2 Şubat 2017 Perşembe

Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisinde Ýanwar Aýynda Harby we Hukuk Goraýjy Edaralarynyň Alyp Baran Işleriniň Netijeleri Seljerildi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine 2017-nji ýylyň birinji aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi.
Mejlisiň çäklerinde döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Olar ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de türkmen topragynda parahatçylygy we asudalygy saklamak, kanunylygy we düzgün-tertibi üpjün etmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, Belent Serkerdebaşymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.
Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri
Ý.Berdiýew hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan giň gerimli harby özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak babatda şu ýylyň ýanwar aýynda geçirilen işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň goranyş ukybyny hemmetaraplaýn berkitmäge gönükdirilen Harby doktrina türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alýan däplerini özünde jemleýär. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, islendik jedelli meseleleri diňe syýasy-diplomatik usullar arkaly çözmek hemişe milli häsiýetiň tapawutly aýratynlygy boldy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyza geçirilen ýörite tälimler barada habar berildi. Jenaýatçylary ele salmak, şeýle hem partlaýjy maddalary ýüze çykarmak boýunça geçirilen okuw tälimlerinde häsiýetli aýratynlyklaryny görkezen meşhur türkmen alabaýlary ulanyldy.
Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň asuda durmuşynyň we döredijilikli zähmetiniň kepili bolup durýan Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatyny artdyrmagyň möhümdigini belläp, Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk derejesine hemişe ygrarly bolup galýandygyny aýtdy. Bu bolsa ikitaraplaýyn esasda—aýry-aýry döwletler, şeýle hem iri halkara guramalarynyň we sebit düzümleriniň çäklerinde dostluk, deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan guralýan daşary syýasy strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga, hünärli harby işgärleri taýýarlamaga, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi hem-de amatly durmuşy üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň barşyna kanagatlanma bildirip, edermen serkerdeleriň ýaş nesliniň söweşjeň taýýarlygyny kämilleşdirmegiň hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Alabaýlar hem edil ahalteke bedewlerimiz ýaly asyrlarboýy türkmeniň wepaly dostlary we üýtgewsiz ýoldaşlary bolup geldiler, milli baýlygymyza öwrüldiler. Bu ajaýyp itleriň gadymy uruşlarda we ýowuz söweşlerde taplanan söweşjeň häsiýetine garamazdan, bu daýaw itler öz eýesine wepaly dost bolup galýarlar. Öz tohumynyň arassalygyny saklap galan bu itiň güjüginiň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde saýlanyp alynmagy hem tötänden däldir.
Bu gün ençeme asyrlar geçenden soň, güýçli we gaýduwsyz, akylly, çydamly, wepaly alabaýlar maşgala agzasyna deňelýär hem-de ozalkysy ýaly sakçy we awçy itler hökmünde öz meşhurlygyny saklap, biziň özboluşly medeniýetimiziň aýrylmaz bölegine öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alabaýlary gullukda ulanmak boýunça ýöriteleşdirilen merkezleri döretmegi tabşyrdy. Soňra şol itleri hukuk goraýjy edaralarynyň degişli düzümlerine gullukda ulanmak üçin paýlap bolar.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew şu ýylyň ýanwar aýynda geçirilen işler hem-de eziz Watanymyzyň edermen serhetçileri tarapyndan ygtybarly goralýan ýurdumyzyň dost-doganlyk serhetlerinde işleriň ýagdaýy hem-de täze döwrebap serhet galalarynyň gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy eziz Watanymyzyň serhetlerini eserdeň goraýan serhetçileriň üstüne örän möhüm we jogapkärli wezipäniň ýüklenendigini belläp, döwletimiziň geljekde hem serhet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meselelerine uly üns berjekdigini aýtdy. Belent Serkerdebaşymyz Döwlet serhet gullugynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, bina edilýän döwrebap serhet galalarynda harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, ýaşamagy we dynç almagy üçin ähli şertleriň bolmalydygyny belledi.
Soňra içeri işler ministri I.Mulikow garamagyndaky düzümlerde işleriň ýagdaýy, düzgün bozmalaryň öňüni almak, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak boýunça çäreler, ýangyna garşy howpsuzlygy üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Saglyk üçin ýaramaz endikleri ýok etmekde saglygy goraýyş edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde alnyp barylýan işler görülýän çäreleriň aýratyn ugry bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düzgün bozmalaryň islendik görnüşiniň öňüni almak boýunça içeri işler edaralarynyň işgärleriniň alyp barýan işleriniň möhümdigini belläp, olaryň döwletimiziň Garaşsyzlygynyň sütünlerini berkitmek, kanunylygy we düzgün-tertibi saklamak boýunça işe goşýan goşantlaryny belledi. Bu şertler jemgyýetde raýat asudalygynyň we milli ylalaşygyň esasy bolup hyzmat edýär. IIM-niň ýolbaşçysyna ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri kämilleşdirmek bilen bagly birnäçe tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz ynsan saglygyna täsir edýän ýaramaz endikleriň garşysyna göreşmekde tagallalary birleşdirmegiň we utgaşdyrmagyň döwrüň talabydygyna ünsi çekip, bu babatda anyk görkezmeleri berdi hem-de döwlet Baştutanymyz jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň saklanmagyna gözegçiligi güýçlendirmegiň möhümdigini aýratyn belledi.
Ýurdumyzyň Baş prokurory A.Hallyýew gözegçilik edýän düzüminde işleriň ýagdaýy hem-de milli kanunçylygyň takyk we birkemsiz berjaý edilmegine gözegçilik edýän prokuratura işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen şu ýylyň birinji aýynda görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy prokuratura edaralarynyň öňünde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmäge örän düýpli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekip, geljekde hem kanunyň doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmek hem-de ony döwlet we hususy düzümleriň wekilleriniň berjaý etmegi üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi.
Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýew ýurdumyzyň kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça hasabat döwründe geçirilen işler, halkara hukugynyň hereket edýän kadalaryna laýyklykda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz demokratik hukuk döwleti bolan Türkmenistanda kanunyň hemişe ileri tutulýandygyny nygtap, geljekde hem hereket edýän kanunlary halkara tejribesini nazara almak arkaly döwrebaplaşdyrmak hem-de kazyýet ulgamyny döwrüň talabyna laýyk has-da kämilleşdirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow ýurdumyzda milli howpsuzlygyň sütünlerini berkitmek hem-de jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy saklamak boýunça ýanwar aýynda maksada gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz milli bähbitleri goramakda hem-de döwlet Garaşsyzlygynyň sütünlerini pugtalandyrmakda Milli howpsuzlyk ministrliginiň kesgitleýji ornuny belledi. Döwlet Baştutanymyz geljekde hem täze taryhy döwrüň gazananlaryny tutanýerli işleri bilen artdyrýan türkmenistanlylaryň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde işleriň ýagdaýy hem-de gümrük gözegçiligini güýçlendirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň kesgitlän wezipeleri babatda geçen aýda geçirilen işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz gümrük gullugynyň öňünde durýan esasy wezipeler barada aýdyp, işgärleri seçip almagyň we ýerli-ýerinde goýmagyň, gadagan edilen önümleriň ýurdumyza getirilmegine ygtybarly böwet goýýan gümrük terminallarynyň işini döwrebap guramagyň möhümdigini belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow ýolbaşçylyk edýän gullugynda işleriň ýagdaýy, iş hem-de tanyşlyk sapary bilen ýurdumyza gelýän daşary döwletleriň raýatlarynyň sanynyň artmagyny nazara almak bilen, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilýän işleri kämilleşdirmek boýunça anyk tabşyryklary berip, Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň ýurdumyza gelýän daşary döwletleriň raýatlarynyň takyk hasaba alynmagyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, “açyk gapylar” we netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyny ýöredýän Türkmenistanyň myhmansöýer ýurt hökmünde abraýyny saklamalydygyny belledi.
Adalat ministri B.Muhammedow ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn kämilleşdirmek, ony halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirmek boýunça ýanwar aýynda geçirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz demokratik, hukuk döwletiniň esaslaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga tarap ugur bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň uly üstünliklerini belläp, dünýäniň iň gowy kanunçykaryjylyk tejribesini içgin öwrenmegiň hem-de ony täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamakda we hereket edýän kanunlaryň üstüni ýetirmekde işjeň ulanmagyň zerurdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geljekde hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli düzümlerinde düzgün-nyzamy berk berjaý etmek, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bu işiň wajypdygyna ünsi çekip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň Türkmenistanyň durmuş ugurly syýasatyna gabat gelmelidigini belledi. Adamyň bagtyýarlygy we abadançylygy şol syýasatyň esasy ugrudyr. Belent Serkerdebaşymyz döwletimiziň geljekde hem Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge we döwrebaplaşdyrmaga, hünärli harby işgärleri taýýarlamaga, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi we olaryň maşgala agzalarynyň amatly durmuşy üçin zerur şertleri döretmäge örän uly üns berjekdigini aýratyn nygtady.
Mejlisiň barşynda başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder