Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer degişli döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. 2016-njy ýylyň ýanwar-maý aýlary üçin bu görkezijiler milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösýändigini tassyklaýar. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini ýokary derejede, şol sanda senagat pudagynda 102,2 göterim, gurluşykda 105,5 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda 110,1 göterim, söwdada 116,3 göterim, oba hojalygynda 106,5 göterim we hyzmatlar ulgamynda 109,8 göterim üpjün edildi.
Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maglumatlarynyň seljermesine laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary görkezijiler gazanyldy. Jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 103 göterime deň boldy.
Milli önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň bazarlarynda haryt bolçulygyny üpjün etmek hem-de ilatyň girdejilerini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn işleriň geçirilmegi netijesinde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, bölek-satuw haryt dolanyşygy 16,6 göterim artdy.
Şeýle hem bu döwürde daşary söwda dolanyşygy boýunça görkezijiniň durnukly ýokarlanmagy hasaba alyndy.
Bäş aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 91,6 göterim, çykdajy bölegi bolsa 87,8 göterim ýerine ýetirildi. Aýlyk haklary, döwlet kömek pullary, pensiýalar we talyp haklary doly möçberde tölenildi. 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, ortaça aýlyk iş haky 9,5 göterim artdy.
Wise-premýer ähli sebitlerde önümçilik we durmuş-medeni maksatly iri desgalaryň gurluşygynyň barşy barada hasabat berip, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 105,7 göterime deň bolandygyny habar berdi.
Deslapky maglumatlara görä, obalary özgertmek boýunça maksatnamanyň rejelenen görnüşini amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyz boýunça suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 25-si, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 99-synyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem 790,4 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri dowam edýär. Özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 948,3 million manada barabar boldy.
Welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda binalaryň we desgalaryň 197-siniň gurluşygy tamamlandy hem-de olaryň 123-sinde gurluşyk işleri dowam edýär. Täze önümçilikleriň işe girizilmegi içerki bazarda täze iş ýerleriniň we haryt bolçulygynyň döremegine mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň we halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasynyň esasy ugurlarydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bazar gatnaşyklaryna geçmegiň şertlerinde ähli pudaklaryň durnukly ösüşini saklamak, ozaly bilen, dünýä ykdysadyýetiniň meýillerini nazara almak bilen, ösüşi saklamak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberini artdyrmak we daşarky bazarlara ibermek boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýere ministrlikleriň we edaralaryň maliýe ýagdaýyna her aýda seljerme geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň geçen bäş aýyň içinde alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynda nebiti gaýtadan işlemekde awtomobil benzinini, dizel ýangyjyny, polipropileni, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy hem-de beýleki nebit önümlerini öndürmekde gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada habar aýdyldy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazy almagyň ösüş depgininiň 100,4 göterime, “mawy ýangyjyň” daşary ýurtlara ugradylyşynyň möçberiniň ösüş depgininiň 102 göterime, buraw işleriniň ösüş depgininiň 129,4 göterime deň bolandygy bellenildi. Ýangyç-energetika toplumynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň umumy möçberi 17,5 göterim artdy.
Wise-premýer Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy barada hem hasabat berdi. Şol ýerde hemme işler tassyklanylan meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň başlangyç tapgyryny maliýeleşdirmek üçin “Türkmengaz” döwlet konsernine ABŞ-nyň 45 million dollaryndan gowrak möçberde karz bermegi göz öňünde tutýan Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça işleri has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, nebitgaz çig malynyň gazylyp alnyşynyň möçberlerini artdyrmak hem-de türkmen energiýa serişdelerini daşary ýurtlara ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmek bilen bir hatarda, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak we tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak, innowasion tehnologiýalaryň binýadynda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň giň görnüşlerini çykarýan gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleri gurmagyň ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň wajyp ugrudygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Karara gol çekip, wise-premýere TOPH gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çäginden geçýän bölegini gurmagyň möhletleriniň pugta berjaý edilmegine, bu geçirijiniň ugrunda degişli hyzmat ediş düzümleriniň döredilmegine degişli birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow gözegçilik edýän oba hojalyk toplumynda 2016-njy ýylyň bäş aýynda alnyp barylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Obasenagat toplumy boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini 104,4 göterime, şol sanda Oba we suw hojalygy ministrligi boýunça bu görkeziji 106,5 göterime, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 109 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,5 göterime, “Türkmenatlary” döwlet birleşigi boýunça 125,3 göterime barabar boldy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, unuň öndürilişinde 101,6 göterim, çörek we çörek önümleriniň öndürilişinde 101,9 göterim, etiň öndürilişinde 102,1 göterim, süýdüň öndürilişinde 102,3 göterim, ýumurtganyň öndürilişinde 105,9 göterim, gök önümleriň öndürilişinde 167,5 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Obasenagat toplumynyň ministrlik we pudak edaralary tarapyndan maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 150,5 göterim berjaý edildi.
Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda 1-nji iýunda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga berlen bugdaý oragynyň barşy barada habar aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, gowaçalaryň hatar aralaryny bejermek, olary suwarmak we mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Tejen etraplarynda, Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda hem-de Mary welaýatynyň Garagum etrabynda her biriniň önümçilik kuwwaty ýylda 200 tonna önüme barabar bolan döwrebap maldarçylyk toplumlaryny gurmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi. Täze desgalar Azyk senagaty döwlet birleşiginiň buýurmasy boýunça hususy kärhanalar—Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekip, babadaýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnap almak üçin bugdaý oragy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikle saklamagy talap etdi. Milli Liderimiz munuň üçin mehanizatorlaryň, ýük ulaglaryny sürüjileriň, oraga gatnaşýan ähli adamlaryň işlerini takyk guramagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz “Ýurdumyzda döwrebap maldarçylyk toplumlaryny gurmak hakynda” Karara gol çekip, bu desgalary awtomatlaşdyrmagyň ýokary derejesini üpjün etmek, hemme zerur ýöriteleşdirilen enjamlar bilen enjamlaşdyrmak boýunça wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ýurdumyzda, şol sanda obasenagat ulgamynda we azyk senagatynda öndürilýän önümleri eksport etmegiň möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan taslamalaryň wajypdygyny nygtady. ----------- Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini döwlet tarapyndan goldamagyň üstünlikli çäreleri netijesinde bu gün ekerançylyk bilen bir hatarda maldarçylyk hem ösüşiniň kuwwatly itergisine eýe boldy. Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda täze maldarçylyk toplumlary gurulýar, iri we ownuk şahly mallaryň baş sany maksadalaýyk artdyrylýar.
Şunda et-süýt hem-de miwe we gök önümleriň, ýumurtgalaryň, bakja önümleriň agramly bölegi ykdysadyýetiň hususy ulgamy tarapyndan öndürilýär. Türkmen senagatçylary we telekeçileri ýurtda azyk bolçulygyny döretmäge mynasyp goşant goşup, döwletimiziň azyk harytlaryny daşary bazarlara çykarmak boýunça wezipeleri hem üstünlikli çözýärler.
Döwletimiz hususy işewürligi Türkmenistanda amala aşyrylýan, şol sanda obasenagat toplumynyň düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmaga, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalary ýerine ýetirmäge çekmek boýunça mundan beýläk-de anyk çäreleri görer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow şu ýylyň bäş aýynda gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe senagat pudagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de ilkinji nobatda, türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ösüşiň durnukly ýagdaýda depginli ýokarlanýandygyny görkezýär. Iň öňdebaryjy tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze kärhanalaryň ulanylmaga tabşyrylmagy netijesinde önümleriň dürli görnüşlerini çykarmak boýunça işler ýola goýuldy hem-de ýüzlerçe täze iş orunlary döredildi.
Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 121 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 104,4 göterim derejesinde üpjün edildi, hususan-da, sementiň öndürilişi boýunça 102,4 göterim, magdan däl serişdeler boýunça 115,3 göterim, keramzitiň öndürilişi boýunça 100,2 göterim, gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi boýunça 108,2 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Hasabat döwründe Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi 107,4 göterim, ösüş depgini 101,1 göterim, şol sanda nah ýüplügiň we nah matalaryň öndürilişi 100,1 göterim we 100,2 göterim, tikin we trikotaž önümleriň öndürilişi 100,3 göterim, aýakgabyň öndürilişi 100,1 göterim, gön önümleriň öndürilişi 100 göterim boldy. Dokma önümleri ýerlemekden alnan girdeji 530 million 500 müň manat bolup, 23 million 600 müň manat möçberde peýda gazanyldy.
Halyçylyk pudagynda hem üstünlikler gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalary tarapyndan şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda öndürilen önümleriň ösüş depgini 103,6 göterime deň boldy. Jemi 18 müň 52 inedördül metr haly we haly önümleri dokaldy. Ösüş depgini 100,1 göterim derejesinde saklanylýar.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça şu ýylyň bäş aýynyň içinde öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň möçberi 107,6 göterime, ösüş depgini 118 göterime barabar boldy. Hususan-da, mineral dökünleriň öndürilişi boýunça 108,3 göterim, tehniki ýoduň öndürilişi boýunça 100,3 göterim, tehniki uglerodyň öndürilişi boýunça 100,0 göterim, natriý sulfatynyň öndürilişi boýunça 113,4 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 100,5 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 189,8 göterime deň boldy. Tutulan balyk boýunça 130,9 göterim, balyk we gaýtadan işlenilip, gaplanan balyk önümleri boýunça 123,7 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirkizaman tapgyrda senagat pudaklarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Soňky ýyllarda ulanylmaga tabşyrylan täze kärhanalar ýaly hereket edýän önümçilik desgalary hem toplumlaýyn durky täzelenmeginiň barşynda ýokary hilli önümleriň dürli görnüşlerini çykarmaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Müňlerçe täze iş orunlary döredildi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň yzygiderli durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýär. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek hem-de türkmen harytlarynyň eksportunyň möçberini köpeltmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalary bilen baglylykda, geljegi has uly ugurlary yzygiderli giňeltmek arkaly, senagat pudagynda gazanylan ösüş depginlerini artdyrmagyň wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiz bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berip, öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin ýurdumyzyň kiçi hem-de orta hususy telekeçiliginiň maýa goýum we önümçilik kuwwatyny herekete getirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Aşgabat şäher häkimliginiň hojalyk hasaplaşygyna degişli edaralary hem-de kärhanalary tarapyndan öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň möçberi 125 million 238 müň manada barabar boldy. Bu görkezijiniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 113,5 göterime deň boldy.
Ýanwar-maý aýlarynda paýtagtymyzyň häkimligi tarapyndan möçberi 3 milliard 284 million 37 müň manatlyk maýa goýumy özleşdirilip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 109,6 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň möçberi şu ýylyň 5 aýynda 113,9 göterim ýerine ýetirildi. 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, ösüş depgini 107,7 göterime deň boldy.
Energetika ministrliginiň düzümine girýän edara-kärhanalar hasabat döwrüni oňat görkezijiler bilen tamamladylar. Olar önüm öndürmek we hyzmatlary etmek boýunça meýilnamany 117,6 göterim ýerine ýetirdiler, ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 108,1 göterime deň boldy.
Şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyz boýunça 9 milliard 292 million 719 müň kWt/sagat elektrik energiýasy öndürildi. Bu görkezijiniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 101,3 göterime deň boldy. Şol sanda elektrik energiýasynyň eksporty 1 milliard 535 million 824 müň kWt/sagada deň bolup, ösüş depgini 108,5 göterime barabar boldy.
Jemagat hojalygy ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberi 70 million 852,3 müň manat boldy. Degişli döwrüň meýilnamasy 112,7 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 110,5 göterime deň boldy.
Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň möçberi 103 göterim ýerine ýetirildi. 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, bu görkezijiniň ösüş depgini 108,5 göterime deň boldy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyza özgertmeler maksatnamalarynyň, ilkinji nobatda, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň amala aşyrylmagynyň barşy habar berildi. Bu ýerde awtomobil ýollaryny gurmak we durkuny täzelemek, inženerçilik-tehniki kommunikasiýalary döwrebaplaşdyrmak, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň durkuny täzelemek boýunça işler güýçli depginde dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere geljekde hem ösüşiň bellenilen depginlerini saklamak hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny we abraýyny berkitmekde möhüm orun eýeleýän gözegçilik edýän pudaklarynyň we düzümleriniň ýokary önüm öndürijiligini üpjün etmek üçin ähli şertleri döretmegi tabşyrdy. Paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna hem-de ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp keşbiniň kemala getirilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Aşgabat şäherini mundan beýläk-de gurmak we abadanlaşdyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy, ol ähli görkezijiler boýunça paýtagtymyzyň ýokary derejesine kybap gelmelidir.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwdanyň dolanyşygy 2,7 milliard manat bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 121,6 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Ministrligiň kärhanalary boýunça peýdanyň jemi möçberi 256 million manada – 113,8 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 93 million manat maýa goýumlary özleşdirildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe birža söwdalarynyň 100-si geçirilip, umumy bahasy 10,9 milliard manatlykdan gowrak şertnamalaryň 6747-si hasaba alyndy. Şolaryň umumy möçberinde eksport we import boýunça şertnamalaryň bahasy 6,3 milliard manatdan gowrak, gurluşyk şertnamalarynyň umumy bahasy 2,8 milliard manatlykdan gowrak boldy. Hasabat döwründe 31,5 million manat maýa goýumlary özleşdirilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,9 esse artdy.
Söwda-senagat edarasy boýunça ýanwar-maý aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 118,9 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 11 sergi we 13 maslahat geçirildi.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 178 million manada barabar senagat önümleri, 300 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürilip, olaryň möçberleri degişlilikde, 35,2 göterim we 29,8 göterim artdy. Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 1,9 milliard manada (ösüş depgini 102 göterim) deň boldy. Söwda haryt dolanyşygy 4,2 milliard manada (123 göterim) barabar boldy. Hyzmatlar ulgamynda bolsa 361 million manatlyk iş edilip, 135,2 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Wise-premýer türkmen wekiliýetiniň Germaniýa amala aşyran iş saparynyň hem-de saparyň çäklerinde 30-njy maýda Berlin şäherinde GFR-niň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklaryň netijeleri barada hasabat berdi. Şol duşuşyklarda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, GFR-niň Ykdysadyýet we energetika ministrliginiň döwlet sekretary bilen duşuşygyň barşynda nemes oba we suw hojalyk tehnikalaryny satyn almak hakynda meselä garaldy.
GFR-niň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçysy bilen geçirilen duşuşykda german tarapy Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine ýokary baha berdi hem-de hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, şol sanda hünärmenleri taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi. Şeýle hem Türkmenistanda “Siemens” kompaniýasynyň serwis merkezini açmak mümkinçiligine garaldy. Bu kompaniýa ýurdumyza uly möçberde lukmançylyk enjamlaryny getirýär.
Nemes kompaniýalarynyň we telekeçiler birleşmeleriniň, Germaniýanyň söwda-senagat edaralarynyň birleşmesiniň assosiasiýasyna wekilçilik edýän german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarda iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, maýa goýmak we bilelikdäki kärhanalary döretmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
31-nji maýda GFR-niň Waldorf şäherinde “Türkmenistan-Germaniýa: innowasiýa tehnologiýalarynyň güni” atly çäre geçirildi. Bu çärä Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň 30-synyň wekilleri gatnaşdy. Çäräniň dowamynda Germaniýanyň “SAP” kompaniýasynyň taslamalary bilen tanyşdyryldy. Bu kompaniýa tarapyndan Gamburg deňiz portuny awtomatlaşdyrmak boýunça ornaşdyrylan enjamlar bilen tanyşdyryldy we Türkmenbaşy deňiz menzilini täze elektron ulgamlary bilen üpjün etmek barada teklipler hödürlendi. Türkmen wekiliýetiniň agzalary bu korporasiýanyň edara-kärhanalaryna baryp, ýokary maglumat tehnologiýalaryny, şol sanda elektron resmi dolanyşygy, önümçilik amallaryny dolandyrmak, barlag taslamalary we beýlekiler babatda öňdebaryjy tejribe bilen tanyşdylar.
German kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdylar hem-de ikitaraplaýyn işewürler maslahatlaryny geçirmek tejribesini dowam etmegi teklip etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň senagat kärhanalarynyň işini diwersifikasiýalaşdyrmak maksadynda Germaniýanyň esasy önüm öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz halkara ähmiýetli çäreleri yzygiderli geçirmegiň möhümdigi barada aýdyp, olaryň ýurdumyzyň pudaklarynyň orunlaryny berkitmäge, türkmen ykdysadyýeti üçin ileri tutulýan ugurlarda eksport we innowasion kuwwaty artdyrmaga gönükdirilendigini belledi.
Şol bir wagtda halkara işewür gatnaşyklarynyň giňeldilmegi daşary ýurt maýalaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary diňe halk hojalygynyň dürli ugurlaryna däl-de, eýsem, durmuş ulgamyna çekmäge mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz wise-premýere öňde goýlan wezipeleri çözmekde ýurdumyzyň telekeçileriniň uly mümkinçiliklerini ulanmak babatda degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem iýun aýynda geçiriljek medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe milli baýramçylyklara hem-de täze möhüm ähmiýetli binalary ulanmaga berilmegine bagyşlanan dürli çäreler geçirildi. Ýylyň başyndan häzirki wagta çenli ýurdumyzda yglan edilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň hem-de Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde guralýan döredijilik çäreleri dowam edýär.
Hasabatda halkara ähmiýetli wakalaryň birnäçesi, şol sanda Belarus Respublikasynda, Eýran Yslam Respublikasynda we Rumyniýada geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri, ýurdumyzda geçirilen daşary döwletleriň birnäçesiniň kino günleri, sungat ussatlarynyň we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary barada aýdyldy. Medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri iş saparlary bilen daşary ýurtlarda boldular.
Ýurdumyzyň muzeýleriniň, kitaphanalarynyň, teatrlarynyň işi, neşirýat-çaphana işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýylyň başyndan bäri kitap önümleriniň jemi 3 million 587 müň 376 nusgalykdaky 143 görnüşi çap edildi.
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan beýik işleri, gazanylýan üstünlikleri, baýramçylyk dabaralaryny, medeni çäreleri halk köpçüligine wagtynda ýetirmek, ýaýlyma goýberilýän gepleşikleriň ýokary hilli bolmagy ugrunda işler alnyp baryldy.
Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň ýurdumyza daşary döwletleriň syýahatçylaryny çekmek boýunça işler ýaýbaňlandyryldy. Şu ýylyň başyndan bäri 49456 syýahatça hyzmat edildi we geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 104 göterim ösüş gazanyldy. Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinden alnan umumy girdeji 100 göterimden gowrak boldy. Ulgamyň hünärmenleri daşary ýurtlarda geçirilen syýahatçylyk sergilerine we bu ugurdaky beýleki çärelere gatnaşdylar.
Wise-premýer iýun aýynda geçiriljek çäreleriň tertibi barada hasabat bermek bilen, bu aýda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda Dokma senagatynyň işgärleriniň gününe, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe, Ylymlar gününe hem-de Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanan dabaralaryň hem-de döredijilik çäreleriniň geçiriljekdigini habar berdi.
Halkara çäreleriniň hatarynda 14-16-njy iýunda geçirilmegi meýilleşdirilen Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri bar. 2016-njy ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty derejesini amala aşyrmagyň çäklerinde 16-17-nji iýunda Daşoguz şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň alymlarynyň gatnaşmagynda halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi guralar.
Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanan iri möçberli çäräniň çäklerinde Marynyň iri medeni merkezlerinde milli ruhy-medeni mirasy giňden wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreler geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze taryhy döwrüň talaplaryna laýyklykda hem-de bu ugurda dünýä gazananlaryny nazara almak bilen, medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini has-da ösdürmegiň ähmiýetini belledi.
Milli Liderimiz iýun aýynda göz öňünde tutulan çäreleri, şol sanda Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça görkezmeleri berip, täze taryhy döwürde milli ruhy mirasymyzy, ýurdumyzyň gazananlaryny wagyz etmekde döredijilik çäresiniň ähmiýetine ünsi jemledi. Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen döredijilik çäreleriniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuna we ähmiýetine kybap gelmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew şu ýylyň bäş aýynda gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ösüşlere beslenen özgertmeler syýasaty hem-de toplumlaýyn özgertmeler netijesinde, ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlaryny, saglygy goraýşy hem-de sporty ösdürmekde uly üstünlikler gazanyldy, degişli düzümleri has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär.
Hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 213-siniň taýýarlanandygy we çapa iberilendigi, şolardan 76-synyň neşir edilendigi bellenildi.
Zehinli türkmen okuwçylary we talyplary halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, degişlilikde 51 medal, şol sanda 14 altyn, 14 kümüş we 23 bürünç medal hem-de 8 medal, şol sanda 2 altyn, 2 kümüş we 4 bürünç medal gazandylar. Türkmenistanlylaryň ýaş nesli Internet bäsleşikleriniň akyl-paýhas oýunlaryna işjeň gatnaşyp, mekdep okuwçylary 176 medala, ýokary okuw mekdepleriň talyplary 146 medala mynasyp boldular.
Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça degişli işler geçirildi. Habar berlişi ýaly, birinji tapgyrda Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezleriniň 14-sinde 7 müň 95 çaga, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň saglyk we dynç alyş merkezleriniň 8-sinde 1 müň 783 çaga, welaýatlardaky täze hem-de ozal hereket edýän merkezleriň 16-synda degişlilikde 1 müň 500 hem-de 605 çaga, mekdepleriň ýanyndaky meýdançalaryň 703-sinde 21 müň 965 çaga dynç alar.
Şeýle hem ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň we derman senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berildi. Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi boýunça ösüş depgini 106,6 göterime deň boldy. Derman senagatynda öndürilen önümleriň möçberi boýunça ösüş depgini 111 göterime, ýerlenen derman önümleriniň möçberi boýunça ösüş depgini 116 göterime barabar boldy.
5-nji aprelden 5-nji maý aralygynda ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriniň biraýlygy geçirildi. Onuň jemleýji gününde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna çenli 500 gün galmagy mynasybetli atly ýörişe badalga bermek dabarasy boldy.
Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde şu ýylyň maý aýynyň soňky ongünlüginde Aşgabatda ulularyň, ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda sambo boýunça geçirilen Aziýa çempionatynyň netijeleri barada hem hasabat berdi. Oňa 17 ýurtdan türgenler gatnaşdy. Ýaryşyň netijeleri boýunça toparlaýyn hasapda 66 medal, şol sanda 21 altyn, 26 kümüş we 19 bürünç medal gazanan türkmen samboçylary birinji orny eýelediler.
Şeýle hem hasabat döwründe ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň 110-synyň hem-de iri köpçülikleýin sport çäreleriniň 66-synyň geçirilendigi habar berildi. Ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlarynyň 72-sine gatnaşyp, Türkmenistanyň sportda gazanan üstünlikleriniň üstüni 219 medal – 74 altyn, 68 kümüş we 77 bürünç medal bilen ýetirdiler. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 81 medal köpdür. Şol baýraklardan 11 medal dünýä çempionatlarynda, 111 medal Aziýa çempionatlarynda, 97 medal beýleki abraýly ýaryşlarda gazanyldy.
Milli Liderimiz bilim hem-de ylym, saglygy goraýyş we sport ýaly ileri tutulýan ulgamlaryň döwletimiziň mundan beýläk-de üns merkezinde boljakdygyny nygtap, toplumlaýyn hem-de maksada gönükdirilen işleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şol işler innowasion usullaryň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň, iň oňat dünýä tejribesiniň iş ýüzünde giňden ornaşdyrylmagyndan ugur alnyp has-da ösdürilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşiniň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagyň hem-de Aziada-2017 bilen baglanyşykly geçiriljek ähli degişli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny aýratyn belledi.
Döwlet Baştutanymyz mekdep okuwçylarynyň ýetip gelen tomusky dynç alyş möwsümine ünsi çekip, ýaş türkmenistanlylaryň doly bahaly dynç almagy, boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmegi, saglyklaryny berkitmegi üçin has oňaýly şertleri döretmegiň ähmiýetini nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda gözegçilik edýän pudaklarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, umuman, ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça hasabat döwründe hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda meýilnama 114,4 göterim berjaý edildi.
Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 121,5 göterime deň boldy. Ýük daşamakda 101,1 göterim, ýolagçy gatnatmakda 103,9 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hasabat döwründe hyzmatlary ýerine ýetirmekde 101,3 göterim, ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda degişlilikde 101,4 göterim hem-de 101,1 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Ýanwar-maý aýlarynda Aragatnaşyk ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmegiň meýlnamasy babatda ösüş depgini 112,6 göterime barabar boldy. Bu döwürde aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegi kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda 214,8 müň telefon nokady, şol sanda 193,6 müň öýjükli hem-de 21,2 müň ýerli telefon nokatlary gurnaldy.
“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça ýanwar-maý aýlarynda howa ulaglarynda hyzmat etmegiň ösüş depgini 119,2 göterime ýetdi. Bu görkeziji ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda degişlilikde 100 göterime we 106,7 göterime deň boldy.
Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe işleri ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 100,1 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek, gözegçilik edýän pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz sebit we halkara ähmiýetli iri ulag taslamalarynyň durmuşa geçirilişini, şol sanda Atamyrat-Ymamnazar /Türkmenistan / -- Akina /Owganystan/ demir ýol böleginiň, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan täze polat ýoluň, Türkmenabat-Farap demir ýol köprüsiniň, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz menziliniň, Aşgabadyň Halkara howa menziliniň hem-de beýleki desgalaryň gurluşyklaryny üns merkezinde saklamagy talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz gurluşyklaryň ýokary hiliniň hem-de olaryň bellenilen möhletinde tamamlanmagynyň üpjün edilmeginiň gurulýan ulag düzüminiň ähli desgalaryna bildirilýän baş talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň bäş aýynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitarap Watanymyz dünýä giňişliginde abraýynyň artmagyny şertlendiren netijeli halkara hyzmatdaşlygyň strategiýasyny durmuşa geçirmegini dowam edýär.
Ýanwar-maý aýlarynda goeçirilen ikitaraplaýyn ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Olar dostlukly döwletara gatnaşyklaryny berkitmäge hem-de umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.
Bu döwürde Türkmenistana DIM-niň üsti bilen daşary ýurt wekiliýetleriniň 201-si geldi, şol bir wagtda daşary ýurt döwletlerine iş saparlaryna türkmen wekiliýetleriniň 422-si iberildi. Biziň ýurdumyzda we daşary döwletlerde maslahatlaryň, duşuşyklaryň we beýleki çäreleriň 77-si geçirildi. Resminamalaryň 51-si Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.
Ýylyň başyndan bäri netijeli döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge gönükdirilen Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi. Şeýle hem türkmen-bolgar, türkmen-saud, türkmen-wenger hökümetara toparlarynyň hem-de türkmen-german iş toparynyň mejlisleri geçirildi, olaryň işi biziň ýurtlarymyzyň arasynda netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, özara bähbitli medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda ikitaraplaýyn işewürler maslahatlarynyň birnäçesi guraldy. Frankfurt şäherinde Germaniýada Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň geljekde hem abraýly sebit we halkara guramalary hem-de düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde işjeň ösdürjekdigini, ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we rowaçlygy üpjün etmäge gönükdirilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň öňünde goýlan esasy wezipelere ünsi çekip, häzirki ýagdaýlary hem-de täze şertleri nazara almak bilen, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleri doly amala aşyrmagyň möhümdigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli tabşyryklary, şol sanda dünýä bileleşiginiň hemmetaraplaýyn goldawyna eýe bolan Türkmenistanyň döredijilikli halkara başlangyçlaryny ilerletmek we durmuşa geçirmek bilen bagly tabşyryklaryň birnäçesini berdi.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň Ýakyn Gündogaryň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek we ösdürmek maksady bilen 29-njy maý—1-nji iýun aralygynda Ysraýyl Döwletine, Palestina hem-de Iordan Haşemit Patyşalygyna amala aşyran iş saparlarynyň jemleri hakynda hasabat berdi. Şol saparlaryň barşynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeler, duşuşyklar we gepleşikler geçirilip, şolaryň gün tertibine dürli ugurlarda özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri girizildi. Türkmenistanyň we Palestinanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2016-2017-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýakyn Gündogaryň döwletleri bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli ugurda maksada gönükdirilen işleri dowam etmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz ýakyn wagtda Owganystanda durmuş düzümini dikeltmekde goňşy ýurda goldaw bermek maksadynda Türkmenistan tarapyndan gurlan çaga dogrulýan öýüniň açylyş dabarasynyň boljakdygyny belläp, degişli ýolbaşçylara döwletimiziň hasabyna täze gurlan saglygy goraýyş edarasy üçin zerur bolan lukmançylyk we beýleki serişdeleriň iberilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çaga dogrulýan öýüniň işini ýola goýmakda we ýerli saglygy goraýyş işgärlerini okatmakda owganly kärdeşlerine kömek berilmegi üçin dostlukly ýurda lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň toparyny ibermek barada görkezme berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, bu lukmançylyk edarasynyň gurulmagy we açylmagy Türkmenistanyň ýöredýän döredijilikli daşary syýasatynyň netijesi bolup durýar. Ol parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de dost-doganlyk we ynsanperwer gymmatlyklaryna esaslanandyr. Hormatly Prezidentimiz bu wakanyň ähli musulmanlar üçin mukaddes Oraza aýynyň başlanmagyna gabat gelmeginiň özboluşly manysynyň bardygyny aýdyp, ýurdumyzyň geljekde hem doganlyk Owganystanyň asuda durmuşynyň sütünlerini berkitmekde, durmuş-ykdysady taýdan dikeltmekde owgan halkyna hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini belledi.
Milli Liderimiz mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ç.Rustemowany şol bir wagtda Türkmenistanyň Wýetnam Sosialistik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa çykyş edip,
şu ýylyň bäş aýynda milli parlamentiň alyp baran işleriniň netijeleri barada habar berdi. Bu döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň ikisi ? geçirilip, olarda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 45-si we Mejlisiň kararlarynyň 45-si kabul edildi. Parlamentara gatnaşyklaryny berkitmegiň çäklerinde deputatlar daşary döwletleriň 11-sinden bolan kärdeşleri bilen duşuşdylar. Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça degişli işler geçirildi, abraýly halkara guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyklaryň 18-si guraldy. Şeýle hem milli parlamentariler daşary ýurtlarda geçirilen çäreleriň 20-sine işjeň gatnaşdylar.
Milli parlamentiň işinde Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşyny tertipleşdirmek meselelerine uly üns berilýär. Bu ugurda degişli işler geçirildi. Şonuň bilen birlikde, deputatlaryň işinde kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça işlere aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda Mejlisiň komitetlerinde täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem Ýaşulularyň maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmegiň barşy hakynda habar aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parlamentiň işiniň möhümdigini belläp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler, şeýle hem halkara hukugynyň kadalaryna we ölçeglerine laýyklykda, milli kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek meselelerine ünsi çekdi. Milli Liderimiz saýlawçylar bilen, şeýle hem ýerli häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş we jemgyýetçilik birleşikleri bilen aragatnaşyk saklamagyň deputatlaryň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belläp, olaryň öz ygtyýarlyklaryny netijeli amala aşyrmagynyň hem-de ýaş nesli terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça işlere işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz parlamentara gatnaşyklaryny hem-de halkara düzümleri, ozaly bilen, BMG bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns bermelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Ýaşulularyň maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň rejelenen görnüşiniň onuň garamagyna beriljekdigini aýtdy, şunuň bilen baglylykda bolsa gelip gowuşýan hemme teklipler içgin öwrenilmelidir.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakyn wagtlarda durmuşa geçirilmeli käbir wezipeleriň üstünde durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, häzir dünýä ykdysadyýetiniň ählumumy ösüşi dowam edýär. Ýöne dünýä ykdysadyýeti örän haýal ösýär. Hünärmenler ösüşiň bu depgininiň pesdigini, köp ýagdaýlarda töwekgelçilikleriň täsirinden çykyp bilmeýändigini belleýärler. Dünýä ykdysadyýetine öňküsi ýaly çökgünlik bilen bagly ýaramaz ýagdaýlar täsir edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de munuň ýurdumyzy ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmakda belli bir derejede kynçylyklary döredýändigini belledi. Biz jemi içerki önümiň ösüş depginini 6 göterimden gowrak derejede saklap gelýäris. Ýöne, muňa garamazdan, biz birjik-de arkaýynlaşmaly däldiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýere ýygnananlara, aýratyn hem, B.Hojamämmedowa ýüzlenip nygtaýşy ýaly, ykdysady toplumyň edaralary has-da tutanýerli işlemeli. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek üçin täzeçe çözgütleri tapmaly. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak häzir biziň öňümizde duran esasy wezipeleriň biridir. Bular barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagyna degişli däl pudaklaryň 2,2 göterim ösüş gazanandygyny, ýöne, munuň entek ýeterlik däldigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýerler B.Ereşowa hem-de B.Atdaýewe ýüzlenip, telekeçiler bilen has köp işlemelidigini, bilelikdäki kärhanalary, şeýle hem dünýä ösüşiniň we tehnologiýalarynyň iň soňky gazananlaryny ulanmak bilen, täze önümçilikleri döretmelidigini belledi.
Ykdysadyýetde döwlete degişli edara-kärhanalary azaltmak we hususy pudagy giňeltmek boýunça netijeli işleri amala aşyrmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Hususylaşdyrylýan kärhanalaryň sanawyna energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklaryna degişli aýry-aýry döwlet kärhanalaryny, üpjünçilik ulgamynyň desgalaryny, şeýle hem köp sanly beýleki kärhanalary goşmaly. Häzirki döwürde telekeçilere degişli kärhanalar döwlet kärhanalaryndan has gowy hem-de netijeli işleýärler. Biz muny iş ýüzünde anyk görýäris diýip, milli Liderimiz nygtady. Döwletimiziň dörän döwründe ilatymyz üçin döwrüň kynçylyklaryny ýeňilleşdirmek maksady bilen köp sanly ýeňillikler göz öňünde tutulyp, öň kabul edilen kanunlary ýuwaş-ýuwaşdan üýtgetmeli. Häzirki döwürde ilatymyzyň ýaşaýyş derejesi örän ýokary derejä ýetdi. Şoňa görä-de, häzir bar bolan ýeňillikler bazar ykdysadyýetine geçmekde päsgelçilikleri döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz hususylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri hem has-da çaltlandyrmaly diýip, sözüni dowam etdi hem-de paýnamalary ýerleşdirmek, gazna bazaryny guramak we açyk bäsleşikli söwdalary geçirmek hususylaşdyrmak işiniň esasy usullary bolmalydygyny belledi. Bu bolsa, maýadarlar üçin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde oňat mümkinçilik bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, şu ýagdaýlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasynyň düzgünlerinde beýan etmelidigini we taslamany Ýaşulularyň maslahatynda giňden ara alyp maslahatlaşmak üçin bermelidigini belledi.
Milli Liderimiz wise-premýer B.Hojamämmedowa ýüzlenip, umumydöwlet maksatnamalaryna – ähli ugurlar boýunça düzüm özgertmeleriniň esasyny düzjek ösüşiň täze ykdysady nusgasyna aýratyn üns bermelidigini aýdyp, ykdysadyýetiň döwlete degişli pudagynda alnyp barylýan syýasatyň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmaga we ykdysadyýetde döwlete degişli pudagyň paýyny azaltmaga aýratyn üns bermelidigini nygtady. Bazar institutlaryny berkitmek, erkin bäsdeşligi ösdürmek we hususy işewürlik başlangyçlaryny höweslendirmek ykdysadyýetiň önüm öndürýän pudagynda biziň esasy wezipämizdir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Bilim ulgamy barada aýdylanda, özgertmeleri amala aşyrmagyň täze maksatnamalaryny taýýarlamaly diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz S.Toýlyýewe ýüzlenip, orta mekdepleri tamamlan ýaşlaryň goşmaça okadylman, telekeçilik düzümlerinde hiç bir kynçylyksyz işläp bilmegi üçin mümkinçilikleri göz öňünde tutmalydygyny belledi. Munuň üçin bolsa, mekdep maksatnamalarynda telekeçilik işiniň esaslaryny, bu ugurda işleri düzgünleşdirýän kanunlaryň düzgünlerini öwretmegi göz öňünde tutmaly. Bu aýdylanlar ýokary okuw mekdeplerine hem degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de ähli hünär ugurlary boýunça ýokary okuw mekdepleriň, aýratyn hem, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ýokary derejeli menejer hünärmenleri taýýarlamalydygyny nygtady. Şu babatda, döwlet Baştutanymyz dünýä ýurtlarynyň bu ugurda hünärmenleri taýýarlaýan institutlary bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk etmek we daşary ýurtly hünärmenleri hemişelik esasda çekmek bilen, yzygiderli okuwlaryň guralmagyny ýola goýmalydygyny, talyplary hem tölegli esasda okatmaga geçmelidigini belledi. Eger-de bilimli-sowatly ýaşlar, ýokary derejeli hünärmenler bolmasa, döwletiň hiç hili geljeginiň bolup bilmejekdigine biziň anyk düşünmegimiz zerurdyr diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy.
Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýyndan ugur alyp, gözegçilik edýän toplumlaryny 2030-njy ýyla çenli döwürde ösdürmegiň ugurlaryna täzeden seretmegi hem-de taýýarlanan taslamalary Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň garamagyna bermegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň ösüşi bilen bagly meselelere biz Ministrler Kabinetiniň ýylyň birinji ýarymynyň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde has-da jikme-jik serederis. Bu mejlisde aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň işine baha bereris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu mejlise ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gowy taýýarlyk görmegini tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz 6-njy iýunda biziň halkymyz üçin mukaddes aý bolan Oraza aýynyň başlanýandygyny ýatladyp, Mübärek Oraza aýynyň her bir güni ýagşy umyt-arzuwlara, haýyr-sahawata, ynsanperwer we sogap işlere beslenýär diýip belledi. Oraza halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlaryny, medeni we ruhy mirasyny özünde jemleýär. Öňden gelýän däp-dessurlarymyza laýyklykda mukaddes Oraza aýynda agyz beklenýär. Her bir ojakda agzaçar sadakalary berilýär. Bu sadakalar adamlary ýakynlaşdyrýar, olaryň birek-birege bolan gatnaşyklaryny berkidýär. Ýurdumyzyň metjitlerinde tarawa namazlary okalýar.
Mähriban çagalar mukaddes Oraza aýynyň gelendigini buşlap, «Ýa remezan» aýdýarlar. Mukaddes Oraza aýynyň halkymyz tarapyndan uly guwanç bilen garşylanmagy durmuşymyza nur çaýýar. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem: «Remezan diýerler aýyň ýagşysyn!» diýip, bu aýyň ýagşy umyt-arzuwlara, haýyr-sahawata we sogap işlere beslenýändigini aýratyn nygtandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli halkyny mübärek Oraza aýynyň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Siziň mukaddes Oraza aýynda ata Watanymyzyň asudalygy we abadançylygy, mähriban halkymyzyň parahat, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin etjek doga-dilegleriňiz, namaz-orazaňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlamak bilen, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder