28 Mart 2016 Pazartesi

Türkiýäniň Halkara Ýük Daşaýjylar Birleşiginiň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Başlygy Bilen Geçirilen Duşuşyk

2016-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkiýäniň Halkara Ýük Daşaýjylar birleşiginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy jenap Nejat Fatih Şener bilen duşuşyk geçirildi.

        

Duşuşygyň barşynda ulag-logistika ulgamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň geljegi uly bolan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaý-nazardan, durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriň ähmiýeti bellenilip geçildi. Bu ugurda döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegine gönükdirmelerini beýan edip, taraplar köptaraplaýyn ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmekde ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyplygyny tassykladylar.

 

         Gepleşikleriň ahyrynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky batly ösýän hyzmatdaşlyga kanagatlanma bildirip, taraplar dürli derejelerde wagtly wagtynda duşuşylyp durulmagynyň möhümdigini bellediler.



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder