Türkmenistanda telekeçiligi ösdürmek, milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň tutýan ornuny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň hususy telekeçilerine döwlet tarapyndan goldaw bermegi dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, hususy telekeçiler we şahsy taraplar tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary ýatyrylýan harytlaryň sanawy tassyklanyldy.
Şeýle hem hususy telekeçilere we şahsy taraplara Türkmenistanda öndürilýän guş ýumurtgasynyň içerki bazardan artýan möçberini Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň netijenamasy esasynda Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilmegine ygtyýar berildi.
Türkmenistanda balyk ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan döwlete dahylsyz edara görnüşli taraplar we hususy telekeçiler balyk hojalyk desgalary üçin berlen ýerler babatda ýer üçin tölegden we ýer üçin kärende töleginden boşadylýar.
Resminama laýyklykda, Ykdysadyýet we ösüş ministrligine, Döwlet gümrük gullugyna, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçаlary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermek tabşyryldy.
Şu Karar 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girýär.
***
“Ýer hakyndaky” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we “Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martyndaky kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama bilen ýer bölekleri berilýän ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we edara - kärhanalaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem-de daýhan hojalyklarynyň sanawy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetine Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde degişli ýer böleklerini bermek boýunça namalary bellenen tertipde resmileşdirmek tabşyryldy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder