7 Haziran 2016 Salı

Owganystanda Täze Saglyk Edarasynyň Açylmagy Türkmenistanyň Nobatdaky Ynsanperwerlik Kömegidir

Tutuş musulman ymmaty üçin mukaddes bolan Oraza aýynyň öňüsyrasynda, geçen ýekşenbe güni Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bina edilen çaga dogrulýan öýüň açylyş dabarasy boldy. 

Milli Liderimiziň Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýunda geçirilen mejlisinde belleýşi ýaly, saglyk edarasynyň goňşy ýurtda guralmagy we açylmagy Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik gymmatlyklaryna esaslanýan döredijilikli daşary syýasatynyň aýdyň netijesidir. Bu wakanyň ähli oňyn başlangyçlaryň we asylly işleriň döwri bolan mukaddes Oraza aýynyň başlanmagyna gabat gelmeginiň aýratyn mana eýedigini belläp, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň mundan beýläk-de goňşy owgan halkyna Owganystanda parahatçylykly durmuşyň, durmuş-ykdysady ösüşiň berkidilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini aýtdy. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, goňşy ýurda saglygy goraýşa degişli täze desgany degişli önümler, dermanlar we beýleki lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün etmek maksady bilen ynsanperwerlik ýüki ugradyldy. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, muzdsuz ynsanperwerlik ýükleri bolan awtoulag kerweni goňşy ýurda ugradyldy. 

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu lukmançylyk edarasynyň işini degişli derejede ýola goýmak üçin Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatyna ýerli lukmanlary we degişli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, lukmanlardan we şepagat uýalardan ybarat bolan topar ýola düşdi. 

Saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze desga kabul ediş bölüminden, barlag, çaga dogrulýan wagta taýýarlyk, çaga dogrulýan we ondan soňky döwür üçin niýetlenen otaglardan, şeýle hem döwrebap barlaghanadan, edara ediş-hojalyk binalaryndan we beýleki bölümlerden ybaratdyr. 

Açylyş dabarasynda Hyrat welaýatynyň häkimi, Owganystanyň saglygy goraýyş ministri, Türkmenistanyň bu welaýatdaky konsullygynyň işgärleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän parahatçylyk we açyklyk esaslaryna daýanýan syýasatyň iki goňşy döwletiň, dostluk we ruhy gatnaşyklar arkaly baglanyşýan halklaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň has-da berkidilmegine hyzmat edýändigini nygtadylar. Ynsanperwerlikli ýörelgeler dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň bozulmazlygynyň nobatdaky subutnamasydyr. 

Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygyň berkidilmegine, onuň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine işjeň gatnaşýandygy bellenildi. Ýakyn goňşy bolmak bilen, biziň ýurdumyz gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde birnäçe taslamalary amala aşyrýar. Owgan halkynyň asuda we abadan durmuşa bolan gyzyklanmasyna goldaw bermek bilen, ýurdumyz Owganystana ýeňillikli baha bilen elektrik energiýasyny we suwuklandyrylan gazy yzygiderli ugradýar we goňşy döwletde durmuş ulgamyna degişli, aýratyn-da, lukmançylyk we bilim maksatly desgalaryň gurluşygyna, ýaşlaryň bilim almagyna, degişli hünärmenleriň taýýarlanmagyna işjeň gatnaşýar. 

Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýyň kadalaşmagy babatda eýeleýän orny barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden eden çykyşynda aýtdy: goňşy doganlyk döwletdäki ýagdaýlar diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik usullar we ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmek arkaly düzedilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz öz tarapyndan bu meselede dünýä bileleşigine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyr.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder