3 Haziran 2016 Cuma

Mähriban Tebigatyň Baýlygyny Artdyrmagyň Bähbidine

Mähriban Watanymyzyň tebigy baýlygyny we gözelligini saklamak, bu bahasyz baýlygy artdyrmak hem-de geljek nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşi öňdebaryjy tejribelere, täzeçil tehnologiýalara we köp asyrlyk milli ýörelgelere daýanýar. Şunda döwlet Baştutanymyz gök zolaklaryň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

5-nji iýunda beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp guralan birnäçe çäreler geçirildi. 2-nji iýunda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalary merkezinde “Tebigat – halkyň hazynasy” ady bilen maslahat geçirildi. Şu hepdäniň soňky günlerinde ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy institutynda we Tehnologiýalar merkezinde “Ýer bilen Günüň arabaglanyşygynyň daşky gurşawa täsiri” hem-de “Ekologiýa meseleleri bilen baglanyşykly täze tehnologiýalar”, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bolsa “Ekologiýany we daşky gurşawy goramak – adamzadyň ýagty geljeginiň kepili” ady bilen ylmy-amaly maslahatlary geçirmek meýilleşdirildi. 5-nji iýunda – ýekşenbe güni bolsa paýtagtymyzdaky Oba hojalyk toplumynda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlygy” ady bilen maslahat geçiriler.

Daşky gurşawy goramak boýunça ýola goýulýan   hyzmatdaşlyk tutuş adamzady tolgundyrýan wezipeleri çözmekde işjeň orun eýeleýän Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň möhüm ugurlarynyň biridir.  Ýurdumyzyň BMG-niň tebigaty goramak bilen baglanyşykly konwensiýalarynyň, şol sanda biologiýa köpdürlüligi, çölleşmä garşy göreş, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini peýdalanmak baradaky konwensiýalaryny tassyklamagy munuň aýdyň subutnamasydyr. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki halkara abraýly düzümleri bilen bilelikde milli hem-de sebit derejede  ekologiýa maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň onlarçasy  durmuşa geçirilýär 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda,  geçen ýyl Ýaponiýada geçirilen BMG-niň “Tebigy betbagtçylyklaryň  töwekgelçiligini azaltmak” atly  III Bütindünýä maslahatynda we Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda öňe süren işjeň başlangyçlary dünýä  bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Olaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak, BMG-niň Araly halas etmek boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Birleşen Milletler Guramasynyň  Suw strategiýasy boýunça ýörite Maksatnamany işläp taýýarlamak, Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygyň  köptaraplaýyn täsirli guralyny döretmek baradaky teklipler bar. Hazaryň täsin biologiýa toplumy tutuş adamzadyň baýlygydyr.

Şeýle başlangyçlary öňe sürýän ýurdumyzyň olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri amala aşyrýar.  Suw, ýer we biologiýa serişdelerini netijeli peýdalanmak, bioköpdürliligi,  tebigy aýratynlyklary saklamak, çölleşmä we tokaýlaryň ýitip gitmegine şarşy göreşmek, ilatyň ekologiýa düşünjesini ýokarlandyrmak babatda ägirt uly işler alnyp barylýar. “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Tokaý kodeksi”, “Balykçylyk we suw biologiýa serişdelerini goramak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda”  halkara kadalaryna laýyk gelýän Kanunlar kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň  tassyklan “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýany” we “Türkmenistanyň    milli tokaý maksatnamasyny” durmuşa geçirmek tapgyrlaýyn esasda alnyp barylýar. 

Türkmenistanda Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, şol sanda daşary ýuridiki şahslaryň, olaryň şahamçalarynyň, wekilhanalaryyň, şeýle hem şahsy tarapy döretmezden telekeçilik işini alyp barýan adamlaryň, edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň ekologiýa howp salýan işi üçin hökmany ekologiýa ätiýaçlandyrylyşy girizildi. 

Ekologiýa abadançylygynyň saklanmagy ýurdumyzyň ylmy-tehniki mümkinçilikleriniň artmagyny şertlendirýär. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda serişde tygşytlaýjy täzeçe tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Howanyň arassalygyna netijeli gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen ýörite çäreler durmuşa geçirilýär. Gurulýan zawodlar, fabrikler we beýleki desgalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça  ekologiýa ölçeglerine laýyk getirilýär. Olarda daşky gurşaw üçin howpsuzlyk boýunça degişli barlag hökmany  amala aşyrylýar. 

Ýurdumyzyň  nebithimiýa toplumynyň öňdebaryjysy hasaplanylýan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleriniň  geçirilýändigi muňa mysal bolup biler. Bu ýerde häzirki zaman arassalaýyş gurnamalary oturdyldy. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döredilýän seýilgäh zolaklarynyň çägi ýyl-ýyldan giňelýar we degişli maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. 

Garagumuň jümmüşinde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi suwarymly ýerleriň ýagdaýyny düýpli gowulandyrar, ýerleriň şorlaşmasy, batgalygyň we gurakçylygyň emele gelmegi bilen baglanyşykly  meseleler çözüler. Bu bolsa tutuş sebitiň ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün eder. Bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda Türkmen kölüniň ýanaşyk ýerleri tanalmaz derejede özgerdi. Ozal çäge alaňlarynyň bar künjeginde indi gök zolaklar döredi.  Kölüň özünde bolsa dürli balyklar köpeldilýär.  Garagumuň örän giň çäginiň suwlulandyrylmagy, öri meýdanlarynyň artmagy netijesinde maldarçylygyň ösüşine kuwwatly itergi berildi. Türkmen kölüniň döremegi bilen, Merkezi we Gündogar Garagumda uçup geçýän guşlar, şeýle hem seýrek duş gelýän jandarlaryň köpelmegi üçin amatly şertler döredildi. Üstýurt dag goçy, gulan, keýik we beýlekiler ýaly Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen haýwanlar bu ýerde köpelýärler.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň barha giňeýän tokaý zolaklary, ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän seýilgähleri daşary ýurtly myhmanlary haýran galdyrýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köp müňlerçe gektara barabar bolan meýdanlarda tokaý zolaklary döredi.   Gök zolaklary döretmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýaramaz ýagdaýlara garşy göreşmek babatdaky umumy dünýä işine ägirt uly goşantdyr. Ilatly ýerleriň töwereginde, ulag we demir ýollaryň ýakalarynda emele gelýän tokaý zolaklary amatly howa ýagdaýyny üpjün edýär hem-de tomus paslynda  Garagumuň yssysyny gowşadýar, gyş paslynda bolsa çapgyn ýellerden goraýar. 

Şeýle hem tokaý zolaklary bioköpdürlülige, täze ýerlere göçýän guşlaryň, haýwanlaryň görnüşleriniň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhaedowyň Kararyna laýyklykda, 2016-njy ýylda gök zolaklary döretmegiň barşynda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudak edaralary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan saýaly, pürli, miweli agaç nahallarynyň, üzümiň 3 million düýp, şol sanda 512 müň düýp tut nahallary oturdylar. 

Ýurdumyzda tebigy ýadygärliklere, goralýan çäkleriň, ägirt uly tebigy, ylmy, medeni we syýahatçylyk taýdan ähmiýeti bolan goraghanalaryň ulgamynyň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde türkmen hünärmenleri Garagum çölüniň ekologiýa toplumlaryny  we ýurdumyzyň beýleki ajaýyp künjeklerini UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawuna girizmek üçin degişli işleri alyp barýarlar. Bütindünýä sanawa girizmek üçin taýýarlanylan deslapky tebigy ýadygärlikleriň hatarynda Repetek halkara biosfera goraghanasy, Bathyz, Sünt-Hasardag, Amyderýa, Hazar, Köýtendag goraghanalary bar.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň tebigaty goramak boýunça tejribeleri  tutuş dünýäde uly islege eýe boldy. Ýurdumyzyň iri ekologiýa forumlarynyň, maslahatlaryň we beýleki halkara çäreleriň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle çäreleriň hatarynda 2012-nji ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen   Hazar ekologiýa forumyny, 2013-nji ýylyň mart aýynda Daşoguzda geçirilen “Aralyň ekologiýasy: durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara ylmy maslahatyny, 2014-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň  tarapdarlarynyň (Tähran konwensiýasy) konferensiýasynyň 5-nji mejlisini görkezmek bolar. Şeýle hem 2015-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň durnukly ösüş boýunça Döwletara toparyna başlyklyk edýändigini nygtamaly, onuň mejlisi maý aýynyň ahyrynda Aşgabatda geçirildi.

Ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak, ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleler Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti tarapyndan neşir edilýän  “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” žurnalynda giňden wagyz edilýär. 

Türkmen halkynyň taryhy ýurdumyzyň tebigaty, Garagum sährasy, gül öwüsýän ýaýlalary, Köpetdagyň belent gerişleri we Hazaryň täsin kenary bilen berk baglanyşyklydyr. Halkymyz asyrlaryň dowamynda mähriban topragyna söýgi bilen çemeleşdi. Çünki tebigata bildirilen söýgi netijesinde toprak baýlyk eçilýär.

Hormatly Prezidentoimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň baş maksadymyz Watanymyzyň  ösüşini üpjün etmekden, mukaddesliklere türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän ýörelgeleri esasynda çemeleşmekden ybaratdyr. Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi Türkmenistan tebigaty goraýyş ulgamynda amala aşyran anyk işleri bilen garşylaýar. Ýurdumyzyň mähriban topragyň we tutuş dünýäniň tebigatynyň ajaýyplygyny gorap saklamaga gönükdirilen   oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginde giňden ykrar edilýär. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder