11 Temmuz 2015 Cumartesi

Ýaş Esgerleriň Harby Kasamy Kabul Etmek Dabarasy Geçirildi

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hataryna möhletleýin harby gulluga çagyrmagyň ýazky möwsüminiň başlanmagy bilen Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň 3001 harby bölümine hem ýaş esgerler harby gulluga kabul edildi. 2015-nji ýylyň 11-nji iýulynda bolsa, Döwlet migrasiýa gullugynyň ýolbaşçylarynyň we Gullugyň harby bölüminiň serkerdeleriniň, şeýle hem möhletleýin harby gulluga täze kabul edilen ýaş esgerleriň ene-atalarynyň, ýakyn hossarlarynyň gatnaşmagynda olaryň harby kasamy kabul etmek dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, her bir harby gullukçy ata-babalarymyzyň arzuwlan, ýürekden söýen, döş gerip goran mukaddes ata Watany – Garaşsyz Türkmenistanyň her bir türkmenistanly üçin gymmatlydygyny, onuň şan-şöhratyny has-da belende götermegiň her bir raýatyň konstitusion borjudygyny duýmalydyr, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň beren ajaýyp miwelerini gorap saklamalydyr...

Watany goramak mukaddesdir, uly mertebedir we bagtdyr. Şu günki dabaraly pursat ýaş esgerler üçin ýatdan çykmajak buýsançly wakadyr, çünki olar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygyny, bitewüligini we howpsuzlygyny goramaga başlaýar. Biziň bu günki bagtyýar, eşretli durmuşymyz, ýeten belent sepgitlerimiz, gazanan halkara abraýymyz mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen aýrylmaz baglydyr.

Harby kasam kabul edýän ýaş esgerler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşiniň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe çuňňur hormatlanylýan Gahryman Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa il-ýurt bähbitli, parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde, halkymyzyň abadançylygyny, döwletimizde asudalygy we parahatçylygy üpjün etmekde gün-günden bedew bady bilen gülläp ösýän mähriban Watanymyzyň döwlet berkararlygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň, halkymyzyň we jemgyýetimiziň howpsuzlygyny üpjün etmekde janlaryny gaýgyrman, mukaddes gulluk etjekdiklerini ynandyrdylar. 



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder