11 Şubat 2017 Cumartesi

Aşgabatda Täze Binalaryň Nobatdaky Tapgyry

Aşgabatda täze binalaryň nobatdaky tapgyry – 14 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş düzümine degişli desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Ýüzlerçe maşgalalar Parahat-7 kiçi etrapçasynda we Abadan etrabynda gurlup ulanmaga berlen ýaşaýyş jaýlaryna göçüp geldiler. Şeýle hem paýtagtymyzyň Atatürk köçesiniň ugrunda çörek we çörek önümleri dükanynyň täze binasy hem gapylaryny giňden açdy.
Şu ylyň ýanwar aýynda üç derejeli köp zolakly awtomobil köprüsi, paýtagtymyzyň N.Andalyp köçesiniň ugrundaky çatryklarda “Dowamat” we “Alaw” atly özboluşly binalar guruldy. Munuň özi paýtagtymyzyň ýol-ulag düzüminiň w binagärlik çözgüdiniň döwrebap derejede kämilleşdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Şeýle hem ýanwar aýynda Aşgabadyň günorta-gündogarsynda emele gelýän döwrebap zolakda Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda dört sany köpöýli belent ýaşaýyş jaýlary, çagalar bagy bina edildi.
Şu gün bolsa Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda, şeýle hem Abadan etrabynyň çäginde nobatdaky täze binalaryň açylyş dabaralary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň öňüsyrasynda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çärelerine utgaşdy.
Toplumda 54 öýi bolan ýokary gatly 4 we 36 öýli dört sany ýaşaýyş jaýlary bina edildi. Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda bina edilen jaýlaryň gurluşygyny “Mynasyp zamana”, “Altyn” we “Oguz ýol” hojalyk jemgyýetleri ýerine ýetirdiler. Olarda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri, täzeçil usulllar we häzirkizaman tehnikalary peýdalanyldy.
Paýtagtymyzyň Abadan etrabyndaky Ahal köçesiniň ugrunda peýda bolan alty sany täze dört gatly ýaşaýyş jaýlary amatlylyk babatda ýokary ülňülere laýyk gelýär. Jaýlaryň gurluşygyny Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda “Aşgabatgurluşyk” önümçilik birleşiginiň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler. Jaýlaryň her birinde üç we iki otagly, göwnejaý enjamlaşdyrylan 32 öý ýerleşýär. Binalaryň ýanaşyk ýerleri degişli derejede abadanlaşdyrylypdyr.
Şeýle hem paýtagtymyzyň Atatürk köçesiniň ugrunda “Tagamly çörek” ady bilen emele gelen ak mermerli üç gatly dükan şäher ilaty üçin ajaýyp sowgat boldy. Şu gün täze dükan dabara gatnaşyjylary ýörite bölümde taýýarlanylan çörek önümleri bilen garşylady. Munuň özi diňe bir söwda bilen meşgullanman, eýsem önümçiligi alyp barýan ulgamyň döwrebap nusgasy bolup durýar.
Binanyň birinji gatynda günde 4,16 tonna dürli görnüşli çörek önümlerini taýýarlamaga ukyply kiçi kärhana hereket edýär. Onda ýokary tehnologiýaly we döwrebap enjamlar ornaşdyrylyp, olaryň güýji bilen önümi taýýarlamagyň ähli ulgamy ýokary derejede amala aşyrylýar. Önümçilik işine wagty, enjamyň gyzgynlygyny, önümiň çyglylygyny we tehnologiki ölçegleri kesgitleýän kompýuter arkaly gözegçilik ýola goýlupdyr. Bu ýerde türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen bugdaýdan ýokary hilli önümleriň 50-den gowrak görnüşi taýýarlanylýar. Olaryň hatarynda dürli görnüşli çörek we bulka önümleri, bally hem-de gaýmakly bulkalar, berhiz saklaýanlara niýetlenen çörekler öndürilýär.
Dükanyň ikinji gatynda 50 orunlyk çaýhana bolup, onda hyzmatyň ýokary derejesi ýola goýlupdyr. Bu ýerde dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan “Melhem çayy” atly tagamly içgi we täze taýýarlanylan süýji kökeler hödürlenýär.
Şeýle hem şu gün paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde açyk görnüşli täze ulag duralgasy ulanmaga berildi. Mundan başga-da, şäheriň Berkararlyk etrabynyň çägindäki Kärdeşler arkalaşyklarynyň seýilgähiniň durky doly täzelenildi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder