Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde “Arkadagyň ak ýoly bilen” atly dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralan maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda milli ykdysadyýediýetimiziň hususy ulgamynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda öňde goýan wezipelerini çözmäge bagyşlandy.
Maslahatda bellenilişi ýaly, milli Liderimiz bilen duşuşyk ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmek üçin ähmiýetli, hakykatdan-da taryhy waka boldy. Telekeçilige döwletimiz uly guramaçylyk we maliýe goldawyny berýär. Bu bolsa diňe bir ýeňillikler we karz bermek görnüşinde bolman, eýsem, oňaýly ýagdaýy, telekeçileriň synpyny galdyrmak, bazar ulgamynyň zerur bolan düzüm bölegi hökmünde güýçli işewür-jemgyýetçiligini kemala getirmek üçin hukuk we beýleki şertleri üpjün etmekde jemlenýär.
Türkmenistanyň Baştutany milli maksatnamalaryň hem-de iri şähergurluşyk taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, içerki bazaryň ýokary hilli azyk we senagat harytlary bilen doldurylmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup bilýän we eksport ugurly önümleri çykarýan önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna, söwda we hyzmatlar ulgamynyň täze derejä çykarylmagyna hususy kärhanalaryň goşýan goşandyna ýokary baha berdi.
Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ençeme beýleki pudaklarynda telekeçileriň alyp barýan işleriniň netijeleri has uly wezipeleriň hötdesinden gelmegiň hem olara başartjakdygyny subut edýär. Diýmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde goýan strategik maksady gazanylar: ol maksat 2020-nji ýyla çenli ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynyň goşandyny jemi içerki önümiň möçberinden 70 göterime barabar bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň işewürleriniň täsin galdyryjy üstünlikleriniň olara dünýä bazarlaryna-da çykmaga mümkinçilik berýändigini belledi. Telekeçiler tarapyndan garamaga hödürlenen işleriň geljegi uly meýilnamalaryny oňlap hem-de ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynda mundan beýläk-de iş alyp barmagyň ileri tutulýan ugurlarynyň birnäçesini kesgitläp, milli Liderimiz “Türkmenistanda telekeçiligi ösdürmek boýunça çäreler hakynda” Karara hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna dürli maýa goýum-gurluşyk taslamalaryny ýerine ýetirmek üçin ýer böleklerini bölüp bermek hakynda Buýruga gol çekdi. Şol taslamalar öz möçberi we gerimi boýunça ýurdumyzyň telekeçiliginiň ösüşiniň täze tapgyrynyň başlanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz kaliý dökünlerini öndürmek boýunça kärhananyň, şeýle hem Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy ýaly uly möçberli desgalaryň gurluşygyna baş potratçy bolmagy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine tabşyrdy.
Bu çözgütler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde uly orun tutýan hem-de hususy kärhanalarda müňlerçe iş orunlaryny döredýän ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmek we höweslendirmek meselelerine döwlet Baştutanymyzyň uly üns berýändiginiň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hatarlarynda örän güýçli goldawa eýe boldy.
Mazmuny boýunça bu çözgütler, bir tarapdan, milli Liderimiziň hususy ulgama bildirýän belent ynamyna, beýleki tarapdan bolsa, işewür düzümleriň durmuş taýdan jogapkärçiligini hem-de täsir ediş ulgamyny artdyrmaga çagyryşa öwrüldi. Şol taryhy duşuşyk milli ykdysadyýetiň hereketlenjiriji güýji hökmünde ýurdumyzyň telekeçiliginiň ösüşinde hil taýdan täze tapgyra öwrüldi.
...Türkmen işewürliginiň meýilnamalary, hakykatdan hem örän uludyr, telekeçiligi döwletiň netijeli goldamagynyň işlenip düzülen we hemişe kämilleşdirilýän gurallary bolsa olaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde dabaraly maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, özlerine bildirilýän üns, işewürligi ösdürmek üçin döredilýän ajaýyp şertler, hemmetaraplaýyn goldaw we kömek, ähli başlangyçlara hemaýat berilýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.
Ýüzlenmede şeýle hem Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygynyň öňýanynda milli Liderimiziň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen hususy ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk wezipeler beýan edilip geçiren duşuşygynyň uly mana eýedigi bellenilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň bildiren ýokary ynamyndan, gürrüňdeşliginden, beýan eden pikirlerinden ruhlanan telekeçiler hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny, şol sanda Aziada-2017-ni ýokary derejede geçirmäge, peýdaly gazylyp alynýan känleri hem-de beýleki tebigy serişdeleri senagat taýdan işläp taýýarlamaga, syýahatçylyk düzümlerini ösdürmäge hem-de beýlekilere işjeň gatnaşmak boýunça beren tabşyryklaryny abraý bilen ýerine ýetirmek üçin has-da uly güýç bilen işlejekdiklerine ynandyrdylar.
Maslahata gatnaşyjylar milli Liderimiziň beren her bir tabşyrygyny öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmäge, munuň üçin öz güýçlerini, tejribelerini we bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryna borçlandylar hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa agzybir türkmen halkynyň bagtyýarlygyny we abadan geljegini üpjün etmäge gönükdirilen ähli işlerinde hem-de başlangyçlarynda uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder