynda”, Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki wajyp resminamalar ýetirdi. 

1996-njy ýylda girizilen meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy hem halkara bileleşiginiň oňyn bahasyna mynasyp boldy. Häzirki wagtda jemi 3 milliondan gowrak adam döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasynyň ýeňilliklerinden peýdalanýar. Ýaýradylan habarlarda bellenilişi ýaly, ol Türkmenistanyň raýatlaryna we olaryň eklenjindäki 16 ýaşa çenli çagalara bahasy 90 göterim arzanladylan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň 128 görnüşini döwlet dermanhanalaryndan almaga şert döretdi. Bejeriş- öňüni alyş edaralarynda 50 göterim möçberlerinde arzanladylan tölegli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ähli görnüşlerinden peýdalanmaga  mümkinçilik berdi. 

Käbir makalalaryň awtorlary azyk önümlerini baýlaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Munuň özi ýokanç däl keselleriň öňüni almakda möhüm orun eýeleýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanda döwlet derejesinde duzy ýodlaşdyrmak, uny demir we foliý kislotasy bilen baýlaşdyrmak arkaly keselleriň öňüni almak boýunça giň möçberli çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

Howply ýokanç keselleriň birnäçesiniň doly ýok edilendigi hakyndaky köp sanly halkara  güwänamalary, şol sanda drakunkulýoz, poliomielit we gyzzyrma keselleriniň aradan aýrylandygyny tassyklaýan güwänamalar halkara bileleşiginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda döredilýän saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasynyň netijeliligini ykrar edýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. 

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek boýunça  uly işler alnyp barylýar. Şol işlerde adam saglygy üçin zyýanly endiklere,  hususan-da, çilimkeşlige garşy göreşi güýçlendirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hut Aşgabat şäherinde “Saglyk-2020” maksatnamasynyň düzgünleri bilen baglylykda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Jarnamanyň kabul edilmegi tötänden däldir. 2013-nji ýylyň dekabr aýynda türkmen paýtagtynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa boýunça ministrler maslahaty geçirildi. 

Türkmenistan 2011-nji ýylda BSGG-niň temmäkä gözegçilik etmek boýunça halkara ülňülerine we ugrukdyryjy ýörelgelerini belleýän Çarçuwaly konwensiýasyny tassyklap, temmäki tüssesine garşy giň möçberli çäreleri durmuşa geçirip başlady. Ýurdumyzda baryp 2000-nji ýylda jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan edilipdi. 2013-nji ýylda “Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we tämmäki ulanmagyň netijelerinden goramak hakyndaky” Kanun güýje girdi. “Saglyk-2020” syýasaty babatda BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasy bilen bilelikde 2012-2016-njy ýyllar üçin temmäki tüssesine garşy göreşmek boýunça çäreleriň milli meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.  Häzirki wagtda bu meýilnama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ilatyň arasynda işjeň geçirilýän düşündiriş işleri, ýurdumyzda  satylýan temmäki önümleriniň bahalarynyň artdyrylmagy, çilimkeşlige gözegçilik etmek boýunça berk çäreleriň amala aşyrylmagy ýürek-damar we respirator  keselleri bilen keselleýän adamlaryň sanynyň ep-esli azalmagyny üpjün etdi. 

Türkmen Liderine “BSGG-niň Ýewropa sebitini temmäkiden azat etmäge goşan ajaýyp goşandy üçin Bütindünýä  saglygy goraýyş guramasyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa” diýen minnetdarlyk ýazgysynyň gowşurylmagy döwlet Baştutanymyzyň umumy işe ägirt uly goşandynyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi. 

Bütindünýä  saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçylary türkmen döwletiniň Baştutanynyň görýän netijeli çärelerini we oňyn başlangyçlaryny mübärekläp, golaýda tassyklanan “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Bu maksatnama milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde hil taýdan täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýar hem-de bagtyýarlygyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine uzakmöhletleýin netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri açýar. 

“Adamlaryň saglygyny goramakdan we olaryň abadançylygyny üpjün etmekden belent hem-de asylly maksat ýokdur. Bu wezipeleri çözmekde ähli döwletler belent maksatlardan hem-de ynsanperwer   gymmatlykdardan ugur alyp, bilelikde hereket etmelidirler hem-de birek-birege ýardam bermelidirler” diýip, türkmen Lideri belleýär. 

Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri 22-nji iýulda geçirilen ilatyň sagdyn iýmitlenmeginiň ileri tutulýan wezipeleri boýunça ýokary derejeli milli strategiki maslahata hem uly üns berdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen bu forum Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygyna bagyşlandy. 

Häzirki zaman dünýäsinde sagdyn iýmitlenmk we  azyk önümleriniň howpsuzlygy ilatyň saglyk derejesini, onuň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini, ömrüň dowamlylygyny, zähmet we durmuş işjeňligini kesgitleýän esasy şertlere degişlidir. 

Köpsanly meşhur neşirleriň habarçylarynyň belleýşi ýaly, ilatyň sagdyn iýmitlenmeginiň kadalarynyň we düzgünleriniň ornaşdyrylmagy kadasyz iýmitlenmek bilen şertlendirilen keselleriň öňüni almak bilen birlikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu sýyasat bolsa durmuş ugruna gönükdirilendir. “2013-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi baradaky Milli maksatnamanyň” üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem-de ýurdumyza getirilýän we Türkmenistanda öndürilýän ähli azyk önümlerine bildirilýän ýokary talaplar munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda  öndürilýän azyk önümleri ýokary hilliligi, olarda konserwantlaryň ýoklugy hem-de diňe ekologiýa tadan arassa çig-malyň ulanylýandygy bilen tapawutlanýar. Diňe soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň “Azyk önümleriniň hili we howpsuzlygy hakynda”, “Agyz suwy hakynda”, “Türkmenistanda azyk önümleriniň ýokary hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek babatda sanitar gözegçiligini kämilleşdirmek hakynda” Kanunlar we beýleki kadalaşdyryjy—hukuk namalary kabul edildi. 

Dünýä metbugaty Türkmenistanyň halkara saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň wajyp wezipelerini çözmäge, şol sanda ilatyň sagdyn iýmitlenmeginiň meselelerine degişli wezipeleri amala aşyrmaga goşýan goşandyny nygtap, ýurdumyzyň esasy halkara guramalary we aýry-aýry döwletler bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini ýene-de bir gezek kanagatlanmak bilen belledi.

“Bizi umumy gymmatlyklar we umumy jogapkärçilik, dünýä bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleriň many-mazmunyna düşünýändigiňimiz birleşdirýär. Biz öňe gitmek hyjumyzda bitewüdiris”—daşary ýurt metbugatynyň şu synymyza giren köpsanly makalalarynda we habarlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu aýdan sözlerine  aýratyn üns berilýär.  


21 Temmuz 2015 Salı

Prezidentimiz Saglygy Goraýyş Ulgamyna Degişli Täze Binalaryň Açylyş Dabaralaryna Gatnaşdy

Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de "Saglyk" döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy baýramçylygy mynasybetli saglygy goraýşy ulgamyna degişli täze iri desgalaryň açylyş dabaralary, şeýle hem saglyk düzüminiň nobatdaky ýöriteleşdirilen kärhanalarynyň düýbuni tutmak çäresi geçirildi. Şanly seneler mynasybetli guralan çärelere saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine, halkymyzyň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň giň ulgamyna eýe bolmagyna mümkinçilik döreden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

... Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň ulagy Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň düýbüniň tutulýan ýerine geldi. 

Bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlerikleriň, pudak edaralarynyň,  harby we hukuk goraýjy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýurudmyzyň welaýatlarynyň häkimleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda şu gezekki çärelere gatnaşmak üçin ýörite çagyrylan Germaniýadan professor-lukmanlar we beýleki daşary ýurtly myhmanlar bar. Şeýle hem bu ýere şu gün öz hünär baýramçylygyny belleýän saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri geldiler. 

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar. 

Döwlet Baştutanymyz ýaşulular bilen bolan söhbetdeşlikde ilatymyzyň beden we ruhy taýdan, sagdynlygy, her bir adamyň, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi boýunça amala aşyrylýan iri möçberli işlere degip geçdi. Ýaşulular milli Liderimize türkmen halkynyň saglygy we bagtyýar durmuşy barada ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Döwlet Baştutanymyz adamlar we olaryň saglygy hakdaky aladanyň geljekde hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boljakdygyny belläp, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini nygtady. Ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn durmuş maksatnamalary we taslamalar ilata hil taýdan täze, ýokary derejede lukmançylyk hyzmatyny hödürlemäge gönükdirilip, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge ýardam bermelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Döredijilik toparlarynyň we ussat ýerine ýetirijileriň ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlary bu ýerde guralan dabaralara  özboluşly öwüşgin çaýdy.  
 
Hormatly Prezidentimiz özi üçin ýörite taýýarlanan ýere geçýär. Soňra döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, öz çykyşyny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda baýramçylyklaryň goşalanyp gelýändigi barada aýtmak bilen başlady. Ýakynda Oraza baýramyny, Galla baýramyny belläp geçdik. Indi bolsa Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi hem-de "Saglyk" döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy bilen bagly dabaralara gatnaşýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Şu täze halkara lukmançylyk merkezleriniň - 180 orunlyk hirurgiýa merkeziniň, 120 orunlyk endokrenologiýa merkeziniň düýbüni tutýarys. Bu toplumyň endokrinologiýa ulgamyna degişli dürli keselleriň, şol sanda süýji keseliniň öňüni almak, anyklamak hem-de bejermek boýunça meseleleri çözmekde uly ähmiýeti bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

Biz 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda "Saglyk" döwlet  maksatnamasyny kabul etdik. Maksatnamanyň esasy wezipesiniň keselleri bejermek däl-de, olaryň öňüni almakdygyny, şonuň esasynda hem şu döwrüň içinde uly  işleriň amala aşyrylandygyny, birnäçe keselleriň ýurdumyzda ýok edilendigini bellemeli., Birleşen Milletler Guramasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hem-de beýleki birnäçe abraýly halkara guramalarynyň şol keselleriň ýok edilendigi baradaky güwänamalarynyň ýurdumyza gowşurylandygyny aýtmak isleýärin.

Keselleriň öňüni almak üçin maşgala lukmanlarynyň ulgamy ýola goýuldy, bu usul iş ýüzünde özüniň netijeliligini görkezdi. Ýurdumyzda meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryş gäwänamasy ulgamyny girizdik, ýokary derejeli anyklaýyş we bejeriş – öňüni alyş hyzmatlarynyň umumy elýeterli bolmagyna ýardam berýän beýleki köpsanly çäreler durmuşa geçirildi.

Käbir keselleriň öňüni almak we bejermek üçin merkezleşdirilen hassahanalar zerur bolup durýar. Biz Halkara saglyk merkezleriniň müdiriýetini döretdik. Onuň düzümine Kardiologiýa merkezi, Halkara iç keselleri merkezi, Halkara anyklaýyş merkezi, Kelle we boýun keselleri halkara merkezi, Ene mähri merkezi, Göz kesellerini bejerýän oftalmologiýa merkezi we Stomatologiýa merkezi girýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

Her ýyl ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň şanly senesinde lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutmak ýa-da açyp ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. 

Şu gün hem biz täze Okuw-ylym merkezini açarys. Diňe ylym bilen aýakdaş gitmek bilen biz oňyn netijeleri gazanyp bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu Okuw-ylym merkezi geljekde ylmy-barlag işlerini geçirer ýaly, lukmanlarymyzyň öz hünärini ýokarlandyrmak üçin, kliniki ordinatorlar, aspirantlar, doktorantlar tarapyndan degişli ylmy-barlag işlerini geçirip, ylmyň gazananlaryny amaly tarapdan durmuşa geçirip, keselleriň öňüniň alynmagy üçin zerur şertleri üpjün eder. 

Ýene bir açyljak desga Halkara kardiologiýa merkezidir, ol durky täzelenilen we düýbünden täzeden gurlan binalardan ybaratdyr. Öňki kardiologiýa merkezi 20 orunlyk bolan bolsa, täze halkara kardiologiýa we kardiohirurgiýa merkezi 150 orunlukdyr. Bu ýerde raýatlarymyz üçin  ýürek-damar keselleriniň öňüni almak, bejermek ýa-da hirurgiýa taýdan bejeriş amallaryny ýerine ýetirmek mümkinçiligi döredildi. Bu merkezler täze saglyk halkara müdiriýetiniň düzümine girýär. 

Milli Liderimiz şeýle hem sagdyn nesli ösdürip ýetişdirmek üçin öňi bilen eneleriň sagdynlygynyň zerur  bolup durýandygyny aýtdy. Şu gün biz Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy merkezini açarys. Bu ýerde biziň aýal-gyzlarymyz, çagalar üçin ähli lukmançylyk hyzmatlary, şol sanda akuşerçilik-ginekologiýa bejeriş işleri ýola goýlar. Zerur bolsa, bu ýerde ylmy-barlag işleri hem geçirilip bilner. 

Döwlet Baştutanymyz ýene bir desga hakynda, çilimkeşlik, arakhorluk, neşekeşlik ýaly belalardan saplanmak üçin şu gün Tejen şäherinde 120 orunlyk ýöriteleşdirilen dikeldiş merkeziniň açylýandygyny aýtdy. Bu merkez bu zyýanly endiklerden ejir çekýän adamlara sagdyn-durmuş ýörelgesini saýlap almaga kömek eder.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow lukmançylyk bejeriş işlerinde saglygy goraýyş ulgamynyň derman serişdeleri bilen üpjün edilmeginiň ähmiýeti baradaky meselede durup geçdi. Dermanyň ýokary hilli saklanylmagyny, olaryň ulanyş möhletini, hiliniň barlanylyşyny we dermanhanalara öz wagtynda ýetirilmegini Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana müdirliginiň häzirki zaman halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze ammarlary üpjün eder – ol şu gün ulanmaga berilýän desgalaryň biridir. 

20 ýylyň içinde, hakykatdan hem, uly işler amala aşyryldy, paýtagtymyzda merkezleşdirilen lukmançylyk edaralarynyň ençemesi – Gaýragoýulmasyz  tiz kömek merkezi, Şikesleri bejeriş merkezi, Ýokanç keselleri merkezleriniň toplumy, ýöriteleşdirilen harby hassahanalar gurlup ulanmaga berildi, welaýatlarda "Ene mähri", anyklaýyş merkezleri, obalarda saglyk öýleri guruldy – näçe sanasaň sanap oturmaly. Bu işler dowam etdirilip, milli saglygy goraýyş ulgamyny ýokary dünýä derejesine çykarýar diýip, milli Liderimiz sözüni jemledi.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylary Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de "Saglyk" döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagt, saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerine bolsa ynsan saglygyny bejermek ýaly asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy ýygnananlar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.  

Soňra şu günki dabara gatnaşýan oglanjyk bilen gyzjagaz hormatly Prezidentimize ýörite gutyny getirip, ýadygärlik ýazgy galdyrmagy haýyş etdiler. Bu ýere ýygnanlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geljek nesillere niýetlenen ýazgyny guta salyp, täze binanyň düýbüniň tutuljak ýerine bardy. Döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň binýadyna beton garyndysyny atyp, onuň gurluşygyna ak pata berdi. Ýaşulular we dabara gatnaşyjylar milli Liderimiziň göreldesine eýerdiler. 

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde germaniýaly professorlar bilen lukmançylyk pudagynda mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdy we olaryň türkmen kärdeşleri bilen täze işjeň gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine baha bermekleri üçin, olary şu günki açylýan desgalar bilen tanyşmaga çagyrdy. 

Täze desganyň düýbüni tutmak dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň şu künjegindäki lukmançylyk şäherçesiniň çäginde ýerleşýän Halkara okuw-ylmy merkezine tarap ugrady. 

Milli Liderimiziň ulagy Halkara okuw-ylmy merkeziniň öňündäki meýdançada saklandy. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselelerini gowşurdylar. Dabara gatnaşýan hökümet agzalary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, şeýle hem daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri, daşary ýurtly myhmanlar milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.  Şeýle hem bu ýerde okuw-ylmy merkezi, onda amala aşyrylýan işleri ösdürmek  boýunça iş alyp barýan daşary ýurtly alymlar bar. Olar täze merkeziň açylyş dabarasyna gatnaşýarlar.  Ýurdumyzyň lukmanlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik ýagdaýynda  garşyladylar. 

Halkara okuw-ylmy merkeziniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň belli aýdymçylarynyň, döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olar şanly waka mynasyebtli belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. 

Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz täze binanyň toý bagyny kesýär. Soňra döwlet Baştutanymyz merkeziň içine girip, onuň aýratynlyklary bilen tanyşýar. 

Merkeziň esasy wezipesi lukmançylyk biliminiň derejesini ýokarlandyrmak, ylmy barlaglary geçirmek, dürli görnüşdäki şekilleri ulanmak arkaly saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek bolup durýar. 

Täze lukmançylyk tehnologiýalarynyň saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň  ýokary ösüş derejesi bolan döwletleriň hatarynda öz ornuny pugtalandyrmagyny üpjün edýär. Hil taýdan täze kämil düzümi emele getiren bu merkez lukmançylyk pudagynyň esasyny düzmek bilen, ol ulgamyň ýokary hilli mümkinçilikleriniň yzygiderli artdyrylmagyny üpjün edýär we lukmançylyk ulgamynyň täzeçil ýol bilen sazlaşykly ösüş strategiýasyny kesgitleýär.  

Halkara okuw-ylmy merkezi, öňdebaryjy tehnolgiýalar bilen üpjün edilen iri bilim merkezidir. Ol ähli täzeçil ýörelgeleriň döredilmegini, ornaşdyrylmagyny we giňden ulanylmagyny öz içine alýan lukmançylyk düzüminiň kemala getirilmegindäki nobatdaky tapgyr bolup durýar. Bu merkezde täze işläp taýýarlamalar bilen meşgullanmak, ylmy – barlag taslamalaryny amala aşyrmak, ilat üçin täzeçil lukmançylk hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmak maksady bilen olaryň netijelerini tejribä ornaşdyrmak işleri alnyp barylar. 

Merkezde oturdylan enjamlaryň Orta Aziýa ýurtlarynyň hiçisinde ýokdugyny bellemeli. Bu kämil enjamlaryň kömegi bilen, talyplar, ordinatorlar, lukmanlar we beýleki hünärmenler tejribe sapaklaryny geçerler, öz hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrarlar, möhüm işläp taýýarlamalary, düýpli we amaly barlaglary geçirerler, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenenler we kämil usullary, tehnologiýalary synagdan geçirerler. Toplumyň düzümine endoskopiýa, hirurgiýa bölümeçi bolan  Lukmançylyk türgenleşik bölümi, ylmy-anyklaýyş we usulyýet bölümi, barlag we seljeriş ylmy bölümi özünde jemleýän merkeze girýär.  

Döwlet Baştutanymyz  bu ýerde ýerleşýän embriologik we sütin öýjükleri ylmy-anyklaýyş barlaghanasyna bardy. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamynda iň häzirkizaman ugurlaryny biridir.  

Milli Liderimiz bu ýerde implantasiýanyň öňüsyrasynda genetiki-anyklaýyş döwründe kemisligi ýüze çykarmak bilen blastomerleri öwrenmek, ekstrakarporal tohumlandyrma meseleleri boýunça anyklaýşy we barlaglary geçirmek bilen baglanyşykly usullar bilen tanyşýar. Şunuň ýaly anyklaýyş çäreleri genetika sebäpler boýunça tohumyň ösüşini kesmek töwekgelçiligini aradan aýyrýar we doga näsaglygy bolan eneden sagdyn çaganyň dünýä inmek mümkinçiligini ýokarlandyrýar. Dünýäniň dürli ýerlerindäki klinikalarda şunuň ýaly tejribäniň ulanylmagy, bu tehnologiýanyň netijeliliginiň ýokarydygyny subut etdi. 

Häzirki döwürde adamyň bedeninde sütün öýjüklerinden dürli öýjükli ulgamyň emele gelýändigine hiç hili şübhe ýok. Häzirki zaman  lukmançylygynda adamyň sütün öýjükleri  bejeriş maksady bilen başga ýere geçirilýär.  Meselem, bejeriş mahalynda gan aýlanyş ýagdaýyny dikeltmek üçin zerur çäreleri ýerine ýetirmek mümkinçiligi döreýär. Bu merkezdäki dikeldiş hirurgiýasynda dürli keselleri bejermekde ulanmak maksady bilen, mezenhimal sütün öýjükleriniň dürli görnüşleriniň şekilini döretmäge mümkinçilik berýär. Olaryň sanyny we hilini hem-de olary gerekli ýerine oturtmaga taýýarlamagy üpjün edýär. 

Bu ýerde işleýän lukman hormatly Prezidentimiziň sowallaryna jogap bermek bilen, enjamlar, olary barlaghana şertlerinde ulanmagyň kadalary barada gürrüň berdi. Şeýlelikde, Germaniýada öndürilen "LAMINAR AÝIRFLOW CABIN"  enjamy özünde gepofilter saklaýar we daşky gurşawdan gelen mikroblaryň täsirini peseldip, sütün öýjükleriň arassa ýagdaýyny saklamagyny üpjün edýär.  Munuň özi  sütün öýjüklerine düzümiň kadasyna laýyk getirmäge çenli bolan ukyplylygy we adam bedeniniň ýürek damarlary, beýni öýjügi, nerw sütünleri, öýken, bagyr, kentlewük we deri ýaly dürli böleginiň kadaly işini ýola goýýar. 

Bu barlaghanada oturdylan Indoneziýanyň önümi bolan   "Ecko"  enjamy sütün öýjükleriniň kadaly ýaşamagy we saklanmagy bilen baglanyşykly ylmy barlaglarda giňden ulanylýar. Onuň maksatnamalaýyn üpjünçiligi sütün öýjüklerini saklamak, köpeltmek  we ösdürmek üçin zerur bolan şertleri, ygtybarly goraglylygy ýola goýar. Ol CO2 ölçeglerinde degişli ýylylygy we çyglylygy üpjün edýär. 

Öýjük terapiýasy sütün öýjükleriniň mümkinçiliklerine daýanyp, dürli ugurlarda ýöriteleşdirilen öýjüklere öwrülmäge we täzeden dikelmäge ukyplydyr. Sütün öýjükleriniň şunuň ýaly aýratynlyklary netijeçinde ol adam teniniň ähli ýerindäki zeper ýeten öýjükleri çalyşmak we täzeden dikeltmek wezipesini ýerine ýetirýär. Şeýle hem ol has ýiti keselleriň 80-den gowragyny bejermekde işjeň ulanylýar. Barlaghananyň sowadyjy enjamy sütün öýjükleri 86 dereje suwuklykda alty aýdan bir ýyla çenli bolan möhletde saklamaga mümkinçilik berýär.  

Ýaponiýanyň "Olympus"  inwertirlenen  mikroskopy lukman hünämenleriň ygtyýarynda bolup, ol janly sütün öýjükleriniň köpelmegine hem-de ösmegine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Ol wideokamera bilen üpjün edilip, kompýuter ulgamyna birikdirilendir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşýan germaniýaly professorlara ýüzlenip, olaryň sütün öýjüklerini barlamagyň geljegi bilen baglanyşykly pikirlerini diňledi. Şonda myhmanlaryň biri tejribeli kardiolog öz iş tejribesinde sütün öýjüklerini näsagyň infarkt keseliniň öňüsyrasyndaky ýagdaýynda ulanandygyny we bu usulyň oňat netije berendigini belledi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz merkeziň patomorfologik ylmy-anyklaýyş barlaghanasyna bardy. 

Bu barlaghananyň esasy aýratynlyklarynyň biri-de, bu ýerde Wisto-- we sitomorfometriýa öýjükleriň ýadro gurnaýjylaryny ýüze çykarmak we adam bedeniniň aýry-aýry ýerleri boýunça barlag işleriniň geçirilýänligidir. Şeýle hem barlaghana immun ulgamynyň doly ýetmezçiligi bilen bagly ylmy barlaglary geçirmäge, bedeniň agzalarynyň we dokumalarynyň trasplantologiýasynda patomorfologiýa işini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen alnan bu enjamda Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikleriň makro we mikrosopiki derejede bedeniň dürli agzalaryna edýän täsiri öwrenilýär. 

Döwlet Baştutanymyz lukmandan barlaghanada ulanylýan täzeçil usullar we barlag serişdeleri barada aýdyp bermegini sorady. Merkeziň işgäri otagda oturdylan enjamlar toplumy barada aýtmak bilen, kliniki anyklaýyş we synag işlerini awtomatlaşdyryş enjamlaryny öndürmekde  dünýäde öňdebaryjy hasaplanylýan Germaniýada "Leica"  kompaniýasynyň "Aperio CS2"  göçüriji ulgamyň iş tertibini görkezdi. Bu enjam gistologiýa şekillerini göçürmek we olary saklamak maksady bilen, keseli anyklamak hem-de surat görnüşinde bir bitewi maglumat binýadyna utgaşdyrmak üçin ýokary öndürijilkli we örän tiz hereket edýän gural hasaplanylýar.  

Şeýle hem lukman bu ýerde oturdylan Daniýanyň "Dako" kompaniýasynyň enjamynyň artykmaçlyklary barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, bu enjam immunogistohimiýa anyklamasy üçin niýetlenip, oňa işläp taýýarlaýjy, reňkleýji gurallar girizilendir. Olaryň kömegi bilen islendik dokumalarda antigenler we beýleki serişdeler anyklanýar, şeýle hem käbir doly anyklamasy kyn bolan keselleriň sebäpleri kesgitlenýär we anyklanýar. Bu bolsa ejir çekýän adamlara patogenetiki taýdan bejergi geçirmäge mümkinçilik berýär. 

Soňra milli Liderimiz biohimiýa we gemotologiýa ylmy-anyklaýyş barlaghananyň innowasiýa enjamynyň, şol sanda barlaghana enjamynyň işleýiş häsiýetleri bilen tanyşýar, bu lukmançylyk enjamy gysga wagtyň içinde allergiýa keselleriniň sebäbini anyklamaga mümkinçilik berýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow anyklaýyş enjamynyň işleýiş aýratynlyklary hem-de onuň şeýle enjamlar bilen deňeşdirilende artykmaçlyklary bilen gyzyklandy. Hünärmegniň gürrüň berşi ýaly, "Phadia 250" enjamy häzirki wagtda awtomatlaşdyrylyş, hil we hyzmat ediş möçberleri allergiýa häsiýetli we autoimmun keselleri gysga wagtyň içinde aňrybaş derejede anyklamak boýunça iň häzirki zaman abzalydyr. Ol bir wagtyň özünde 50 nusgany kabul etmäge hem-de  allergiýa görnüşli keselleriň 700-den gowrak görnüşini ýüze çykarmaga ukyplydyr. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyza iň täze biohimiýa seljeriş enjamy görkezildi, ol biohimiýa barlaglaryň ähli görnüşlerini ýerine ýetirmäge we lipid, uglewod, belok we mineral çalyşmalaryň önümlerini kesgitlemäge ukyplydyr. Bu enjamyň kömegi bilen ýokanç keselleriň döremeginiň sebäbini ýüze çykaryp bolar.

Beýleki enjamlaryň hatarynda barlaghanada "Centaur" awtomatlaşdyrylan immunoferment anyklaýjy abzal hem bar. Onuň kömegi bilen ähli garmonlary, onkomarkerleri, kardiomarkerleri ganazlyk alamatlaryny ýüze çykaryp hem-de gysga wagtda delilli netijeleri alyp bolar.     

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow lukmançylyk tehnikalarynyň yzygierli täzelenendigini we her gün diýen ýaly olaryň  has kämil görnüşleriniň peýda bolýandygyny belledi. Hünärmenlerimiziň öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirmegi üçin olarda ýokary pikirlenmek ukybyny ösdürmek maksady bilen okuw maslahatlaryny yzygiderli guramak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutatynymz dabara gatnaşýan "Simens"  kompaniýsaynyň ýolbaşçysyna ýüzlenip, bu ulgam boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, kompaniýanyň toplan tejribelerini türkmen lukmalarynyň öwrenmegi boýunça okuw sapaklaryna nemes hünärmenleriniň çekilmeginiň möhümdigini belledi.  

Halkara okuw-ylmy merkeziniň Ylmy -barlag bölüminiň düzüminde molekulýar-genetik, situ-genetik, mikrobiologiýa barlaghanasy, şeýle hem metalbolizmi öwrenmek boýunça barlaghana we başgalar bar. 

Seljeriş bölümi merkeziň möhüm bölümleriniň biridir. Onuň işi saglygy goraýşyň ösüşini, döwrebaplaşdyrylmagyny we dolandyryşyny ylmy-amaly usulda üpjün etmäge, ykdysady binýadyny döretmäge, Türkmenistanyň döwalet elektron saglygy goraýyş ulgamynyň ylmy taýdan esaslandyrylan dolandyryşyny üpjün etmäge, derman serişdelerine Döwlet sanawyny girizmäge we lukmançylyk tehnikalaryna, lukmançylyk ähmiýetli beýleki enjamlaryna Döwlet sanawyny girizmäge gönükdirilendir. 

Soňra milli Liderimiz Okuw merkeziniň endeskopiýa we robotlaşdyrylan hirurgiýasynyň mümkinçilikleri bilen tanyşýar. Bu ýerde boks –türenleşik enjamy we hirurglaryň dürli amallary ýerine ýetirmegi üçin okuw geçilýän türgenleşik-simulýator enjamy bar, şunda bu tälimleri hünärmenler weterinariýa barlaghanasynda işe girişmezden ozal haýwanlar bilen geçirilýän synaglar arkaly özleşdirýärler. 

Hünärmen döwlet Baştutanymyza bu häzirki zaman enjamyny işledip görmek bilen onuň tehniki aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Norwegiýanyň "SimSurgery" kompaniýasynyň önümi dünýäde iň kämil simulýatorlaryň biri bolup, ýaňy işe başlan, şeýle hem tejribeli endohirurglaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin peýdalanylýar. Bu enjamda maşklar ýerine ýetirilende içki agzalaryň we dokumalaryň hakyky ýagdaýy görkezilýär we näsaz hereketler ýüze çykanda, olaryň ýaramaz netijeleri (gan akmak, ýolunmak we ş.m.) ýaly netijeler görkezilýär. Maksatnamalaýyn şekiller dürli çylşyrymlyklary we köp basgançakly maşklary sazlamaga mümkinçilik berýär. 

ABŞ-nyň "Helskea" kompaniýasynyň LapVR wirtual simulýatory endohirurgiýa gurallaryndan başarnykly peýdalanmagy öwrenmek, binýatlaýyn utgaşdyrmany, iş ýüzündäki tälimleri we endohirurgiýa amallary ýerine ýetirmek zenan keselleriniň hirurgiýasynda degerli tälimleri almaga niýetlenendir. 

Bu enjamyň kömegi bilen hiç hili gan görkezmezden operasiýalary geçirmegi içgin özleşdirip bolar, mysal üçin, körçegäni aýyrmakda, enjamyň ekranynda görkezilişi ýaly göbek ingisi ýa-da öthaltasy bejerilende ulanylýar. 

Şweýsariýada öndürilen Wirtamed guraly bolsa beden agzalarynda ownuk gan çykarmasyz amallary ýerine ýetirmäge niýetlenendir. Onuň kömegi bilen  bogunlary birleşdirijileri dikeltmek hem-de ýüze çykýan beýleki beden näsazlyklaryny aradan aýryp bolar.  Soňra bu usulyň ýerine ýteirilişi görkezildi. Myhmanlar monitoryň kömegi bilen lukmanyň ähli hereketlerine syn edip bildiler. 

Şeýle hem üç  derejeli endohirurgiýa we robotohirurgiýa ukyplaryny ele almak üçin iň täze enjam bar. "Da Vinsi" roboty örän çylşyrymly mikroskopiýa amallaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Ähli keselleýiş ýagdaýlarynyň hakykata örän ýakyn görnüşde suratlandyrylmagy okatmagyň ýokary netijeliligini  üpjün edýär, ýörite kompýuter maksatnamalary bolsa hünärmenleriň ösüş derejesine we ussatlygyna baha bermäge mümkinçilik döredýär. 

Bu okuw merkezi kliniki okuw türgenleşik merkezi we wiwarium bilen bilelikde köpugurly simulýasiýa toplumynyň düzümine girýär. 

Kliniki merkeziň okuw esbaplary näsaglaryň hakyky ýagdaýyny suratlandyrýan türgenleşik garantgylaryndan ybaratdyr we elektron okuw maksatnamalary bilen üpjün edilen dolandyryş enjamly simulýatorlardyr. Bu okuw usulyýeti soňky ýyl talyplar we ýaş hünärmenler üçin niýetlenendir we onuň maksady ýaşlarda ýüze çykyp biljek dürli ýagdaýlary meýilleşdirmegiň esasynda kliniki pikirlenmäniň tärlerini iş ýüzünde kemala getirmekdir. Bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň Orta Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinji gezek Aşgabatda ornaşdyrylandygyny bellemeli. 

Bu, mysal üçin,  öýünde heläkçilige uçran adama gaýragoýulmasyz kömege gelýän gulluklar tarapyndan ýardam berilmegi, awtoulag çaknyşygyny mysaly meýilleşdirmek we tiz kömek bermekdir. Doly abzallaşdyrylan tiz kömek ulagy we okuw garantgysy şikest ýetmegiň bolup biljek dürli ýagdaýlaryny meýilleşdirmäge hem-de tälim alýanlara näsaglar hassahana äkidilen ýagdaýynda mümkin bolan gaýralmalary öwrenmäge mümkinçilik berýär.

"Learning Spase" lukmançylyk simulýasiýa merkeziniň dolandyryş ulgamynyň kömegi arkaly ("Okadylýan giňişlik") simulýatordaky hereketler gözegçilige alnyp, ýazgy edilip ýa-da netijeleri jemlenen wagtynda ara alnyp maslahatlaşylyp biliner. 

Şeýle simulýatorlaryň kömegi bilen, lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň şikes alanlara ýa-da ýürek kesellilere gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi berlende ýerine ýetirmeli işleriniň yzygiderliligi we iş endikleri özleşdirilýär. Okuw-türgenleşik merkezinde tiz kömek otagy, kompýuter tomografiýa otagy, koronar angiografiýa otagy, ultrases barlagy otagy, döwrebap maneken-simulýatorlary bolan, anesteziolog lukmanlarynyň we operasion şepagat uýalarynyň gatnaşmagynda jikme-jik amaly okuwlary geçmek üçin operasion otagy bar. Bu operasion enjamlarda ähli ýagdaýlary, dem alyş ýollarynyň geçirijiliginiň bozulmalaryndan başlap, anesteziologiýadaky çylşyrymly ýagdaýlara, meselem, howply gipertermiýa çenli modelirlemek mümkin.

Reanimasiýa bölüminde ululara we çagalara, şol sanda bäbeklere bejerginiň güýçli depginde geçirilýän ýagdaýlaryny modelirlemek bolýar. Çaga dogruş otaglarynda dogrum barada, dogrum wagtynda ýüze çykýan adatdan daşary ýagdaýlar boýunça amaly okuwlar geçilýär. Şeýle hem wideoendoskopiýa otagy, meseleleri türgenleşdiriji otag diýlip atlandyrylýan otag, derman serişdeleriniň taýýarlanylýan otagy bar. Ýol berilmeli däl ýalňyşlyklaryň 30-göterimi  derman serişdeleriň mukdarynyň we taýýarlanyşynyň, goýberilişiniň nädogrulygy bilen baglanyşykly ýüze çykýar. Şepagat uýalary üçin amaly okuwlar şeýle ýalňyşlyklaryň sanynyň azalmagyna niýetlenendir. 

Şepagat uýalaryň işini kämilleşdirmek üçin, näsaglara gözegçilik etmek hem-de olar bilen gürleşmegiň düzgünlerini özleşdirmek üçin, aýratyn ideg talap edýän ululara we çagalara meňzedilip ýasalan "näsaglar"- trenažerlar ýöriteleşdirilipdir.

Hassahana otagy lukmanlar we şepagat uýalary üçin agyr görnüşli ýagdaýlar, näsaglaryň bejergisiniň alnyp barlyşyny we dürli-dürli hünärleriň arasyndaky iş ýörelgelerini kämilleşdirmek üçin niýetlenipdir. Süňk mulýažlarynyň we artroskopiýa otagy, ortoped lukmanlara hakyky hirurgiki enjamlary ulanyp sapak geçmäge mümkinçilik berýär. 

Okuw-ambulatoriýa bölüminde lukmanlaryň iş endikleriniň kämilleşmegi üçin amaly sapaklar guralýar. Türgenleşik merkezinde iň çylşyrymly türgenleşdirijiniň biri hem stomatologiki türgenleşdirijidir. Ol bejergi mahalynda ýüze çykyp biljek dürli ýagdaýlar bilen, ýagny agyra çydamsyzlyk, üsgülewük, ýürek bulanma, ýürek urşunyň kadasynyň bozulmagy ýaly ýagdaýlar bilen modelirlenipdir. Türgenleşdiriji dürli ýagdaýda nädogry hereketi görkezip biler. Onda dogry netijä gelmek öwrenýänleriň näsag bilen iş endikleriniň kämilleşmegine, hakyky iş ýagdaýynda tejribesini artdyrmaga kömek eder. 

Mundan başga-da merkezde urologiýa we GBB (gulak, burun bokurdak) türgenleşdirijileri gurnalypdyr. Çekge süňküni deşmegiň we burun  boşluklarynyň çäginde endoskopiki hirurgik amalllaryň taktil ikitaraplaýyn aragatnaşykly modelirlenilmegi öwrenýän operasion çägiň anatomiki gurluşyny we dokumalaryny duýmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem endoskopiki sinus hirurgiýa türgenleşdirijisinde hem meşgullanma göz öňünde tutulypdyr. 

Oftalmolog lukmanlara göni we göni däl oftalmoskopiýa üçin, şeýle hem döwrebap türgenleşdirijini ulanmak bilen witroretinal hirurgiýadan okuwlar geçilýär.

Robotlaşdyrylan hirurgiýanyň türgenleşdiriş otagynda dünýä-de deňi bolmadyk hem-de dürli okuw gurluşlary bIlen üpjün edilen "Da Winçi" atly robotlaşdyrylan hirurgiki ulgam gurnalypdyr. Robot iki bölekden durýar. Birinji bölek dolandyryjy üçin, ikinji bölek – dört elli awtomat- hirurgyň işini ýerine ýetirýär. Robotyň elleriniň biri operasiýa edilýän ýeri görkezýän wideokamerany saklaýar, beýleki iki eli hakyky alynan wagtda hirurgyň amala aşyrýan işini ýerine ýetirýär, dördünji el bolsa hirurgyň kömekçisiniň etmeli işini ýerine ýetirýär. Hirurg-lukman operasiýa edilýän ýeri 3-D görnüşde birnäçe esse ulaldyp görmäge mümkinçilik berýän dolandyryjynyň başyna geçip oturýar we enjamlara erk etmek üçin niýetlenen ýörüte abzallary peýdalanyp işleýär.

Döwlet Baştutanymyz binanyň multimediýa zalyna baryp gördi. Milli Liderimiz telelukmançylygyň mümkinçiliklerini ulanmaga şert döredýän enjamlaryň artykmaçlyklary bilen tanyşdy.

Bu ýerde işleýän hünärmene operasiýa zalynyň gollanmasynyň multimediýa zaly bilen baglanyşdyrylmagy merkezde okuw geçýänlere hirurgiýa maksatnamasynyň aýratynlyklaryny öwpenmäge, weterinar barlaghanada hirurgiýa işlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, ýaş lukmanlaryň hirurgiýa taýýarlygy bilen bir hatarda,  "Learning Space" ulgamynyň kömegi bilen Kliniki simulýator merkezinde ýerine ýetirilýän şeýle okuw sapaklaryny we beýleki bäsleşikleri guramaga mümkinçilik berýär.  

Bu ýerde şeýle hem  teleköpri arkaly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda okuw derslerini guramak we beýleki çäreleri geçirmek üçin mümkinçilikler bar.  

Bu ýerde myhmanlara munuň nähili bolup geçýändigi görkezildi: teleköpri Okuw-ylmy merkezini paýtagtymyzyň halkara lukmançylyk merkezleriniň ikisi bilen birikdirip, olaryň arasynda "häzirki wagt" ("on—laýn") tertibinde  göni gürrüňdeşligi görkezmek üçin giňişlik döredildi. 

Döwlet Baştutanymyz multimediýa zalyň işi bilen tanşyp, okuw derslerini geçmegiň barşynda daşary ýurt ylmy we kliniki merkezleri bilen geljekde okuw maslahatlaryny, geňeşmeleri, tejribe alyşmalary geçmek üçin göni wideoaragatnaşygy peýdalanmak mümkinçiligine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

Şeýle hem milli Liderimiz "Türkmen Älem52oE" milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy bilen halkara derejesinde geçirilýän teleköprüleriň guralmagyna giň mümkinçilikleriň açylandygyny belläp, şu ýerde milli emeli hemra arkaly häzirki zaman telearagatnaşyk tehnologiýalaryň üsti bilen tejribe sapaklaryny, ylmy alyşmalary ýola goýmak boýunça ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmalydygyny tabşyrdy. 

Milli Liderimiz ýene-de nemes hünärmenlerine ýüzlenmek bilen, hemra aragatnaşygyny ulanmak arkaly bilelikdäki ylmy barlaglary ýola goýmagyň, möhüm taslamalary durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belläp, teleköprüniň üsti bilen ylmy we maglumatlar alyşmagyň ähmiýetini nygtady.

Bu ýerde şeýle hem interaktiw ekrany peýdalanmak bilen täze okadyş tehnologiýasy görkezildi: 3D ölçeginde köp esse ulaldylan dokumalaryň ýa-da beden agzalarynyň şekillerini "işläp" olaryň ýagdaýyny öwrenmek mümkindir. 

Hünärmen bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijleriniň enjamlarynyň ornaşdyrylandygyny, olaryň Orta Aziýada ýeke-täkdigini aýdyp, döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň adyndan hoşallyk bildirdi.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylary häzirki zaman enjamlary we kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen okuw-ylmy merkeziniň açylyş dabarasy bilen ýene bir ýola gutlady hem-de olara işlerinde üstünlik arzuw etdi. Merkeziň işgärleri hormatly Prezidentimize saglygy goraýyş ulgamynyň we lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan Halkara kardiologiýa merkeziniň açylyş dabarasynyň geçýän ýerine tarap ugrady.

Bu ýerde köp sanly dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Milli Liderimize ajaýyp gül desseleri gowşuryldy. 

Merkeziň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Belli aýdymçylaryň we tans toparlarynyň belent ruha beslenen çykyşlary bu ýerde geçirilýän dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda merkeziň toý bagyny kesdi. Şunlukda ýurdumyzyň saglygy goraýyş düzüminde ýene-de bir ähmiýetli desga açyldy.

Halkara kardiologiýa merkezi bilen tanyşdygyň barşynda hormatly Prezidentimiziň ýanynda Germaniýadan gelen belli kardiolog   lukmanlar ýanynda boldy. Döwlet Baştutanymyz olar bilen bu merkeziň enjamlaşdyrylyşy, onuň häsiýetli aýratynlyklary boýunça pikir alyşdy. 

Halkara kardiologiýa merkezi täze gurlan iki sany döwrebap binadan ybaratdyr. Olar ýörite gurlan geçelge arkaly baglanyşýar. Şeýle hem Kardiologiýa merkezi lukmançylyk ylmynyň iň täze gazananlary we iň häzirki zaman tehnikalar bilen üpjün edilip, ol ýokary dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Merkez 141 näsag üçin niýetlenip, bu ýerde olara ýokary derejedäki lukmançylyk hyzmatlary amala aşyrylýar. 

Merkeziň maslahat beriş-anyklaýyş bölüminde ýokary hünär derejesi bolan kardiolog, kardiohirurg, reanimatolog, terapewt, newropotolog, ginekolog we beýleki ugurlara degişli lukmanlar  kabul edýärler. Şeýle hem merkezde keseli anyklamak ulgamynda ulanylýan usullaryň we enjamlaryň ägirt köp görnüşi işjeň ulanylýar. 

Döwlet Baştutanymyz merkez bilen tanyşlygyň barşynda ehokardiografiýa barlag otagyna barýar. Milli Liderimiz gyzylödegiň üstünden ehokardiografiýa barlagyny amala aşyrmak , ýürek-damar kesellerini stress usuly arkaly anyklamak üçin oturdylan ejamlaryň mümkinçilikleri bilen tanyşýar.  

Bu ýerde işleýän lukman döwrebap enjamyň artykmaçlygy barada aýdyp, bu ýerde oturdylan enjamlaryň Orta Aziýanyň ýurtlary boýunça diňe Aşgabatda bardygyny uly buýsanç bilen belledi hem-de netijeli işlemek ugrunda döredilen aňrybaş mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdy. 

Şöhle anyklaýyş we angeokardiografiýa bölümi kardiologiýa anyklaýyş ulgamynda täze ölçegleri emele getirýär. Meselem, häzirki zaman "Simens" nemes kompaniýasynyň "Somatom Delfinition" kompýuter tomografi bir öwrümde 128 kesimi bolan şekili ýerine ýetirip bilýär. Şeýle hem bu bölümde rentgenologiýa tehnikasynda iň häzirki zaman enjam bolan köpugurly "Luminos Fuston" sanly gurnama ulanylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow koronar gan aýlanyşyň we damar ulgamynyň irki döwürdäki näsazlygyny ýüze çykarmaga we ony täzeçil usullar bilen bejermäge niýetlenen angiografiýa 
Otagyna bardy. Mili Liderimiz bu ýerde otagda oturdylan Germaniýanyň enjamlary bilen tanyşdy. Bu enjamlar diňe bir keselleri anyklamaga däl, eýsem olary öz wagtynda kateter ulanmak ýoly bilen aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär. Bölümde kardiologiýa ulgamy býounça dünýäniň iň soňky gazananlary ornaşdyrylypdyr. Şeýle hem bu ýerde ýakyn döwürlerde mümkin bolmadyk hasap edilýän öňdebaryjy usullar ulanylýar. Olar 15 mikron ölçegi bolan damarlara optiki kogerent tomografiýasyny ulanmak arkaly ýüregiň damaryndaky gan aýlanyşynyň ölçegini amala aşyrýar. 

Şeýle hem bu ýerde uly geljegi bolan böwrek deňerwasiýasy bejeriş usuly ulanylýar. Ol agyr arterial keseli bolan näsaglarda arteriar gan basyşyny peseltmäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde Ýewropanyň öňdebaryjy klinikalarynda ornaşydyrylýan bu usul howpsuzdyr –em-de netijelidir. Ol gapdal arterialara kateter oturtmak arkaly we ultrasesiň kömegi bilen böwrek nerwlerine täsir edýär. Ol gan basyşyň ýokarlanmagyny kadalaşdyrýar. Bu çäräniň dowamlylygy 60-80 minuda barabardyr. 

Ýene bir angiografiki enjam damar ulgamyna diagnostik barlaglardan başga-da ýüregiň hereketini we onuň geçirijiligini anyklamak üçin niýetlenendir. Bu enjam ýürek ulgamyna elektrofihiologik barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýär. ABŞ-nyň "CARTO" nawegasiýa ulgamy ýüregiň elektoişjeňligi baradaky wajyp maglumaty almaga hem-de elektrokardiostimulýator gurnama arkaly bejeriş geçirmäge mümkinçilik berýär. 

Bölümiň oýlanyşykly enjamlaşdyrylmagy tutuş merkezde bolşy ýaly, bejerişe bolan toplumlaýyn çemeleşmeleri özünde jemleýär diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desganyň buýrujysynyň, onuň potratçysy boaln Türkiýäniň "Gap Inşaat" kosmpaniýasynyň we enjamlary getirýän Germaniýanyň "Hospital Internasional" kompaniýasynyň işine kanagatlanma bildirdi. 

Ýökary tehnologiýaly çylşyrymly operasiýalary az töwekgelçilikde geçirmäge mümkinçilik berýän we häzirki zaman lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýän enjamlaryň tapawutly tarapy barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz olaryň merkeziň beýleki bölümlerindäki koronar hirurgiýadan we beýleki hirurgiýa kesellerinden tapawutlydygyny belledi. Näsaglar bu ýerde toplumlaýyn bejergini alyp bilýärler. Ol bolsa gyssagly hem-de anyklaýyş çärelerini geçirmäge, netijeli bejerişi amala aşyrmaga we lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň we enjamlaryň gije-gündizleýin gözegçiligi astynda dikeldiş işleriniň netijeli bolmagyna ýardam berýär. 

Soňra döwlet Baştutanymyz merkeziň operasiýa we gan-damar kesellerini intensiw bejermek boýunça dikeldiş otagyna bardy.  

Bu ýerde işleýän lukman döwlet Baştutanymyza merkeziň operasiýa bölüminiň dünýäniň öňdebaryjy kardioklinikalarynyň derejesindäki tehnologiýalara, usullara we mümkinçiliklere eýe bolan üç sany operasiýa zalynyň bardygy barada aýtdy. Bu toplumda "OCTOPUS" (Medtronik, ABŞ) toplumynyň kämil enjamlary, emeli gan aýlanyşy üpjün edýän enjam, gözegçiligiň häzirki zaman köpugurly ulgamy, zerur ýagdaýlary anyklamaga niýetlenen Germaniýanyň önümi bolan ultra şöhle anyklaýyş enjamy bar. Bu ýerde oturdylan enjamlar diňe bir Orta Aziýada däl, eýsem tutuş dünýäde iň häzirki zaman görnüşleridir. 

Lukmanyň aýdyşy ýaly, anesteziologýa we intensiw terapiýa bölümi Germaniýanyň öňdebaryjy "Dragär", "Siýemens" we "Fresenius" ýaly kompaniýalarynyň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde barlag geçirmek, onuň netijelerini dessine   almak we täze işläp taýýarlamalaryň maksatnamalaýyn üpjünçiligi boýunça zerur maglumatlary almak hem-de olary bellemek üçin zerur şertleri üpjün edýän häzirki zaman ulgamy oturdylypdyr. Onuň kömegi bilen näsagyň ýagdaýyna, operasiýa mahaly onuň beden agzalarynyň işleýşine gözegçiligi amala aşyrýar. 

Merkeziň düzüminde Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ("Simens", "Roche", "Sysmex") häzirkizaman awtomatik analizatorlary
bolan kliniki – anyklaýyş barlaghanasy bar. Bu ýerde gematologiýa barlaglary, biohimiýa, immuniologiýa barlaglary alnyp barylýar. Şeýle hem gipertonik keselleri anyklamak üçin immuniologik görnüşiň sanawy örän giň. Bu ýerde ýiti koronar sindromyny, çişleri we düwnük keselini anyklaýan enjamlar bar. Olar bagryň irki döwürdäki firozyny ýüze çykarmkk üçin baglanyşdyryjy öýjügiň ösüş ýagdaýyny kesgitleýär. 

Mundan başga-da merkezde fiziotperapewtik bölüm işleýär. Onda elektroterapiýa, magnitoterapiýa, gidroterapiýa, şöhle bilen bejeriş, lazer terapiýasy we beýleki hyzmatlar hödürlenýär. Bölümde fitobar bolup, onda dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlaryň, beýleki içgileriň dürli görnüşleri bar. 

Soňra milli Liderimiz iki binany baglanyşdyrýan dälizden geçip, merkeziň durky täzelenen binasyna bardy. Bu ýerde  köp ýyllardan bäri zähmet çekýän halypa lukmanlar milli Liderimizi garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz özüniň lukman bolup işlän döwürlerinde bile işleşmek miýesser eden lukmanlary bilen görşüp, olaryň hal-ahwallary, işleri bilen içgin gyzyklandylar. Halypa lukmanlar soňky ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini,  näsaglara edilýän hyzmatyň hil taýdan täze derejä çykandygyny buýsanç b.ilen belläp, munuň üçin döwlet Baştutanymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Milli Liderimiz olara işlerinde üstünlik arzuy etdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz merkeziň hormatly myhmanlar üçin niýetlenen Kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerden täze açylýan desganyň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýan ylmy-kliniki merkeziň açylyş dabarasynyň guralýan ýerine tarap ugrady.   

Täze merkeziň açylyşy mynasybetli guralan dabara gatnaşyjylar milli liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Milli lybasaky gyzlar horoimatlyPrehzidentimize ajaýyp gül desselerini gowşurdylar. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki  merkeziň ýanyndaky meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çyky şlary ýaýbaňlandyryldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze merkeziň toý bagyny kesýär. Hormatly Prezidentimiz Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkez bilen tanyşyp başlaýar. 7-nji gatdan ybarat bolan bu merkez 670 orunlyk bolup, onuň 28 bölümi bar. Bu iri lukmançylyk edarasy enelere we çagalara ýöriteleşdirilen ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenen birnäçe bölümlerden ybaratdyr. Olaryň hatarynda kabul ediş bölümi, barlaghana ylmy-kliniki bölümi, anyklaýyş-maslahat beriş bölümi, ýatymlaýyn anyklaýyş bölümi, çagalaryň ösüşi we irki dikeldiş, fiziobejeriş we bejeriş bedenterbiýe, çagalaryň gemotologiýa ylmy-kliniki, çaga iç keselleri ylmy-kliniki we başga-da birnäçe bölümler bar.

Soňra milli Liderimiz bu ýerde ýerleşýän operasiýa toplumynyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Lukman bölümiň enjamlaşdyrylyşy barada aýdyp, bu ýerde dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilipdir. 

Bu ýerde endeskop arkaly operasiýa geçirmäge niýetlenen "Karl stors" kompaniýasynyň laporaskop   enjamynyň aýratynlygy barada gürrüň berdi. Ol näsaglarda uly kesim etmän endaskop arkaly operasiýa geçirmäge mümkinçiilik berýär. Bu bolsa çagalarda operasiýadan soňky agyrynyň bolmazlygyny, olaryň tiz sagalmagyny üpjün edýär.

Şeýle hem bölümde Germaniýanyň Maguet kompaniýasynyň altyn ölçegine laýyk gelýän operasiýa stoly oturdylypdyr. Bu operasiýa stoly hirurg lukmanyň çagalarda dürli operasiýalary geçirmegi üçin ähli amatlyklary özünde jemleýär. Onuň ýumşak, ýöriteleşdirilen köp gatlakly düşegi, elektro we mehaniki usul arkaly dolandyrylmagy  operasiýa edilýän  näsag üçin has-da oňaýlydyr.