9 Haziran 2016 Perşembe

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Goranmak Ministrini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministri Sergeý Şoýguny kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Sergeý Şoýgu Russiýada Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ýokary baha berilýändigini hem-de ähli ugurlar boýunça köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine hem-de Hökümetiniň Başlygyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ýurdumyzda Russiýa bilen öňden gelýän dostluk gatnaşyklaryna ýokary baha berilýändigini nygtady. Russiýa bilen hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, strategiki we netijeli häsiýete eýedir. 

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alşyp, dürli ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny aýtdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Russiýa köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde  hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. 

Sebit we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakda hem-de häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna, şol sanda terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşde tagallalary birleşdirmekde hyzmatdaşlyk etmek söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy. Häzirki wagtda bu meseleler tutuş dünýä jemgyýetçiligini alada goýýar. 

Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz russiýa tarapyna faşizme garşy söweşlerde edermenlik we gahrymançylyk görkezen ildeşlerimize--uruş weteranlaryna, Ýeňiş üçin şirin janyny gurban eden esgerleriň yzynda galan ýanýoldaşlaryna üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi.   

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk döwlet bolmak bilen öz üstüne alan borçnamalaryna birkemsiz eýerýändigini, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirýändigini nygtady. Bu hyzmatdaşlyk bolsa umumy bähbitlere laýyk gelýär. Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de ýurdumyzyň howpsuzlygyny, türkmenistanlylaryň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen milli Harby doktrinamyz hem hut şu döredijilikli maksatlara laýyk gelýär. Türkmenistan özüniň döredijilik kuwwatyndan umumy abadançylygyň bähbidine netijeli peýdalanmaga çalşyp, goňşy döwletler bilen  doganlyk gatnaşyklary ösdürýär. 

Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministrliginiň  ýolbaşçysy Russiýa Federasiýasynyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine uly hormat goýýandygyny nygtap, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň we beýleki iri wekilçilikli forumlaryň belent münberinden beýan edilen parahatçylyk dörediji oňyn başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi. 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu dostlukly türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler. 

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gatnaşdy. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder