7 Haziran 2016 Salı

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Ýol we Şäher Gurluşygy Ministrini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri Abbas Ahmad Ahundini kabul etdi. 

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň mähirli sözlerini, tutuş türkmen halkyna gülläp ösüş hem-de dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň mizemez däp-dessurlaryna esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, Abbas Ahmad Ahundi hormatly Prezidentimize mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny aýtdy. 

Milli Liderimiz myhmana hoşniýetli sözleri we mähirli gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanyna iň oňat arzuwlaryny ýollady hem-de goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklaryň sarpasyny hemişe belent tutýan Türkmenistanyň mundan beýläk hem medeni we taryhy umumylyklary bilen baglanyşykly bolan türkmen hem-de eýran halklarynyň bähbitlerine netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrjakdygyny nygtady. 

Myhman Eýranda biziň ýurdumyz bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklara örän uly ähmiýet berilýändigini belläp, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan hem-de sebitde we dünýäde durnukly ösüşi hem-de abadançylygy üpjün etmek maksatlaryna eýerýän döredijilikli daşary syýasatyň ähmiýetini nygtady. 

Duşuşygyň barşynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nazara almak bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň meseleleri boýunça gyzykly pikir alyşmalar boldy. Döwlet Baştutanymyz we myhman söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-eýran gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagyň zerurdygyny aýtdylar. Işjeň gatnaşyklary berkitmek üçin täze ýollary kesgitlemek babatynda bilelikdäki Hökümetara toparyň ähmiýeti bellenildi. 

Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda ulag-aragatnaşyk ulgamy hem-de gurluşyk pudagy agzaldy. Şunuň bilen baglylykda, iki dostlukly ýurduň ykdysady taýdan gülläp ösmegine hyzmat edýän bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri Türkmenistan tarapyndan saýlanyp alnan sebit we yklym derejesinde köp şahaly utgaşdyrylan ulag düzümini kemala getirmek boýunça strategiýa ýokary baha berip, ýurdumyzyň amala aşyrýan ulag ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak syýasatynyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa geçirmek üçin degişli logistik düzümi döretmekde eýýäm oňyn netijäni berýändigini nygtady. Hususan-da, «Demirgazyk—Günorta» ulag geçelgesiniň esasy bölegi bolan, diňe bir goňşy ýurtlaryň arasynda däl-de, tutuş Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmaga hyzmat etjek Eýran – Türkmenistan – Gazagystan demir ýolunyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. 

Ýol gurluşygyny we şäher düzümini ösdürmek boýunça özara gatnaşyklary güýçlendirmäge aýratyn üns berildi. Bu ulgamlary döwrebaplaşdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girýär. Duşuşygyň ýene bir pikir alşylan ugry iki ýurduň deňiz we howa gulluklarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada boldy. Bu babatda eýran tarapynyň şu ulgamda hyzmatdaşlyk etmek boýunça teklipleri aýdyldy. 

Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri barada pikir alyşmalar boldy. Myhman eýran işewürleriniň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge isleg bildirýändiklerini aýdyp, döwletara gatnaşyklarynyň netijeliliginiň köp babatda ulgamlaýyn esasda bilelikdäki ykdysady maslahatlary we sergileri guramaga, dürli derejeli wekiliýetleri alyşmaga baglydygyny belledi. 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri Abbas Ahmad Ahundi ikitaraplaýyn bähbitli hem-de deňhukuklylyk esasda guralýan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. 

Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Ahmadi gatnaşdy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder