7 Haziran 2016 Salı

Türkmenistanyň DIM-nde Angola Respublikasynyň Ilçisi Bilen Duşuşyk Geçirildi

2016-njy ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) jenap Žoakim Auguştu de Lemuş bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda dürli pudaklardaky ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge niýetlenen meseleleri we mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen işjeň gepleşikler geçirildi. Taraplar geljekde syýasy gatnaşyklary berkitmekde, şeýle hem halkara guramalaryň çarçuwasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde gyzyklanmalaryny beýän etdiler, iki ýurduň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň wajyplygy barada aýtdylar.

Söwda-ykdysady ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada aýdyp, nebit we gaz, oba hojalyk we dokma senagatyndaky gatnaşyklary ösdürmekde gyzyklanmalar beýan edildi. Şunlukda, taraplar iki ýurduň işewürler toparlarynyň we ykdysadyýetleriniň subýektleriniň gatnaşmagyndaky bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. 

Iki ýurduň baý medeni mirasy barada aýdyp, taraplar medeni-ynsanperwer özaragatnaşyklaryny ösdürmekde gyzyklanmalaryny bellediler, şeýle hem sport we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder