23 Mart 2016 Çarşamba

Nebitgaz Toplumynyň Täze Binasynyň Açylyş Dabarasy

Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň “Nebitgazhyzmat” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň medeni-işewürlik merkeziniň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu bina paýtagtymyzyň Köpetdag etrabynda, Ankara köçesiniň ugrunda guruldy. 

Täze desganyň açylmagy Milli bahar baýramyna – Halkara Nowruz gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryna özboluşly öwüşgin çaýdy. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda bu ajaýyp bahar baýramçylygy ýurdumyzda has giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Asyrlaryň dowamynda tebigatyň täzelenilişini hem-de täze durmuşyň peýda bolýandygyny alamatlandyrýan nurana hem-de şatlykly Nowruz baýramy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimiziň ösüşiniň hem-de türkmen halkynyň köp asyrlyk däp-dessurlarynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagynyň nyşanyna öwrüldi. 



Aşgabat şu ýyl ajaýyp senäni – beýik Garaşsyzlygyň 25 ýyllygyny belleýän eziz Watanymyzyň häzirki ajaýyp gününi hem-de nurana geljegini alamatlandyrýan şäherdir. Paýtagtymyz ajaýyp seýilgählere hem-de seýilbaglara, gümmezleri öwüşgin atýan köşklere hem-de köpsanly ajaýyp suw çüwdürimlerine baýdyr. Aşgabat täsin we döwrebap belent binalary hem-de desgalary bilen haýran galdyrýan ak şäherdir. Şol desgalaryň köpüsi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 

Giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy täsin binagärlik toplumlary bolan şäheriň özboluşly hem-de gözel keşbiniň kemala gelmegine ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýär. Täze desgalaryň sany barha artyp, gurluşyk işleriň gerimi paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny hem-de myhmanlaryny haýran galdyrýar. 

Paýtagtymyzyň Ankara köçesiniň ugrunda peýda bolan täze binalar toplumy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Geçen ýylyň güýzünde has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 72 öýli 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi, sport we söwda merkezleri hem-de jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin niýetlenen bina ulanylmaga berildi. Bu desgalar hem Nebitgaz toplumynyň buýurmasy boýunça guruldy. Ak mermerli täze desgalar paýtagtymyzyň şu böleginiň binagärlik toplum bilen aýratyn sazlaşyk döredip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ýene-de bir aýdyň nyşanyna öwrüldi. Milli Liderimiziň amala aşyrýan şol syýasaty bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapýar. 



Türkmenistan dünýä derejesinde energetika döwleti bolmak bilen hem-de uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, nebitgaz toplumyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär hem-de bu ulgama uly maýa serişdelerini gönükdirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ähli ulgamlarynda milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, eksport kuwwatyny artdyrmak ulgamyndaky wezipeleri çözmäge ýardam etmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Täze ýangyç ýataklary, şol sanda Amyderýanyň sag kenaryndaky hem-de Hazar deňziniň ýalpaklygyndaky ýataklar, şeýle hem dünýädäki iň iri ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz käni özleşdirilýär. 

Türkmen gazynyň täze eksport akymlaryna badalga berildi: Türkmenistan- Hytaý yklymüsti gaz geçirijisi hem-de Türkmenistan –Eýran gaz geçirijisiniň täze şahasy guruldy. Ýurdumyzyň iri ýataklaryny bir bitewi gazulag ulgamyna birleşdiren Gündogar-Günbatar gaz geçirijisi ulanmaga berildi. Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy başlandy. Bu gaz geçirijisi boýunça tebigy gaz Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna iberiler. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş hem-de ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam eder. 

Şunuň bilen birlikde, nebiti gaýtadan işleýän kärhanalar döwrebaplaşdyrylýar we täze tehnikalar bilen üpjün edilýär, döwrebap gazhimiýa toplumlary gurulýar. Olarda ýurdumyzyň içinde uly islegden peýdalanýan hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň köp görnüşleri çykarylar. Umuman, bularyň ählisi eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, türkmen halkynyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder. 



Öz nobatynda, ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan durmuş maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýarlar. Ine, şu gün hem ir säherden Ankara köçesiniň ugrunda ruhubelentlik we hakyky baýramçylyk ýagdaýy duýulýar. Şanly waka mynasybetli howa şarlary, dürli reňkdäki lentalar hem-de baýdaklar bilen bezelen täze binanyň öňündäki meýdança ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, paýtgatymyzyň giň jemgyýetçiliginiň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de köpsanly ýaşlar ýygnandylar. 

Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary özleriniň döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar. Özleriniň ussatlygyny hem-de zehinini görkezen “Dehistan” we “Galkynyş” toparlary köpöwüşginli aýdym-saz we tans kompozisiýasy bilen çykyş etdiler. Halkymyzyň ajaýyp däbine görä, milli lybasly gyzlar dabara gatnaşyjylara toý pişmesini hödürleýärler. 

Sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursat gelip ýetýär – hormatly ýaşulular medeni-işewürlik merkeziniň täze binasynyň esasy girelgesine barýarlar hem-de dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýärler. Binanyň eýwanynda myhmanlary ýene-de artistler – bagşylar hem-de dutarçylar topary aýdym-saz bilen garşylaýarlar. 

Dabara gatnaşyjylar merkeziň binasyny uly gyzyklanma bilen syn edýärler. Binanyň daşky keşbinde hem-de içki bezeginde häzirki zaman binagärliginiň gazananlary we milli binagärligiň ajaýyp däpleri aýratyn sazlaşyk döredýär. Toplumyň umumy meýdany 17 müň 363 inedördül metre barabardyr. Bina ýanaşyk ýerleriň 11 müň inedördül metre golaýy abadanlaşdyryldy we şol ýere agaç nahallary oturdyldy hem-de dürli bezeg gülleri ekildi. 


Merkeziň üç gatly binasynda ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň işden we okuwdan boş wagtlaryny göwnejaý geçirmekleri, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny hemmetaraplaýyn ösdürmekleri üçin ähli şertler döredildi. Bu ýerde 652 orunlyk uly konsert zaly bar, onuň sahnasy ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Mundan başga-da, 148 orunlyk tomaşaçylar meýdançasy hem-de jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin niýetlenen uly maslahatlar zaly bar. 

Aýratyn otaglar tansçylaryň, aýdymçylaryň we sazandalaryň, şol sanda uly ýaşlylaryň we çagalaryň dutarçylar toparlarynyň, simfoniki-estrada, folklor, aýdym-saz hem-de hor toparlarynyň çykyşlara taýýarlyk görmekleri üçin niýetlenipdir. Eşik çalşylýan otaglar, çeperçilik hem-de kino studiýalar, wideo we ses ýazýan studiýalar hem bar. Bu ýerde islegler boýunça ýöriteleşdirilen maşklar etmek üçin otaglar we gurnaklaryň tutuş ulgamy hereket eder. Merkeziň işgärleri üçin hem iş otaglary göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde küşt we şaşka oýnamak üçin niýetlenen otaglar hem bar. Binanyň iň aşaky gatynda döwrebap trenažýorlar bilen üpjün edilen, meýdany 312 inedördül metre barabar bolan sport zaly, 210 orunlyk naharhana, dürli maksatly ammarlar, sazandalar üçin ýörite meýdança, kir ýuwulýan otag, hammam we beýlekiler ýerleşýär. 

Medeni-işewürlik merkezi bilen tanyşlygyň barşynda bagşylar hem-de sazandalar, “Merdana” orkestri, çagalar tans topary dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdiler. Myhmanlar ýaş türgenler –küştçüler we şaşkaçylar bilen söhbetdeş boldular. 



Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmenistanlylaryň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösmegi barada hemişe alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, milli Liderimiz döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak, çeperçilik derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli zerur şertleri döretmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şoňa görä-de, döwletimiziň paýtagty Aşgabatda, ýurdumyzyň welaýatlarynda, obalarynda we şäherlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän medeni maksatly desgalar yzygiderli gurulýar we ulanmaga berilýär. 

Soňra medeni-işewürlik merkeziniň baş sahnasynda uly baýramçylyk konserti boldy, onda ýurdumyzyň sungat ussatlary we mundan bir gün öň Milli bahar baýramyna hem-de we Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanyp “Nowruz ýaýlasynda” geçirilen dabaralara gatnaşan daşary ýurtly artistler çykyş etdiler. 

Şu konsertiň maksatnamasyny “Ruhubelent çagalar”, “Galkynyş döwrüniň çagalary”, “Dagdan”, “Galkynyş”, “Dehistan” toparlarynyň taýýarlan edebi-sazly çykyşlar, şeýle hem halk aýdym-sazlary, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň wasp edýän aýdymlar düzdi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça hem-de ýolbaşçylygynda Türkmenistanda halkymyzyň abadançylygynyň, eziz Watanymyzyň has-da gülläp ösmeginiň bähbidine ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Bularyň ählisi baýramçylyk konsertindäki çykyşlarda öz beýanyny tapdy. 



* * *

Milli bahar baýramyna-Halkara Nowruz gününe bagyşlanan çäreleriň çäklerinde şu gün Balkanabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürler merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy. 

Köp gatly ak mermerli bina Balkan welaýatynyň merkezi şäheriniň gür ilatly ýaşaýyş toplumlarynyň birinde peýda boldy. Günbatar sebitdäki iri işewürler toplumy ýurdumyzyň gurluşykçylary – Aşgabatdaky “Ak kenar” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy. 

Umumy meýdany 15 müň 700 inedördül metre barabar bolan bina iki bölekden ybaratdyr, olaryň birinde söwda-dynç alyş merkezi, ikinjisinde bolsa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň edaralary, Telekeçilik okuw merkeziniň bölümi hem-de “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň Balkan welaýat şahamçasy ýerleşýär. 

Işewürler merkeziniň iş otaglary döwrebap enjamlar hem-de guramaçylyk tehnikasy bilen üpjün edildi. Bu ýerde okuwlary, ylmy-tejribe hem-de usulyýet okuwlaryny, tanyşdyryş çärelerini, işewür duşuşyklar we jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin ähli şertler döredildi. 

Kiçi we orta telekeçiligiň şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna giňden çekilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredäýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilmegi, degişli kanunçylyk-hukuk binýadynyň döredilmegi, ýeňillikli salgyt salmak we karz bermek ulgamynyň üpjün edilmegi hem-de ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen beýleki çäreler telekeçiligiň okgunly ösmegine ýardam edýär. 



Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi milli ykdysadyýetimiziň obasenagat toplumy, dokma we azyk senagaty, ulag ulgamyny ýaly möhüm pudaklarynda ýerine ýetirilýän wezipeleri çözmäge gatnaşmagyny ýylsaýyn giňeldýärler. Türkmen telekeçileri gurluşyk senagatynda daşary ýurt kompaniýalary bilen üstünlikli bäsleşip, ýurdumyzda köpsanly ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, sport toplumlaryny we beýleki durmuş maksatly desgalary gurýarlar. 

Häzirki wagtda Türkmenistanda haryt bolçulygyny döretmek hem-de içerki bazary dürli görnüşli önümler bilen doldurmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Halkyň sarp edýän harytlarynyň çykarylýan möçberleriniň artdyrylmagy, ýeňil we azyk senagatynyňy önümçilik kuwwatlyklarynyň berkidilmegi bilen birlikde hyzmatlar hem-de söwda ulgamyň ösdürmäge iri maýa goýumlary goýulýar. Aşgabatda we welaýatlarda gurlan, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen köpsanly döwrebap söwda merkezleri, dükanlar, bazarlar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary ilatymyza hem-de ýurdumyzyň myhmanlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky sebitde iri “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasynyň barşynda degişli ýolbaşçylara döwrebap supermarketleri döretmegiň tejribesini içgin öwrenip, ony ýurdumyzyň welaýatlarynda giňden ornaşdyrmak meselesiniň üstünde işlemegi tabşyrdy. 

Şol döwürden bäri bir ýyldan gowrak wagt geçdi. Ine, indi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkanabatdaky Işewürler merkeziniň ýanynda “Hazar” söwda-dynç alyş merkezi açyldy. Bu ýere gelen ilkinji müşderiler onuň içerki bezegine mynasyp baha berdiler. Bu ýerde ýerleşýän 89 dükanyň aýna tekçeleri döwrebap bezelipdir. Şol dükanlarda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň harytlarynyň köp görnüşleri hödürlenilýär. Erkekler we zenanlar hem-de çagalar üçin niýetlenen lybaslar, aýakgaplar, parfýumeriýa we kosmetika önümleri, sowgatlyk önümler, çagalar oýnawaçlary, elektron we durmuş tehnikasy, gap-gaçlar, arassalaýjy hem-de ýuwujy serişdeler, güller, kanselýariýa önümleri, sagatlar we öýjükli telefonlar we beýleki köpsanly harytlar bu ýere ýelýänleriň ünsüni çekýär. 

Ýurdumyzyň dokma senagatynyň kärhanalary tarapyndan çykarylýan önümleriň köp görnüşleri, şol sanda sport lybaslary, arassa pagtadan öndürilen beýleki önümler, ýorgan-düşekler, el süpürgiçler, aşhana esbaplary hem giňden hödürlenilýär. Olar ýokary hilli halkara ykrarnamasyna eýe boldy. Bu ýerde dürli matalary-panbarhat, milli keteni, ştapel we beýleki matalary hem satyn almak bolýar. Taýýar lybaslaryň bölümleri milli keşdeler bilen bezelen, köpöwüşginli egin-eşikler bilen alyjylaryň ünsüni özüne çekýär. Bu lybaslar däp bolan nagyşly milli egin-eşikleriň esasynda türkmen modelýerleri tarapyndan döredildi. 

Şaý-sepler satylýan dükanda altyndan we kümüşden ýasalan önümler hödürlenilýär. Sözüň doly manysynda, şol önümleriň her biri gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan we milli baýlygymyzyň bir bölegine öwrülen zergärçilik sungatynyň ajaýyp nusgasy bolup durýar. Türkmen zergärleriniň zehini bilen döredilen ajaýyp şaý-sepler—monjuklar, gülýakalar, bilezikler, ýüzükler, gulakhalkalar gözelligi hem-de täsinligi bilen haýran galdyrýar. 

Amaly-haşam döredijiliginiň, halk senetçiliginiň önümleri hem alyjylary biparh goýmaýar. Şol önümler, hususan-da, saz gurallary we milli lybaslar, haly önümleri hem-de dürli sowgatlyk harytlar ýöriteleşdirilen dükanlarda ýerleşdirilipdir. Olarda türkmen medeniýetiniň özboluşlylygy öz beýanyny tapýar. Sowgatlyk önümleriň arasynda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary şekillendirilen önümlere aýratyn orun berlipdir. 

Şunuň bilen birlikde, merkezde zenanlaryň gözellik salony, toý lybaslarynyň salonlary, şeýle hem döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen, himiki usulda arassalaýan desga, banket zally hem-de “şwed stolly” 250 orunlyk uly “Zemin” restorany bar. Ýeri gelende aýtsak, bu restoran Türkmenbaşy şäheriniň telekeçileri tarapyndan açyldy. 

Merkeziň üçünji gatynda çagalar meýdançasy döredildi. Ol oýun awtomatly hem-de attraksionly, dürli çaga oýnawaçly hakyky “çagalar dünýäsini” ýatladýar. Çagalar oýna güýmenen mahaly, olaryň ene-atalary meýdançanyň golaýynda ýerleşen kafeteriýde dynç alyp, çagalaryna syn edip bilerler. Mundan başga-da, ulular üçin bilýard we tennis stollary bolan sport zaly göz öňünde tutulypdyr. 

“Hazar” söwda-dynç alyş merkezinde alyjylar üçin ähli şertler döredildi, liftler we eskalatorlar ornaşdyryldy. Binanyň aşaky gatynda mebel dükany we uly ammar Binanyň ýanaşyk ýerlerinde bezeg agaç nahallar oturdyldy hem-de dürli reňkde öwüşgin atýan güller ekildi, täsin çyra sütünleri hem-de oturgyçlar gurnaldy. 

Täze toplumyň açylyş dabarasynda aýdymçylar we sazandalar, tans toparlary çykyş etdiler. Dabara gatnaşyjylar – welaýat we şäher häkimlikleriniň, kärhanalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine uly üns berýändigi, türkmen halkynyň abadançylygy we gülläp ösmegi barada ýadawsyz alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Halkymyz baradaky alada bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder