23 Mart 2016 Çarşamba

Garlyk Dag Magdanlary

Türkmenistanyň dag-himiýa senagatynyň ilkinji kärhanasyny biri – kaliý dökünlerini öndürýän Garlyk dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygynyň tamamlanmagyna göni bir ýyl galdy. Ýurduň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Köýtendagyň eteklerinde ýüz gektardan gowrak ýerde Orta Aziýanyň iň iri senagat toplumlarynyň biri bolan kärhana gurulýär. Ol ýylda 1,4 million tonna kaliý dökünlerini öndürmäge niýetlenendir. 

Häzirki wagtda bu ýatakda desgalaryň 47-niň gurluşygy tamamlanyp barýar. Geljekki gazylyp alynýan baýlyklary çykarýan toplumyň esasy we kömekçi uçastoklarynyň – adminstratiw-durmyş binasynyň, baýlaşdyryjy fabrigiň, magdan ammarlarynyň we taýýar önümleriň ammarlaryny we bu iri sengat kärhanasynyň beýleki desgalaryny ulanmaga bermäge täýýarlyk görülýär. Biziň habarçymyz ýurt üçin möhüm bolan bu gurluşykda alnyp barylýan işler bilen tanyş boldy. 



Uçastogyň başlygy – Şahtaýöritegurluşyk AGPJ (Belarus Respublikasy) kömekçi potratçy edarasynyň dag inženeri – Anton Mihaýlow bilen biz diametri alty metrden gowrak bolan dik sütün bilen aşak düşýäris. Bu – 1-nji ýük sütüni bolup, onuň bilen golaý geljekde her ýylda tebigy baýlyklaryň 7 million tonnasy ýokary çykarylar. 2-nji dik sütüniň hem şunuň ýaly çoýun goragy bardyr. 

Bütewi demirbeton diwar görnüşinde gurlan týubing çoýun sütüni - dik sütünleri çylşyrymly gidrogeologiki täsirlerden goramak üçini gurlandyr. 

“Beldaghimsenagat”AGPJ hünärmenleri magdan sütüniniň gurluşygynda goragyň kombinirlenen usulyny ulandylar. Ol şahta sütünini suwly gatlaklardan geçirilende ulanylýar. Ol şahtanyň sütüniniň töweregindäki ýerasty suwlary doňdyrmaga niýetlenendir. Emeli ýol bilen döredilen “baky doňaklyk” sütünleriň birinden geçmäge we beýleki sütüne geçmegi dowam etdirmäge mümkinçilik berdi. 

Garlyk ýatagynyň dag-geologiki aýratynlyklaryny nazara almak bilen, onuň ätiýaçlyk gorlaryny gaýtadan işlemek üçin mineral çig malyny işläp taýýarlamagyň kamera usuly we önümli gatlaklary çykarmagyň doly mehanizimleşdirilen kombaýn usuly ulanyldy. Gazylyp alynan dag jisimlerini daşamak üçin kaliý magdanlaryny ulanyş zaboýlaryndan kabul ediş bunkerlerine çenli doly mehanizimleşdirmäge mümkinçilik berýän konweýer usulyny ulanmak göz öňünde tutulýar. 



- Kaliý gatlakalrynyň üstüni açmagy amala aşyrmak ýylyň birinji ýarymynda göz öňünde tutulýar – diýip “Beldaghimsenagat”AGPJ baş direktorynyň orynbasary, Garlyk dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygynyň taslamasynyň ýolbaşçysy Sergeý Lastoçkin gürrüň berýär. – Grafik boýunça işe girizilmeli döwründe maý aýynda “Beldaghimsenagat”AGPJ hünärmenleri we olryň kömekçi potratçy edaralary birinji önümli gatlakda çig maly işläp çykaryp başlarlar. Duz galyňlygynda maşyn howlusynyň ýerini gazarlar we gurarlar, soňra bolsa - ýeasty şäherini döretmäge girişerler. Onda diňe bir ýük daşaýan ulaglar gatnaman, eýsem şahtýorlary, ýükleri, tehnikalary hem daşar ýaly ulag tonnelleri hem çekiler diýip, ol düşündirýär. – Şol döwürde üç aýyň dowamynda tebigy baýlyklardan flotasion fabrigi işe göýbermek we gurnamak üçin gerek bolan möçberdäki magdan ýeriň üstündäki kombinatyň öndümçilik toplumyna galdyrylar. Sentýabr aýynda bolsa, çig maly toplap, biz kaliý hloridini almagyň tehnologiki zynjyrynyň ählisini synagdan geçireris. 

Kombinatda kaliý magdanyny hlorly kaliýa flatasion usulda öwürmek göz öňünde tutulýar. Usul hökmünde, flotasiýanyň esasynda bölünýän minerallaryň dürli fizika-himiki aýratynlyklarynyň ýokarky böleklerini ulanylmagy ýatyr. Olaryň has möhümliligi suw bilen “ezilmegi” we reagentler we gazlar bilen özara gryşmagy bolup durýar. Şahtadan ýokary çykarylan magdan degirmenlerde üweler we olar suw bilen garyşyp, flotasion maşynlara berler. Ol ýerden hem reagentler bilen goýaltma we separasiýa bölümine gowuşýar. Alynan massadan garyndylar aýrylýar we zat saklanýan jaýa gowşýar. Bu ýerde önümiň suwyny aýyrmak işleri geçirilýär we guratmak we granulirlemek bolümine gowuşýar. Iň soňunda bolsa, taýýar önümler ammaryna gowuşýar. 



Häzirki wagtda belarus we türkmen potratçy kärhanalary kombinatyň desgalarynyň ýüzden gowragyny işe göýbermäge taýýarlamak işlerini guramagy alyp barýarlar. Geljekki dag magdanlaryny gazyp alýan kärhananyň gurluşyk meýdanlarynda 2,6 müň işçi we inžener-tehniki işgärler işleýär. Olaryň iki müňi töweregi - türkmen gurluşyk kompaniýalarynyň işçileri we bu sebitiň obalarynyň we şäherçeleriniň ýaşaýjylary bolup durýar. 

Gurluşygy alnyp barylýan “Türkmenkaliý” kärhanasynyň müdirýetiniň düýpli gurluşyk bölüminiň müdiri Hudaýnazar Durdyýew işe girizilýän toplumlarynyň ikisiniň ýaýraň shemasyny görkezdi. Oňa laýyklykda, ilkinjileriň hatarynda magdany baýlaşdyrýan tehnologiki işleri üpjün edýän we ony haryt önümine öwürmek bolman, eýsem kömekçi-harbylaşdyrylan dag halas ediji böümi, ýangyna garşy deposy, awtoulag duralgasy-ammar jaýlary, suw arassalaýjy desgalar we beýlekiler hem bolup durýar. Olarsyz kombinnayň üstünlikli işlämägini gazanmak mümkin däl. 

- Eýýäm şu ýylyň birinji ýarymynda flotasion baýlaşdyryjy fabrigi işe gürizmek we sazlamak, magdan, reagentler we taýýar önümler ammarlaryny üpjün etmek, owratmak, gazylyp alynýan kaliý duzlaryny owratmak liniýalaryny işe göýbermek we sazlaşdyrmak, guradylýan we granulirlenýän sehleriň enjamlaryny ulanmaga taýýarlamak, şeýle hem ýük ýüklenilýän we düşürilýän uçastoklary, ýük ýükleýiş bölümlerini, galareýalaryny, estakadalaryny, elektrik kommunikasiýalary, turba geçirijileri taýýarlamak bellenildi diýip, ol gürrüň berýär. – Ähli tehnologiki işleri we enjamlary yzygiderli awtomatlaşdyrylan gözegçiligi üçin iň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän, programmalaýyn, tehniki, hasap ediji we aragatnaşyk serişdelerine esaslanýan toplumy döretmek göz öňünde tutulýar. 



Dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatyň ýerasty we ýerüsti önümçilik toplumynyň gurluşygy bilen bir hatarda, ulanmaga beriýän kuwwatlyklaryň ulanyşyny üpjün etjek hünärmenleri taýýarlamak işleri hem alnyp barylýar. Biziň ildeşlerimizie diňe bir umumy belli bolan hünärleri kämilleşdirmek garaşman, eýsem dag we duzy gazyp alýan sengatda gerek bolan hünärleri hem özleşdirmek garaşýar. 

- Dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatda dürli hünärli işçileriň we inžener-tehniki işgärleriň 1700-den gowragy işlär – diýip, “Türkmenkaliý” kärhanasynyň müdirýetiniň baş inženeri Rustam Hämraýew gürrüň berýär. – Şular ýaly möçberde sowatly hünärmenleri taýýarlamak üçin, hususan-da dag hünärleri boýunça, biz ýaşlary hünär kämilleşdiriş okuwyna Belarusyň kaliý kombinatyna yzygiderli iberýärys. Biziň hyzmatdaşlarymyzda geljekki hünärmenleriň 160-sy töwregi hünär tejribesini öwrendiler. Häzirki wagtda ýaşlaryň uly topary Türkmenabadyň Himiýa orta hünär okuw mekdebinde öz hünär ugurlary boýunça bilim alýarlar. Magdanly şäherinde ýaşlaryň 400 ýüzsi töweregi liseýi tamamladylar. Häzirki wagtda kombinaryň çäklerinde üç hünär boýunça işgärleri taýýarlamaklygy guradyk. Bu okuwlara ýerli ýaşaýjylaryň 60-sy töweregini kabul ederis. 



Gelejekde türkmen we belarus hyzmatdaşlarynyň bilelikdäki tagallary bilen gurulýan bu täze önümçilik diňe bir ýurduň oba hojalygynyň zerurlyklaryny ekologiki taýdan arassa kaliý dökünleri bilen doly üpjün etmän, eýsem onuň her ýylda bir million tonnadan gowragy daşary ýyrtlara hem iberiler. Geologiki gözlegleriň maglumatlary boýunça, Garlyk ýatagyndaky birinji görnüşli magdanyň düzüminiň ätiýaçlyk gorlary 45 ýyl diýip tassyklandy. Ýöne, Lebap welaýatynyň Gowurdak-Köýtendag sebitlerinde ýene-de ähmiýeti şunuň ýalyt bolan Garabil ýatagy hem bardyr. Bu ýerde hem tebigy çig malyny gazyp almak göz öňünde tutulýar. Şeýleleik bilen tebigatyň bize eçilen bu baýlyklarynyň netijeli ulanylmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşar, ýurda gelýän pul girdejileriniň möçberiniň has hem artmagyny üpjün eder.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder