Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen ýaý atmak boýunça halkara ýaryşda türkmen türgenleri iki altyn, iki kümüş we bäş bürünç, jemi dokuz medal gazandylar. Ýaryş sportuň bu görnüşiniň Akademiýasynda geçdi. Bu ýaý atyjylarymyzyň dünýä derejesindäki ýaryşda gazanan ilkinji üstünligidir.
Bu üstünlik türgenlerimiziň öňünde duran beýleki has uly ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmäge uly mümkinçilikleri açýar.
Ýaryşda Kiprden, Yrakdan, Keniýadan we beýleki ýurtlardan 100-e golaý türgen baýraklar ugrunda göreşdiler. Türkmenistanyň topary üçin 30 metr aralykdan zenanlaryň arasynda ýekelikde “Nusgawy ýaýdan atmak” görnüşinde geçen çykyşlar has şowly boldy. Ildeşlerimiz hormat münberini tutuşlygyna eýelediler. Onuň iň ýokary basgançagyna Ogulsuraý Kakyşowa çykdy, ikinji orny Sabina Alikperowa eýeledi. Şirin Babaýewa bolsa üçünji orna mynasyp boldy.
Ildeşlerimiz “Tegekli ýaýdan atmak” görnüşinde ikinji altyn medala mynasyp boldular. 18 metr aralykda bu görnüşde Georgiý Agiýarowa taý gelen bolmady. Ildeşimiz bu görnüşde 50 metr aralykdan ýaý atmak boýunça ýene bir baýragy--bürünç medaly eýeledi.
“Nusgawy” bäsleşiklerde 18 metr aralykdan ýaý atmakda Röwşen Agamyradow kümüş medala mynasyp boldy.
Türkmen türgenleri 70 metr aralykdan nusgawy ýaýdan atmak boýunça toparlaýyn bäsleşiklerde ilkinji gezek güýçlerini synadylar. Ilkinji çykyşlar örän şowly boldy hem-de ýygyndymyza üç bürünç medal getirdi. Wepa Sähedow, Şamyrat Annaýew hem-de Röwşen Aşyrmyradow bu görnüşde hormatly üçünji orny eýelediler.
Bu görnüş boýunça 18 metr aralyga ýaý atmak boýunça zenanlaryň toparlaýyn ýaryşy hem ýurdumyzyň ýygyndysynyň bürünç medaly eýelemegine getirdi. Ýekelikde ýeňiş gazanan ildeşlerimiz Ogulsuraý Kakyşowa, Sabina Alikperowa hem-de Şirin Babaýewa hormat münberiniň üçünji basgançagyna galdylar.
Türkmenistanyň milli ýygyndysyna bäşinji bürünç medaly 18 metr aralyga garyşyk jübüt görnüşde çykyş eden Şamyrat Annaýew getirdi.
Türkmenistanyň Ýaý atmak boýunça milli federasiýasynyň başlygy B.Sähedowyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzümine giren ýedi türgeniň her biri Watanymyza medal bilen dolanyp geldi. Olaryň köpüsi bolsa medallaryň ikisini eýelemegi başardylar. Bu ýokary üstünlik mergenlerimize we sportuň bu olimpiýa görnüşi bilen meşgullanýan beýleki türgenlerimize geljekki türgenleşiklerde goşmaça güýç berer.
Häzirki wagtda türgenlerimiz Russiýa Federasiýasynyň Ýakutsk şäherinde iýul aýynda geçiriljek “Aziýanyň çagalary” atly Halkara sport oýunlaryna işjeň taýýarlyk görýärler. Bu toplumlaýyn ýaryşlaryň maksatnamasyna sportuň ýaýdaň ok atmak görnüşi hem girýär. Bu ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde geljegi uly hasaplanýan ýaşajyk türgenleriň ikisi Şirzad Rüstembaýew we Mekanhan Ýazberdiýew çykyş ederler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder