1 Temmuz 2015 Çarşamba

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meselelere, milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagynyň barşyna, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji ýubileý mejlisine gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Nýu-Ýork şäherine (ABŞ) boljak iş saparyna  görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sentýabrda açyljak Bütindünýä forumynyň gün tertibine möhüm meseleleriň ençemesi giriziler. 

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryndan ugur alnyp işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary we başlangyçlary  hakynda hasabat berdi. Şol başlangyçlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde beýan ediler. Bellenilişi ýaly,  türkmen tarapynyň Milletler Bileleşiginiň garamagyna girizilýän ähli teklipleri sebitde we dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilendir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýe bolup durýandygyny belläp,  ýurdumyzyň geljekde hem bu netijeli gatnaşyklary ählumumy abadançylygyň bähbidine hemmetaraplaýyn berkitmäge, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Halkara başlangyçlar şol maksatlaryň gazanylmagyna gönükdirilendir. Olary Bitarap Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji taryhy mejlisiniň garamagyna hödürlär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklar barada gürrüňi dowam edip, onuň BMGÖM, ÝUNISEF, ÝUNESKO, BMG-niň BÝKM, BMG-niň Ilat gaznasy, UNDOK, BSGG, UNEP ýaly iri düzümleri we ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýetini belledi. Aşgabatdža hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkezi däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu merkeziň ştab-kwartirasyny türkmen paýtagtynda ýerleşdirmek hakynda çözgüt Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji, döredijilik syýasatyny—oňyn bitaraplyk syýasatyny ählumumy ykrar etmegiň aýdyň mysaly boldy. Soňky ýyllarda Aşgabat şäheri şeýle hem BMG-niň howandarlygyna geçirilýän, dürli ugurlarda netijeli halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam edýän iri forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. 

Üstümizdäki ýylyň BMG-niň 70 ýyllyk  ýubileýi bilen bir hatarda  Türkmen döwletiniň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna beslenmeginiň  özboluşly manysynyň bardygyny belläp, milli Liderimiz dünýä bileleşigine Türkmenistanyň teklipleriniň many-mazmunyny düşündirmek boýunça  işleri geçirmegiň ähmiýetini belledi. Şol teklipler Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny şöhlelendirýär. Şunda döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamak, ählumumy durnukly ösüş üçin zerur bolan şertleri döretmek meselelerinde ýurdumyzyň  eýeleýän ornuny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Nýu-Ýork şäherine boljak iş saparyna hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisine gatnaşmaga görülýän taýýarlyga jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek  boýunça Mejlisiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar. Mejlisiň Başlygy kanunçykaryjylyk ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigini  aýtmak bilen, parlamentara  gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny belledi.     

Şeýle hem milli parlamentiň baştutany paýtagtymyzyň Abadan etrabynda abadanlaşdyrmak we binalaryň durkuny täzelemek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçykaryjylyk işini döwlet ösüşiniň möhüm wezipelerini, halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekip, kanunçylyk, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny ýerli häkimiýet guramalary, degişli edaralar, jemgyýetçilik düzümleri, işewür bileleşigi bilen, düýpli işlemegiň möhümdigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz  ähli kanunlaryň adamlaryň bähbidine işläp, ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş derejesini gowulandyrmak, döredijilikli zähmet çekmegi üçin şertleri döretmelidigini belledi. 

Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň Abadan etrabynda alnyp barylýan işlere gözegçilik edýän A.Nurberdiýewa hem-de wise-premýer P.Taganowa etrapda abadanlaşdyrmak işlerini toplumlaýyn alyp barmak, inženerçilik-tehniki üpjünçiligini amatlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek boýunça degişli görkezmeleriň birnäçesini berdi. 
  
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew  gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň barşy, döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda aýdyp, auditorlyk işini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän işler hakynda hasabat berdi. 2014-nji ýylyň noýabrynda kabul edilen “Auditorlyk işi” baradaky Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, maliýe-ykdysady ulgamyna degişli guramalar tarapyndan işiň bu görnüşi boýunça  kepillendirmegiň täze Düzgünnamasy taýýarlanylýar. Resminama bu ulgamda halkara tejribelerini, milli ykdysadyýetimiziň aýratynlyklaryny hasaba alýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda auditorlyk işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady. Auditor hyzmatlarynyň ugurlaryny giňeltmek zerurdyr, ol  edaralaryň işlerini aýdyňlaşdyrmaga hem-de buhgalter we maliýe hasabatlylygyny üpjün etmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz auditorçylyk işini ygtyýarlylandyrmak baradaky Düzgünnamanyň täze redaksiýasynda audit geçirmegiň talaplaryny we şertlerini takyklamagyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere resminamany taýýarlamak meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, iýul aýynda açylmagy we düýbi tutulmagy göz öňünde tutulýan desgalar hem-de şu aýyň dowamynda bellenilmegi meýilleşdirilýän şanly seneler mynasybetli geçiriljek medeni çäreler, olaryň maksatnamasy barada aýratyn durup geçdi.

Galla baýramy, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygy, “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” mynasybetli teatrlarda, muzeýlerde, dynç alyş merkezlerinde, saglygy goraýyş edaralarynda maslahatlar, konsertler, we beýleki dabaralar göz öňünde tutulýar. Saglygy goraýyş ulgamyna degişli birnäçe binalaryň we desgalaryň  açylyş hem-de düýbüniň tutulyş dabaralary bolar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ynsan saglygy hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny, mundan 20 ýyl ozal kabul edilen  “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň tutuşlaýyn şu maksada gönükdirilendigini belläp, şu aýda açylmagy we düýbi tutulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň hem-de binalaryň halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda ähmiýetine ünsi çekip, bular bilen bagly medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejede geçirmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.  

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän oba hojalyk toplumynda häzirki wagtda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, galla oragynyň barşy barada hasabat berdi. 

Şu  güne  çenli ýurdumyz boýunça 1 million 284 müň 486 tonna bugdaý hasyly ýygnaldy. Galla oragy bilen birlikde ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamak üçin bugdaý hasylyny kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara daşamak işleri utgaşykly dowam edýär. Şeýle hem bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri geirilp, şol ýerlere aralyk ekinlerini ekmek işleri alnyp barylýar. 

Şu günler ýurdumyzyň pagtaçylary gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işlerini alyp barýarlar. 

Şeýle hem hasabatda, häzirki wagtda ýurdumyzda gyzgalaňly barýan gök we bakja önümleriniň öndürilişiniň mjçberlerini artdyrmak boýunça babadaýhanlarynyň alyp barýan işleri barada habar berildi. Mundan başga-da, Koreýa Respublikasynyň suwy tygşytly ulanmak boýunça işleri alyp barýan kompaniýalarynyň gatnaşmaklarynda ýakynda paýtagtymyzda geçiriljek maslahata taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň berekedi bolan gallany iň soňky dänesine çenli ýygnap almak işlerini bellenilen möhletde tamamlamagyň zerurdygy barada aýdyp, orak bilen bagly guramaçylyk meselelerine uly üns bermegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şeýle hem  ýurdumyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolup durýan  pagtany ýetişdirmekde ylmy taýdan esaslandyrylan usullary ulanmak boýunça görkezmeleri berip, wise-premýere daýhanlar tarapyndan agrotehniki kadalara gyşarnyksyz eýerilmegine gözegçiligiň üpjün edilmegini tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz suw serişdelerini netijeli peýdalanmak meseleleri boýunça öňde boljak maslahatyň ähmiýetini belläp, onuň ýokary derejede geçirilmegi babatda wise-premýere degişli görkezme berdi.  

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Howanyň gyzmagy bilen yssynyň ilatyň saglygyna ýaramaz täsiriniň öňüni almak boýunça çäreleri işläp düzmek hasabatyň meseleleriniň biri boldy. 
Mysal üçin, dürli keselleriň, şol sanda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça lukmançylyk ylymlarynyň we öňdebaryjy tejribäniň esasynda degişli çäreler, ilatyň arasynda düşündiriş işleri geçirilýär. Tomsuň yssy günlerinde çagalar-sagaldyş meýdançalarynda ähli zerur önümleriň üpjün edilmegi, yssydan goranmagyň ugurlary bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, wise-premýer bu babatda işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada aýratyn durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, tomus paslynyň häzirki yssy günleri bilen baglylykda çagalar-sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalary ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz tomsuň aýratyn yssy döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän çagalar-sagaldyş merkezlerinde, mekdep meýdançalarynda dynç alýan çagalaryň saglygyny goramak boýunça yzygiderli çäreleri görmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, ugur alynmaly esasy ýörelgeleriň birnäçesine ünsi çekdi. Mysal üçin, yssy günler çagalara köp suw içmek, kadaly iýmitlenmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň işini guramak babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Wise-premýeriň hasabatynda şu ýylyň 27-28-nji iýunynda Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministriniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda iş sapary bilen bolan ýapon işewürleri bilen geçirilen duşuşyklaryň netijeleri barada habar berdi. gepleşikleriň barşynda Ýaponiýanyň işewür topalarynyň wekilleriniň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly isleg bildirýändigi bellenildi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudagydygyny, onuň düzümlerini hemmetaraplaýyn ösdürmegiň  döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugrularynyň hatarynda durýandygyny nygtady. Milli Liderimiz Ýaponiýanyň uly wekiliýetiniň ýakynda Türkmenistana bolan iş sapary baradaky gürrüňe ünsi çekip, dünýäniň bu ösen ýurtlarynyň biri bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýurdumyzyň gyzyklanýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geçirilen duşuşyklarda ýapon tarapynyň öňe süren teklipleriniň düýpli öwrenilmegini we seljerilmegini wise-premýere tabşyryp, bu işe geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy nukdaýnazaryndan jogapkärçilikli çemeleşmelidigini nygtady. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň  senagat düzümini ösdürmek, ulgama degişli pudaklara dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.   

Wise-premýer paýtagtymyzyň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň durkuny täzelemek maksady bilen Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky “Bahar” tikin önümçilik birleşiginiň hem-de Aşgabat gön zawodynyň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň “Argaç” ýüň egriji kärhanasynyň binalary sökülip aýrylandygyny aýtdy. Häzirki wagtda tikinçilik we gön önümçilikleriniň desgalary hereket edýän pudak kärhanalarynyň binýadynda ýerleşdirildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma senagatynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýändigini hem-de bäsdeşlige ukyply önümleriň çykarylmagynyň we maýa goýumlarynyň çekilmeginiň düzümi gaýtadan gurmagyň esasy maksatlarydygyny belledi. Milli Liderimiz wise-premýere ýeňil senagatyň kärhanalarynyň işini utgaşdyrmak, serişdeleriň netijeli ulanylmagyna ýardam edýän işleri degişli derejede  guramak babatda birnäçe görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamynda işleriň ýagdaýy, ulag-aragatnaşyk toplumyna dünýäniň kämil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzda ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini  artdyrmak hem-de aragatnaşyk ulgamynyň düzümlerini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň çäginden geçýän awtomobil we demir ýollaryň netijeli ulanylmagy boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

Şeýle hem wise-premýer "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda çagalaryň döwrebap dynç almagy  üçin amala aşyrylýan işler dogrusynda hasabat berdi. Dynç alyş zolagynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň buýurmasy esasynda “Älemgoşar” oýun attraksionly seýilgähiň, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň buýurmasy esasynda “Deňiz merjeni” seýilgähiniň, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň buýurmasy esasynda “Jadyly kenar” seýilgähiniň hem-de Balkan  welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda köp gatly awtoduralganyň gurlup ulanmaga taýýar edilendigi barada ýörite taýýarlanylan şekilleriň üsti bilen gürrüň berildi.    

Hormatly Prezidentimiz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda çagalar üçin niýetlenen oýun attraksionly seýilgähleriň gurluşygynyň tamamlanandygy baradaky habary kanagatlanma bilen kabul edip, wise-premýere  bu desgalary ýakyn günlerde dabaraly ýagdaýda açmak barada görkezme berdi.  

Döwlet Baştutanymyz tomus möwsüminde bu ýerde dynç alýan çagalar üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly möhüm meselä ünsi çekip, bu babatda S.Satlykowa we S.Toýlyýewe yssynyň ýaramaz täsirinden çagalaryň saglygyny goramak üçin öňüni alyş çäreleriniň guralmagy boýunça anyk maksatnamany kabul etmegi hem-de bu meseläni üns merkezinde saklamagy wise-premýerlerden talap etdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy,  Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmagyň meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Wise-premýer 2015-2016-njy ýyllarda paýtagtymyzyň köçeleriniň durkuny täzelemek, ýaşaýyş jaýlarynyň daşky görnüşlerini abatlamak, olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz  paýtagtymyzyň jemagat hojalygy ulgamyny, we ýaşaýyş-durmuş düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.  

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, daşary ýurtlardan satyn alynýan önümleriň ýerini tutýan önümleri çykarýan önümçiligi döretmek  boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Wise-premýer “Türkmenbaşy-Farap” we “Aşgabat-Daşoguz” awtomobil ýollarynda we köprülerde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksadynda görülýän çäreler barada habar berdi. Şeýle hem energetika pudagy üçin täze hünär ugurlaryny açmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. 

Döwlet Baştutanymyz Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde guruljak stansiýada işlejek hünärmenleri taýýarlamak   maksady bilen, Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda “Elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürmegiň tehnologiýasy” hünärini açmak baradaky teklibi makullady hem-de bu barada wise-premýerler M.Artykowa we S.Toýlyýewe degişli görkezmeleri berdi. 

Hormatly Prezidentimiz döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynda we köprülerde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün edýän metal päsgelçilik germewlerini satyn almak barada hödürlenen kararyň taslamasyny makullady. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän düzümlerinde häzirki döwürde ýerine ýetirilen işleriň ýagdaýy, söwda we hyzmatlar ulgamynda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň çig mal serişdelerinden has netijeli peýdalanmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda,  eksporta niýetlnenen önümleriň  möçberleriniň we görnüşleriniň yzygiderli artýandygyny nazara almak bilen, önümi ýerlemegiň täze bazarlaryny we täze usullaryny gözlemek, şeýle hem ýurdumyza getirilýän harytlara bellenilen gümrük paçlaryna täzeden seretmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. 

Döwlet  Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkara derejesindäki 
ykdysady gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Milli Liderimiz netijeli gatnaşyklaryň barha artýan mümkinçiliklerini nazara almak bilen, her ýyl söwda dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga, şol sanda hususy telekeçiligiň  hyzmatdaşlyga çekilmeginiň, sebitleriň arasyndaky gatnaşyklary göni esasda ýola goýmagyň hasabyna artdyrmak üçin uly şertleriň bardygyny aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz häzir daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmek we içerki bazary üpjün etmek bilen bir hatarda, ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply we ygtybarly işewürligi ösdürmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda daşary söwda dolanyşygynyň has-da işjeňleşmeginde möhüm ähmiýeti bolan ýörite maksatnamalary işläp taýýarlamak, degişli ulgamda bar bolan hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. 

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder