24 Mart 2016 Perşembe

Talyplar Uniwersiadasy Oýunlaryň Maksatnamasyny Giňeldýär

Şu okuw ýylynda milli talyplar uniwersiadasynyň sport maksatnamasynyň üsti ýaryşlaryň täze görnüşleri bilen ýetirildi. Olaryň biri bilýard boýunça bäsleşik bolup, ol şu gün paýtagtymyzyň “Älemgoşar” bilýard merkezinde ilkinji gezek geçirildi. Bu ýerde geçirilen bäsleşiklerde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 12-sinden toparlaryň wekilleri duşuşdylar.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, Bilýard federasiýasy, Bilim ministrligi hem-de “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy tarapyndan guralan ýaryşyň medallary ugrunda “Erkin piramida” görnüşde bäsleşildi. Şonda düzgüne laýyklykda, 16 şardan her biri oýnalýan şar bolup, ony bilýard taýagy bilen itekläp bolýar.

Bu ýerde iň gowy oýny Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Begenç Jumagylyjow görkezip, ol final ýaryşda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň toparynyň wekili Saglyk Abdyýewi 3:1 hasaby bilen ýeňmegi başardy. Ýaryşda 3-nji orny Mekan Nepesow (Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty) we Nepes Ýaňybaýew (Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti) paýlaşdylar. 

Ýaryşlaryň baş emini, halkara derejeli emin Gurban Abasowyň pikirine görä, bu ýaryş onuň kömekçileri üçin hem uly synag boldy. Bilýard stollarynyň ýanynda durup, bäsleşikleriň barşyna Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyndan talyplar, meýletinçiler gözegçilik etdiler. Olar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda bilýard boýunça bäsleşiklere hyzmat ederler. Bu bäsleşikler, geljek ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriler. Bu iri sport çäresi oňa gatnaşjak toparlaryň sany boýunça örän uly bolar: ýaryşlara Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň 62-sinden türgenleriň 5 müňe golaýy gatnaşar. 

Häzirki wagtda türkmen ýygyndy topary “Garyşyk piramida” diýen bölümde (şunda diňe bir şar oýnalýan bolup durýar) bilýard boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görýärler. Ol 28-nji mart - 2-nji aprel aralygynda Almaty şäherinde (Gazagystan) geçiriler. Mundan başga-da, şu ýyl Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda sportuň bu görnüşi boýunça ilkinji halkara synag ýaryşlary geçiriler. Ýaryşlaryň ikisi hem 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry bolup durýar. 

Türkmenistanyň Bilýard federasiýasynda habar berişleri ýaly, biziň toparymyza Aziýa oýunlarynda türgenleriň 20-si wekilçilik eder. Ýygyndy topara seçip almak çempionatlarda we ýurdumyzyň Kubogy ugrunda geçirilýän ýaryşlarda gazanylan utuklary hasaplamak ulgamy boýunça geçiriler. 

Talyp ýaşlaryň bäsleşiklerine gaýdyp gelmek bilen, uniwersiadanyň maksatnamasyna goşulan sport bäsleşikleriniň hatarynda bouling we “Ýedi top” milli oýnunyň bardygyny bellemek gerek. V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna bilýard hökmünde girýän bouling boýunça birinji ýaryş 28-30-njy mart aralygynda paýtagtymyzyň “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde, milli oýunlar boýunça ýaryşlar 10-17-nji aprel  aralygynda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda bäsleşiler.
 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder