31 Mart 2016 Perşembe

Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” Kompaniýasynyň Ýolbaşçysyny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň “ARETI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. 

Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we ony has-da ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk bildiren myhman Russiýanyň işewürleriniň, hususan-da, onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Türkmenistan ykdysady ösüşiniň depginleri boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolup durýar. 

Soňky döwürde yzygiderli geçirilýän bilelikdäki işewürler maslahatlary, işewür duşuşyklary we gepleşikleri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň ýanynda söwdany we maýa goýumlaryny goldamak baradaky ýokary derejeli toparyň döredilmegi özara gyzyklanmanyň subutnamasydyr. Şol toparyň birinji mejlisi ýakynda Aşgabatda geçirildi. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmäge taýýardygyny belläp, “açyk gapylar” syýasatyny amala aşyrýan ýurdumyzyň daşary ýurt kompaniýalaryndan, ilkinji nobatda, özlerini ygtybarly, üstüne alan borçnamalaryna ygrarly hyzmatdaşlar hökmünde görkezen kompaniýalardan gelip gowuşýan täze teklipleri uly gyzyklanma we üns bilen öwrenýändigini aýtdy. 

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “ARETI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy özara bähbitli täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Sport ulgamy, hususan-da, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda möhüm ähmiýete eýe bolýan, şeýle hem Türkmenistanyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze döwrebap welotrekde welosport boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky teklip söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy. 

Öz döwründe Aşgabatda guralan ilkinji welosiped ýörişine gatnaşan myhman hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmek boýunça geçirýän uly işlerine haýran galýandygyny aýdyp, her ýyl “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda biraýlygyň hem-de umumymilli Spartakiadanyň geçirilmeginiň, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesiniň türkmen ýaşlaryny sport bilen meşgullanmaga, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge ruhlandyrýandygyny belledi. 

Milli Liderimiziň ozal beren görkezmeleriniň we tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar bermek bilen, Igor Makarow hormatly Prezidentimize bildirýän uly ynamy üçin hoşallyk bildirdi hem-de ýolbaşçylyk edýän holdinginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere işjeň gatnaşmak bilen, geljekde hem öz üstüne alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy. 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “ARETI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, özara gyzyklanmany hem-de köp ýyllaryň dowamynda toplanan bilelikde işlemegiň oňyn tejribesini nazara almak bilen guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigine ynam bildirdiler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder