5 Haziran 2016 Pazar

Syýahat Žurnaly Türkmenistanyň Jahankeşdelik Ugurlary Özüne Çekýär

Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň suratlar bilen bezelen “Syýahat” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyndaky özgertmeleri beýan etmäge ýöriteleşdirilen neşir okyjylary bu ulgamda alnyp barylýan işler, pudagyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän çäreleri bilen tanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saýahatçylyk işini dünýä derejesine çykarmakda bu meselelere aýratyn şert hökmünde möhüm ähmiýet berýär.

Žurnalyň täze sanyny türkmen wekiliýetiniň däp bolan “ITB Berlin” ýazky sergä gatnaşmagy baradaky hasabat açýar. Dünýäde iri syýahatçylyk forumlarynyň biri bolan bu sergi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň paýtagtynda indi 50-nji gezek geçirilýär. Soňky ýyllarda bu çärä gatnaşýan 180-den gowrak döwletiň hatarynda biziň ýurdumyzyň hem bölümi görkezilýär.

Serginiň dowamynda türkmen hünärmenleri syýahatçylygy dolandyryjy kompaniýalaryň, syýahatçylyk, mahabat we marketing agentlikleriň, myhmanhanalaryň, syýahatçylyk birleşikleriniň, jahankeşdelik gezelençlerini we işewürlik saparlaryny lomaý satyn alyjy düzümleriň wekilleri, ugurdaş sergileri hem-de maslahatlary guramaçylar bilen duşuşyklar geçirdiler. Gepleşikleriň barşynda, hususan-da, maglumat alyşmalara, milli syýahatçylyk önümlerini özara ilerletmek, şeýle hem Germaniýanyň we Ýewropanyň ýöriteleşdirilen okuw merkezlerinde işgärleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy.

Biziň wekiliýetimiziň “ITB Berlin -2016”-a gatnaşmagynyň netijeleri ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň tebigatyň täsin, gadymyýet bilen häzirki döwrüň utgaşýan taryhy künjeklerine gezelenç etmegi halaýan ýewropalylaryň ösýän talabyna doly laýyk gelýändigini görkezdi.

Daşary ýutr bilermenleri şeýle hem täze ugurlaryň hatarynda ekologiýa we sport syýahatçylygynyň geljegi has uly jahankeşdelik görnüşleri bolup durýandygyny belleýärler. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde mümkin boldy. Emma biziň ýurdumyzyň täsin medeni mirasy häzir hem syýahatçylary özüne çekýän esasy ugur bolmagynda galýar.

“Syýahat” žurnalynyň her sanynda türkmen halkynyň däp-dessurlary, toý we maşgala dessurlary, adatlary, puhy gymmatlyklary hakynda gürrüň berilýär, bu ýörelgeleriň esasynda bolsa milli edim-gylymlar kemala gelipdir. Türkmenleriň durmuş däp-dessurlaryny öz içine alýan esasy ýörelgeleriň biri hem suwa bolan sarpasydyr.

“Arassa altyn” atly makalada “Suw damjasy – altyn dänesi” diýen nakylyň manysy beýan edilýär. Hakykatdan-da çöl suwy gymmatlyga öwürdi, emma ynsan paýhasy ony ählumumy gymmatlyk derejesine ýeterdi. 

Merkezi Aziýa, hususan-da, Türkmenistanyň çäkleri gadymy siwilizasiýalaryň mesgeni, medeniýetiň we suwarymly ekerançylygyň merkezi hasaplanylýar. Gadymy desgalaryň biziň döwrümize çenli gelip ýeten galyndylary suw hojalyk ulgamlaryny döreden orta asyr hünärmenleriniň zerur tärleri hem-de ýokary ussatlygy ele alandyklaryna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň çäklerinde suwaryş desgalarynyň dürli görnüşleri ulanylypdyr. Olary döretmek hemişe iri gurluşyk çäreleri hasaplanylypdyr we munuň özi bu işlerde şol döwür üçin iň täze tehnologiýalaryň peýdalanylandygyndan habar berýär. Hatda adaty açyk suwaryş akabalarynyň gurluşygynda hem belli bir inženerçilik kadalarynyň berk berjaý edilmegi hem-de işleriň uly möçberiniň ýerine ýetirilmegini talap edipdir, onda ekerançylyk ýerlerini suwarmak üçin örän köp adamyň bilalikdäki zähmeti zerur bolupdyr. Toparlaýyn üýşüp, bilelikde bir işi ýerune ýetirmek endigi türkmenlerde häzire çenli saklanyp galypdyr. 

Merkezi Aziýanyň suwaryş desgalarynyň taryhynda aýratyn ähmiýete eýe bolan beýleki desgalaryň hatarynda suw göterijileri – jykyrlary, suw bölüjileri we sardoblary görkezlek bolar, olar ýagyş-ýagmyr suwuny ýygnamak usulynda işläpdirler. Çylşyrymly suwaryş ulgamlary bolan kärizleriň uzynlygy birnäçe kilometre deň bolupdyr, olar ýerasty geçelgeler arkaly birikdirilen guýular ulgamyndan ybaratdyr. Kärizleri gurmakda olaryň aşakdan ýokarlygyna gazylandygy sebäpli, bu iş adam üçin howply bolupdyr. Bir kärizi gurmaga ençeme ýyl sarp edilipdir, emma olar ygtybarlylygy hem-de möçberi bilen haýran galdyrýar.

Türkmen ussalary Garagumuň jümmüşinde çuň guýulary gazypdyrlar, olaryň ygtyýarynda iň bir ýöntem gurallar bolupdyr, emma çäksiz sabyrlylyk, çydamlylyk we gujur-gaýrat, şeýle hem giden çöllük ýerlerde adamlara hemaýat bermek we özüňden soň ýagşy at goýmak hyjuwy bu işleri bitirmäge ruhlandyrypdyr. 

Häzirki wagtda jomart türkmen topragy halkymyzyň zähmetiniň rehneti hökmünde bol hasyl berýär, şäherlerimiz gök baglyklara bürenýär, seýilgähler hem-de ýüzlerçe çüwdürimler olaryň keşbine gözellik çaýýar. Ýurdumyzyň suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli peýdalanmak boýunça uly işler geçirilýär, Garagumuň merkezinde adam eli bilen döredilýän ägir uly kölüň gurlişygy alnyp barylýar... 

Ýurdumyz boýunça guralan giň göwrümli maglumat-tanyşdyryş gezelenjine gatnaşyjylar Türkmenistany baý taryhy mirasa, täsin tebigata, özboluşly medeniýete baý ülke hökmünde tanamaga, zähmetsöýer halkymyzyň zehininden emele gelen häzirki wagtdaky okgunly durmuş barada giň düşünje aldylar. ABŞ-nyň, Kanadanyň, Awstraliýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Şweýsariýanyň, Beýik Britaniýanyň, Awstriýanyň, Gollandiýanyň, Russiýanyň, Çehiýanyň, Bolgariýanyň,  Latwiýanyň we beýleki ýurtlaryň syýahatçylyk kompaniýalarynyň 160-dan gowrak wekili üçin şeýle gezelenç guraldy, bu barada “Syýahat” žurnalynyň makalalarynyň birinde gürrüň berilýär. 

“Demirgazyk welaýat: gadymy mirasyň we ХХI asyrda halklaryň medeni goşulyşmagynyň çatrygynda” atly makala 2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty Daşoguz şäherine bagyşlanýar.

Deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri we ýurdumyzda atçylyk sportunyňösüşi barada ýörite makala çap edilýär.

Türkmenistan bu ugurda dünýäniň ykrar edilen merkezine öwrülýär, biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz bolsa, dürli ýurtlarda geçirilýän iri gözdengeçirişleriň, atçylyk sport bäsleşikleriniň we çapyşyklaryň ýeňijileri bolýarlar. Muňa biziň çapyksuwarlarymyzyň Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde geçirilen konkur boýunça halkara ýaryşynda “Arkalaşygyň Kubogyna” eýe bolmagy hem şaýatlyk edýär. 

Žurnalyň bu sanynda Türkmenistanyň täsin muzeý gymmatlyklary barada gürrüň berilýär, olar ABŞ-nyň iri sungat merkezi – Metropoliten-muzeýde “Köşkler dünýäsi we Älem: Seljuklaryň Beýik asyry” ady bilen dowam edýän sergide ilkinji gezek görkezildi. 

Nýu-Ýorkda üç aýlap dowam edýän serginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen ýylda geçýändiginiň özi hem bellemeli ýagdaýdyr. Bu iri möçberli çäräniň esasy wezipeleriniň biri milli taryhy-medeni mirasy ýer ýüzüne giňden ýaýmak bolup durýar.  

Žurnalda daşary ýurt täzelikleriniň toplumuny çap etmek dowam etdirilýär, olar jahankeşdeligi söýýänler üçin niýetlenendir, “Älem täsinlikleri” ady bilen çap edilýän habarlar bolsa okyjylary dünýäniň iň täsin künjekleri bilen tanyşdyrýar. 

Häzirki wagtda ösen tehnologiýalar we aragatnaşyk ulgamlarynyň ösmegi netijesinde dünýä bitewi bir maglumat giňişligine öwrüldi, uzak aralyklar bolsa jahankeşdeligi söýýänler üçin indi päsgelçilik däldir. Mundan başga-da, on-laýn ýa-da wirtual syýahatçylyk giňden ýaýraýar, bu ugur boýunça köpsanly telegepleşikler hem meşhurlyga eýedir. 

Şeýle-de bolsa “Müň gezek eşidenden – bir gezek gören ýagşy”. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän hem-de biziň ülkämiziň nähili täsinlikler bilen özüne çekýändigini görkezýän, köp öwüşginli fotosuratlar bilen bezelen “Syýahat” žurnaly biziň ýurdumyza gelip görmäge çagyrýan çakylykdyr.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder