2 Şubat 2017 Perşembe

Dalaşgär Serdar Jelilow Paýtagtymyzyň Saýlawçylary Bilen Duşuşdy

Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär– Ahal welaýatynyň baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy S.Jelilowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy. Bu ýere ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, zähmetkeş toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar ýygnandylar. Şeýle hem duşuşyga Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk baradaky guramanyň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň wekilleri gatnaşdylar. Olar 12-nji fewralda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň barşyna baha bermek üçin türkmen paýtagtyna geldiler.
Dalaşgäriň ynanylan wekili ýygnananlary S.Jelilow bilen tanyşdyryp, onuň zähmet ýolunyň esasy döwürleri barada gürrüň berdi. Şunda ol dalaşgäriň uly önümçilik tejribesine, ýokary ussatlyga we jogapkärçilige eýe bolup, halkyň hem-de Watanyň bähbidine hyzmat etmäge çalyşýandygyny, milli däp-dessurlarymyza ygrarlydygyny aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäre söz berildi. Ol maksatnamasynyň esasy ugurlary barada gürrüň berdi. Olaryň hatarynda ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini saklamak, şäherlerimizi we obalarymyzy abadanlaşdyrmak ýaly wezipeler bar. Ýokary döwlet wezipesine dalaşgär daşary syýasatda dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge tarap ugra üýtgewsiz eýermegi göz öňünde tutýar.
Türkmenistan gazylyp alynýan peýdaly zatlara baý ýurtdur. Häzirki wagtda döwletimiz iri energetika döwletleriniň hatarynda mäkäm orun eýeläp, ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň esasynda bu ulgamda öz strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýar, nebit-gazly ýataklary özleşdirmek we gurmak boýunça işleri yzygiderli geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köp ugurly ulgamyny döretmek esasy wezipe bolup durýar. Biziň baş maksadymyz mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň bähbidine milli baýlyklary rejeli peýdalanmakdan ybaratdyr.
Dalaşgär duşuşyga gatnaşyjylar bilen söhbetdeşligiň barşynda dünýä giňişliginde döwletimiziň eýeleýän ornuny berkitmek nukdaýnazaryndan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak boýunça wezipeleri çözmek babatda garaýşyny beýan etdi.
S.Jelilow obasenagat toplumyndaky özgertmeler barada durup geçmek bilen, bu pudagy ösdürmegiň geljegi bilen bagly garaýşyny beýan etdi. Dalaşgäriň pikirine görä, azyk garaşsyzlygyny oba zähmetkeşlerine uly möçberde maliýe goldawyny bermegiň hasabyna berkitmek möhümdir. Şol serişdeler obasenagat toplumynyň tutuş önümçilik düzümini tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga, oba zähmetkeşlerini mineral dökünleri bilen üpjün edýän himiýa senagatyny ösdürmäge, gaýtadan işleýän kärhanalary artdyrmaga gönükdirilýär.
Ýokary döwlet wezipesine dalaşgär duşuşygyň ahyrynda ýygnananlara mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda halkyň ýokary ynamyny ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Süleýmannepes Nurnepesow paýtagtymyzyň saýlawçylaryny saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasy bilen tanyş eder
2017-nji ýylyň 4-nji fewralynda sagat 10-da Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy bolar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder