Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady we ruhy mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň ýolunda netijeli ädimi alamatlandyran ýene bir hepde tamamlandy. Ýurdumyzy ösdürmek, ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bazar gatnaşyklary şertlerinde dünýä ykdysadyýetiniň meýillerini nazara almak bilen, ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini saklamak üçin toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, 3-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 5 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde 2016-njy ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň makroykdysady görkezijileriniň milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny alamatlandyrandygy bellenildi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini ýokary derejede saklandy. Şol sanda senagat pudagynda bu görkeziji 102,2 göterime, gurluşykda 105,5 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 110,1 göterime, söwdada 116,3 göterime, oba hojalygynda 106,5 göterime, hyzmatlar ulgamynda 109,8 göterime barabar boldy.
Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maglumatlaryna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanyldy. Tutuşlygyna alnanda, öndürilen önümleriň ösüş depgini 103 göterime deň boldy.
2016-njy ýylyň bäş aýynyň netijeleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 91,6 göterim, çykdajy bölegi bolsa 87,8 göterim ýerine ýetirildi. Aýlyk haklary, döwlet kömek pullary, pensiýalar we talyp haklary doly möçberde tölendi. 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ortaça aýlyk haklary 9,5 göterim ýokarlandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň ýokary göterilişi dowam edýär. Ýöne bu ýagdaý örän haýal barýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, ösüş depgini töwekgelçilikleriň täsirine düşýär. Ählumumy ykdysadyýete edil ozalkylary ýaly pese düşmek bilen baglanyşykly ýaramaz ýagdaýlar täsirini ýetirýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Munuň özi ýurdumyzy ösdürmek boýunça bellenilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilmeginde käbir kynçylyklary döredýär. Biz jemi içerki önümiň ösüş depginini 6 göterimden gowrak derejede saklaýarys. Ýöne ýetilen sepgitler bilen kanagatlanyp bolmaz diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze çözgütleri gözlemeli. Häzir biziň öňümizde ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak wezipesi durýar. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumyna degişli bolmadyk ulgamynda 2,2 göterim ösüşiň gazanylandygyny belledi. Ýöne munuň özi ýeterlik däldir.
Milli Liderimiz telekeçiler bilen alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, ylmyň we tehnologiýalaryň soňky gazananlaryny peýdalanmak arkaly täze önümçiligiň ýola goýulmalydygyny aýtdy.
Milli Liderimiz ähli ugurlar boýunça düzümleýin özgertmeleri nazarlaýan ykdysady ösüşiň täze usullary bilen baglanyşykly umumydöwlet maksatnamalaryna ünsi çekip, ykdysadyýetiň döwlete degişli pudagynda alnyp barylýan syýasatyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, ykdysadyýetde döwletiň paýynyň peseldilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bazar edaralaryny berkitmegiň, erkin bäsdeşligi ösdürmegiň, telekeçileriň başlangyçlaryny höweslendirmegiň halk hojalygynyň önümçilik pudagynyň esasy wezipeleridigini belledi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine ýerli gurluşyk kärhanalary bilen Ahal, Lebap hem-de Mary welaýatlarynda ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen häzirki zaman maldarçylyk toplumlarynyň taslamalaryny düzmek we gurmak boýunça şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi. Onda daşarky inženerçilik ulgamlaryny, elektrik, gaz, suw geçirijileri, aragatnaşyk we lagym ulgamyny geçirmek, olary umumy ulgama birikdirmek şertleri göz öňünde tutulmalydyr. Resminama laýyklykda, gurluşyk işlerine 2016-njy ýylyň iýun aýynda girişmek we maldarçylyk toplumlaryny 2018-nji ýylyň iýun aýynda doly taýýar edip ulanmaga tabşyrmak bellenildi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň Owganystanyň we Pakistanyň çägindäki gurluşygynyň başlangyç tapgyryny maliýeleşdirmek üçin “Türkmengaz” döwlet konsernine ABŞ-nyň 45 million dollaryndan gowrak serişdäni karz bermek baradaky Karara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Hindistanyň “Gail (India) Limited”, Pakistanyň “Inter state gas systems (Private) Limited”, Owganystanyň “Afghan Gas Enterprise”, “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýalaryň we “Galkynysh Pipeline Company” ýapyk paýdarlar jemgyýetleriniň arasynda baglaşylan maýa goýum ylalaşygyna laýyklykda turba geçirijiniň gurluşygyna gönükdirilen ilkinji degişli maýa goýum serişdesini goýbermek hakynda çözgüdi kabul etdi.
Häzirki döwürde “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleri “Galkynyş” gaz käninden Owganystanyň serhedine çenli bolan aralykda umumy uzynlygy 214 kilometr gaz geçirijiniň türkmen böleginiň gurluşygyny alyp barýarlar. Owganystanyň we Pakistanyň çäginde işlejek potratçy halkara bäsleşiginiň jemleri boýunça seçilip alnar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy diňe bir özara bähbitli energetika we ykdysady taslama bolman, eýsem, ol ägirt uly syýasy ähmiýeti bolan hem-de halkara energetika giňişliginde döwletleriň bähbidiniň birleşýändigini tassyklaýan utgaşdyryjy şertdir. Diýmek, ol geosyýasatda durmuşa geçirilmeli taslamadyr. Bu taslama syýasy erkiň we işjeň çemeleşmeleriň bolan ýagdaýynda önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we energiýa serişdelerini sarp edijileriň bähbidiniň sazlaşygyny üpjün etmek ýaly baş maksadyň amal bolýandygyny alamatlandyrýar.
Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen Türkmenistan bozulmaz dostluk we köpasyrlyk umumy taryhy-medeni gatnaşyklary bolan goňşy Owganystan bilen özara hyzmatdaşlygyň çägini giňeldýär.
Geçen hepdede Aşgabatda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň diplomatik edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler boldy. Onyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini, ileri tutulýan ugurlarda, şol sanda syýasy, sebit howpsuzlygy babatda, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag we beýleki pudaklarda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan—Owganystan—Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy ýaly iri sebit taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde taraplar halkara energetika we ulag-aragatnaşyk düzümlerini ösdürmek boýunça özara gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ynsanperwer ulgamdaky, esasan-da, bilim we saglygy goraýyş ugurlaryndaky iki ýurduň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşmalar boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, geçen hepdede goňşy Owganystana ynsanperwerlik ýüki ugradyldy. Ol Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde gurlup ulanmaga berilýän çaga dogrulýan öýi degişli önümler, dermanlar we beýleki zerur lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen amala aşyryldy. Bu wakanyň ähli musulmanlar üçin mukaddes Oraza aýy, asylly işleriň we oňyn başlangyçlaryň amala aşyrylýan döwri bilen gabat gelmeginiň çuňňur manysy bar.
Mundan başga-da, geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2016-njy ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi hem-de Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, türkmenistanlylaryň asuda we döredijilikli durmuşyny goramak, ýurdumyzda parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz geçen hepdede Russiýanyň “ARETI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Ol halkara “Katýuşa” welosport toparynyň baş hemaýatkäri bolup durýar we bu ulgamda degişli tejribe toplady.
Duşuşygyň barşynda türgenleriň we tälimçileriň taýýarlyk hem-de hünär ussatlygyny kämilleşdirmek, şeýle hem Türkmenistanda, hususan-da, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň täze welotreginde welosport boýunça iri halkara ýaryşlaryny geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi Aşgabatda geçiriljek Aziada—2017-ä taýýarlygyň çäklerinde has-da ähmiýetlidir.
Tomsuň ilkinji gününde Ahal,Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň kärendeçileri galla oragyna girişdiler. 8-nji iýunda bolsa Daşoguz welaýatynyň gallaçylary olara goşular.
Asylly däbe görä, ýerlerde il sylagly ýaşulular galla oragyna ak pata berdiler. Olar Beýik Biribardan mähriban Watanymyzyň we tutuş türkmen halkynyň abadançylygyny hem-de rowaçlygyny dileg etdiler. Ýaşulular ilkinji desseleri orup, nobaty kuwwatly tehnikalara berdiler.
Şu ýyl bugdaý ekilen 760 müň gektar meýdandan 1 million 600 müň tonna däne ýygnalar. Şol sanda Watan harmanyna Ahal welaýaty 450 müň, Mary welaýaty 380 müň, Lebap welaýaty 350 müň, Daşoguz welaýaty 300 müň we Balkan welaýaty 120 müň tonna ak bugdaý goşar. Ýurdumyzyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) “Durmuş monitoringi: Merkezi we Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynda çagalaryň hukugynyň we abadançylygynyň durmuş goraglylygy” atly sebit çykyşynyň tanyşdyryş çäresi boldy.
ÝUNISEF-niň döredilmeginiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde geçirilýän tanyşdyryş dabarasyna ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň , hukuk goraýjy düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň agentlikleriniň, ÝHHG-niň, TIKA-nyň, USAID-niň we beýlekileriň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşykda biziň ýurdumyzda çagalaryň durmuş goraglylygynyň durnukly ulgamyny döretmekde oňyn tejribäniň toplanandygy bellenildi we Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň özara gatnaşyklarynyň geljekki meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň esaslandyran Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň hormatyna 5-nji iýunda ýurdumyzyň Oba hojalyk toplumynda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgermek ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk” ady bilen maslahat geçirildi. Oňa tebigaty goraýyş düzümleriniň we pudak edaralarynyň öňdebaryjy alymlary, bilermenleri, hünärmenleri, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň çäklerinde tebigatdan netijeli peýdalanmagyň we daşky gurşawy goramagyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hem-de öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň möhüm meselelerine garaldy. Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmagy, Watanymyzyň her bir künjeginiň gülläp ösýän zolaga öwrülmegini nazarlaýan öňdengörüjilikli ekologiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär.
Geçen hepdäniň dynç günlerinde Aşgabatda ýurdumyzda her ýylda giňden bellenilýän Dokma senagaty işgärleriniň güni mynasybetli “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma pudagy ösüş ýolunda” atly halkara sergi geçirildi. Oňa Ýewropanyň hem-de Aziýanyň ýurtlarynyň 60-a golaý iri kompaniýalary we kärhanalary, köpsanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar. Köpugurly gözden geçirilişde dokma önümçiliginiň ähli ugurlary görkezildi. Onda tebigy serişdelerden ýokary hilli ýüplükleri taýýarlamakdan nah we ýüpek taýýar önümlerine çenli ähli harytlar görkezildi. Olar hili we bezegi boýunça daşary ýurtly önüm öndürijileriň harytlary bilen dünýä bazarynda mynasyp bäsdeşlik edýärler.
1-nji iýunda tutuş dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni bellenildi. Ol parahatçylyk, ynsanperwerlik, dostluk ýaly umumadamzat ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan baýramdyr. Bu şanly sene biziň döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukugyny we bähbidini goramak, ýaş nesiller hakynda alada ýaly binýatlyk ýörelgelerine ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen şatlyk-şowhuna beslenen we Türkmenistanyň ähli künjeklerinden gelen çagalary ajaýyp Gökderäniň dynç alyş, sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy boldy. Bu gezekki dynç alyş möwsüminde Gökderedäki 14 sany çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alşyň her tapgyrynda mekdep okuwçylarynyň 7 müňden gowragy wagtlaryny şadyýan geçirerler. Awazada 1780-den gowrak çaga dynç alar. Mundan başga-da, tutuş ýurdumyz boýunça 700-den gowrak dynç alyş meýdançalary hereket eder.
Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň “Syýahat” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Ýurdumyzyň syýahat pudagynyň ösüş ugurlaryny beýan edýän ýöriteleşdirilen neşir okyjylary türkmen wekiliýetiniň “ITB Berlin” ýazky däp bolan sergisine gatnaşyşy bilen tanyşdyrýar. Dünýäde iri syýahatçylyk forumy hasaplanylýan bu sergi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň paýtagtynda indi 50-nji gezek geçirildi. Soňky ýyllaryň dowamynda 180-den gowrak döwletiň hatarynda ýurdumyzyň bölümi hem bu sergide orun eýeleýär.
Serginiň barşynda türkmen hünärmenleri dünýäniň syýahatçylyk kompaniýalary, syýahatçylyk agentlikleri, myhmanhanalaryň, mahabat we marketing agentlikleriniň, syýahatçylyk assosiasiýalarynyň wekilleri, syýahatlary, işewürlik gezelençlerini guraýjylar, ugurdaş sergileri, maslahaty geçirýänler bilen duşuşdylar. Olaryň barşynda geçirilen gepleşiklerde milli syýahatçylyk ulgamynda maglumat alyşmak, gatnaşyk etmek, şeýle hem işgärleri taýýarlamak, Germaniýanyň we Ýewropanyň beýleki ýurtlarynyň ýöriteleşdirilen okuw merkezleriniň binýadynda hünärmenleriň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Daşary ýurtly bilermenleriň bellemeklerine görä, ekologiýa we sport syýahatçylygy täze ugurlaryň hatarynda geljegi uly syýahatçylyk ugry hasaplanylýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň oňyn netijesidir.
Şeýle hem neşirde 2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Daşoguz şäheri, Türkmenistanyň muzeýleriniň bahasyz gymmatlyklary barada gürrüň berilýär. Olar ilkinji gezek Amerikanyň iri sungat merkezinde – Metropoliten muzeýinde “Köşkler dünýäsi we älem: Seljuklaryň beýik asyry” atly sergide görkezilýär. Ahalteke bedewlerine we ýurdumyzda atçylyk sportunyň ösüşine aýratyn makala bagyşlanypdyr.
Türkmenistan bu babatda dünýäniň ykrar edilen merkezine öwrülýär. Türkmen bedewleri we çapyksuwarlary iri gözden geçirişleriň, abraýly atçylyk sport bäsleşikleriniň we dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän ýaryşlaryň ýeňijileri bolýarlar. Konkur boýunça Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde geçirilen halkara bäsleşiginde çapyksuwarlarymyzyň “Arkalaşygyň Kubogyna” mynasyp bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Şu günler ahalteke bedewlerine atlanan 17 çapyksuwaryň Türkmenistan boýunça dabaraly ýörişi dowam edýär. Içoguzdan soňra olar Ahal welaýatynyň Ýerbent obasyna geldiler. Hormatly ýaşulular, oba hojalyk işgärleri we ýaşlar atly ýörişe gatnaşyjylary dabara bilen garşyladylar. Açyk asmanyň astynda folklor we tans toparlarynyň, estrada aýdymçylarynyň, türgenleriň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Geçen hepdede türkmen türgenleri medallaryň 12-sine mynasyp boldular. Şwesiýada taýboksy boýunça geçirilen dünýä çempionatynda 57 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän Rüstem Baýramdurdyýew we 67 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän Mustafa Saparmyradow kümüş medallara mynasyp boldular. Mustafa dört bäsleşige gatnaşyp, olaryň ikisini wagtyndan öň ýeňiş bilen tamamlady.
Antaliýada (Türkiýe) geçirilen peýkamdan ok atmak boýunça halkara bäsleşiginde türkmen türgenleri iki altyn, iki kümüş we bäş bürünç medaly eýelediler. Munuň özi peýkamçylarymyzyň dünýä derejesindäki bäsleşiklerlde gazanan ilkinji üstünligidir. Filippinleriň paýtagtynda 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda grek-rim göreşi boýunça Aziýa çempionatynda Didar Amannazarow kümüş medala mynasyp boldy. Ol 66 kilograma çenli agram derejede çykyş etdi.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň beýanyna öwrüldi. Ýöne milli Liderimiziň belleýşi ýaly, kabul edilen giň möçberli maksatnamalary, ägirt uly taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin entek köp işleri bitirmeli. Biziň her birimiz halal zähmetimiz bilen gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, döwletimiziň sazlaşykly ösüşine mynasyp goşant goşmalydyrys. Diňe şonda biz ägirt uly maksatlara ýeteris we halkymyzyň abadançylyk derejesiniň, asuda hem-de bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasaty netijesinde uly işler bitirilýän özygtyýarly Watanymyzyň ykdysady we ruhy-medeni mümkinçiliklerini artdyrmak babatda öňde durýan beýik wezipeleri ýerine ýetireris.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder