Aşgabat şäherindäki «Arçabil» myhmanhanasynda Schneider Electric elektroenergetiki kompaniýasynyň täze önümleriniň görkezilişi geçirildi. Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan fransuz kompaniýasynyň hünärmenleri iki günlük seminaryň dowamynda slaýdlar görkezip, milli ykdysadyýetiň nebitgaz we energetika pudaklarynyň işgärlerine tehnologiki täzelikleri hakynda gürrüň berdiler.
— 1998-nji ýyldan bäri biziň kompaniýamyz türkmen nebitgaz kärhanalary bilen işjeň aragatnaşyk saklap, olara önümçilik zynjyrynyň ähli bölümleri üçin — suw we gury ýerden çykarmakdan başlap, olary daşamak hem-de saklamak boýunça ýokary netijeleri berip biljek howpsuz hem ygtybarly elektrik üpjünçiligini dolandyryş ulgamlaryny hödürleýär. Bu günki gün biziň ýokary hilli enjamlarymyz Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, Ýaşyldepe, Döwletabat-2, Döwletabat-3, Akpatlawuk ýaly nebit hem gaz ýataklarynda oturdyldy — diýip, Schneider Electric kompaniýasynyň energetika bölüminiň direktory Gennadiý Karabaýew gürrüň berýär.
Nebitgaz toplumy hem-de elektroenergetika ulgamy halk hojalygynyň iň esasy pudaklary hasaplanylýar. Häzirki wagtda hereket edýän senagat hem-de durmuş maksatly desgalar bilen bir hatarda ulanyşa girizilýän täze desgalary üznüksiz we ygtybarly elektrik üpjünçiligi bilen üpjün etmeklige gönükdirilen bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi türkmen kärhanalarynyň daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen işjeň gatnaşyklar saklaýandygynyň aýdyň mysalydyr. Elektrik energiýasyny dolandyrmakda we awtomatlaşdyrmakda dünýäde öňdebaryjy kompaniýa bolan Schneider Electric hem Türkmenistanyň ygtybarly daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň biridir.
Kompaniýa energetika we nebitgaz infrastrukturalary, senagat kärhanalary, raýat hem ýaşaýyş desgalary, şeýle hem maglumatlary işläp taýýarlamak boýunça merkezler üçin integrirlenen energiýa babatda netijeli tehnologiýalary döredýär. Kompaniýanyň bölümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda, şol sanda Türkmenistanda üstünlikli hereket edýär.
Seminaryň ikinji gününde tegelek stoluň başynda fransuz kompaniýasynyň hünärmenleri türkmen hyzmatdaşlarynyň soraglaryna jikme-jik jogap bererler we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder