11 Şubat 2017 Cumartesi

Daşary Işler Ministrliginde GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Başlygy Ýerine Ýetiriji Sekretary Bilen Duşuşyk

2017-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna GDA-nyň Synçylar wekiliýetine baştutanlyk edip türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedew bilen duşuşdy.
2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy temasyna öwrüldi.
Duşuşygyň barşynda taraplar GDA-nyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar esasy ünsi ynsanperwer ulgamynda, howpsuzlygy üpjün etmekde döwletara hyzmatdaşlyk meselelerine gönükdirdiler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder