14 Şubat 2017 Salı

Türkmen-Rus Hyzmatdaşlygynyň Geljegi Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Ilýas Magomet-Salamowiç Umahanowyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy.
Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de özara gatnaşyklaryň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem taraplar parlamentara gatnaşyklarynyň giňeldilmegi we berkidilmegi bilen bagly meselelere garadylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegi bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarynda aragatnaşyklary berkitmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder