7 Haziran 2016 Salı

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri bilen göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine garaldy. 

Ilki bilen göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew çagyryldy. Ol welaýatdaky işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen işleriň netijeleri hakynda, şeýle hem milli Liderimiziň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde galla oragyny öz wagtynda hem-de guramaçylykly geçirmek boýunça öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

Häkim welaýatyň etraplarynda gowaçalara ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler, şeýle hem çagalaryň tomusky dynç alşyny göwnejaý geçirmekleri üçin döredilýän şertler barada hem hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerlerde galla oragynyň barşyna berk gözegçilik etmek, bu işler üçin zerur bolan ähli serişdeler hem-de önümçilik enjamlary bilen üpjün etmek barada tabşyryk berdi, şol enjamlaryň bökdençsiz işlemegi bu möhüm oba hojalyk çäresini üstünlikli geçirmäge ýardam berer. 

Milli Liderimiz howanyň yssy döwründe ekerançylyk meýdanlarynyň ýeterlik suw bilen üpjün edilmegine, ýangyn howpsuzlygynyň, hususan-da, bugdaý meýdanlarynda ýangynyň öňüni almak işlerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz çagalaryň tomusky dynç alşyny guramaçylykly hem-de gyzykly geçirmegiň welaýatyň ýolbaşçylarynyň esasy aladalarynyň biri bolmalydygyny aýtdy. 

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, galla oragynyň depginini ýokarlandyrmak, gök we bakja ekinlerinden bol hasyl almak, hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

Häkim şeýle hem welaýatyň etraplarynda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy hem-de şanly senelere görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz galla oragyny guramaçylykly geçirmek hem-de öz wagtynda tamamlamak üçin ähli şertleriň döredilmeginiň möhümdigini belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şonuň bilen bir wagtda maldarçylyk hojalyklarynyň düşewüntliligini hem-de öndürijiligini ýokarlandyrmak meselelerine uly üns bermek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz welaýatda gurulýan desgalaryň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanylmagyna hem-de olaryň hiline gözegçilik etmek barada tabşyryk berip, şeýle hem welaýatyň ähli ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegini talap etdi we bu ugurda ýörite iş meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. 

Soňra welaýatdaky işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, gowaça meýdanlaryndaky möwsümleýin işler hem-de galla oragyna guramaçylykly girişmek boýunça görülýän taýýarlyk barada Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow hasabat berdi. 

Welaýatyň häkimi şeýle hem sebitiň çäginde bina edilýän desgalarda gurluşyk işleriniň depginleri, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna we köpçülikleýin medeni çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak meseleleriniň has netijeli çözgüdini tapmagyň möhümdigine ünsi çekip, häkime badalga alýan galla oragynda ulanyljak tehnikany işe girizmek maksady bilen degişli düzümleriň işini utgaşdyrmagy üpjün etmek boýunça görkezmeleri berdi. 

Şeýle hem welaýatyň çäklerinde ýangyn howpsuzlygynyň yzygiderli monitoringini geçirmek, çagalaryň tomusky dynç alşyny göwnejaý derejede guramak barada tabşyryklar berildi. 

Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew sebit boýunça oba hojalyk ulgamynda gazanylan görkezijiler, gowaçalara ideg etmek boýunça geçirilýän meýdan işleri, barha ýokary depginlere eýe bolýan galla oragynyň alnyp barlyşy, gallaçylary tehniki serişdeler we beýleki hyzmatlar bilen üpjün etmek işleri barada hasabat berdi. 

Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde durmuş düzümini ösdürmek, çagalaryň tomusky dynç alşyny guramak boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnamalar barada habar berildi. 

Milli Liderimiz ýerden alynýan hasylyň möçberlerini artdyrmak üçin oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmegine täzeçe çemeleşilmeginiň, agrotehnologiýanyň soňky gazananlarynyň peýdalanylmagynyň möhümdigini belläp, bu meselelerde ekerançylara ylmy-usulyýet kömegini bermek boýunça görkezmeleri berdi. 

Döwlet Baştutanymyz galla oragynyň barşynda kärendeçi gallaçylaryň degişli işleriň depginleriniň gowşadylmazlygy üçin zerur bolan ähli zatlar bilen üpjün edilmelidigini belledi. Şeýle hem ekerançylar bilen tabşyrylan hasyl üçin öz wagtynda hasaplaşyklary geçirmek zerurdyr. 

Döwlet Baştutanymyz oba ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň geçirilmeginiň möhümdigini aýdyp, çagalaryň tomusky dynç alşyny guramaçylykly geçirmek, şeýle hem welaýatyň çäginde ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilmegi barada görkezmeleri berdi. 

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow welaýatdaky işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işler, galla oragynyň depginlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler, şeýle hem welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalaryň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

Welaýat häkimi etraplarda çagalaryň tomusky dynç alşynyň guralyşy, welaýatda Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk, şeýle hem onuň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýän köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasy barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragy bilen baglanyşykly ähli düzümleriň sazlaşykly hereket etmegini berk gözegçilikde saklamagy, ýüze çykýan ähli meseleleriň dessine çözülmegi we bar bolan oba hojalyk tehnikasynyň hem-de bugdaý daşamak üçin ulaglaryň netijeli peýdalanylmagy barada tabşyryk berdi. 

Döwlet Baştutanymyz abatlaýyş toparlarynyň zerur ýagdaýynda tizden-tiz mehanizatorlara we kärendeçilere kömege gelmegini we şunlukda kombaýnlaryň we galla oragynda peýdalanylýan beýleki enjamlaryň bökdençiz işlemegini üpjün etmek zerurdyr diýip aýtdy. 

Milli Liderimiz aýratyn yssy günleriň gelmegi bilen baglylykda welaýatyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmegi, ilat bilen ýangynyň öňüni almak boýunça işleri geçirmegi talap etdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Mary welaýatynda geçiriljek iri möçberli çäräni – Medeniýet hepdeligini ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görmegiň möhümdigini nygtady. 

Soňra wideoşekilli iş maslahaty Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilowyň hasabaty bilen dowam etdi, ol paýtagtymyzda gurulýan desgalarda iş depginleri, onuň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem tomusky möwsüme Aşgabadyň dynç alyş merkezlerinde we seýilgäh toplumlarynda çagalar üçin taýýarlanylan medeni köpçülik we dynç alyş çäreleri barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz gurulýan ähli täze binalaryň meýilleşdirilen möhletinde ulanylmaga berilmelidigini, gurluşyk işleriniň hiliniň bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini belläp, paýtagtymyzy ösdürmäge täzeçe çemeleşilmeginiň adamlaryň amatly durmuşy üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilendigini, şunda ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli görkezijiler boýunça nusgalyk bolmalydygyny belledi. 

Milli Liderimiz Aşgabatda tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň wagtyny peýdaly geçirmegi üçin guramaçylyk meselelerini üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny nygtamak bilen, degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň möhümdigine ünsi çekdi. 

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem tomus paslynyň yssy günleri döwründe paýtagtymyzda hem-de onuň töwereklerinde ýangyn howpsuzlygyny, şol sanda seýilgählerde we seýilbaglarda, tokaý zolaklarynda, adamlaryň köpçülikleýin dynç alýan beýleki künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem şol ýerlerde sowadylan içgileriň söwdasyny guramak barada tabşyryk berdi. 

Döwlet Baştutanymyz maslahaty tamamlamak bilen, öňde durýan wezipeleri hem-de olaryň ilkinji nobatdakylaryny kesgitledi we olaryň tizden-tiz netijeli çözgüdiniň tapylmagyna girişmegi talap etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder