31 Mart 2016 Perşembe

Türkmen Türgenleri Aziýanyň Iň Gowy Toparlarynyň Üçlüginde

Gazagystanyň Almaty şäherinde taekwondo boýunça ýetginjekleriň we ulularyň arasynda gepçirilen Aziýanyň VIII çempionaty tamamlandy. Onda biziň türgenlerimiz 20 medal eýeläp, ýokary ussatlygyny nobatdaky gezek äşgär etdiler. Gazanylan medallaryň 4-si altyn, 6-sy kümüş we 10-sy bürünç medallardyr. Bu üstünlik Türkmenistanyň ýygyndysyna umumy komandalyk bäsleşikde üçünji ýere düşmäge mümkinçilik berdi. 

Ozal habar berlişi ýaly, bäsleşiklere 17 ýurtdan türgenleriň 1500-e golaýy gatnaşdy. Ýetginjekleriň arasynda taekwondo ýaryşlaryny wagyz etmek we ony ösdürmek maksady bilen, Aziýanyň bu gezekki çempionatynyň guramaçylary onuň maksatnamasyna 11-13ýaşdaky toparlary girizdiler. Ozallar bu ýaryşlara 14 ýaşly ýetginjekler girizilýärdi. Bu bolsa bäsleşiklere gatnaşýanlaryň dürli agram derejelerine we sanawyna oňyn täsinini ýetirdi. Indi toparlaryň hersinden iki türgen bäsleşige göýberilýär. 

Türkmen taekwondoçylarynyň ýetginjekler toparynyň düzüminde Marydan Orazmyrat Çaryýewiň bardygyny bellemeli. Ol bäsleşigiň bäş görnüşi boýunça medallar ugrunda güýç synanyşdy. Olaryň her birinde üstünlikli çykyş edip, ol final ýaryşlaryna çykdy. Netijede O.Çaryýew 3 altyn, 2 kümüş baýraklara mynasyp bolldy. Munuň özi Aziýa çempionatyna gatnaşyjylaryň arasynda iň gowy netijedir. 



Ol ITF görnüşi boýunça güýçli taekwondoçy derejesini tassyk etdi. 2014-nji ýylda Nepalda geçirilen geçen gezekki birinjilik ugrundaky yklym ýaryşynda O.Çaryýew bir altyn, üç kümüş we bir bürünç medallara mynasyp boldy. Bu bolsa oňa Aziýanyň absolýut çempiony diýen derejäniň berilmegini şertlendirdi. Almatyda gepçirilen bäsleşiklerde bu türgen baýraklar boýunça görkezijilerini has-da gowulandyrdy. 

Orazmyrat 57 kilograma çenli agaram derejede “şahsy bäsleşik”, “şahsy tuli” (toplumlaýyn maşklar) we “özüňi goramagyň usullary” ýaly görnüşler boýunça ýaryşyň ýokary münberine çykdy. Ol tuli boýunça toparlaýyn bäsleşiklerde kümüş medala mynasyp boldy. Bu türgen şonda Rahat Atanyýazow, Orazmuhammpet Ussaýew, Serdar Gurtgeldiýew we Batyr Annaýew bilen bilelikde çykyş etdi. 



Türkmenistanly türgen R.Atanyýazow hem altyn medala mynasyp boldy. Marynyň 26-njy umumy bilim berýän mekdebiniň okuwçysy 45 kilograma çenli agaram derejede şahsy bäsleşikde ýeňiş gazandy. Şonda ol Gazagystanyň ýygyndysynyň wekilleri bilen güýç synanyşdy. Ýaryşyň tomaşaçylarynyň öz türgenlerine hemmetaraplaýyn goldaw bermekleri ýeňiş gazanmaga şert döretmedi. Türgen türkmen taekwondoçysynyň aýgytly we örän ýerlikli hereketlerine garşy durup bilmedi. Netijede ildeşimiz ýeňiş gazandy. 

Aziýa çempionatynda ýurdumyzyň ýygyndysynyň baýraklara mynasyp bolmagynda Mähri Agaýewanyň hem goşandy bar. Ol geçirilen bäsleşiklerde iki kümüş we iki bürünç medallary eýemelegi başardy. Mary welaýatynyň türgeni şahsy bäsleşiklerde we özüňi goramak usulynda ikinji orna, toplumlaýyn maşklarda we ýörite tehnikalary ýerine etirmekde (ýokarlygyna bökülýän pursatda urgy geçirmek) üçünji orna mynasyp boldy. 



Ulularyň arasynda geçirilen dürli şahsy bäsleşiklerdpe harby gullukçy Annamyrat Goşanyýazow iki kümüş medala, 17 ýaşly Goşanyýaz Durdyýew bir kümüş we bir bürünç medala, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Gaýgysyz Atabaýew iki bürünç medala mynasyp boldular. Şeýle hem türkmen türgenleri toparlaýyn bäsleşikleriň netijesinde işjeň hereket edip, bürünç medallara mynasyp boldular. Şonda türgen Wepa Öwezow hem hormat münberine çykdy. W.Öwezow 50 kilograma çenli agram derejede geçirilen şahsy bäsleşiklerde üçünji orna mynasyp boldy. 

Ýetginrjekleriň ikisi, aşgabatly Serdar Gurtgeldiýew toparlaýyn maşklarda tapawutlandy. Balkan welaýatyndan Orazmuhammet Ussaýew hem 51 kilograma çenli agram derejede geçirilen bäsleşikde üstün çykdy. Olaryň ikisi hem ýaryşyň bürünç medallaryna mynasyp boldular. 



Milli taekwondo federasiýasynyň başlygy M.Rozyýewiň pikirine görä, Gazagystanda gepçirilen yklymlaýyn derejedäki bäsleşikler türkmen türgenleriniň ussatlyk derejesiniň ýokarlanandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi. Aziýanyň Nepalda geçirilen bäsleşiginde türkmen türgenleri 15 medala, bu gezekki ýaryşdarda bolsa 20 medala mynasyp boldular. Ýöne M.Rozyýewiň aýtmagyna görä, ýaryşyň bu gezekki netijeleri ITF görnüuşi boýunça taekwondonyň sazlaşykly ösýän türkmen mekdebi üçin bu görkeziji aňrybaş çäk däldir. 

Türkmen türgenleri ýaryşyň bu görnüşi boýunça ýetginjekleriň we weteranlaryň arasynda şu ýylyň awgustaýynda Italiýada geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görýärler. Milli ýygyndy toparyň düzümi şu ýylyň aprel aýynyň ortalarynda Balkan welaýatynyň merkezinde geçiriljek ýurdumyzyň çempionatynyň netijeleri boýunça kesgitlener.






Hiç yorum yok:

Yorum Gönder