4 Haziran 2016 Cumartesi

TNGIZT Gaýtadan Işlemegiň Täze Tapgyryna Çykýar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) nebiti gaýtadan işlemegiň möçberini artdyrýar we nebit önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini ýokarlandyrýar. Häzirki wagtda kärhanada ýylda 10 million tonnadan gowrak uglewodorod serişdeleri gaýtadan işlenilýär.

— Uglewodorod serişdelerini monetizasiýalaşdyrmakda üstünlik gazanmak öndürilýän önümleriniň toplumyny giňeltmeklige, olary gaýtadan işlemekligiň möçberini, çuňlugyny ýokarlandyrmaklyga, şeýle hem Ýewro-5 standartlaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa ýokary hilli ýangyçlary öndürmek mümkinçiliklerine bagly bolup durýar — diýip, TNGIZT-nyň baş tehnology Ý.Klyçew gürrüň berýär.

Şu meýilnamany durmuşa geçirmek maksady bilen geçen ýylyň oktýabrynda «LG International Corp» we «Hyundai Engineering CO. Ltd» (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň gatnaşmagynda birbada dört sany täze desganyň — kuwwatlylygy ýylda iki million tonna barabar mazudy wakuumlaýyn aýlaýan, ýylda 230 müň tonna öndürmäge ukyply ýeňil benzinleri izomerleýän hem-de 250 müň tonna kuwwatlylyky alkilirleýän desganyň gurluşygy tamamlanyp, ulanyşa girizildi. Ýylda 2,3 million tonna öndürijilikli benzinleri garýan desga işe girizildi. Şeýle kuwwatlyklaryň ulanyşa girizilmegi harytlyk benziniň diňe bir mukdaryny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem hilini hem düýpli özgerdip, olaryň häsiýetnamasyny Ýewro-4 hem-de Ýewro-5 ekologiki standartlaryna golaý getirdi.

Nebiti gaýtadan işlemekligiň çuňlaşdyrmakda 95 göterim derejesine ýetmek hem-de Ýewro-5 standarlaryna laýyk gelýän ýokary hilli ekologiki taýdan arassa önümleriň önümçiligini doly geçmek maksady bilen zawodda УЗК-ДАК toplumyny gurmaklyk meýilleşdirilýär. Bu desga ýyllyk kuwwaty 900 müň tonna barabar bolan haýalladylan kokslama we ýyllyk kuwwaty 500 müň tonna barabar bolan gudrony deasfaltizasiýa desgasydyr. Şeýle hem, benzini gidro arassalaýan, kokslaýan we katalitiki kreking, şeýle hem wodorod öndürýän blokly dizel ýangyjyny gidro arassalaýan desga, II+ we III+ toparlaryň binýatlaýyn ýaglaryny alýan katalitiki izodeparafinizasiýa desgasy, mazutlaryň katalitiki krekingi desgasy (RFCC) ulanyşa giriziler.

Nebitgaz senagatyny mundan beýläk hem ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň nebitgaz toplumynyň öňünde gazy gaýtadan işlemekligi ösdürmeklige gönükdirilen işleriň depginini ýokarlandyrmak wezipesini goýdy. Eýýäm häzirki günlerden ýurtda tebigy gazy gaýtadan işlemek bilen polietilen we polipropilen, benzin we dizel ýangyjyny aljak desgalaryň gurluşynyň taslamalary durmuşa geçirilýär. hususan-da, Hazarýaka sebitlerinde Guýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürjek zawodyň gurluşygy dowam edýär, Aşgabadyň golaýyndaky Owadandepede GTG («gazy benzine öwürmek») tehnologiýasy esasynda benzin öndürjek zawodyň gurluşygyna badalga berildi, gazy dizel ýangyjyna öwürjek zawodyň gurluşygy meýilleşdirilýär.

Şeýle ýokary tehnologiki önümçilikleriň döredilmegi ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň has hem ösdürilmegiň üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şeýlelik bilen, GTG tehnologiýasy esasynda benzin öndürjek zawodyň gurluşygy tamamlanandan soňra, TNGIZT bilen bilelikde diňe bir ýurduň içindäki awtomobilleri ýangyç zerurlyklary bilen doly üpjün etmän, eýsem ýokary hilli benzinleriň eksportyny hem artdyrmaga mümkinçilik berer.

Täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy gazy mundan beýläk hem gaýtadan işläp, stirol we polistirol ýaly has gymmatbahaly nebithimiýa önümlerini almaga mümkinçilik berer. Elbetde, munuň üçin zawodda goşmaça tehnologiki desgalary gurmak hem-de şunuň bilen bagly ähli meseleleri doly özleşdirmek zerur bolar.

Zawodyň hünärmenleri iň täze tehnologiýalary özleşdirmezden önümçiligiň depginini ýokarlandyryp bolmajakdygyna, öndürýän önümleriniň görnüşlerini giňeldip bilmejekdiklerine, şonuň bilen bir hatarda hem eksporty artdyryp bolmajakdygyna oňat düşünýärler. Hut şonuň üçin hem bu toplum häzirki wagtda gerimini giňetlmegini dowam edýär. Hususan-da, ýyllyk kuwwaty 21 müň tonna barabar bolan biosa gönükdirilen polipropilen plýonkalaryny (BOPP) öndürýän desganyň, şol sanda kotel desgasynyň, kompressor we azot stansiýalarynyň, arassalaýjy täze gurluşlaryň, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýyllyk kuwwaty 500 müň tonna barabar bolan katalitiki riforming desgasynyň gurluşygy tamamlanyp barýar we ýakyn wagtda şol desgalar ulanyşa giriziler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder